Radioýygylyk spektri hakynda


Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini dolandyrmagyň, peýdalanmagyň we pedalanylyşyna gözegçilik  etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

 


                                                                                                              TÜRKMENISTANYŇ
                                                                                                                     K
A N U N Y

                                                                                              RADIOÝYGYLYK SPEKTRI HAKYNDA

                                                                        (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý.¸ № 2¸ 15- madda)
 

Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini dolandyrmagyň, peýdalanmagyň we pedalanylyşyna gözegçilik  etmegiň hukuk esaslaryny kesgitleýär.

   I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

  1. madda. Radioýygylyk spektri
    1. Şu Kanunda radioýygylyk spektri diýlip emeli tolkun geçirijini ulanmazdan, Türkmenistanyň çäginde elektrik aragatnaşygyny guramak üçin peýdalanylýan üç müň gigagersden pes bolan radioýygylyklaryň jemine düşünilýär.
    2. Radioýygylyk spektri Türkmenistanyň milli serişdesidir.
       
  2. madda. Şu Kanunyň täsir ediş çygry
    1. Şu Kanun Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini peýdalanyjylar bolup durýan ýuridik we fiziki taraplara degişlidir.
    2. Şu Kanunyň düzgünleri aragatnaşyk babatdaky işe ygtyýarnama bermegiň, aragatnaşyk serişdeleriniň we hyzmatlarynyň tassyklaýjy şahadatnamasynyň, radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlary Türkmenistanyň gümrük serhedi arkaly geçirmegiň umumy kadalaryny kesgitleýän, şeýle hem elektrik aragatnaşyk, aragatnaşyk hyzmatlarynyň milli operatorlary we iberijiler ulgamlarynyň eýeleriniň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bilelikde ulanylýar.
       
  3. madda. Radioýygylyk spektrini peýdalanyjy
    • Eýeçiliginde, peýdalanmagynda ýa-da ygtyýarynda radioelektron serişdeleri we (ýa-da) ýokary ýygylykly gurluşlary, şeýle hem olary saklamaga, ulanmaga degişli rugsady bolan ýuridik we fiziki tarap Türkmenistanda radioýygylyk spektrini peýdalanyjy diýlip ykrar edilýär. Şu Kanunyň maksatlarynda radioelektron serişdeleri diýlip islän wagtynda şöhlelenmek kuwwaty 100 mWt bolan radiotolkunlary şöhlelendirýän ýa-da şöhlelendirip biljek radioelektron apparaturasyna we elektrik gurluşlaryna düşünilýär.
    • Ýokary ýygylykly gurluşlara senagat, ylmy, saglygy goraýyş, durmuş we gaýry maksatlar üçin radioýygylyk kuwwatyny generirlemek we ýerli ýagdaýda peýdalanmak üçin niýetlenen enjamlar we gurluşlar degişlidir, elektrik aragatnaşyk babatynda ulanylmagy muňa degişli däldir.
       
  4. madda. Radioýygylyklary paýlamagyň Milli tablisasy
    • Radioýygylyklary paýlamagyň Milli tablisasy önümçilik, ylmy, saglygy goraýyş we gaýry maksatlarda radioaragatnaşygy guramak, radioýygylyklary (radioýygylyklaryň zolagyny) peýdalanmak üçin radioýygylyk spektriniň paýlanylmagyny belleýär.
       
  5. madda. Dakylan radioýygylyklar hakynda habar
    • Radioýygylyklaryň (radioýygylyklar zolaklarynyň) dakylanlygy hakyndaky maglumatlar Radioýygylyklaryň ýeke-täk registrine girizilýär¸ ol radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanynda döredilýän edara (mundan beýläk: Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edara) tarapyndan ýöredilýär.
       
  6. madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylandygy üçin töleg
    1. Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrinden peýdalanmak töleglidir. Radioýygylyk spektrinden peýdalanylandygy üçin töleg Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan bellenilýär.
    2. Türkmenistanyň Ministrler kabineti döwlet hajatlaryny üpjün edýän aýry-aýry peýdalanyjylary radioýygylyk spektrinden peýdalanandygy üçin tölegden boşatmak hakynda karar kabul etmäge haklydyr.
       
