Türkmenpoçta PADK


Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasy özüniň esasy ösüşini dörän gününden, ýagny 1993-nji ýylyň aprel aýyndan alyp gaýdýar. Häzirki zamanda kompaniýan işini döwrebap talaplara görä guramak meselesini öňde goýýar. Türkmenistan döwletiniň 1993-nji ýylyň ýanwar aýynyň 26-synda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Türkmenpoçta kompaniýasy bütindünýä poçta birleşiginiň agzalygyna kabul edilip döwletiň poçta ugrundan operator bolup çykyş edýär. Bu bolsa örän gysga wagtyň içinde dünýäniň 190-dan gowrak ýurduna hat-habarlary, poçta göndermelerini ugratmaga we kabul etmage mümkinçilik berdi. Dünýäniň ähli poçta edaralary bilen hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Türkmenistanyň we bütin dünýäniň poçta markalaryndan özboluşly toplum döredildi.  Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasy poçta markalarynyň ýüzlerçesini çykardy. Olarda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň şöhratly taryhy, taryhy ýadygärlikleri, medeniýeti we sungaty, türkmen türgenleriniň sportda gazanýan üstünlikleri, haýwanat we ösümlik dünýäsi dürli öwüşgünlerde öz beýanyny tapýar. Şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhyndaky üstünlikler şöhlelenýär. Poçta hyzmatynyň hiliniň dünýä ülňilerine laýyk gelmegi üçin 1996-njy ýyldan Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasy göndermeleri eltmegi çaltlandyrmak maksady bilen EMS Express Mail Service geçirijilerine birleşdirilip, 3-4 günüň dowamynda göndermeler ýer togalagynyň islendik nokadyna ýetirilýär. Mälim bolşy ýaly hyzmatyň şu görnüşi müşderileriň arasynda meşhurlyga eýe boldy. Bu bolsa dünýäniň dürli ýurtlaryndan Türkmenistana gelýän hat-habarlaryň, göndermeleriň sany barha artmagyna täsirini berdi. Türkmenpoçta PADK häzirki wagtda şu aşakdaky hyzmatlary giň gerimde müşderilere hödürleýär.

  • Poçta pul geçirimini kabul etmek
  • Poçta pul geçirimini tölemek
  • Gymmaty yglan edilen hat habarlary kabul etmek
  • Posylka ýollamalary kabul etmek
  • Abuna ýazylşygy kabul etmek
  • GDA döwletleriniň arasynda pul geçirimleri kabul etmek
  • Lomaý we ownuk söwda işleri (konselýar we hojalyk harytlary)
  • Telefon tölegleriniň halkara gepleşigini we abonent töleglerini kabul etmek
  • Komunal hyzmatlaryny kabul etmek
  • Gaýry hyzmatlar (posylkalry, kiçi paketleri, banderollary  gaplamak, tikmek we  satlyk blanka görnüşlerini ýerlemek.)
  • VISA kart bank operasiýalary
  • Çaparçylyk hyzmaty
  • EMS hyzmaty

Häzirki wagtda Türkmenpoçta poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynda 2000-den gowrak adam işläp, onuň Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bölümçeleri bar. Olar hat-habarlary we döwürleýin neşirleri eýelerine wagtynda gowşurmaklygy üpjün edýärler. Awtoulaglaryň kömegi bilen her gün ýurdumyzyň şäherleriniň arasyna, hatlary we göndermeleri niýetlenilen ýerine ýetirýärler. Şeýlelikde Türkmenistanyň iň çetki, barmasy kyn etraplaryna-da poçta göndermeleri öz wagtynda gowşurylýar. Her günde ýurdumyzyň ähli künjeginde çap edilen neşirleri ýetirilýär. Mundan başgada döwletimiz hökümet edaralary daşary ýurt döwletleriniň ylmy-tehniki, ykdysady, bilim, saglygy goraýyş we beýleki ugurlarda gazanylýan üstünlikleri tejribe hökmünde giňden öwrenmekligine, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Türkmenpoçta kompaniýasy tarapyndan daşary ýurt döwürleýin neşirlerine abuna ýazylşygyny jogapkärçilikli we üstünlikli ýerine ýetirýär.
 



Aragatnaşyk maglumatlary:

Telefon: 930936
Faks: 931031

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.