Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda


TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE KOMMUNIKASIÝA MINISTRLIGI


B U Ý R U K 324-ö

« 05 » noýabr 2019 ý. Aşgabat şäheri

Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnamany tassyklamak barada



“Aragatnaşyk hakynda”Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy, 19-njy, 21-nji bentlerine,13-nji maddasynyň ikinji bölegine, 15-nji maddasynyň üçünji bölegine, “Radioýygylyk spektri hakynda”Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine,26-njy maddasynyň 2-nji bendine hem-de“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna,şeýle hem aragatnaşyk çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda,ýerli telefon gepleşikleri we maglumatlary geçirmegi kämilleşdirmek maksady bilen,



buýurýaryn:


1. Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrliginde 1998-nji ýylyň 16-njy iýunynda 167 belige alyş belgisi bilen bellige alnan, “Türkmenistanyň ýerli telefon setini peýdalanmagyň kadalarynywe Telegraf kadalaryny (1 bölüm, umumy ulanyş) tassyklamak barada” Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 1997-nji ýylyň 28-nji dekabrynda çykaran 170 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

3. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

4. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy gözegçilik etmeli.


Ministr T.Dürhanow

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň 2019-njy ýylyň 05-nji noýabrynda çykaran 324-Ö belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda


DÜZGÜNNAMA


I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnama (mundan beýläk-Düzgünnama) “Aragatnaşyk hakynda”Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy, 19-njy, 21-nji bendine,13-nji maddasynyň ikinji bölegine, 15-nji maddasynyň üçünji bölegine, “Radioýygylyk spektri hakynda”Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerine,26-njy maddasynyň 2-nji bendine hem-de“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna we aragatnaşyk çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk ulgamyna girýän ilatly nokatlarda fiziki we ýuridik şahslara telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlary boýunça ýerli telefon gepleşikleri we maglumatlary geçirmegiň tertibinidüzgünleşdirýär

2. Şu Düzgünnama ýerli telefon Aragatnaşyk operatorlar we ýerli telefon aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan fiziki we ýuridik şahslar üçin hökmany bolup durýar.

3. Telefon belgileri we aragatnaşyk liniýalary berilýän we atlaryna abonement açylan fiziki we ýuridik şahslarTürkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň (mundan beýläk-“Türkmenaragatnaşyk” agentligi) aragatnaşygyň umumy peýdalanylýan ulgamynyň abonenti bolup durýar.

4. Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary gije-gündiziň dowamynda ýerine ýetirilýär. Aragatnaşygyň bu görnüşinden peýdalanmak üçin fiziki şahslaryň ýaşaýyş jaýlarynda we ýuridikşahslaryňedara binalarynda telefon enjamlary we beýleki aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek üçin zerur bolan tehniki serişdeler gurnalýar hem-de fiziki we ýuridik şahslaryňadyna abonement açylýar. Maglumatlary bermek üçin telefon enjamlary şeýle hem, onuň goşmaça abzallary (faks, radiotelefon we beýlekiler) abonentler tarapyndan öz hasabyna satyn alynýar.

Elektromagnit ýaýramalarynyň çeşmesi bolup durýan radioelektron serişdeler we (ýa-da) ýokary ýygylykly enjamlar, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda 923 bellige alyş belgisi bilen bellige alnan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2015-nji ýylyň 21-nji iýulynda çykaran166 belgili buýrugy bilen tassyklanylan, Elektromagnit ýaýramalarynyň çeşmesi bolup durýan Radioelektron serişdelerini we (ýa-da) ýokaryýygylykly enjamlaryny hasaba almaklygyň tertibi barada Düzgünnama laýyklykda hasaba alynýar.

5. Fiziki we ýuridik şahslara, ýerli telefon ulgamynyň abonentleriniň telefon belgileri baradaky maglumatlary bermek üçin “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiňgaramagyndaky edara-kärhanalary we onuň paýly gatnaşykdaky paýdarlar jemgyýetlerihem-de Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrýan Aragatnaşyk operatory (mundan beýläk–Aragatnaşyk oparatorlary)öz düzüminde sorag-jogap gulluklarynydöredýär.

6. Aragatnaşyk operatorlary telefon aragatnaşygynyň üznüksiz we ýokary hilli işini üpjün edýär, özleriniň eýeçiliginde bolan ýa-da tehniki taýdan hyzmat bermeginde bolan taksofonlary, liniýa we beket desgalaryny gurat ýagdaýda saklaýar.

7. Fiziki we ýuridik şahslardan gelýän ähli arzalar we şikaýatlar Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde hasaba alynýar we seredilýär.

8. Aragatnaşyk operatorynyň ýolbaşçysyaragatnaşyk hyzmatlaryna nägilelik barada gelip gowşan arzalara bellenilen tertipde we möhletde seredip, degişli barlaglary geçirip arza bilen ýüz tutan şahsa barlagyň netijeleri we görülen çäreler hakynda ýazmaça habar berýär.

9. Şu Düzgünnama, ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän ähli Aragatnaşyk operatorlarda, abonent bölümlerde (toparlarda) saklanýarhem-de fiziki weýuridik şahslaryň ilkinji talap etmegi boýunça tanyşdyrylýar.

10. Aragatnaşyk hyzmatlara degişli kadalaşdyryjy hukuk namalardan, kadalaşdyryjy resminamalardan alnan göçürmeler, ähli Aragatnaşyk operatorlarynda raýatlary kabul edilýän ýerlerde ýerleşdirilýär.


II bap. Abonentlere telefon belgisini çekmek


11. Aragatnaşyk operatorlary telefonlary we olaryň goşmaçaabzallaryny adyna abonement açylan fiziki şahslaryň öýlerinde,ýuridik şahslaryň edaralarynda, kärhanalarynda we guramalarynda gurnaýarlar.

12. Birikdirilýän görnüşi we gurnalýan ýeri boýunça telefon enjamlary şuaşakdakylara bölünýär:

1) aýratyn öýde ýa-da bir öýüň otagynda gurnalan, birikdirilen ýa-da birnäçe belgiler üçin liniýa birikdirilen, hususy görnüşde ulanylýan;

2) ýaşaýyş jaýlarda, ýaşaýyş jaýynyň bir böleginde, öýlerde, öýüň bir böleginde gurnalýan;

3) ýuridik şahslarda - edaralarda, kärhanalarda we guramalarda gurnalýan;

4) umumy ýaşaýyş jaýlarynda gurnalýan;

5) jübütlenen ýagny, esasy enjamyň liniýasyna birikdirilen görnüşde.

13. Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan, abonentleriň ýazmaça arzalary boýunça tehniki mümkinçilikler bolan ýagdaýynda, hereket edýän nyrhnamanyň esasyndagoşmaça hyzmatlaryň şu aşakdaky görnüşleri ýerine ýetirilýär:

1) parallel telefony gurnamak;

2) telefon enjamyny çalyşmak;

3) standart rozetkaly simi uzaldylan görnüşe çalyşmak;

4) goşmaça abzallary (ştepselli telefon rozetkalaryny, yşykly signalizasiýany, ses duýdurmasyny) gurnamak;

5) telefon enjamlaryny abatlamak;

6) telefon belgini çalyşmak;

7) sorag-jogap gullugy üçin abonentleriň, toparlaýyn telefondan peýdalanýan abonentleriň familiýalaryny, umumy ulanmaklygyň ulgamyna çykýan, telefon beketlerine birikdirilen ýuridik şahslaryň telefon belgilerini sanawa goşmak;

8) gorag signalizasiýasyny birikdirmek üçin liniýalary bermek;

9) Türkmenistanda maglumatlary geçirmegiň beýany (mundan beýläk-MGB) ýa-da interaktiw telewideniýe hyzmatlaryndan (mundan beýläk-IPTW) we Internete elýeter peýdalanmaga (mundan beýläk-IEP) birikdirmek.


III bap. Fiziki şahslara telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek


14. Öýüne telefon gurnamaklyga isleg bildirýän fiziki şahs, Aragatnaşyk operatoryna ýazmaça ýa-daelektron görnüşinde arza bilen ýüz tutýar. Telefon gurnamak barada arza, fiziki şahsyň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri boýunça,Içeri işler edaralary tarapyndan görkezilen salgy boýunça ýazga ýa-da hasaba alnandygyny tassyklaýan resminamasy ýa-da ýaşaýyş jaýa hususy eýeçilikhukugy hakynda resminamasy (eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamasy, aluw-satuw şertnamasy, mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamasy we ş.m.) bar bolan ýagdaýynda ýa-da ýaşalýan jaýa hususy eýeçilik hukugyny tassyklaýan beýleki resminamasy bolan ýagdaýynda bellenilen tertipde hasaba alynýar we tehniki mümkinçilik bolan ýagdaýynda, arzanyň hasaba alnan gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda,Aragatnaşyk operatory arza berijä arzasynyň hasaba alnandygy, telefon gurnamaklygyň şertleri we möhletleri hakynda ýazmaça habar berýär.

15. Ýaşaýyş jaý fiziki şahsyň hususy eýeçiliginde bolan halatynda, şol jaýda ýazgyda durmaýandygyna garamazdan, telefongurnamak üçin arza,Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda edinilen we şol salgydahemişelik ýaşaýan ýerinde ýazgyda durup (ýa-da durmaýan)hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan öýüň eýesi bolan fiziki şahsdan kabul edilýär. Şol arza esasynda,ýaşaýyş jaýynda gurnalan telefony ulanmaga bolan hukuga,şol ýaşaýyş jaýdaýazgyda duran/durmadyk ählimaşgala agzalaryhem eýedir.Haçanda arza berijitelefon gurnalmazyndan öň başga ýere ýaşamaga göçüp giden halatynda, onuň telefon gurnamak baradaky kanagatlandyrylmadyk arzasy şol arzanyň hasaba alnan senesi boýunça,täze göçüp baran salgysynda telefon gurnamak üçin hasaba alynyp biler.

16. Telefon gurnamaga arzalara garalan mahaly,ilki ýuridik şahslar(administratiw zerurlygybilen baglanşyklykda),soňra bolsa fiziki şahslarşu Düzgünnamanyň on bäşinji we on ýedinji böleklerine laýyklykda kanagatlandyrylýar.

17. Telefon gurnamak barada berlen arza,ilatly ýerde gurnalan telefon bekedindeköçeleriň atlary we öýleriň belgileri, ýagny hyzmat etmegiň çägi boýunça kanagatlandyrylýar.Ilkinji nobatda durana telefony gurnamak üçin tehniki mümkinçiligiň bolmazlygy, tehniki mümkinçilikleri bolan beýleki öýlerde telefonlary gurnamak üçin päsgelçilik bolup bilmeýär.

18.Fiziki şahslaryň telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyAragatnaşyk operatory bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjy-fiziki şahslaryň arasynda aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakyndaky(şu Düzgünnama 1-nji goşundy) we Aragatnaşyk operatory bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjy-ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçileriňarasynda aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakyndaky(şu Düzgünnama 2-nji goşundy) şertnama baglaşmak arkaly amala aşyrylýar.

Şertnamada Aragatnaşyk operatorynyň we abonentiň hukuklary we borçlary, şeýle hem şu Düzgünnamanyňtalaplarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik görkezilýär. Şertnama 2(iki) nusgada düzülýär, olardan biri abonente berilýär, beýlekisi bolsa Aragatnaşyk operatorynda abonentiň jiltinde saklanýar.

19. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 114-nji maddasynyň birinji böleginiň 14-nji bendine, 115-nji maddasynyň birinji böleginiň 10-njy bendine, 116-njy maddasynyň 2-nji bendine, 117-nji maddasynyň 2-nji bendine, 118-nji maddasynyň 4-nji bendine laýyklykda,şu aşakdaky fiziki şahslara tehniki mümkinçiligiň bolan halatyndatelefon nokadyny oturtmak baradaky arzalaryna garalan mahaly nobatsyzwe/ýa-da ýeňillikli şertlerde telefon nokady oturdylýar:

1) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryny we beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň maýyp adamlaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär,ýagny – öý telefonyny, simli radio nokadyny nobatsyz mugt geçirmek. Söweş hereketleriniň maýyp adamlary bolsa telefon, radio nokady üçin her aýdaky abonent töleglerinden boşadylýar;

2) Beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlary durmuş taýdan goramagyň çäreleri hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär,ýagny öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmek üçin tölegiň 50 göterimi, şeýle hem telefon, radio nokady üçin her aýdaky abonent tölegleriniň 50 göterimi möçberinde ýeňillik bermek;

