Daşary ýurt döwletlerinden Türmenistanyň çäklerine radioelektron serişdeleri, ýokary ýygylykly enjamlary getirmek we olara tehniki barlag geçirmek hakynda düzgünnama


                                                                  I. UMUMY DÜZGÜNLER
 

  1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidentiniň 1999-nji ýylyň 12-nji iýulynda 4264-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň çäklerinde radiotehniki desgalary satyn almagyň, taslamagyň, gurnamagyň (oturtmagyň), radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnama esasynda Radioelektron serişdeleri (mundan beýläk RES) we ýokary ýygylykly enjamlary (mundan beýläk ÝÝE) daşary ýurtlardan Türkmenistanyň çäklerine getirmek we olara tehniki barlag geçirmegiň tertibini kesgitleýär. Şu Düzgünnamanyň maksady daşary ýurt döwletlerden getirilýän RES-lere, ÝÝE-ra tehniki barlag geçirmek we Türkmenistanyň çäklerinde ulanmaga rugsatnama bermek.
     
  2. Şu düzgünnama aşakdakylara degişli:
    • daşary ýurtlardan getirilýän we Türkmenistanyň çäklerinde ulanylýan, gurulýan (gurnalýan), taslamasy göz öňünde tutulýan, satyn alynýan (berilýän) RES-lere we ÝÝE-ra;
    • dahylly we dahylsyz ýuridiki şahslara;
    • fiziki şahslara, şol sanda hususy telekeçilere.
  3. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň çäklerindäki daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda gurnalýan radioýaýradyjylaryna hem degişlidir. Daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalaryň we konsullyk edaralaryň çäklerinde gurnalýan RES-ler we ÝÝE-lar üçin, şeýle hem daşary ýurt hökümet wekiliýetleriniň Türkmenistana resmi döwlet sapary mahalynda RES-ler we ÝÝE-ry üçin radioýygylyklary ulanmagyň tehniki seljermesini geçirmegiň mümkinçiligini kesgitlemegi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýüzlenmesi we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara toparynyň (mundan beýlak RPT) ylalaşmasy boýunça amala aşyrylýar.

                                                             II. TEHNIKI TALAPLAR
     
  4. Daşary ýurtlardan RES-ler we ÝÝE-ry Türkmenistanyň çäklerine girizmek üçin dahylly we dahylsyz ýuridiki şahslaryň, şeýle-hem fiziki şahslaryň, şol sanda hususy telekeçileriniň Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine ýüz tutmaklary arkaly aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:
    • RES-leriň we ÝÝE-nyň tehniki häsiýetnamasynyň we harydyň gelip çykyşy hakynda güwanamanyň ýa-da “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan berilen laýyklyk sertifikatyň nusgasy bolan ýagdaýynda;

    • RPT-nyň radioýygylyk zolagyny ulanmak üçin rugsat beriji resminamalaryň nusgasy bolan ýagdaýynda;

    • Ýuridiki şahslar üçin tertipnamanyň, Edara görnüşli taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň, döwlet tarapyndan hasaba almak hakyndaky şahadatnamanyň nusgasynyň bolan ýagdaýynda.

    • Hususy telekeçiler üçin – döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň we patentiň nusgasynyň bolan ýagdaýynda;

    • Türkmenistanyň çäklerine girizilýän öýjükli aragatnaşyk ulgamlarynyň müşderileri tarapyndan ulanylýan RES-ler  5 (bäş) sanydan köp bolan ýagdaýynda  hususy telekeçiligi we ýuridiki taraplary döwlet tarapyndan tassyklaýan resminamalary bolan ýagdaýynda.

    • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyklar toplumynyň peýdalanşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugy (mundan beýläk RTPGDG) tarapyndan RES-leriň, ÝÝE-ryň tehniki häsiýetnamasyna geçiren barlagynyň netijesi esasynda rugsat berilen ýagdaýynda RES-leri we ÝÝE-ry fiziki şahslar, şol sanda hususy telekeçileri, hem-de dahylly we dahylsyz ýuridiki şahslar tarapyndan Türkmenistanda ýerlemek üçin getirilýär, getirilen enjamlara gümrük barlagynyň delilnamasynyň nusgasy goşulýar.

    • RES-leri we ÝÝE-leri bellenen tertipde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynda Türkmenistanyň ölçeg serişdeleriniň döwlet reýestrinde girizilýär.

                             
                                                         III. TEHNIKI BARLAG
       

  5. RES-iň we ÝÝE-nyň tehniki ölçeg barlagy şulary öz içine almaly:

    • portatiw rasiýalaryň görnüşi boýunça: öndüriji kärhanasy, mukdary, zawod belgileri, iş ýygylyklarynyň zolagy, tehniki resminamalar boýunça seljermeli we ölçeg abzallarynyň ulanylmagy bilen ölçeg doly barlagy geçirmeli;

    • mobil we stasionar rasiýalar görnüşi boýunça: öndüriji kärhanasy, mukdary, zawod belgileri, iş ýygylyklarynyň zolagy, ýaýradyjynyň kuwwatlylygy tehniki resminamalar esasynda seljerilmeli;

    • öýjükli aragatnaşyk ulgamlarynyň müşderileri tarapyndan ulanylýan RES-ler boýunça (mundan beýläk - öýjükli aragatnaşyk RES-leri): “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň laýyklyk sertifikaty görkezilen ýagdaýynda öýjükli aragatnaşyk RES-leri üçin iş ýygylyklary GSM standartlaryň öýjükli aragatnaşyk diapazonyna laýyklygy, hem-de Türkmenistanyň çäklerine girizilmeginiň mümkinçiligi barada tehniki barlag geçirilmezden netije berilýär. Eger girizilýän öýjükli aragatnaşyk RES-leriniň görnüşleri (kysymlary) babatda öň “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan sertifikatlaşdyrmak işleri geçirilmedik bolsa, Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrligi tarapyndan olaryň her görnüşi boýunça (1-3 sany) saýlama barlag geçirilmeli. Türkmenistanyň çäklerine girizilmeginiň mümkinçiligi barada ykrarnama Türkmenistanyň aragatnaşyk ministrligiiň wekilleri we “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň wekilleri tarapyndan düzülýär.

    • ýokarda görkezilmedik RES-ler we ÝÝE-lar boýunça: arza berijiniň beren maglumatlaryna laýyklykda olaryň tehniki häsiýetnamasy esasynda barlagy geçirmeli.


                                                   IV. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
       

  6. Aragatnaşyk babatynda ygtyýarly edara şu Düzgünnama laýyklykda öz üstüne ýüklenilen wezipeleri amala aşyran mahaly dahylly we dahylsyz ýuridiki we fiziki şahslar bilen özara baglanşyklykda hereket edýär.

  7. Türkmenistanyň Döwlet gümrük edaralary Türkmenistanyň çäklerine  RES-ler we ÝÝE-lar getirilende, RPT-nyň degişli rugsatnamasy esasynda gümrük taýdan resmileşdirilmelidirler.

  8. RES-ler we ÝÝE-lary getirmek üçin rugsatnama almaklyga ýüzlenmelerde hödürlenýän maglumatlaryň dolulygy we dogrulygy barada arza beriji jogapkärçilik çekýär.

 

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2014-nji ýylyň 21-nji Aprelinde çykaran 79 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.