  7. madda. Türkmenistanyň halkara şertnamalary
    1. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundaka garanda gaýry düzgünler nazarda tutulsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.
       

​II BAP. RADIOÝYGYLYK SPEKTRINIŇ SERIŞDESINIŇ PEÝDALANYLYŞYNY DÖWLET TARAPYNDAN DOLANDYRMAK

  1. madda. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanyşyny döwlet tarapyndan dolandyrmagyň maksatlary we wezipeleri
    • Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyny döwlet tarapyndan dolandyrmagyň maksatlary şulardan ybaratdyr:
    • milli bähbitlerde radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;
    • elektrik aragatnaşygyň Halkara birleşiginiň radioaragatnaşyk kadasyna laýyklykda hyzmatdaşlygyň halkara çygrynda radioýygylyk spektriniň peýdalanylmagyny üpjün etmek;
    • radioýygylyk spektrini peýdalanmak babatynda döwletiň bähbitlerine  wekilçilik etmek we goramak.
    • Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyny döwlet tarapyndan  dolandyrmak arkaly aşakdaky wezipeleriň çözülmegi üpjün edilýär:
    • radioýygylyk spektrini peýdalanmak babatynda döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak we amala aşyrmak;
    • radioýygylyklary paýlamagyň Milli tablisasynyň esasynda radioýygylyklaryň (radioýygylyklar zolaklarynyň) paýlanylmagyny tertipleşdirmek;
    • radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyny çözmek we bellige almak meselelerini düzgünleşdirmek;
    • radioýygylyk spektrini peýdalanmak babatynda ölçegleri we kadalary bellemek;
    • radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek.
       
  2. madda. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyny dolandyrmak
    1. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyny döwlet tarapyndan dolandyrmak, halkara hyzmatdaşlyk çygrynda radioýygylyk spektrini peýdalanmak meselelerini utgaşdyrmak Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanynda döredilýän radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar (mundan beýläk Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar diýlip atlandyrylýar) tarapyndan amala aşyrylýar.
    2. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara toparyň düzümi, ol hakdaky Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
    3. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň karary boýunça Türkmenistanyň çäklerinde radioýygylyk spektriniň kesgitlenen diapazonynyň peýdalanylyşyny dolandyrmak hukugy şertnamanyň esasynda 5 ýyldan köp bolmadyk möhlet bilen ýuridik ýa-da fiziki tarapa berlip bilner.


III BAP. TÜRKMENISTANYŇ ÇÄGINDE RADIOÝYGYLYK SPEKTRINIŇ SERIŞDESINI PEÝDALANMAGYŇ ŞERTLERI WE ÝÖRELGELERI

  1. madda. Radioýygylyklary dakmak
    1. Radioýygylyklary (radioýygylyklaryň zolaklaryny) dakmak Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar tarapyndan amala aşyrylýar.
    2. Radioýygylyk spektriniň kesgitlenen diapazonynyň peýdalanylyşyny dolandyrmak hukugyna Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň rugsadyny alan ýuridik we fiziki taraplar radioýygylyklary şu diapazonyň çäklerinde beýleki peýdalanyjylara paýlamaga haklydyr¸ şunda bu hakda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edara habar berilmelidir.
      • Peýdalanyjylaryň arasynda radioýygylyklaryň paýlanylyşy hakyndaky maglumatlaryň berilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda nazarda tutulan jogapkärçilige eltýär.
    3. Radioýygylyklary (radioýygylyk zolaklaryny) dakmak haýyşnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
      • Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar bäsdeşlik esasynda radioýygylyklary (radioýygylyk zolaklaryny) peýdalanyjyny kesgitlemäge haklydyr.
      • Dakylan radioýygylyklary peýdalanmagyň möhleti radioýygylyklardan peýdalanmak şertnamasy bilen bellenilýär.
    4. Radioýygylyk spektriniň eýeçilige ýa-da möhletsiz peýdalanylmagyna berilmegine ýa-da dakylmagyna ýol berilmeýär.
    5.  Radioýygylyklary paýlamagyň Milli tablisasynda üýtgetmeler sebäpli ýa-da Türkmenistan tarapyndan degişli halkara borçnamalaryň kabul edilmegi bilen baglanyşykly radioýygylyklary peýdalanmak şertnamasynyň şertleri üýtgedilip bilner.
       
