Radioýygylyk spektriň töleg möçberi we tölemegiň tertibi


Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň 2019-njy ýylyň 8 nji noýabrynda çykaran 329-ö belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak üçin tölegiň möçberi we ony tölemegiň
TERTIBI


I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak üçin tölegiň möçberi we ony tölemegiň tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Radioýygylyk spektri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 6-njy maddasyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýynda çykaran 1236-njy karary bilen tassyklanan, Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gurnamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakynda Düzgünnamanyň ýigrimi bäşinji bölegi esasynda işlenip taýýarlanyldy we radioýygylyklaryň üsti bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga hukugy bolan fiziki we ýuridik şahslara radioýygylyk spektrinden peýdalanmak üçin tölegiň möçberini we ony tölemegiň tertibini kesgitleýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Radioýygylyklar baradaky pudagara topar tarapyndan aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryna radioýygylyklary (radioýygylyklar zolagy) berkidilen (berlen) gününe garamazdan, radioýygylyk spektrinden peýdalanmak üçin tölegiň möçberine laýyklykda her aý üçin doly tölegi alynýar.

3. Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak üçin tölegiň möçberi goşulan baha üçin salgytsyz görkezilýär.

4. Aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrmaga hukugy bolan fiziki we ýuridik şahslary radioýygylyk spektrinden peýdalanmak üçin tölegden başga-da, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň ”Türkmenaragatnaşyk“ agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugy (mundan beýläk-Gulluk) tarapyndan edilýän hyzmatlaryň (işleriň) nyrhnamasyna laýyklykda Gulluk tarapyndan edilýän hyzmatlar (işler) üçin tölegleri töleýärler.

5. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen talaplara laýyklykda, berkidilen (berlen) radioýygylyklary (radioýygylyklar zolagy) başga bir fiziki we ýuridik şahslara berilmegine ýol berilmeýär.

6. Tölegler degişli karz edaralarynyň üsti bilen Gullugyň hasaplaşyk hasabyna geçirilýär.

7. Radioýygylyk spektrinden peýdalanmakdan ýüz dönderilen halatynda ýa-da radioýygylyk spektrinden peýdalanmak hukugy bes edilen mahaly, tölegler şol aý üçin doly alynýar.

8. Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak üçin tölegiň möçberi we ony tölemegiň tertibi, hususy zerurlyklary üçin we aragatnaşyk hyzmatlary bermäge hukugy bolmadyk fiziki we ýuridik şahslara, şeýle hem döwlet teleradio ýaýlymlaryň ýaýradylyşyny amala aşyrýan operatorlara degişli edilmeýär.


II bap. Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak üçin tölegiň möçberi


9. Radioýygylyk spektrinden peýdalanmak üçin tölegiň möçberi peýdalanylýan radioýygylyklar zolagynyň giňligine (inine), hyzmat ediş çägine, şeýle hem aragatnaşygyň görnüşine bagly bolup, şu aşakdaky formula esasynda bir ýyllyk hasaplanylýar we her aý üçin bölünip tölegler bellenilýär.

F=BxMxTxP

bu ýerde:

B – binýatlyk mukdary;

M –radioýygylyklar zolagynyň giňligi 1MGs-de;

T – hyzmat ediş çägi boýunça koeffisiýent;

P – aragatnaşygyň görnüşi boýunça koeffisiýent.

10. Binýatlyk mukdary diýlip, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýän durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdaryna düşünilýär.

11. Radioýygylyklar zolagynyň giňligi diýlip, radioýygylyklar zolagynyň ýokarky we aşaky çäkleriniň aratapawudyna düşünilýär.

12. Hyzmat ediş çägi diýlip, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň çäklerine düşünilýär, şeýle hem olaryň her biri üçin T=1 koeffisiýenti ulanylýar. Eger-de radioýygylyklar (radioýygylyklar zolagy) birnäçe welaýatlaryň ýa-da Türkmenistanyň ähli çäklerinde peýdalanylýan bolsa onda bu ýagdaýda T koeffisiýenti şoňa görä ýokarlanýar. Eger-de, radioýygylyklar (radioýygylyklar zolagy) bir welaýatyň etrabynyň (şäheriniň) çäginde peýdalanylýan bolsa hem T=1 koeffisiýenti ulanylýar.

13. Aragatnaşygyň görnüşi boýunça aşakdaky koeffisiýentler ulanylýar:

1) gury ýerde hereket edýän aragatnaşygy ( şol sanda trank aragatnaşygy) – 44;

2) umumy ulanylýan öýjükli aragatnaşygy – 50;

3) hemra aragatnaşygy – 12;

4) telewizion ýaýradyş ýa-da radioýaýradyş – 30;

5) maglumatlary geçiriş WIFI – 2;

6) maglumatlary geçiriş (WIMAX we ş.m) – 50.


Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda 1271 bellige
alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 2020. ÄHLI HAKLAR GORALAN.