Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmegiň täze taslamalary


                    Umuman, 2018-2024-nji ýyllar üçin täze Maksatnamada ýurdumyzy yzygiderli senagatlaşdyrmak

                       göz öňünde tutulýar. Munuň özi häzirki wagtda derwaýys dünýä maglumatlar möçberlerini çalt

                     özleşdirmezden, maglumatlary yzygiderli alyşmazdan mümkin däldir. Bir söz bilen aýdylynda,

                                 ХХI asyryň ösüşi telekommunikasiýa ulgamlarynyň çalt depginler bilen ösmegi 

                                                                               bilen baglanyşyklydyr.

     Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň oktýabrynda Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýakyn ýedi ýyl üçin maksatnamasyny tanyşdyrmak bilen, döwlet kadalaşdyrylyşynyň ähli ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagyny, dünýäniň maglumat-kommunikasiýa jemgyýetçiligine işjeň goşulmagyny onuň anyk maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň hatarynda görkezdi.

     Şol bir wagtyň özünde bu wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek hem-de olaryň möçberlerine laýyk gelýän düzümi döretmek boýunça uly işler ýaýbaňlandyryldy.

     Durmuş-ykdysady taýdan ösüş babatda ýokarda agzalan maksatnamanyň kabul edilen badyna ony durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler ädilip başlandy. Mysal üçin, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-njy ýylyň 6-njy noýabryndaky 419-njy belgili Karary bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine giň möçberli “Türkmenistanyň kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek” taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslym Ösüş bankynyň 273 million amerikan dollary möçberindäki karz ulgamyny ulanmak tabşyryldy.

     Şeýlelikde, Aragatnaşyk ministrligi iri taslamalaryň tutuş ulgamyny durmuşa geçirmäge girişýär. Onuň düzüminde öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda ählumumy kommunikasiýa ulgamyny döretmäge, ýurdumyzyň iň alysdaky künjeklerinde giň zolakly Internet elýeterliligni üpjün etmek bilen birlikde hyzmatlaryň möçberlerini, hilini we görnüşlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslamalar bar.

     Türkmenistanda aragatnaşyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň täze tapgyry birnäçe taslamalary göz öňünde tutýar. Olaryň her biri pudagyň belli bir  ugruna gönükdirilendir. Mysal üçin, taslamalaryň biri ýurdumyzda ykjam aragatnaşygy ösdürmäge gönükdirilendir. Ilatyň artýan isleglerini nazara almak bilen, “Altyn asyr” milli operatory Türkmenistanyň aragatnaşygyň bu görnüşi, şol sanda 3G, 4G, ýakyn geljekde bolsa 5G ýokary Internet we beýleki hyzmatlar bilen üpjün etmäge doly derejede çykmalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen ýurdumyz boýunça üpjünçilik 100 göterime barabar bolar.

     Munuň üçin 2G, 3G we 4G standartlarynda işleýän binýatlaýyn radiogeçiriji enjamlaryň 600-den gowragyny satyn almak meýilleşdirilýär. Şolaryň arasyndan 4G standartly binýatlaýyn radiostansiýalary has köp möçberde satyn almak göz öňünde tutulýar. Ol ýokary tizlikli Internet-hyzmatlary üçin niýetlenendir. Diňe paýtagtymyzyň özünde 4G stansiýalaryň 120-den gowragy ornaşdyrylar. Munuň özi, takmynan, bu standartyň bar bolan göwrümini iki esse artdyrar. Ykjam aragatnaşygyň dördünji nesliniň tehnologiýalary bank tölegleri, telelukmançylyk, aralykdan okatmak, ulag dolandyrylyşy, howpsuzlyk we jemgyýetçilik tertibini goramak ulgamlarynda hem ulanylyp bilner.