  2. madda. Radioelektron serişdelerine we ýokary ýygylykly gurluşlara bolan talaplar
    1. Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlary işläp taýýarlamak¸ proýektirlemek¸ öndürmek, gurmak (oturtmak), şeýle hem radioýygylyklary peýdalanmak bilen ylmy-barlag we tejribe- konstruktorçylyk işlerini geçirmek diňe Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar bilen ylalaşylandan soň geçirilýär.
    2. Işlenip taýýarlanylýan, proýektirlenilýän, öndürilýän we ulanylýan tehniki serişdeleriň tehniki häsiýetnamalary, radiopäsgelleriň mümkin bolan çeşmeleri hökmünde (elektroulag, elektrik geçiriji liniýalar, elektrik esbaplary, awtoulag serişdeleri we başgalar), industrial radiopäsgelleriň ýol berilýän derejesinden ýokary geçmeli däldir.
      •  ​Industrial radiopäsgeller diýlip tehniki serişdeler bilen döredilýän, habary bermek üçin niýetlenmedik, radioýygylyk spektriniň diapazonyndaky elektromagnit söhlelenmä düşünilýär
    3. Radioşöhlelenmäniň kadalary, radiopäsgelleriň ýol berilýän derejeleri, tehniki serişdeleriň synaglaryny bu kadalara laýyk getirmegiň tertibi «Türkmenstandartlary» Baş döwlet inspeksiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edara bilen bilelikde bellenilýär.
    4. Radioaragatnaşygyň hilini üpjün etmek, şeýle hem radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň döredýän päsgelleriniň öňüni almak maksady bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edara Türkmenistanda öndürilýän, daşary ýurtdan getirilýän we iberilýän radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň Türkmenistanda hereket edýän radioşöhlelenmäniň kadalaryna laýyk gelşine gözegçilik edýär.
       
  3. madda. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak bilen dolandyrylýan ulgamlara bolan talaplar
    1. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak bilen dolandyrylýan we tehniki taýdan ulanylýan ulgamlar Türkmenistanyň çäginde hereket edýän telekommunikasiýalar ulgamlary bilen özara ylalaşykda gurulmalydyr.
    2. Türkmenistanyň telekommunikasiýalar ulgamy bilen radioýygylyk spektriniň peýdalanylmagyny üpjün etmek aragatnaşyk ulgamlarynyň baglanyşyklylygy hereket ediş durnuklylygyny, habar howpsuzlygyny, umumy merkezleşdirilen dolandyryşy we dessine- agtaryş işini amala aşyrýan edaralar bilen özara hereketi üpjün etmek boýunça kadalar we talaplar ýerine ýetirilen mahalynda amala aşyrylmalydyr.
    3. Radioýygylyk spektrini peýdalanmak bilen dolandyrylýan ulgamlary üçin enjamlary ibermek görkezilen ulgamlar umumyulgam we obýekt maksatnama-algoritm taýdan üpjün etmek we ony hyzmat taýdan goldamak boýunça degişli dokumentasiýany doly möçberde bermek bilen amala aşyrylmalydyr.
       
  4. madda. Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlary edinmek (bermek)
    • Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlary Türkmenistanyň çäginde edinmek (bermek) Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde amala aşyrylýar.
       
