Ministrligiň resmi web-saýty açyldy


Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly taslamalar amala aşyrylýar we şu gün olaryň arasyna ýene biri goşuldy. Ministrligiň resmi web-saýty ýurdumyzyň ýaş hünärmenleri tarapyndan iň döwrebap tehnologiýalar ulanylyp işlenip düzüldi. Saýtda ministrligiň berýän hyzmatlary doly internet arkaly halkymyza we ähliumuma elýeterli edildi. Saýtda ýurdumyzyň aragatnaşyk babatyndaky ähli kanunçylyklary bilen doly tanyş bolmak mümkin. 

Mundan başga-da saýtda ministrligiň ygtyýarlandyrýan iş görnüşleri boýunça ýörite interaktiw bölüm işlenip taýýarlanyldy. Bu bölümde ygtyýarnama dalaşgärlerine ähli maglumatlar, resminamalar ýeňillik bilen elýeterli. Saýtyň habarlar bölüminde Türkmenistanyň aragatnaşyk pudagynda bolup geçýän täzelikler çap edilýär.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.