Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugy


Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugy (RTPGDG) berkidilen maksatlaryna laýyklykda, aşakdaky esasy wezipeleri ýerine ýetirýär:

  • Türkmenistanyň “Radioýygylyk spektri” hakyndaky Kanunyň talaplaryny berjaý etmek;
  • ​Türkmenistanyň çäklerinde radioýygylyk toplumyny netijeli peýdalanmak boýunça Döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;
  • Radioelektron serişdeleri peýdalanmak üçin edara görnüşindäki taraplara we şahsy adamlara  berkidilýän radioýygylyklaryň hasabyny ýöretmek;
  • Türkmenistanyň çäklerinde radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna tehniki radiogözegçiligi amala aşyrmak;
  • Radioýygylyklaryň ýeketäk belligini döretmek we ony hemişe kämilleşdirmek;
  • Elektromagnit utgaşdyrmasynyň hasaby boýunça işleri amala aşyrmak, elektromagnit utgaşdyrmasy boýunça barlag-ölçeg işlerini geçirmek we degişli resminamalary bermek;
  • Radio päsgelçilikleriň çeşmesi bolup durýan tehniki serişdeleri anyklamak we aýyrmak boýunça degişli işleri amala aşyrmak;
  • Türkmenistanyň çäklerinde elektrik aragatnaşygynyň hyzmatlaryny ýerine ýetrimek üçin niýetlenen radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň işleýiş ýygylyklarynyň, çagyryş nyşanlarynyň öňki berkidilenlere laýyklygyny barlamak;
  • Türkmenistanyň çäklerine radiotehniki desgalary satyn almagyň, taslamagyň, gurmagyň (oturtmagyň), radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtdan getirmek hakynda Düzgünnamanyň tertibine gözegçilik etmek,
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugy tarapyndan radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylykly enjamlary peýdalanmak üçin berilýän rugsatnamalaryň barlygynyň gözegçiligini amala aşyrmak;
  • Tehniki gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen edara görnüşindäki taraplaryň we şahsy adamlaryň öz ygtyýarynda bolan radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylykly enjamlaryny barlamak;
  • Türkmenistanyň çäklerine daşary ýurtlardan girizilýän radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň Türkmenistanda hereket edýän radioölçegler kadalaryna laýyk gelmegine gözegçilik etmek;
  • Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlaryny hasaba almak düzgünlerini  kämilleşdirmeklige we olaryň gözegçiligi barada teklipler bermek;
  • Radio-telewideniýe radioelektron serişdeleriň işleýşine gözegçilik etmek;
  • Ýurtda hereket edýän edara-kärhanalar tarapyndan peýdalanylýan hemra aragatnaşyk ulgamynyň hasabatyny ýöretmek;
  • Kärhananyň bähbitindäki bütindünýä (regional) konferensiýalar üçin meseleleriň işläp düzmegi üçin iş materiallaryň taýýarlanylşyna gatnaşmak;
  • Radioaragatnaşyk boýunça halkara we regional guramalary bilen özara gatnaşyklary geçirmek;
     

RTPGDG-ň BÖLÜMLERI

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugy edara görnüşindäki tarap bolmak bilen,
Aşgabat şäherinde ýerleşýän:

  • Administartiw dolandyryş bölümini, 
  • Fiksirlenen, gury ýerde we deňizde hereket edýän radioaragatnaşyk bölümini,
  • Halkara aragatnaşyk, radio-telewideniýe we hemra radioaragatnaşyk bölümini,
  • Şertnamalar, hasaba alyş we hasaplar bölümini, 
  • Hojalyk dolandyryş bölümini, 
  • Aşgabat şäher we Ahal welaýat bölümçesini;
    we welaýat merkezlerinde ýerleşýän:
  • Mary welaýat bölümçesini,
  • Lebap welaýat bölümçesini,
  • Balkan welaýat bölümçesini, 
  • Daşoguz welaýat bölümçesini öz düzümine girizýär.

