Satyn alyş barada mälim ediş Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek taslamalary


Satyn alyş barada mälim ediş

Türkmenistanyň telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek taslamalary

Maliýeleşdirmegiň görnüşi: Möhletleýin satuw, Ijara hyzmatlary

Telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek taslamalaryna çykdajylaryň öwezini dolmak bilen Yslam ösüş banky tarapyndan 273 million ABŞ-nyň dollary möçberde maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan arza berildi, şeýle hem bu pul möçberi harytlaryň, degişli taslamalaryň çäklerinde peýdalanmagy meýilleşdirilyän laýyklyk hyzmatlary we maslahat hyzmatlarynyň tölegleri üçin ulanylmagy meýilleşdirýär. Taslamalar Yslam ösüş banky we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen bilelikde maliýeleşdiriler.

Taslamalar şu aşakdaky düzüjileri öz içine alýar:

  1. Aşgabat şäheri, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda öýjükli aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek.

  2. Maglumat habarlarynyň multiserwis toruny döwrebaplaşdyrmak.

  3. Fiksirlenen telefon aragatnaşyk toryny giňeltmek we ösdürmek.

  4. IMS multiserwis platformasynyň esasynda halkara telefon stansiýasyny gurmak.

  5. FM radio ýaýradyş ulgamyny giňeltmek.

  6. Aşgabat şäher telefon ulgamynyň we öýjükli operatorynyň billing ulgamyň plarformasyny giňetmek we döwrebaplaşdyrmak.

  7. Radioýygylyk spektrini dolandyrmak we gözegçilik etmek üçin Milli merkezi döretmek hem-de tehniki taýdan üpjün etmek.

  8. Tender taslamalaryna gözegçlik etmek we taslamak üçin maslahatçy hyzmatlaryny ýerine ýetirmek.

  9. Maliýe auditi.

YÖB tarapyndan maliýeleşdirilýän düzüjileriň satyn alynmagy halkara söwda bäsleşigi (HSB) esasynda amala aşyrylar. Taslamanyň ýerine ýetirilşine gözegçilik edýän maslahatçynyň (konsultant) saýlawy, hiliniň we düşewüntliligi derňewi esasynda halkara konsalting firmalaryň sanawyndan saýlanmagy netijesinde alnyp barylar.

Taslamanyň maliýe auditi boýunça maslahatçynyň saýlawy ýerli firmalaryň gysga sanawyndan iň az bahasy esasynda saýlanmagy netijesinde alnyp barylar.

Yslam ösüş banky tarapyndan maliýeleşdirilýän şertnamalaýyn satyn alynmalar Yslam ösüş bankynyň maliýeleşdirilmeginiň çägindäki harytlaryň we işleriň tertibi esasynda (neşir – maý 2009 ýyl) ýerine ýetiriler, şeýle hem tertip resminamalaryň esaslaryna laýyk gelýän ähli dalaşgärleriň gatnaşmagy üçin açyk bolup durýar. Maslahatçy hyzmaty Yslam ösüş bankynyň maliýeleşdirilmeginiň çägindäki harytlaryň we işleriň tertibine laýyklykda (neşir – maý 2009 ýyl) saýlanyp alynmaly.

Yslam ösüş bankynyň halkara söwda bäsleşik tertipleriň we maslahatçy hyzmatlary çäklerinde şertnamana gyzyklanma bildirmegiň çäklerinde şertnamalar üçin satyn almalaryň anyk bildirişleri Yslam ösüş bankynyň www.isdb.org web-sahypasynda, “Нейтральный Туркменистан” we “Asharq Al Awsat” gazetlerde, şeýle hem Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň www.mincom.gov.tm web-sahypasynda ýerleşdiriler.

Üpjün edijileriň we potratçylaryň deslapky seljermesi ýokarda agzalan ähli lotlar (düzüjiler) üçin zerurdyr.

 Deslapky seljerme resminamalary şu Satyn alyş barada mälim edişiň çap edilmeginden 60 (altmyş) günden soň elýeterli bolar.

 

Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, j-88, 744000

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi

Taslama dolandyryş topary (TDT)

Tel. +993 12 449095

e-mail: pmu@online.tm

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.