Elektromagnit ýaýramalarynyň çeşmesi bolup durýan Radioelekrton serişdelerini we (ýa-da) ýokary ýygylykly enjamlaryny hasaba almaklygyň tertibi barada DÜZGÜNNAMA


                                                                  I.UMUMY DÜZGÜNLER

  1. Şu Elektromagnit ýaýramalarynyň çeşmesi bolup durýan Radioelekrton serişdelerini we (ýa-da) ýokary ýygylykly enjamlaryny hasaba almaklygyň tertibi barada düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) “Aragatnaşyk hakyndaky” we “Radioýygylyk spektri hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlary esasynda işlenip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk toplumynyň peýdalanyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň (mundan beýläk  RTPGDG) elektromagnit ýaýramalarynyň çeşmesi bolup durýan radiolektron serişdelerini (mundan beýläk – RES) we (aý-da) ýolary ýygylykly enjamlaryny (mundan beýläk – ÝÝE) hasaba almagyň tertibini kesgitleýar.
     
  2. RTPGDG-gy, RES-leri we ÝÝE-lary hasaba almak ýa-da gaýtadan hasaba almak bilen bagly hyzmatlary Türkmenistanyň kanunçylygyna  laýyklykda şertnamalaýyn esasynda amala aşyrylýar.
     
  3. RES-leri we ÝÝE-lary hasaba almak üçin tölegler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary tarapyndan ylalaşylyp, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan tassyklanan Ýokary ýygylykly enjamlary we kabul ediji-iberiji radiostansiýalary gözegçilik etmek, barlamak we hasaba almak boýunça ýuridiki we fiziki şahslara ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň Nyrhnamasy esasynda amala aşyrylýar.

                                                                      II. RES-leri we ÝÝE-lary hasaba almaklygyň tertibi
     
  4. Ýuridiki we fiziki şahslar Daşary ýurtdan getirilen ýa-da satyn alnan RES-leri we ÝÝE-lary 30 senenama günüň dowamynda RTPGDG-da hasaba goýulmagy üçin resminamalary bermelidir ýa-da olaryň ulanylmaýanlygy barada hem-de ulanylmagy meýilleşdirilýän senesini görkezip hat berilmelidir.
     
  5. RES-leri we ÝÝE-lary hasaba almaklyk RES-leriň we ÝÝE-laryň eýeleri tarapyndan RTPGDG-na ýazmaça berlen, arza (ýüzlenme haty) esasynda amala aşyrylýar. Arza (ýüzlenme hatyna) şu  aşakda görkezilenleriň goşulmagy hökmanydyr:
     
    1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda,  RES-leri we ÝÝE- lary üçin radioýygylykly spektriň berlendigi baradaky rugsat hatynyň nusgasy;
    2. RES-leri we ÝÝE-lary Türkmenistanyň çägine girizmek üçin berlen rugsatnamanyň nusgasy;
    3. RES-leriň we ÝÝE-laryň tehniki häsiýetnamasy barada maglumat;
    4. Radioaragatnaşyk shemasy (kartanyň ýüzünde);
    5. RES-ler boýunça doldurylan hasaba alyş sanawnamalar (anketalar).
       
  6. RTPGDG-gy berlen arzalary 14 iş günüň dowamynda doly seljerme işlerini geçirip, RES-leri we ÝÝE-lary hasaba alnandygy  ýa-da almakdan ýüz dönderilendigi barada  delillendirilen netijenama çykarýar hem-de arza berijä bu barada habarnama iberýär.
     
  7. Şu Düzgünnamanyň 5-nji bölüminde  resminamalaryň goşulmagy bilen tabşyrylan arza seredilmeginiň netijesinde RES-ler we ÝÝE-lar hasaba alynmaga degişlidigi  barada netijä gelnen halatynda RES-riň we ÝÝE-ryň eýelerine RTPGDG-gy tarapyndan RES-ler we ÝÝE-lar hasaba alnandygy we peýadalanmaga degişlidigi barada Rugsatnama (mundan beýläk –Rugsatnama) berilýär.
     
  8. Rugsatnama RES-leriň we ÝÝE-laryň eýelerine olary bellenen ýerlerde ulanmaga doly hukuk berýär.
     
  9. Hasaba alynan RES-leriň we ÝÝE-laryň eýelerine  berilýän hasaba alyş töleglerini tölemek baradaky hasaplar (tölegler) degişliligi boýunça RTPGDG-nyň degişli Aşgabat şäheri we welaýat bölümçeleri tarapyndan berlen hasaba almak hakynda gelnen netijäniň senesine (aýy) laýyklykda  berilip başlanýar we peýdalanyja hat üsti bilen degişli habar berilýär.
  10. RES-leri  we ÝÝE-lary  hasaba almakdan şu aşakdaky halatlarda ýüz dönderilýär:
     
    1. RES-leri we ÝÝE-lary hasaba almak üçin berlen resminamalaryň gabat gelmezligi;
    2. arzada şübheli ýoýulan maglumatlaryň bolmagy;
    3. RES-ler we ÝÝE-lar radioaragatnaşyk ulgamynda bellenilen tehniki kadalaşdyryjy hukuk talapnamalaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda.
       
  11. RES-lere we ÝÝE-lara berilen  Rugsatnama  zaýalanan ýa-da ýitirilen ýagdaýynda olaryň eýesiniň hat üsti bilen ýüz tutma arzasy esasynda RTPGDG-gy tarapyndan nusgasy taýýarlanylyp berilýär.
     