3) Beýleki döwletleriň çäklerindäki harby birliklere hyzmat eden, ýaralanan, seňselän ýa-da şikes alan ýa-da söweş hereketlerini üpjün etmäge gatnaşandygy üçin ordenler we medallar bilen sylaglanan adamlara (söweş hereketleriniň alnyp barlan döwründe Owganystana uçuşlary ýerine ýetiren howa gämileriniň uçujylyk ekipažlarynyň agzalaryny hem goşmak bilen),durmuş taýdan goramak boýunça çäreleri hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär, ýagny - öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak;

4) 1979-njy ýylyň dekabryndan 1989-njy ýylyň dekabry aralygynda Owganystana, şeýle hem söweş hereketleri alnyp barlan beýleki döwletlere iberilen, bellenilen möhletde işlän ýa-da esasly sebäpler boýunça möhletinden öň yzyna gaýdan işgärleredurmuş taýdan goramak boýunça çäreleri hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär, ýagny - öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak;

5) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara şu hukuklar we ýeňillikler berilýär, ýagny - öý telefonyny we simli radio nokadyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak;

6) Türkmenistanyňkanunçylygyna laýyklykda beýleki raýatlara.

20.Maýyplygy bolan adamlaryňilkinji nobatda hyzmat edilmäge hukuklary bardyr.

21. Aýratyn halatlarda, fiziki şahslara aragatnaşyk hyzmatlary Aragatnaşyk operatorynyňçözgüdi ýa-da ýokarda durýan edaranyň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýar. Aýratyn ýagdaýlar boýunça telefon gurnamak aşakdakylary berjaý etmek bilen amala aşyrylmalydyr:

1) aýratyn ýagdaýlar boýunça telefon gurnamak meselesi çözülende şular esas bolup bilýändigi:

a) maşgalada bejerip bolmaýan kesellerden ejir çekýän raýatlaryň we/ýa-da arza berijiniň pensiýa ýaşyndaky gartaşan raýatyň barbolmagy;

b) maşgalada çagalykdan maýyp çaganyň bar bolmagy;

ç) maşgalada gahryman-ene ýagny “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolanýa-da “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanan zenanyň bar bolmagy;

d) maşgalada iki ýa-da ondan köp kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary ýalňyzlykda terbiýeleýän eje (kaka) ýa-da onuň ornuny tutýan adamyň bar bolmagy;

2) gulluk zerurlygy boýunça telefon gurnamak meselesi ýokarda duran edaralaryň (Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň) tabşyryklaryna laýyklykda, şeýle hem ministrikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, häkimlikleriň, kärhanalaryň, edaralaryň, harby bölümleriň, harby wekillikleriň towakganamalary boýunça seredilýär we nobaty göz öňünde tutmazdan telefony birikdirmek hakynda çözgüt kabul edilip bilner;

3) hassahanalarda we harby hassanalarda işleýän lukmanlaryň ýaşaýan salgylaryna, näsaglara gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegini gije-gündiziň dowamynda bermek üçin çagyrmak maksady bilen telefon belgisini gurnamak hakynda çözgüt kabul edilip bilner;

4) Aragatnaşyk operatorynyň direktory ýa-da ýokarda duran edaranyň ýolbaşçysy telefony gurnamak boýunça meselä seredende, telefony gurnamak üçin tehniki mümkinçilikleriň barlygyndan weşu Düzgünnamadan ugur almalydyr;

5) Aragatnaşyk operatorynyň direktory ýa-da ýokarda duran edaranyň ýolbaşçysynyň nobatlylygy hasaba almazdan aýratyn ýagdaý hökminde telefon gurnamak hakyndaky karary, telefony gurnamak üçin nazara alnan ýagdaýlaryň beýan edilmegi bilen ýazmaça görnüşde resmileşdirilmeli we abonentiň jiltinde saklanmalydyr;

6) şu Düzgünnamalaýyklykda aýratyn ýagdaýlar boýunça nobatlylygy nazara almazdan telefon gurnamak hakynda çözgüdiň esaslandyrylanlygy barada gözegçiligi ýokarda duran aragatnaşyk edaralary tarapyndan alnyp barylýar.

22. Fiziki we ýuridik şahslaryň hususy serişdeleriniň hasabyna satyn alnan paýlaýjy ulgamlary boýunça (tehniki şertleriň ýerine ýetirilen halatynda) telefon nobatdan daşary gurnalýar.

Telefony gurnamak möhleti ýerine ýetirilen işleri ulanyşa kabul edilenden soňra 3 (üç) işgününiň dowamynda amala aşyrylýar.

23. Telefonyň, goşmaça abzalyň gurnalmagy, täzeden çekilmegi, telefonyň aýratyn liniýa geçirilmegi we beýleki işler Aragatnaşyk operatorynyň ýolbaşçylarynyň rugsady we abonent tarapyndan degişli töleg tölenenden soň Aragatnaşyk operatorynyň işgärleri tarapyndan işleriň ýerine ýetirilmegine rugsat hatlary boýunça ýerine ýetirilýär.Işler mümkin bolan gysga möhletde, ýöne işleriň tölenendigi hakynda töleg hatyň berlen gününden başlap aşakda görkezilen möhletlerden gijä galman ýerine ýetirilmelidir:

1) täze we esasy telefonyň gurnalmagy we kabel girizmesinde telefonyň beýleki bina täzeden gurnalmagy – 10 (on) senenama gününden, howa girizmesinde – 14 (on dört) senenama gününden;

2) hyzmatlaryň goşmaça görnüşleri – 3 (üç) senenama gününden;

Eger telefon nokady gurnalanda şu Düzgünnamanyň on üçünji böleginde göz öňünde tutulan goşmaça hyzmatlary ýerine ýetirmek talap edilse, telefony gurnamagyň möhleti işleriň möçberine baglylykda Aragatnaşyk operatorynyň ýolbaşçysy tarapyndan kesgitlenýär.

24. Telefon enjamy we goşmaça abzallar abonent tarapyndan görkezilen ýerlerde, ýagny telefon gurnamagyň tehniki talaplaryna laýyk gelmegi şertinde gurnalýar.

