Radioýygylyk spektri babatynda administratiw hukuk bozulmalary üçin temmi bermegiň tertibi hakynda


  1. Şu Gollanma Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine, "Aragatnaşyk hakynda", ”Radioýygylyk spektri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň  Prezidentiniň 1999-njy ýylyň 12-nji iýulynda çykaran    4264-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň çäklerinde radiotehniki desgalary satyn almagyň, taslamagyň, gurmagyň (oturtmagyň), radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibi hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de Türkmenistanyň çäklerinde Radioýygylyk spektri babatynda administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy üçin temmi bermegiň tertibini düzgünleşdirýär.

    Şu Gollanmada beýan edilmedik düzgünleri babatynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň düzgünleri ulanylýar.
     
  2. Administratiw hukuk bozulmalary  üçin  Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksini (mundan beýläk - Kodeks)  249-251-nji maddalarynda göz öňünde tutulan  administratiw temmini ulanmagyň  tertibi Türkmenistanyň çäginde radioýygylyk spektrinden peýdalanyjylar bolup durýan şu aşakdakylara degişlidir:
     
    • fiziki şahslar ( Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurtlaryň raýatlary, şonuň  ýaly-da raýatlygy bolmadyk adamlar);
    • wezipeli adamlar;
    • ýuridiki şahslar.
       
  3. Administratiw hukuk bozulmalary şu aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykarylyp bilner: 
     
    • habar bermegiň (şol sanda raýatlaryň);
    • ygtyýarly adamlar tarapyndan geçirilýän operatiw gözleg we dessin işleriň netijesinde  bikanun hereket edýän radioýaýradyjylaryň ýüze çykarylmagyň.
       
  4. Kodeksiň 249-251-nji maddalarynda göz öňünde tutulan administratiw hukuk bozulma  hakyndaky teswirnamany resmileşdirmek şu aşakdaky halatlarda düzülýär:
     
    1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly Döwlet edaralaryndan rugsat almazdan, radiogepleşiklerini beriji enjamlaryň taýýarlanylan we peýdalanylan halatynda;
    2. radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary girizmegiň, edinmegiň, oturtmagyň, gurmagyň we ulanmagyň kadalarynyň, radioşöhlelenmegiň hem-de tele we radioseslerini kabul etmekde industrial päsgelçilikleriň ýol berilýän ölçegleriniň bozulmagy şonuň ýaly-da bu hereketleriň tele we radio seslerini kabul etmekde we beýleki radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary peýdalanyjylara päsgelçiligiň döremegine getirmegi halatynda;
    3. adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäklerde aragatnaşykdan peýdalanmagyň aýratyn kadalarynyň, şeýle hem radio we telewizion gepleşikleri berýän apparaturany, audio we wideo ýazgylaryny ýazýan hem-de sesi güýçlendirýän tehniki serişdeleri peýdalanmagy çäklendirmek ýa-da gadagan etmek hakyndaky talaplaryň bozulan halatynda.
       
  5. Administratiw hukuk bozulma hakyndaky Teswirnamany (1-nji goşundy)  şular  düzmäge ygtyýarlydyr:
     
    • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugynyň başlygy (direktory), Türkmenistanyň baş döwlet inspektory;
    • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça edaranyň welaýat, etrap we şäher kiçi bölümleriniň başlyklary, baş döwlet inspektorlary;
    • Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýan we şol bir wagtda-da radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet inspektorlary bolup durýan beýleki wezipeli adamlaryň sanawy Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça edara hakyndaky Düzgünnama bilen bellenilýär.
       
  6. Kesgitlenen her bir administratiw hukuk bozulma boýunça şu Gollanmanyň 5-nji bölüminde görkezilen wezipeli adamlar tarapyndan berk hasabatlylyk resminamalaryna degişli bolan Administratiw hukuk bozulma hakyndaky Teswirnama (1-nji goşundy) düzülýär.
     
  7. Şu Kodeksiň 249-njy maddasy boýunça administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işlere garaýan  edara Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet gullugydyr (mundan  beýläk- RTPGDG), 250-nji maddasy boýunça -Administratiw topar, 251-nji maddasy boýunça- adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendanty. 
     
