Türkmenistanyň çäklerinde radiotehniki desgalary satyn almagyň, taslamagyň, gurnamagyň (oturtmagyň), radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakynda düzgünnama


Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999 ýylyň «12» iýulynda çykan №4264 karary bilen tassyklanyldy


 

  1. Şu düzgünnama Türkmenistanyň çäklerinde radiotehniki desgalary (RTD) satyn almagyň, taslamagyň, gurnamagyň (oturtmagyň), radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary (RES we ÝoÝE) ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi kesgitleýär.

    Şu Düzgünnamanyň güýji:
    • Şahsy adamlar* we edara görnüşindäki taraplar;
    • Daşary ýurt firmalaryň, banklarynyň, guramalarynyň wekilçilikleri;
    • Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň degişli gulluklar bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň çäklerinde bolýan diplomatik wekilçilikleri hem-de konsullyk edaralary, BMG-nyň ýanynda resmi taýdan bellenilen wekilçilikler tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde satyn alynýan, taslanylýan, gurulýan (oturdylýan), ulanylýan, Türkmenistanyň çäklerinde ýerlenilýän RTD-lara, RES-lere we ÝoÝE-lara degişli edilýär.
       
  2. Islendik görnüşdäki we maksatly RES-leri taslamak we gurnamak (oturtmak) diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudagara topary (RÝPT) bilen ylalaşylyp geçirilýär.

    RES-i gurmak (oturtmak) üçin ýeri seçip almak bina edilýän serişdeleriň şol sebitde ulanylýan we öň taslanan RES we ÝoÝE bilen elektromagnit babatda laýyk gelýändigini hasaba almak bilen Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugy bilen ylalaşylmalydyr.

    RES-iň elektromagnit babatda laýyk gelmeginiň hasaplamasy Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugy bilen ylalaşylyp, RES-i gurnamak (oturtmak) üçin meýdançany seçip almagyň barşynda taslaýjy guramalar tarapyndan ýerine ýetirilýär.
     
  3. Aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek üçin niýetlenilen RES-i we ÝoÝE-y gurmaga (oturtmaga) we peýdalanmaga Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň beren degişli ygtyýarnamasy bar mahaly ygtyýar berilýär.
     
  4. RES-i we ÝoÝE-y (şol sanda enjamlar we ulag serişdeleri) Türkmenistanyň çäklerine RES-i we ÝoÝE-y gurnamak (oturtmak) ýa-da satyn almak üçin şertnama baglaşylýan mahaly deslapdan ylalaşylandan soň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudagara toparynyň (RÝPT) rugsat bermegi bilen getirilýär.
     
  5. RES-i we ÝoÝE-y şahsy adamlar hem-de edara görnüşindäki taraplar ýerlemek üçin Türkmenistanyň çäklerine diňe jikme-jik tehniki häsiýetlendirmeleri bilen sanawyny deslapdan bermek arkaly hem-de söwda işi üçin ygtyýarnama (ýa-da patent) bar mahaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudagara toparynyň (RÝPT) rugsat bermegi bilen getirilýär.
     
  6. Durmuşda ulanylýan audio we wideo enjamlar, mikrotolkunly peçler, wideo kameralar, wideo senterler, telewideniýeni göniden-göni hemra arkaly kabul etmegiň ulgamlary getirilen, satyn alnan, oturdylan we ulanylýan mahaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudagara toparynyň (RÝPT) rugsady talap edilmeýän RES-i we ÝoÝE-yna degişlidir.
     
  7. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudagara toparynyň (RÝPT) degişli rugsady bolmazdan Türkmenistanyň çäklerine getirilen RES we ÝoÝE Türkmenistanyň gümrük edaralary tarapyndan saklanmaga hem-de gümrük gözegçiligi astynda saklamak üçin ammarlara ýerleşdirmäge degişlidir.

    RES-iň we ÝoÝE-yň maglumatlary Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň Döwlet Elektrik Aragatnaşyk Inspeksiýasynyň (DEAI) operatiw-agtaryş topary tarapyndan amala aşyrylýan tehniki ekspertiza degişlidir. TTürkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň tehniki ekspertizalaryň netijeleri boýunça olary Türkmenistanyň çäklerinde peýdalanmak mümkinçiligi hakyndaky çözgüdi kabul edýär.
     
  8. Türkmenistanyň çäklerinde RES we ÝoÝE Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň RES-iň we ÝoÝE-yň göniden-göni eýelerine, diplomatik wekilçiliklere bolsa – Türkmenistanyň Daşary Işler ministrligi bilen ylalaşylyp berilýän rugsada berk laýyklykda ulanylýar. Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň rugsadynyň hereket edýän möhleti öň berilen spektri ulanmagyň şertleri berjaý edilen we radioýygylyk spektri taýýarlygyny üpjün edýän hyzmatlar tölenilen mahaly soňraky gelýän ýylyň birinji çärýeginiň dowamyna uzaldylýar.
     