25. Umumy ýaşaýyş jaýlarynda köpçülikleýin ulanylýan telefon gurnalýar. Umumy ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjylarynyň arzalary esasynda şahsy ulanylýan telefon hem gurnalyp biler. Umumy ýaşaýyş jaýda ýaşaýan ýaşaýjylaryň biriniň arzasy boýunça telefon köpçülikleýin ulanmak üçin berilýär. Otagynda umumy peýdalanylýan telefon gurnalan maşgaladan telefon gurnamak bilen baglanşykly işleriň bahasy alynmaýar.

26. Hususy eýeçilikdäki jaýlarda ýaşaýan är-aýal nikasyny bozan ýagdaýynda,olaryňarzasy we olaryňkämillik ýaşyna ýeten çagalarynyň razylygy bilen,şol jaýda gurnalan telefon nokady köpçülikleýin ulanylýan telefon nokady derejesine geçirilip bilner.

Haçanda hususy eýeçilikdäki jaý kanunçylyga laýyklykda birnäçe şahsyň arasynda bölünip olaryň hususy eýeçiligine geçen ýagdaýynda, şol jaýdaky her bir eýäniň arzasy esasynda aýratyn telefon nokady gurnalyp biler.

27. Abonent telefon aragatnaşyk ulgamyna çatylan öýden telefon aragatnaşyk ulgamyna çatylmadyk öýegöçen mahaly, boşan telefon belgisinden peýdalanmak hukugyny Aragatnaşyk operatoryna goýan mahaly,geçiriljek täze telefon nokady üçin abonentden ulgamyň bu derejesi bilen bellenilenden 50 göterim möçberinde tassyklanan nyrh boýunça töleg alynýar.

28. Eger abonentiň göçüp gitmegi bilen telefon belgi maşgala agzalarynyň biriniň adyna geçirilse, onda abonente telefon nokady göçüp baran salgysy boýunça nobata laýyklykda yzygiderlik tertibinde gurnalýar.

29. Abonent täze salga göçüp giden halatynda,onuň adyna duran telefon belgisi abonentiň öňýazgyda duranwe onuň bilen bile ýaşan maşgala agzalarynyň biriniň adyna täzeden resmileşdirilýär ýa-da eger telefon umumy ýaşaýyş jaýyň bir otagynda gurnalan bolsa, umumyýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjylarynyň toparyna ulanmaga berilýär.

30. Abonent ýaşaýyş jaýyndan bellenen tertipde ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakýa-da başga esasly sebäp bilen göçürilen halatynda, täze berilen jaýynda gurnalan telefon nokadyöz adyna geçirmek üçin täzeden resmileşdirmelidir.

31. Köpçülikleýin ulanmak üçin niýetlenen telefony öz adyna resmileşdirmek hukugyndan, bir şahsy hasap boýunça ozal telefon aragatnaşyk ulgamyna çatylanýaşaýyş jaýa göçüp gelen maşgala agzasy peýdalanyp biler,şeýle hemköpçülikleýin ulanmak üçin niýetlenen telefony öz adyna resmileşdirmek hukugyndan şu aşakdaky fiziki şahslarhem peýdalanyp bilerler:

1) kanun ýa-da wesýetnama boýunça miras hukugy ýüze çykan pursatyndan mirasdarlar, satyn almagyň-satmagyň ýa-da sowgat berilmegiň netijesinde ýaşaýyş jaýyny eýeçilige alanlar;

2) abonent bilen bile bir jaýda ýazgyda duranlar;

3) telefon nokady çekilen ýaşaýyş jaýyna mirasdarlar.

32. Ýaşalýan jaýda ilki başda hereket edýän nyrhnama boýunça gurnalan esasy telefondan başga telefon bolan ýagdaýynda, onuň täzeden resmileşdirilmegi hereket edýän nyrhnama laýyklykda amala aşyrylýar.

33. Aragatnaşyk operatorytarapyndan abonentiň arzasy esasynda (kesgitli wagta, täze abonementi açmazdan) telefon belgisini onuň ýaşaýyş jaýyndan işleýän edarasyna, bir edaradan başga edara täzeden resmileşdirip biler.

34. Bir abonentiň adyna resmileşdirilen telefon belgisi, başga bir abonentiň adyna geçirmekabonentiň bu hyzmatüçin tölegiň kepillendirilen haty bolan halatynda ýa-da taraplaryň hyzmatyň tölegini tölän ýagdaýynda amala aşyrylýar.

35. Abonentiň adyna duran telefon belgisiniwagtlaýyn başga bir fiziki ýa-da ýuridik şahsyň adyna resmileşdirmeklige 2(iki) ýyl möhlet bilen ýol berilýär, bu möhletiň geçip gutarmagy bilen bumöhlet uzaldylmaga degişlidir.

36. Telefon belgileri köpçülikleýin çalşyrylmagy meýilleşdirilen halatynda, bu barada ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilenilata öňünden bildiriş berilýär. Abonentiň arza bermegi boýunça telefon belgisiniň çalşylmagy diňe aýratyn ýagdaýlarda amala aşyrylýar.

37. Şahsy ulanylýan telefon belgisi, abonentiň ýazmaça arzasy bilen, şol salgy boýunça ýazgyda duran ähli kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň, şeýle hem ýaşaýyş jaýyň beýleki ýaşaýjylarynyň razylygy bilen, abonent tarapyndan görkezilen möhlete (jaýyň abatlamasy, uzak wagtlaýyn iş sapary we beýleki sebäpler bilen) telefon belgisiniň wagtlaýyn öçürilmegine ýol berilýär.Şeýle ýagdaýda, abonentöz telefon belgisini saklap galýar we abonentden bütin saklanan döwür üçin abonent tölegi alynýar, bu barada abonent arza beren mahaly duýdurylýar.

38. Haçanda abonent üç aýdan artyk iş saparyna we ş.m. sebäpler bilen gidip,abonent we aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegleri tölenmegi mümkin bolmadyk halatynda, abonementiň ýapylmazlygy üçin,bu barada Aragatnaşyk operatoryny ýazmaça habarly etmelidir.


IV bap. Ýuridik şahslara telefon aragatnaşykhyzmatlaryny bermek


39. Ýuridik şahslaryň telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmagyAragatnaşyk operatory bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjy-ýuridik şahsyň arasynda aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakyndakyşu Düzgünnamanyň 2-nji goşundysynda bellenen görnüşdeşertnama baglaşmak arkaly amala aşyrylýar.