  8. “Radioýygylyk spektri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 27-nji maddasyna laýyklykda radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Türkmenistanyň baş döwlet inspektory, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet inspektorlary, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça döwlet inspektorlary şahadatnamalaryny görkezmegi bilen aşakdaky ygtyýarlara eýedirler:
     
    • radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň, olary öndürmek, getirmek, olaryň söwdasy ýa-da olary ulanmak üçin rugsatlaryň barlagyny amala aşyrmak;
    • radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly gurluşlar nädogry peýdalanylan halatynda Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen tertipde radioelektron serişdeleriniň we ýokary ýygylykly gurluşlaryň eýelerine administratiw hukuk bozulma hakynda teswirnama düzmek;
    • Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň düzgünlerine laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrmak.
    • Radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik boýunça Türkmenistanyň döwlet inspektory, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik boýunça welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň baş döwlet inspektorlary, radioýygylyk spektriniň peýdalanylyşyna gözegçilik boýunça döwlet inspektorlary ”Radioýygylyk spektri hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň radio aragatnaşygy babatynda döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş  edaralary bilen bilelikdäki hereketlerinde Türkmenistanyň başga kanunçylyk namalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar.
       
  9. Kodeksiň 56-njy maddasyna laýyklykda administratiw temmisi administratiw hukuk bozulmanyň edilen gününden, şeýle hem, dowam edýän administratiw hukuk bozulma üçin, onuň ýüze çykarylan gününden iki aýdan gijä galman berlip bilner.  Administratiw hukuk bozulma baradaky iş boýunça Karary (2-nji goşundy) Administratiw hukuk bozulma baradaky iş boýunça kararlary hasaba alyş kitabynda (mundan beýläk -Kitap) (3-nji goşundy) hasaba alynýar. Kitap RTPGDG-y tarapyndan ýöredilýär, bu Kitap sahypalanyp belgilenýär we bagjyklanýar.
     
  10. Administratiw hukuk bozulma baradaky iş boýunça Kararyň nusgasy administratiw jogapkärçilige çekilen adama ýa-da wezipeli adama gol çekdirilip gowşurylýar, bu barada Kitapda ýazgy edilýär.
     
  11. Administratiw hukuk bozulma baradaky iş boýunça Karara şikaýat etmek, ony  alan gününden başlap 10 günden gijä galman Kodeksiň 552-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar. Esasly sebäpler boýunça görkezilen möhlet geçirilen halatynda, ol möhlet administratiw hukuk tertibini bozan adamynyň arzasy boýunça şikaýata garamaga ygtyýarly edilen edara tarapyndan dikeldilip bilner.

    Administratiw hukuk bozulma baradaky iş boýunça çykarylan karara şikaýat, ol karary çykaran edaranyň  üsti bilen berilýär.  Administratiw hukuk bozulma baradaky iş boýunça karar çykaran  RTPGDG -nyň direktory, gelip gowşan şikaýaty iş bilen bilelikde, üç gije-gündiziň dowamynda şikaýata garamaga ygtyýarly edilen edara iberýär.
     
  12. RTPGDG-y gelip gowşan şikaýaty 10 günden gijä galman garaýar. RTPGDG -y  administratiw hukuk bozulma baradaky iş boýunça şikaýata garap, degişli karar kabul edýär. Adminisratiw hukuk bozulmasy baradaky iş boýunça getirilen şikaýat boýunça  kabul edilen karar , üç günüň içinde administratiw hukuk bozan adama ugradylýar.
     
  13. Radioýygylyk spektri babatynda administratiw hukuk bozulma üçin, administratiw hukuk bozan adam, administratiw temminiň görnüşi hökmünde jerime salmak hakynda kararyň gowşurylan gününden başlap, on bäş günden gijä galman şeýle çözgüde şikaýat getiren ýa-da degişli tertipde garşylyknama getirilen ýagdaýynda, şikaýata ýa-da garşylyknama seretmeklik jerimäni tölemegi togtatmaýar.
     
  14. Administratiw  temmi  bermek hakyndaky karar  eger oňa şikaýat ýa-da garşylyk getirilmedik bolsa, onuň çykarylan gününden başlap bir aýyň içinde karar çykaran edara (wezipeli adam)   tarapyndan ýerine ýetirmäge berilýär.
     
  15. Işe garan ygtyýarly edara (wezipeli adam)  administratiw hukuk bozulmalaryny amala aşyrmagyň sebäpleri  we  oňa ýardam eden şertler ýüze çykarylanda,  degişli fiziki, ýuridiki şahslara ýa-da wezipeli adama bu sebäpleri we şertleri  aradan aýyrmak boýunça çäreler görmek hakynda teklipnama çykarýar.  Ýolbaşçy teklipnamanyň gelip gowşan gününden başlap, bir aýyň içinde, ony çykaran edara (wezipeli adama) geçirilen işler,  kabul edilen kararlar we geljekde şeýle düzgün bozulmalaryň gaýtalanmazlygy barada görüljek çäreler hakynda habar bermäge borçludyr, bu barada administratiw hukuk bozulma baradaky iş boýunça kararlary hasaba alyş Kitabynda bellik edilýär.
  16. Düzgün bozujy tarapyndan jerime bellenilen möhletde tölenmedik halatynda jerime salmak baradaky karar Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen kadalara laýyklykda garalýar.
Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.