  5. madda. Habar howpsuzlygyny üpjün etmek
    • Radioýygylyk spektri peýdalanylanda habar howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler kabul edilmelidir, şol sanda:
    • maglumatlar gorlaryna we berilýän habara bolan rugsada idin berilmedik ýagdaýy aradan aýyrýan, aragatnaşyk ulgamlarynyň işiniň gözegçilik edilmän peýdalanylmagyny we bökdelmegini, şeýle hem şahsyýete, jemgyýete we döwlete zyýan ýetirýän maksatlarda peýdalanylmagyny aradan aýyrýan;
    • habaryň berlişiniň dowamynda habaryň (maglumatlaryň) ýaşyrynlygyny we bütewiligini üpjün edýän;
    • idin berilmedik ýa-da bilgeşleýin bolmadyk gatyşmak synanyşyklary mahalynda aragatnaşygyň hereket etmek düzgüniniň üýtgewsizligini üpjün edýän.
       
  6. madda. Radioaragatnaşygyň ýaşyrynlygy
    1. Başga adresata niýetlenen radiohabar kabul edilýän mahalynda ony bellemek, açmak, onuň mazmunyny we onuň barlygynyň faktyny ýaýratmak ýa-da onuň mazmunyny ýerine ýetirmek gadagandyr, dessine-agtaryş çärelerini we derňew hereketlerini geçirmegiň tertibini kadalaşdyrýan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.
    2. Radioaragatnaşyk kanallary boýunça döwlet syryny düzýän maglumatlary özünde saklaýan kodlaşdyrylmadyk görnüşindäki habary bermek gadagandyr.
    3. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edara tarapyndan radiomonitoringiň amala aşyrylmagy radioaragatnaşyk syrynyň bozulmagy diýlip hasap edilmeýär.
    4. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara toparyň rugsady bolmazdan, kömegi bilen ýaşyryn radiohabary berip, kabul edip, sifrläp ýa-da sifri açyp bolýan radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylylykly gurluşlary saklamak gadagandyr.
       
  7. madda. Adamlaryň ýaşaýşyna howp salyş baradaky habarlaryň ileri tutulmagy
    1. Radioýygylyk spektrini peýdalanyjylar ýerde, deňizde, kosmiki giňişlikde adamlaryň ýaşaýsyna howp salyş baradaky, Türkmenistanda goranmak, howpsuzlyk we hukuk tertibini goramak babatdaky gaýragoýulmasyz çäreler hakyndaky ähli habarlaryň, şeýle hem uly awariýalar, katastrofalar, epidemiýalar, epizootiýalar we tebigy betbagtçylyklar hakyndaky habarlaryň çäksiz ileri tutulyp berilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.
    2. Howp ýa-da kömek signaly kabul edilenden soň radioelektron serişdelerine eýelik ediji ýa-da peýdalanyjy ýagdaýa laýyk hereketlere girişmäge borçludyr. Eger radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň işi howp ýa-da kömek signalyny bermek ýa-da kabul etmek üçin päsgelçilik bolýan bolsa, onda radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň eýesi we peýdalanyjy şobada olaryň işini togtatmaga borçludyr.
       
  8. madda. Habar bermegiň usullary we tärleri
    • Habar bermegiň usullary we tärleri hem-de olary ýerlemegiň tehnikasy radioýygylyk spektrini peýdalanmak bilen aragatnaşyk ulgamynyň telekommunikasiýalaryň dünýä setine goşulmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylmalydyr hem-de elektrik aragatnaşygyň halkara birleşiginiň (EHB) maslahatlaryny ödemelidir.
       
  9. madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşy hakyndaky habary bermek
    • Radioýygylyk spektrini peýdalanyjylar Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar tarapyndan bellenilýän tertipde, şeýle hem radioýygylyklary peýdalanmak şertnamasyna laýyklykda berlen radoýygylyklaryň (radioýygylyk zolaklarynyň) peýdalanylyşy hakyndaky habary berýärler.
       
