Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň we informatizasiýa boýunça koordinasion geňeşiniň mejlisi


       2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 9-10-y aralygynda Aşgabat şäherinde  Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygyň administrasiýalarynyň ýolbaşçylar geňeşiniň 53-nji we informatizasiýa boýunça koordinasion geňeşiniň 24-nji mejlisi geçirilýär.

      Geňeşe ASA-nyň agzasy bolan ýurtlaryň telekommunikasiýa edaralarynyň ýolbaşçylary, Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň we başga-da birnäçe halkara aragatnaşyk guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Mejlisiň çäklerinde telekommunikasiýalaryň halkara ulgamyny has-da ösdürmegiň möhüm meseleleriniň oňyn çözgütleri kabul ediler hem-de dostlukly we özara bähbitli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge möhüm goşant goşar.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2018. ÄHLI HAKLAR GORALAN.