40. Ýuridik şahs telefon gurnamaga isleg bildiren mahaly bu barada Aragatnaşyk operatoryna ýazmaça towakganama ýollaýar.Aragatnaşyk operatorytelefon gurnamak üçin tehniki mümkinçilik bolan ýagdaýynda, bu barada arza berijä habar berýär we arza beriji tarapyndan telefonyň gurnalmagy üçin işleriň hasaby we telefon aragatnaşygyny ulanmak üçin töleg tölenenden soň telefon gurnaýar. Telefon gurnalanýuridik şahsyň adyna abonement açylýar.

41. Ýuridik şahsdaýigrimiden köp telefon we beýleki ahyrky enjamlary gurnamaklyk zerur bolan halatynda, adatça olaryň hususy serişdeleriniň hasabyna telefon beketleri gurulyp, bellenen tertipde umumy döwlet ulgamyna birikdirilýär.

42. Haçanda ýuridik şahslaryň talap etmekleri boýunça telefonyň gurnalmagy şäher we oba hojalyk ulgamlarynyň täze çyzykly we stansion desgalaryň hereket edýänlerini giňeltmek ýa-da täzelerini gurmak boýunça işler ýerine ýetirilenden soň mümkin bolanda, gyzyklanma bildirýän taraplar öz ýany bilen magistral we paýlaýjy kabelleriň birleşdiriji liniýalary, şeýle telefon kanalizasiýasynda kanallary bronlaýarlar. Görkezilen bronlama Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan gurluşyk titulynyň açylandygy hakynda güwänama berilende we bu işleriň gurluşygyň dowamlylygynyň kadalaryna laýyk gelýän möhlete, ýöne 1(bir) ýyldan artyk bolmadyk wagta maliýeleşdirmek amala aşyrylýar. Bronlamanyň möhletiniň uzaldylmagy Aragatnaşyk operatorynyň ýokarky edarasy tarapyndan her bir aýratyn ýagdaýda işleriň hakyky ýerine ýetirilmeli möhletine seredilenden soň amala aşyrylyp bilner.Öý telefonlaryny gurnamak üçin stasionar belgileri bronlamak amala aşyrylmaýar.

43. Şu Düzgünnamanyň on üçinji böleginde sanalyp geçilen hyzmatlaryň görnüşlerinden başgada, Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan ýuridik şahslar üçin aşakdaky hyzmatlar edilýär:

1) göni simleriň berilmegi;

2) telefon enjamlaryna we aragatnaşyk liniýalaryna tehniki taýdan hyzmat etmek (aýratyn şertnama boýunça).

44. Jübütlenen telefony gurnamaklyk telefonyň oturdylan otagynyň çäklerinde ýa-da garyşyk otagda (esasy telefona birden artyk bolmadyk apparat) amala aşyrylyp biliner.

45. Aragatnaşyk operatorlarynyň başlangyjy boýunça,telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlary ýa-da serişdeleri şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirýän jenaýatçylykly maksatlar bilen peýdalanylan mahalynda şeýle telekommunikasiýa ulgamlaryň ýa-da aragatnaşyk serişdeleriniň işlemegi togtadylýar.

Aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly terrorçylygy, urşy wagz etmek, dini, milli we sosial ýigrenç döretmäge çagyryş etmek, milli we ahlak gymmatlyklara zyýan ýetirýän maglumatlary, çagalaryň jany we saglygy üçin zyýanly bolan kontentleri (zyýanly mazmunly grafiki, surat görnüşli, wideo materiallar, makalalar, gazetler, telegepleşikler) ýaýratmak bilen meşgullanýan maglumat çeşmeleriniň Türkmenistanyň çäginde peýdalanylmagy dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçysynyň esaslandyrylan karary ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda gadagan edilýär.

46. Awariýa ýagdaýlary ýüze çykanda abonentler telefon arkaly habarly edilýär.


V bap. Abonementden peýdalanmagyň şertleri

47. Abonementden peýdalanmagyň şertleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) telefon belgisi boýunça karzyna berlen ýerli telefon gepleşikleri bilen bir hatarda şäherara we halkara telefon gepleşikleri we beýleki hyzmatlar üçintölegleri öz wagtynda geçirmeklikden;

2) näsaz, döwlet standartlarynyň ýa-da tehniki şertleriň talaplaryna laýyk gelmeýän aragatnaşyk serişdelerini ulgama birikdirmezlikden;

3) goşmaça abzallary özbaşdak ulgama birikdirmeklige (ornuny üýtgetmäge) ýol bermezlikden;

4) Aragatnaşyk operatorlaryna degişli telefon simlerini we beýleki enjamlary abat we gurat ýagdaýda saklamaklykdan;

5) telefon belgisini ulanmak bilen bagly islendik üýtgeşme barada 1 (bir) aý möhletde Aragatnaşyk operatoryna habar bermekden (abonentiň ýaşaýan ýerinde ýazgyda duran salgysyndan çykmagy, köpçülikleýin ulanylýan telefon üçin täze jogapkär şahs bellenmegi we ş.m.);

6)Aragatnaşyk operatorynyň tehniki işgärlerini olaryň möhür bilen berkidilen suratly şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny görkezip özüni tanadan we bellibir işi amala aşyrmak hakynda haty (narýady) görkezen ýagdaýynda,telefon gurnalan otagatelefon enjamlaryny gözden geçirmek we abatlamak üçin päsgelçiliksiz goýbermäge;

7) beýleki abonentleri hiç bir sebäpsiz bimaza etmezlikden, jübütlenen telefonyň abonentlerine telefondan kadaly peýdalanmakda bilgeşleýin kynçylykly ýagdaýlary döretmezlikden;

8) gaýragoýulmasyz gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howpsuzlygy, beýleki dessin we ýörite gulluklaryň işgärlerine betbagtçylyk we adatdan daşary ýagdaýlarda telefondan peýdalanmaklyga päsgeçiliksiz rugsat bermekden;

9) degişli ygtyýarnamalar bolmazdan şahsy ýa-da köpçülikleýin ulanylýan telefony peýda gazanmak üçin ulanmazlykdan;

10) döwletiň bähbitlerine we jemgyýetçilik tertibine garşy gelýän maksatlar bilen telefon aragatnaşygyny ulanmazlykdan.

48. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 249-251-nji maddalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde,Radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary taslamagyň, işläp taýýarlamagyň, öndürmegiň, gurnamagyň (oturtmagyň), edinmegiň, ulanmagyň hem-de olary daşary ýurtlardan getirmegiň tertibini, şeýle hem döwlet belligine alynmazdan ýa-da degişli rugsat almazdan radio alyp eşitdiriş uzelleriniň guralmagy we ulanylmagy, radiogepleşiklerini beriji enjamlaryň rugsat alynmazdan taýýarlanylmagy we peýdalanylmagy, radioelektron serişdelerini we ýokary ýygylykly enjamlary girizmek, edinmek, oturtmak, gurmak we ulanmak kadalarynyň bozulmagy bilen baglanşykly bikanun hereketleriň üsti açylan ýagdaýynda,“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet Radioýygylykgullugynyň we bu gullugyň welaýat bölümleriniň ýörite ygtyýarly wekili tarapyndan bellenen tertipde teswirnama düzülipresmileşdirilýär, onda şular görkezilýär:

1) düzülen senesi we ýeri;

2) teswirnamany düzen wezipeli adamyň işleýän ýeri, wezipesi, familiýasy, ady we atasynyň ady;

3) administratiw hukuk bozulmany eden fiziki ýa-da ýuridik şahs barada maglumatlar;

4) administratiw hukuk bozulmanyň edilen ýeri, wagty we mazmuny;

5) Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň bu administratiw hukuk bozulma üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddasy;

6) şaýatlaryň we jebir çekenleriň familiýalary, atlary, atalarynyň atlary we salgylary;

7) administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adamyň ýa-da ýuridik şahsyň wekiliniň düşündirişi;

8) administratiw önümçilik üçin zerur bolan gaýry maglumatlar.

Hukuk bozulma ýol beren fiziki ýa-da ýuridik şahs teswirnama gol çekmekden ýüz dönderen halatynda onda bu barada teswirnamada degişli ýazgy edilýär. Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adam ýa-da ýuridik şahsyň wekili düşündiriş we teswirnamanyň mazmuny boýunça özüniň belliklerini bermäge, şeýle hem teswirnama gol çekmekden ýüz döndermeginiň sebäplerini görkezmäge haklydyr. Onuň düşündirişi we bellikleri teswirnama goşulýar. Administratiw önümçilik özi babatda alnyp barylýan adama ýa-da ýuridik şahsyň wekiline, şeýle hem jebir çekene teswirnamanyň nusgasy gol çekdirilip gowşurylýar.

Düzülen teswirnamanyň esasynda hukuk bozulma ýol beren fiziki ýa-da ýuridik şahsa, Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine laýyklykda,Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugynyň başlygy we bu gullugyň welaýat bölümleriniň başlyklary tarapyndan administratiw temmisi berilýär.

Administratiw hukuk bozulmalary barada işlere seretmäge we administratiw temmisini bermäge Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň ýanyndaky Döwlet radioýygylyk gullugynyň başlygynyň we bu gullugyň welaýat bölümleriniň başlyklarynyň hukugy bardyr.Şeýle hem, administrtiw hukuk bozulmanyň netijesinde Aragatnaşyk operatoryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga we bozulan enjamy abatlamaga tabşyryknama berilýär. Abonent tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezi, raýat-hukuk gatnaşyklary bilen kesgitlenýän tertipde dolunýar.

Ondan başga-da,abonent tarapyndan Aragatnaşyk operatorynyň maglumat howpsuzlygyna täsir edip biljek howplar (zyýanly kod, wiruslar, hukuk bozulmalar) aradan aýrylýança, hukuk bozulmany edenabonentiň maglumat ulgamynda ygtyýarlygy çäklendirilýär.

49. Telefon özbaşdak gurnalandygy (üýtgedilip gurnalandygy), enjamyň we ş.m. liniýasyna özbaşdak birikdirilendigi ýüze çykarylan ýagdaýynda Aragatnaşyk operatoryidinsiz gurnalan telefony aýyrýar we bu hukuk bozulma ýol beren fiziki ýa-da ýuridik şahsdan, telefon gurnama tölegi we özbaşdak gurnalan enjamy ulanmagy netijesinde Aragatnaşyk operatoryna ýetirilen zyýanyň öwezi raýat-hukuk gatnaşyklary bilen kesgitlenýän tertipde dolunýar. Eger başga enjamy ýa-da gurallary özbaşdak gurnamagyň wagty ýa-da hereket edýän telefonyň ýa-da taksofonyň Aragatnaşyk operatorynyň liniýasyna birikdirmekligiňanyk wagtyny kesgitlemek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, abonent tölegi we Aragatnaşyk operatoryna ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmak Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda seredilýär.

Taksofonyň(telefon-awtomatyň) zaýalanmagyýüze çykarylan ýagdaýynda, bu hukuk bozulma ýol beren fiziki ýa-da ýuridik şahsdan,Aragatnaşyk operatoryna ýetirilen zyýanyň öwezi raýat-hukuk gatnaşyklary bilen kesgitlenýän tertipde dolunýar.

Şu Düzgünnamanyňkyrk sekizinji böleginde görkezilen hukuk bozulma ýol beren fiziki ýa-da ýuridik şahs töleg tabşyryknamasyny tölemese, olaryň telefon belgilerini ulanmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde çäklendirilýär.

50. Aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakyndaşertnamanyňhereket etmegi operator tarapyndan aşakdaky ýagdaýlarda çäklendirilip biliner:

1)abonentiň şahsy arza bermegi boýunça;

2)şu Düzgünnamanyň kyrk ýedinji we elli altynjy bölekleri bilen göz öňünde tutulan şertler bozulanýagdaýlarda;

3)telefon belgisinden üç aýyň dowamynda (şol sanda,Code Division Multiple Access(CDMA)aragatnaşykstandarty bilen berilýän belgiler) peýdalanylmadyk ýagdaýynda.


VI bap. Ýerine ýetirilen hyzmatlaryň tölegini tölemegiň tertibi


51.Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan ýerine ýetirilýänaragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlar,Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanýar.Fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan gyssagly dessin gulluklary (ýangyndan goraýyş, polisiýa, tiz lukmançylyk kömegi, gaz heläkçiligi gullugy we başgalar) çagyrmak mugt amala aşyrylýar.

52. Telefondan peýdalanmak üçin abonent töleginiň möçberi, abonentiň telefonynyň degişli edilen derejesinden şeýle hem, abonentiň telefonynyň şäheriň ýa-da oba ýeriniň etrap merkezinden daşda ýerleşendigine baglylykda, abonent liniýasynyň hakyky uzynlygy bilen kesgitlenýär.