  10. madda. Elektromagnit utgaşdyryjylygy boýunça talaplar
    1. Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlary peýdalanyjylaryň hemmesi tarapyndan radioýygylyk spektriniň peýdalanylmagy elektromagnit utgaşdyrylyşynyň pugta üpjün edilmeginde amala aşyrylmalydyr, olaryň tehniki häsiýetnamalary bolsa Türkmenistanyň çaginde hereket edýän bellenilen ölçeglere we tehniki kadalara laýyk gelmelidir.
    2. Radioelektron serişdeleriniň elektromagnit utgaşdyryjylygynyň, olaryň parametrleriniň ölçeglere we tehniki kadalara laýyk gelşine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edara tarapyndan radioýygylyk spektrini peýdalanyjylaryň radioýygylyk gulluklary bilen bilelikde amala aşyrylýar.
    3. Peýdalanyjylaryň täze döredilýän tehniki serişdeleri we baglanyşykly stansiýalary Türkmenistanyň çägindäki radioelektron serişdeleri we ýokary ýygylykly gurluşlar bilen elektromagnit utgaşdyryjylygy üpjün etmelidir.


IV BAP. RADIOÝYGYLYK SPEKTRINDEN PEÝDALANMAK HUKUGYNYŇ ÇÄKLENDIRILMEGI WE BES EDILMEGI

  1. madda. Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak hukugynyň togtadylmagy
    1. Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar döwlet ähmiýetli çäreler geçirilýän döwründe radioýygylyk spektrinden peýdalanmak hukugyny togtatmaga ýa-da çäklendirmäge haklydyr.
    2. Döwletiň goranmak, milli howpsuzlyk we hukuk tertibiniň maksatlary üçin berlen radioýygylyklary peýdalanmak Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar tarapyndan degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylyp, togtadylyp, çäklendirilip ýa-da bes edilip bilner.
    3. Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak hukugy Tükmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edara tarapyndan aşakdaky halatlarda togtadylyp ýa-da çäklendirilip bilner, ýagny:
    • radioýygylyklardan peýdalanmak rugsadynyň ýa-da şertnamasynyň şertleri bozulanda;
    • radioýygylyk spektriniň peýdalanylanlygy üçin tölegiň wagtynda tölenmedik halatynda.
       
  2. madda. Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi
    • Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak hukugy aşakdaky halatlarda togtadylýar:
    • raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlaklylygyna, döwletiň ykdysady bähbitlerine zyýan ýetirilende;
    • peýdalanylýan radioelektron serişdelerinden we ýokary ýygylykly gurluşlardan ilatyň janynyň ýa-da saglygynyň howpsuzlygyna hakyky howp dörände;
    • radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlary peýdalanmak arkaly daş-töwerekdäki gurşawyň ýagdaýyna zyýan ýetirilende;
    • radioýygylyklardan peýdalanmak rugsadynyň ýa-da şertnamasynyň hereket ediş möhleti gutaranda;
    • aragatnaşyk işini düzgünleşdirýän şu Kanunda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen talaplar, şeýle hem radioýygylyklardan peýdalanmak şertnamasynyň şertleri berjaý edilmese;
    • dakylan radioýygylyklardan ýüz öwrülende;
    • ýuridik tarap ýatyrylanda ýa-da fíziki tarapyň işi bes edilende.
       
  3. madda. Adatdan daşary ýagdaýlar dörän mahalynda peýdalanyjylaryň radioelektron serişdelerini peýdalanmak
    1. Ýertitremeler, suwjoşmalar, ýangynlar, epidemiýalar we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar bolan mahalynda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar peýdalanyjylaryň radioelektron serişdelerini ulanmagyna çäklendirmeler girizmäge, şeýle hem döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmek, adatdan daşary ýagdaýlary ýa-da olaryň netijelerini ýok etmek maksady bilen bu serişdeleri peýdalanmaga haklydyr.
    2. Radioaragatnaşyk ulgamlary şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirýän maksady bilen peýdalanylanda Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar radioýygylyk spektrini peýdalanyjylaryň işini, şeýle hem islendik terminal serişdeleriň hem-de bu ulgamlaryň Türkmenistanyň çägindäki ýer stansiýalarynyň işini togtatmaga, şeýle hem Türkmenistanyň çägine hemra aragatnaşygynyň kosmiki apparatlarynyň şöhlelenmegine çäklendirme girizmäge haklydyr.