  9. RES-iň we ÝoÝE-yň eýeleri olary ulanmagyň barşynda 10 günüň dowamynda özüniň peýdalanmagynda bölen RES-iň islendik ondan-oňa göçürilmegi, RES-iň özüne hem, onuň antenna-fider enjamlarynda hem tehniki ölçegleriniň her bir üýtgemelerini, şeýle hem guramaçylyk-gurluş taýdan ähli üýtgemeleri (kärhananyň adynyň üýtgemegi, ýerleşýän ýeriniň üýtgemegi we başgalar) Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugy bilen ylalaşmaga borçlydyr. Eger-de şu bölüm ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda RES-iň we ÝoÝE-yň eýeleri bilen baglanylyşylan şertnama ýatyrylýar.
     
  10. Eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan RES-iň we ÝoÝE-yň RES we ÝoÝE boýunça wezipede durýan hünärment işgärleri bolmadyk eýeleri öz buýruklary bilen kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň birini garamagyndaky RES-leri we ÝoÝE-lary öz wagtynda bellige almak, hyzmatlary tölemek, radioýygylyk spektorynyň taýýarlygy, olary ulanmak üçin rugsatnamalary resmileşdirmek we olary dogry ulanmak üçin jogapkär edip belleýärler.
     
  11. Edara görnüşindäki taraplar we şahsy adamlar tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde taýýarlanylan ýa-da satyn alnan RES we ÝoÝE olaryň ölçegleri radioşöhlelenme üçin bellenilen, Türkmenistanyň çäklerinde kabul edilen ölçeglere laýyk gelen mahaly Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň DEAI-sy tarapyndan bellige alnyp bilner, laýyk gelmedik halatynda bolsa bu RES we ÝoÝE Türkmenistanyň çäklerinden daşaryk alnyp gidilmäge ýa-da ikilenç ulanylmaga degişlidir.
     
  12. RES ýapylan mahaly onuň eýesi 10 gün möhletde şol birwagtyň özünde sökülip aýrylandygy ýa-da hasapdan çykarylandygy hakyndaky akty bermek bilen, RES-i ulanmak üçin berlen ygtyýarnamany Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugyna ýa-da welaýat DEAI-na gaýtaryp berýär.
     
  13. Eýeçiliginiň ähli görnüşindäki kärhanalaryň we guramalaryň ýolbaşçylary öz birliklerinde şu Düzgünnamanyň RES-i we ÝoÝE-y peýdalanmak baradaky talaplarynyň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkärçilik çekýärler hem-de radioýygylyk spektoryny goramak boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan ýardamy hem-de hemmetaraplaýyn kömegi Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň wezipeli adamlaryna etmäge borçludyr.
     
  14. Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň iş toparlarynyň ýolbaşçy adamlary elektrik aragatnaşygy boýunça döwlet inspektorlary bolup durýarlar we gulluk şahadatnamasyny görkezmek bilen:
     
    • enjamlaryň we abzallaryňşöhlelenmek babatda Türkmenistanda kabul edilen ölçeglere hem-de kadalara laýyk gelýändigini barlamaga;
    • şahsy adamlaryň we edara görnüşindäki taraplaryň peýdalanmagynda bolan RES hem-de ÝoÝE oturdylan ähli jaýlara päsgelçiliksiz girmäge (Türkmenistanyň MHK-y, Türkmenistanyň IIM-i, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän ilçihanalar, konsulluklar we BMG-nyň ýanynda resmi taýdan bellenilen halkara wekilçilikleri muňa girmeýär);
    • döwlet çäreleri geçirilýän döwründe radiostansiýalary ulanmaga ýa-da iş ýygylyklary peýdalanmagy wagtlaýyn duruzmaga;
    • radioşöhlelenmek boýunça ölçeglere laýyk gelmeýän, şeýle hem tele we radio alyp eşitdirişe päsgelçilik döredýän RES-i ýerlemegi hem-de ulanmaga gadagan etmäge we möhürlemeli;
    • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky radioýygylyklar baradaky pudagara toparynyň (RÝPT) kadalaşdyryjy  namalarynyň talaplary gödek bozulan halatynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň RES we ÝoÝE ulanmak hem-de ýerlemek üçin rugsatnamasyny ýatyrmaga;
    • Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň welaýat DEAI-siniň görkezmeleri yzygiderli ýerine ýetirmedik halatynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk tertibiniň bozulmalary baradaky kodeksine laýyklykda administratiw temmi çäresini salmaga hukugy bardyr.
       
  15. Awtoulaglarda we beýleki ulag serişdelerinde oturdylan radioýygylyklary iberiji enjamlary ulanmak üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň rugsatnamasynyň bardygyna gözegçilik etmekligi Türkmenistanyň IIM-niň Polisiýa ýol gözegçilik gullugyna we serhetýaka etraplarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň üstüne ýüklenilýär.
     
  16. Bikanun işleýän RES we ÝoÝE ýüze çykarmak hem-de olaryň işlemeginiň öňüni almak baradaky operatiw işi operatiw topar alyp barýar, zerurlyk bolan mahaly “Türkmenhowaýollary” Milli uprawleniýesiniň radiogözegçilik gullugynyň hünärmenlerini çekmek bilen, Türkmenistanyň MHK, Türkmenistanyň IIM we Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugynyň wekilleri onuň düzümlerine girýär.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.