53. Aragatnaşyk operatory eger täzeden gurnalýan abonent liniýasynyň uzynlygy aşakdakylardan geçmeýän bolsa, ýerine ýetirilýän işleriň möçberleri we zerur bolan serişdeleriň mukdaryna bagly bolmazdan, hereket edýän nyrhnamalar boýunça telefonlaryň gurnalmagyny we täzeden gurnalmagyny amala aşyrýar:

1) howa arkaly girizmede – telefon zynjyry (iki geçişli) ujundaky girizmede (ulanylmadyk simleri bolan kabel gutusyndan ýa-da sütünden) bina girizilýän ýerine çenli 50 m.;

2) kabel girizmede –paýlaýjy gutudan telefon rozetkasyna çenli 20 m.

Eger abonent liniýasynyň uzynlygy görkezilen kadalardan geçýän bolsa (50 ýa-da 20 m.), onda abonent gurnamak üçin hereket edýän nyrhnama bilen göz öňünde tutulan bahalardan başga, goşmaça işleriň we serişdeleriň bahasyny hem tölemelidir.

54. Goşmaça işleri ýerine ýetirmegiň tertibi we olaryň töleg şertleri abonent bilen Aragatnaşyk operatorynyňarasynda baglaşylýan şertnama bilen kesgitlenýär.

55. Eger şahsy ulanylýan telefon gurnalanda abonent tarapyndan goşmaçaliniýa-kabel işleri işler tölenen bolsa we gurnalan wagtyndan bäri 2 (iki) ýyldan az bolmadyk wagt geçen bolsa, onda şeýle telefon köpçülikleýin ulanmak üçin niýetlenen ýere çykarylanda goşmaça çykdajylary maşgalalaryň sanyna deň derejede paýlanylýar.Çykdajynyň kesgitlenip hasaplanan bölegi toparyň galan agzalaryndan alynýar we ozal goşmaça işleriň tölegini tölän abonente gaýtarylyp berilýär.

56. Ýuridik şahslardan hyzmatlar üçin tölegler bu hyzmatlara buýurma resmileşdirilende alynýar. Telefonyň gurnalmagy üçin töleg bilen bir wagtda bir aýyň töleginden az bolmadyk möçberde abonent tölegi tölenilýär. Abonent tölegi boýunça hasaplaşyklar enjamyň telefon ulgamyna goşulan gününden başlap amala aşyrylýar.

57. Telefon aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg, hyzmatlary ýerine ýetirýän aragatnaşyk bölümlerinde ýa-da banklarda hem-de elektron görnüşde amala aşyrylýar.

58. Şu Düzgünnamanyň talaplaryna laýyklykda, Aragatnaşyk operatory tarapyndan telefondan peýdalanylandygy üçin töleg (şol sanda,Code Division Multiple Access(CDMA)aragatnaşyk)standartynda ýagny simsyz aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilende hem, islendik möhlet üçin, ýöne bir aýdan az bolmadyk wagt üçin alynýar. Haçanda aragatnaşyk hyzmatlary üçin şertnamanyň hasaplaşyk şertlerinde öňünden pul geçirimi göz öňünde tutulan halatynda, abonent tarapyndan öňünden geçirilen pul möçberi tamamlanan pursatyndan, Aragatnaşyk operatory abonent tarapyndan hasabyny dolýança aragatnaşyk hyzmatlaryny bermegitogtatmaga haklydyr, eger ýerine ýetirilen aragatnaşyk hyzmatlary üçin abonent, şol aýyň otuzyna çenli töleglerini geçirmedik halatynda bolsa, abonent hat üsti bilen duýdurylyp, abonement ýapylýar.

59. Aragatnaşyk hyzmatlary üçin şertnama laýyklykda, abonentde birnäçe telefon belgisi bolup, olaryň biri boýunça ýerine ýetirilen aragatnaşykhyzmatlar üçin tölegi wagtynda tölenmedik halatynda, Aragatnaşyk operatoryaragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakyndaşertnama laýyklykda, degişli tölegler tölenýänçä, abonente degişli ähli telefon belgilerini aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanypbilmegini togtatmaga haklydyr.

60. Telefonyň öçürilmegine rugsat Aragatnaşyk operatorynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanýar.

61. Şu Düzgünnama laýyklykda, karzyna berlen halkara gepleşikleri we telegrammalar üçin degişli tölegler tölenmedik ýagdaýynda, aragatnaşyk kärhanasynyň ýolbaşçysy tarapyndan telefon belgisini aragatnaşyk ulgamyndan öçürilmegi barada talapnama gol çekilip öçürilýär. Talapnamada abonentiň telefon belgisi, belgi boýunça tölegiň jemi möçberi, telefonyň öçürilmegi hakynda duýdurmaklygyň görnüşi (telefon arkaly, ýazmaça) we senesi görkezilýär.

62. Telefonlaryň birikdirilmegi abonenti öçürmäge talapnama beren kärhanadan berginiň tölenendigi hakynda tassyknama alnandan soň amala aşyrylýar. Eger telefonlary öçürmäge talapnama beren Aragatnaşyk operatoryndan telefonyň öçürilen aýyndan başlap bir aýyň dowamynda berginiň tölenenligi hakynda tassyknama gelip gowuşmasa abonement ulgama birikdirilmeýär.

63. Abonenteberkidilen telefonyň üsti bilen,hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan jaýyna gorag signalizasiýasynyň pultuna birikdirmek hakynda şertnama laýyklykda, abonentiň telefon belgisiniň öçürilmegine, Aragatnaşyk operatory tarapyndan iberilýänýollanmanyňgowşurylandygy hakynda ýazmaça duýdurma gol çekdirilip duýdurylandan soň ýol berilýär.

64. Aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakynda abonent bilen Aragatnaşyk operatorynyň arasyndaky şertnama laýyklykda, abonentiň günäsi bilen telefon öçürilen ýagdaýynda, telefon işlemedik döwri üçin abonement tölegi dolulygyna alynýar.Abonentiň günäsi bolman telefon bäş günden artyk işlemese, telefonyň işlemän durandygy üçin abonent tölegi alynmaýar.