V BAP. RADIOPÄSGELLERI ÝÜZE ÇYKARMAK WE DÜZETMEK

  1. madda. Radiopäsgelleriň çeşmesiniň ýerleşýän ýerini agtarmak we anyklamak
    • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edara telewideniýäni, radio alyp eşitdirişi, radioaragatnaşygy kabul etmäge päsgel berýän çeşmeleri-tehniki serişdeleri agtarýar we ýerleşýän ýerini anyklaýar.
    • Degişli halatlarda radiopäsgelleriň çeşmelerini agtarmak Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edaranyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk komitetiniň we Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň wekillerinden durýan dessine-agtaryş topary tarapyndan geçirilýär.
  2. madda. Radiopäsgelleri düzetmek
    1. Eger radio kabul edişe päsgeller tehniki serişde-ýuridik tarapa degişli radiopäsgelleriň çeşmesi arkaly döredilse, onda radiopäsgelleriň çeşmesiniň eýesine radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adam tarapyndan radiopäsgelleri düzetmek, tehniki serişdäniň durkuny täzelemek ýa-da çalyşmak boýunça maslahatlar bilen tabşyryk berilýär.
      • Ýuridik tarap görkezilen möhlete tabşyrygy ýerine ýetirmedik mahalynda radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adam radiopäsgelleriň çeşmesiniň işini togtatmak bilen radio kabul edişe päsgelleri düzetmek hakynda gaýtadan tabşyryk berýär hem-de administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy hakyndaky protokoly resmileşdirýär.
      • Şeýle tehniki serişdeleriň hereketlerini togtatmak ýa-da saklamak diňe Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara toparyň ýazmaça razylygy bolan mahalynda mümkindir.
    2. Eger radio kabul edişe päsgeller tehniki serişde-şahsy eýeçilik hukugyndaky fiziki tarapa degişli radiopäsgelleriň çeşmesi arkaly döredilse, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adam tarapyndan onuň eýesine onuň işini (ulanylyşyny) togtatmak bilen radiopäsgelleri düzetmegiň gerekdigi hakynda tabşyryk berilýär we abatlamak ýa-da tehniki serişdäni-radiopäsgelleriň çeşmesini çalyşmak maslahat berilýär. Zerur abatlamagy geçirmekden ýa-da tehniki serişdäni-radiopäsgelleriň çeşmesini çalyşmakdan ýüz öwrülen mahalynda radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adam administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy hakyndaky protokoly resmileşdirýär.
    3. Wezipeleri we maksatlary ilatyň ýaşaýşyna, saglygyny goramaga gönükdirilen (elektroulag-ýerüsti şäher we demir ýol, elektrik geçiriji liniýalar, elektrik podstansiýalary we ş.m.) tehniki serişdeleriň işini - radiopäsgeller çeşmeleriniň işini (ulanylyşyny) togtatmaga ýol berilmeýär.
    4. Tehniki serişdäni-radiopäsgelleriň çeşmesini ulanyşa geçirmek, ondan radio kabul edişe päsgeller düzedilenden soň, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamyň rugsady esasynda amala aşyrylýar.


VI BAP. RADIOÝYGYLYK SPEKTRINIŇ SERIŞDESINIŇ PEÝDALANYLYŞYNA DÖWLET GÖZEGÇILIGI

  1. madda. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmak
    1. Radioýygylyk spektriniň serişdesiniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edara tarapyndan amala aşyrylýar.
      • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylşyna gözegçilik etmek baradaky edara hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
    2. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek baradaky edaranyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr, ýagny:
      •  ​​Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrini netijeli peýdalanmak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek
      • şu Kanunyň we Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk hyzmatlarynyň bitirilmegini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmek;
      • Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna tehniki radiogözegçiligiň amala aşyrylyşy;
      • Türkmenistanyň çäginde elektrik aragatnaşygynyň hyzmatlaryny bitirmek üçin niýetlenen radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň işçi ýygylyklarynyň we çagyryş signallarynyň niýetlenilişini we hasaba alnyşyny barlamak;
      • telewizion we radio kabul edişiň industrial päsgelleri basyp ýatyrmagy üpjün edýän zerur enjamlar bilen radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlary enjamlaşdyrmak boýunça gözegçilik etmek;
      • radioýygylyk dakmak we elektromagnit utgaşdyrmak hasabynyň awtomatlaşdyrylan maglumatlar gorunyň ulgamyny girizmek we hemişe kämilleşdirmek.
         