 

Administartiw dolandyryş bölümi

Önümçilik prosesini dolandyrmak maksady bilen, işgärleriň önümçilik dolandyryş işlerini amala aşyrýar.
 

Fiksirlenen, gury ýerde we deňizde hereket edýän radioaragatnaşyk bölümi

Türkmenistanyň çäklerine radiotehniki desgalary satyn almagyň, taslamagyň, gurmagyň (oturtmagyň), radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtdan getirmek hakynda Düzgünnamanyň tertibine gözegçiligi babatda, fiksirlenen we gury ýerde hereket edýän radioaragatnaşygy boýunça aşakdaky işleri amala aşyrýar:

  • Gelip gowuşýan we gidýän hatlar boýunça degişli işleri geçirmek;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugyna gelip gowuşýan hatlar boýunça netije çykaryp jogap taýýarlamak;
  • Radiokabuledijä päsgel berýän enjamlara, mehanizmlere, abzallara we elektrogurluşlara gözegçilik etmek;
  • Türkmenistanyň çäklerine girizilýän radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň ýeketäk belligini gözegçilikde saklamak;
  • Welaýat bölümleri bilen degişli işleri geçirmek;
     

Halkara aragatnaşyk, radio-telewideniýe we hemra radioaragatnaşyk bölümi

Türkmenistanyň çäklerine radiotehniki desgalary satyn almagyň, taslamagyň, gurmagyň (oturtmagyň), radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtdan getirmek hakynda Düzgünnamanyň tertibine gözegçiligi babatda, hemra aragatnaşygy boýunça aşakdaky işleri amala aşyrýar:

  • Herma aragatnaşyk ulgamyna degişli gelip gowuşýän hatlara seretmek.
     

Şertnamalar, hasaba alyş we hasaplar bölümi

Türkmenistanyň çäklerine radiotehniki desgalary satyn almagyň, taslamagyň, gurmagyň (oturtmagyň), radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtdan getirmek hakynda Düzgünnamanyň tertibine gözegçiligi babatda, aşakdaky işleri amala aşyrýar:

  • Berkidilen radioýygylyklaryň gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen, radioýygylyk toplumyny peýdalanmak üçin şertnama baglaşmak;
  • Radioýygylyk toplumyny peýdalanmak üçin we radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmak üçin, hem-de radioýygylyk toplumy bilen bagly bolan beýleki hyzmatlar üçin hasaplary düzmek;
  • Radioýygylyk toplumyny peýdalanmak üçin we radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmak üçin, hem-de radioýygylyk toplumy bilen bagly bolan beýleki hyzmatlar üçin hasaplaryň wagtly wagtynda tölenmegine gözegçiligi amala aşyrmak;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynda resmileşdirilen radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmak üçin rugsatnamalary, hem-de gämi radioenjamlary üçin rugsatnamalary bermek;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynda resmileşdirilen radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň ýeketäk belliginiň gözegçiligini amala aşyrmak we hasabatyny ýöretmek.
     

Hojalyk dolandyryş bölümi

Önümçilik prosessiniň bökdençsizligini üpjün etmek maksady bilen, işgärlere zerur bolan hojalyk işlerine degişli harytlar bilen üpjün etmek boýunça degişli işleri amala aşyrýar.
 

RTPGDG-nyň Aşgabat şäheri we Ahal welaýat, Mary welaýat, Lebap welaýat, Balkan welaýat, Daşoguz welaýat bölümçeleri

Tehniki gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen aşakdaky wezipeleri ýerine ýetirýär:

  • Radioýygylyk toplumynyň bökdençsiz radiogözegçiligini amala aşyrmak;
  • Gelip gowuşýan hatlar boýunça netije çykaryp tehniki önümçilik bölümine ýollamak;
  • Resmileşdirilen radioelektron serişdeleriň we ýokary ýygylykly enjamlaryň ýeketäk belliginiň gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen tertip boýunça tükelleme işleri geçirmek.


RTPGDG-ň aragatnaşyk maglumatlary:

Telefon: (+993-12) 44-93-09
Faks:      (+993-12) 44-93-05
Adres: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, j-88

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.