  12. RES-lere we ÝÝE-lara berilen Rugsatnamanyň hereket ediş möhleti aşakda görkezilen ýagdaýlarda bes edilip biliner:
     
    1. Rugsatnamanyň görkezilen hereket ediş möhleti tamamlananda;
    2. “Radioýygylyk spektri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenen esaslarda  radioýygylyk spektrinden peýdalanmak hukugy bes edilende;
    3. RES-leriň we ÝÝE-laryň  eýeleri tarapyndan olary ulanmak islemeýänligi barada arza  berlende (bu halatlatda RES-ler we ÝÝE-lar möhürlenmelidirler);
    4. RES-leriň we ÝÝE-laryň resminamalarynda görkezilen maglumatlary esasynda işlemedik ýagdaýynda;
    5. Radioýygylyklary ulanmak üçin hereket edýän şertnamanyň hereket ediş möhleti tamamlananda we (ýa-da) onuň talaplary ýerine ýetirilmedik halatynda.
       
                                                                      III. RES-leri we ÝÝE-lary gaýtadan hasaba almak

  13. RTPGDG-da RES-leri we ÝÝE-lary gaýtadan hasaba almak şu ýagdaýlarda amala aşyrylýar:
     
    1. RES-leriň we ÝÝE-laryň hasaba alynan tehniki hasiýetnamalaryna RTPGDG-y bilen ylalaşylyp üýtgeşme girizilende;
    2. RES-leriň we ÝÝE-laryň eýesi barada maglumatlar üýtgän ýa-da eýesiniň çalşylan ýagdaýynda;
    3. ýuridiki we fiziki şahslaryň RES-leri we ÝÝE-lary gaýtadan  hasaba alynyş tertibi şu Düzgünnama laýyklykda amala aşyrylan ýagdaýynda.
       
  14. RTPGDG-y tarapyndan RES-leri we ÝÝE-lary gaýtadan hasaba almak üçin berlen  arza (ýüzlenme hatyna)  seredilip, 14 iş günüň dowamynda netije çykarýar  we  Arza berijä hat üsti bilen jogaby  berilýär. RES-leri we ÝÝE-lary gaýtadan hasaba alynanda olaryň eýesine täzeden Rugsatnama berilýär.

                                                                      IV. Hasapda duran RES-leri we ÝÝE-lary hasapdan aýyrmak
  15. Ýuridiki we fiziki şahslar öz ulanýan RES-lerini we ÝÝE-laryny RTPGDG-dan hasapdan aýrylmagyna degişlileriniň ähli hasapdan aýyrmak baradaky maglumatlaryny taýýarlap, RTPGDG-na bellenen tertipde ýüzlenmelidir. RES-ler we ÝÝE-lar  aşakdaky ýagdaýlarda hasapdan çykarylyp biliner:
     
    1. RES-leri we ÝÝE-lary başga bir tarapa satylan ýagdaýynda;
    2. RES-leri we ÝÝE-lary könelip hatardan çykan ýagdaýynda;
    3. tebigy hadysa we adatdan daşary ýagdaýlar zerarly RES-lere we ÝÝE-lara zeper ýetende;
    4. RES-ler we ÝÝE-lar şertnama esasynda aýrybaşgalanan ýagdaýynda;
    5. RES-ler we ÝÝE-lar ýitirilende, ogurlananda we ş.m. (hökmany polisiýa gullugyna ýüzlenilen arzanyň (ýüzlenme hatynyň) nusgasy goşulmaly).
       
  16. RTPGDG-y tarapyndan RES-leri we ÝÝE-lary hasapdan aýyrmak üçin berlen arza seredilip, 10 iş günüň dowamynda netije çykarylýar we  arza berijä hat üsti bilen jogap berilýär. 
     
  17. Ýuridiki şahslaryň eýeçiligine degişli RES-leri we ÝÝE-lary hasapdan çykarmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde olaryň esasy serişdelerini hasapdan öçürmegiň delilnamasy we käbir ýagdaýlarda ygtyýarly edaralardan, hususy kärhanalardan enjamyň gurat ýagdaýda däldigi barada degişli nama talap edilýär.
     
  18. Ýitirilen RES-leri we ÝÝE-lary boýunça: (Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň degişli polisiýa gullugyna ýazylan arzanyň nusgasy bar bolan ýagdaýynda) arza RTPGDG-na gelip gowşan senesinden başlap degişli RTPGDG-nyň Aşgabat şäheri we welaýat bölümçesiniň kanagatlanarly netijenamasy bolan ýagdaýynda RTPGDG-da hasapdan aýyrylan diýip hasap edilýär.
     
  19. RTPGDG-da RES-leri we ÝÝE-lary hasapdan aýyrmak üçin arza berijiler hökmany aşakdaky resminamalar tabşyrmalydyr:
     
    1. hasapdan aýyrmak üçin ýüzlenme haty ýa-da arza;
    2. ýuridiki şahslarda esasy serişdeleri hasapdan aýyrmak boýunça iş topary barada buýrugyň göçürmesi;
    3. hasapdan aýyrmak baradaky bellenen tertipde düzülen delilnamanyň nusgasy.
       
  20. RTPGDG-gy ýokarda görkezilen gerekli resminamalara seredip RES-leri we ÝÝE-lary hasapdan aýyrmak ýa-da garşy bolmaklyk barada netije çykaryp arza berija, hasapdan çykarýandygy ýa-da  sebäpleri görkezmek esasynda hasapdan aýyrmaýandygy barada hat üsti bilen habar berýär.
     
  21. RTPGDG-dan RES-leriň we ÝÝE-laryň hasapdan aýyrmak üçin garşy bolmaklyk şulardan ybarat:
    1. RES-leri we ÝÝE-lary hasapdan aýyrmak üçin berlen resminamalaryň gabat gelmezligi;
    2. arzada şübheli ýoýulan maglumatlaryň bolmagy;
    3. radioaragatnaşyk ulgamyndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda.
       

     Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2015-nji ýylyň 21-nji iýulynda cykaran 166 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.