  2. madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar
    • Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar şulardyr:
    • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça edaranyň başlygy (direktory), ol bir wagtda radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Türkmenistanyň baş döwlet inspektory bolup durýar;
    • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça edaranyň welaýat, etrap we şäher kiçi bölümleriniň başlyklary, olar şol bir wagtda welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça baş döwlet inspektorlarydyr.
    • Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan we şol bir wagtda-da radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet inspektorlary bolup durýan beýleki wezipeli adamlaryň sanawy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça edara hakyndaky Düzgünnama bilen bellenilýär.
       
  3. madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça baş döwlet inspektorlarynyň we döwlet inspektorlarynyň ygtyýarlary
    • Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Türkmenistanyň baş döwlet inspektory, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet inspektorlary, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet inspektorlary şahadatnamalaryny görkezmegi bilen aşakdaky ygtyýarlara eýedirler:
    • radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň, olary öndürmek, getirmek, olaryň söwdasy ýa-da olary ulanmak üçin rugsatlaryň barlagyny amala aşyrmak;
    • radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlar nädogry peýdalanylan halatynda Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen tertipde radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň eýelerine administratiw hukuk tertibiniň bozulandygy hakynda protokol düzmek;
    • şu Kanunyň we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünlerine laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrmak.
    • Radioýygylyk spektriniň peýdalanyşyna gözegçilik boýunça Türkmenistanyň döwlet inspektory, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet inspektorlary, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik boýunça döwlet inspektorlary şu Kanunyň radio aragatnaşygy babatynda döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikdäki hereketlerinde Türkmenistanyň başga kanunçylyk namalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar.
       
  4. madda. Radioýygylyk spektriniň monitoringi (radiomonitoring)
    • Radioýygylyk spektriniň monitoringi diýlip radioýygylyk spektriniň ýagdaýyna, onuň çeşmeleriniň peýdalanylyşyna baha berlişine gözegçilik üçin niýetlenilen guramaçylyk-tehniki çäreleriň toplumyna düşünilýär.
    • Radiomonitoring Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik boýunça edara tarapyndan amala aşyrylýar.
    • Radioýygylyk spektriniň monitoringini amala aşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudaklaýynara topar tarapyndan bellenilýär.
       
  5. madda. Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik amala aşyrylanda radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň eýelerine ýa-da şolary peýdalanyjylara bildirilýän  talaplar
    1. Radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň eýesi ýa-da şolary peýdalanyjy radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlarynyň ulanylmaga berlen ýerinde şolaryň tehniki ýagdaýyny we ulanylyşyny barlamak üçin radioýygylyk spektriniň peýdalanyşyna döwlet gözegçiligini edýän wezipeli adamy goýbermäge borçludyr.
    2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan halatlarda, radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň eýesi ýa-da peýdalanyjysy radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly enjamlaryň ulanylyşyna barlag geçirmek üçin dessine agtaryş çärelerini ýa-da derňew hereketlerini amala aşyrýan wezipeli adamlary goýbermäge, şeýle hem radio aragatnaşygynyň guralyşy hakyndaky habary bermäge borçludyr.


VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

  1. madda. Radioýygylyk spektri hakyndaky kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
    • Radioýygylyk spektri hakyndaky kanunçylygyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
       
  2. madda. Jedelleriň çozülmegi
    • Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
       

Türkmenistanyň                                Saparmyrat

 Prezidenti                                         Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

2000-nji ýylyň  15-nji iýuny

№ 30-II

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.