     Taslamalaryň ikinji tapgyry simli telearagatnaşygyny ösdürmäge gönükdirilendir. Munuň özi diňe bir sanly telefon stansiýalary däldir. Bu hut döwrebap täze nesilleriň standartlaryny—NGN (Neхt Generation Network) we IMS (Ipmultimediasubsystem) multiserwis platformalaryny üpjün edýän aragatnaşykdyr. Şunda bir telefon nokadyndan telefoniýa hem, IP—telewideniýe hem, Internet hem berlip bilner. Şunda maglumatlar paketler arkaly berilýär.

     Tutuş Türkmenistan boýunça NGN-çözgütleriniň binýadynda  550 telefon stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Bu tehnologiýanyň esasy artykmaçlyklary ýokary tygşytlylykdan ybaratdyr. Munuň özi ulanyş çykdajylaryny azaltmak arkaly gazanylýar. Şeýle hem artykmaçlyklaryň hatarynda aragatnaşyklaryň köp görnüşlerini, maglumatlary bermegiň ýokary tizligini hem-de dürli ulgamlary birleşdirmek mümkinçiligini görkezmek bolar.

     Bu taslamanyň çäklerinde şeýle hem Aşgabatdaky könelişen sanly stansiýalary çalyşmak göz öňünde tutulýar. Olaryň ýerine paýtagtymyz boýunça 80 müň belgiden gowrak göwrümli bitewi IMS platformasy ornaşdyrylar. Onuň wezipesi ses, maglumatlar we multimedia ýaly  trafikleriň dürli görnüşlerini bir wagtda ulanmaga niýetlenen täze hyzmatlary döretmekden ybaratdyr.  IMS  ulgamynda müşderiler dürli goşundylar üçin bitewi belgä eýe bolup bilerler. Ulgamyň işlemegini daşky (köçe)  ýerli göçürilýän stansiýalar (şelterler) hem-de jaýyň içinde ulanmak üçin niýetlenen stansiýalar üpjün eder. Olar merkezi stansiýa birikdiriler. Ýagny, onuň göwrümi uly aralyklara kabelleri  çekmezden, ýerlerdäki kiçi stansiýalar arakaly paýlanylýar. NGN konsepsiýasy fiksirlenen ulgamlaryň ähli böleklerini birleşdirýän bolsa, IMS ulgamy öýjükli ulgamlaryň bölekleri bilen ýetiriler.

     “Türkmentelekomuň” hem-de “Aşgabat şäher telefon ulgamynyň” operatorlary üçin multiserwis billing  platformalaryny, edilen hyzmatlar üçn hasaplaşyklaryň awtomatlaşdyrylan ulgamyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Köpugurly billing platformalarynyň kömegi bilen diňe bir Inretnet, aragatnaşyk hyzmatlary, IP—telefoniýa üçin däl, eýsem, beýleki edaralar tarapyndan edilýän hyzmatlar, mysal üçin, jemagat hasaplary, ýol gözegçiliginiň jerimeleri üçin tölegleri amala aşyryp bolýar. Täze billing ulgamy million müşderä niýetlener.

     Indiki taslama Aşgabatdaky, “Türkmentelekom” kärhanasy tarpayndan ulanylýan halkara—şäherara telefon stansiýasyny döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Aragatnaşygyň ähli ýaýlymlary şu merkezi ulgama gelýär, şol ýerde beýleki şäherleriň we döwleleriň aragatnaşyk ulgamlary bilen üstaşyr birleşme bolup geçýär.

     Dördünji taslama maglumatlary bermegiň ýokary tizlikli ýaýlymlary ösdürmäge gönükdirlendir. Onuň çäklerinde ýerli, giň zolakly ulag ulgamyny şu aşaky derejelerde döretmek göz öňünde tutulýar: Aşgabat şäheri boýunça; Aşgabat-welaýat merkezleri; welaýat merkezleri—etrap merkezleri; etrap merkezleri—daýhan birleşikleri. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri boýunça maglumatlary bermegiň  tizligi sekuntda ortaça 20 Gigabitdir, ýöne ýakyn geljekde maglumatlary bermegiň bäş esse ýokary tizlikli ulag geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär; welaýat merkezlerinde maglumatlary bermegiň tizligi 40 Gbit/s, etrap merkezlerinde bu görkeziji 10 Gbit/s, etrap merkezleriniň we daýhan birleşikleriniň arasynda 4 Gbit/s-e çenli bolar.     

     Internet—hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu taslama şeýle hem pudagara maglumatlaryň alşylmagyny ep-esli gowulandyrmaga, elektron hyzmatlarynyň täze görnüşlerini ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.  Ony durmuşa geçirmegiň barşynda milli Sene—merkezini—maglumatlary saklamagyň we işläp geçmegiň merkezini döretmek meýilleşdirilýär.

     Bäşinji taslama FM—radio alypberşini giňeltmek bilen baglydyr. Häzirki wagtda oba ýerlerinde entek radio bilen gurşalyp alynmadyk ýerler bar. Häzirki döwürde FM radio alypberşiň 90 sany radio translýasion enjamy hereket edýär. Tutuş ýurdumyzy 100 göterim üpjün etmek üçin dürli kuwwatlykdaky FM radio geçirijileriň  217-sini ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

     Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde—Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat, Mary we Türkmenbaşy şäherlerinde radio ýygylyk ulgamyny ulanmagyň menejmentiniň, monitorniginiň we gözegçiliginiň döwlet awtomatlaşdyrylan ulgamyny döretmek meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyz boýunça radioýygylyk spektrini dolandymaga, radio elektron serişdeleriniň elektromagnit sazlaşygynyň hasaplaşyklaryny netijeli geçirmäge we meýilleşdirmäge mümkinçilik berer. Bu awtomatlaşdyrylan ulgam berkidilen radioýygylyklaryň hem-de elektron magnit sazlaşygynyň takyk hasaplamalary üçin maglumatlar binýadyny döretmäge; radio ýygylyklary berkitmäge we beýlekileri amala aşyrmaga, şeýle hem radio ýygylyklar spektrleri boýunça halkara ylalaşyklaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

     Bu çäreleri durmuşa geçirmegiň barşynda fiksirlenen we simsiz aragatnaşyk, telekommunikasion aragatnaşyk ulgamlaryny dolandyrmak çärelerini guramagyň, işletmegiň we monitornginiň umumy çemeleşmeleri we ýörelgeleri işlenip taýýarlanylar. Munuň amala aşyrylmagy ilatyň, şol sanda oba ýaşaýjylarynyň durmuşynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga,  halk hojalyk toplumynyň netijeliligini hem-de milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, onuň dünýä bazarlaryna goşulyşmagyna mümkinçilik berer.

     Ýokarda agzalan taslamalaryň ählisini ýerine ýetirmek üçin potratçylary, şeýle  hem maslahat beriji kompaniýalary seçip almak açyk halkara geleşikler arkaly amala aşyrylar. Taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga isleg bildirýänleriň ählisi üçin esasy talap bäsleşigiň öňündäki çäreden geçmek hem-de bäsdeşleriň uly bolmadyk sanawyna giren kompaniýalar bilen sagdyn bäsleşik bilen baglanyşyklydyr.

     Bäsleşigiň öň ýanyndaky esasy resminamalaryň ählisi maslahat beriji kompaniýa tarapyndan telekommunikasiýa, telemetriýa we informasion tehnologiýalar  boýunça “Türkmentel—2018” ХI halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň öňüsyrasynda çykarylar. Bu forum Aşgabatda 2018-nji ýylyň 10-12-nji oktýabrynda geçiriler.

     Häzirki döwürde Türkmenistanyň maýa goýum babatda özüne çekijiligi diňe bir energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlary bilen däl, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarydygy, halkara işewür toparlary tarapyndan durmuş-ykdysady ösüşiň görkezijilerine ýokary baha berilmegi bilen şertlendirilendir. Ilatyň abadançylygy bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek boýunça täze taslamalar türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga, onuň bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2018. ÄHLI HAKLAR GORALAN.