65. Tölenen töleg arza berijiniň arzasy boýunça aşakdaky ýagdaýlarda yzyna gaýtarylyp berilýär:

1) eger Aragatnaşyk operatorytarapyndan abonente hyzmatlaryýerine ýetirmek başlamanka abonent öz buýurmasyndan ýüz öwüren ýagdaýynda;

2) arzanyň berlen gününden başlap abonent telefonbelgisini ulanmaga garşy çykanda;

3) artyk tölenen hakujy tölegi gaýtarylmagy talap edilende.

66. Abonent bilenýerine ýetirilen aragatnaşyk hyzmatlary üçin hasaplaşyk,Aragatnaşyk operatory bilen abonentiň arasynda aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakyndaky şertnamanyň tertibinde we şertlerinde amala aşyrylýar. Pul serişdeleri diňe aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän kärhananyň hasaplaşyk hasabyna ýa-da kömekçi hasabyna gelip gowşandan soňra töleg geçirilen diýlip hasap edilýär.

67. Haçanda şu Düzgünnamanyň kyrk birinjiböleginde göz öňünde tutulan ýuridik şahslardaoturdylan ahyrkyenjamlar (modemler),Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan sökülip aýrylanda,bu ýuridik şahslardan ahyrkyenjamlaryň ulanylandygy üçin töleg alynmaýar.


VII bap. Aragatnaşyk operatorlarynyň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi


68. Aragatnaşyk operatorlary şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda aragatnaşyk babatda aşakdaky işleri amala aşyrmaga;

2) belgileýişresursyny almaga;

3)öz ulgamlaryny meýilleşdirmäge we ösdürmäge;

4)nyrhlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellemäge;

5)bölünip berlen belgileýişresursynyň ulgamlarynda ýerli telefon aragatnaşykhyzmatlaryny peýdalanyjylara telefon belgilerini bermäge;

6)"Aragatnaşyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, öz eýeçiliginde ýa-da peýdalanmagynda durýan telekommunikasiýa ulgamlaryny beýleki telekommunikasiýa Aragatnaşyk operatorlarynyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlary bilen birikdirmäge;

7)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň kadalaryny bozan abonentlereýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawyny kemeltmäge ýa-da togtatmaga;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen aragatnaşyk babatda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamasy bolmasa, abonentiň ahyrky enjamyny öçürmäge;

9)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyňýerine ýetirilmegi hakyndaky şertnamalarda göz öňünde tutulan beýleki hukuklar;

10) aragatnaşyk babatda işi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bes etmäge;

69. Aragatnaşyk operatorlary şu aşakdakylara borçludyrlar:

1)aragatnaşyk babatdaky işi ygtyýarnamalar bolan mahalynda amala aşyrmaga;

2) peýdalanyjylaryňgaýragoýulmasyz gulluk tabşyryklaryny ýerine ýetirýän tiz kömek, ýangyn howpsuzlygy, beýleki dessin we ýörite gulluklary we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga gulluklary çagyrmak üçin aragatnaşyk ulgamlaryndan mugt peýdalanmagyna şert döretmäge;

3)bellenilen hil görkezijileri we tassyklanannyrhlar boýunça ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge;

4)peýdalanyjylara şertnama baglaşmak üçin gerek bolan, şeýle hem Aragatnaşyk operatory tarapyndan edilýän ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary hakynda gutarnykly maglumat bermäge;

5)peýdalanyja edilýän ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasabyny ýöretmäge;

6)ýerli telefon aragatnaşygynyň ýerine ýetirilen hyzmatlary hakyndaky ýazgylary olary saklamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilenmöhletleri geçýänçä saklamaga we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipdeolar hakynda maglumatbermäge;

7) ýerli telefon aragatnaşyk ulgamlarynyň adatdan daşary ýagdaýdaky şertlerde işlemäge taýýarlygyny üpjün etmäge;

8)ýerli telefon aragatnaşyk ulgamlary we olaryň başga telekommunikasiýa ulgamlar bilen özara gatnaşygy hasaba almaga we resminamalary ýöretmäge;

9)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary üçin tassyklanannyrhlary olaryň girizilmegine azyndan7 (ýedi) iş gün öňünden ilata habar bermek;

10)bölünip berlen belgileýişresursynyň atlarda peýdalanylmagyny üpjün etmäge;

11)Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde peýdalanyjylaraýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawynyň kemeldilmeginiň ýa-da olaryň ahyrky enjamynyň öçürilmeginiň mümkindigi hakynda duýduryş bermäge;

12)ýerli telefon aragatnaşyk ulgamlaryndan we bu ulgamlar tarapyndan berilýän maglumatlardan rugsatsyzpeýdalanylmagyna ýol bermezlik üçin çäre görmäge we telefon gepleşikleriň aragatnaşyk syrynyň berjaý edilmegini üpjün etmäge;

13)Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar tarapyndan dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin ýerli telefon aragatnaşyk ulgamlarynda peýdalanylýan enjamlaryň oturdylmagyny we işlemegini üpjün etmäge. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmekdeýerli telefon aragatnaşyk ulgamlarynda oturtmak üçin peýdalanylýan tehniki serişdeleriň we enjamlaryň düzümini we sanyny saýlamak dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara degişli bolup durýar;

14)Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlaryny ýerine ýetirmäge.

70. Dessin-agtaryş çäreleri geçirilende we derňew hereketleri amala aşyrylanda ýerli telefon Aragatnaşykoperatorlarynyň borçlary şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1)ýerli telefon Aragatnaşyk operatorlarydessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralarapeýdalanyjylar hakynda we özleriniň ýerine ýetiren ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary hakynda maglumaty bermäge, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda bu edaralaryň üstüne ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin gerek bolan başga maglumatlary bermäge;

2) ýerli telefon Aragatnaşyk operatorlary dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar bilen ylalaşyp, dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin ýerli telefon aragatnaşyk ulgamlary we serişdeleri üçin "Türkmenaragatnaşyk" agentligi tarapyndan bellenen talaplaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge;

Ýerli telefon aragatnaşyk ulgamlary ýa-da serişdeleri şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirýän jenaýatçylykly maksatlar bilen peýdalanylan mahalynda şeýle ýerli telefon aragatnaşykulgamlaryň ýa-da aragatnaşyk serişdeleriniň işlemegi togtadylýar.Abonenteýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyňýerine ýetirilmeginiň togtadylmagy dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçylarynyň biriniň esaslandyrylan karary ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda ýerli telefon Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

3) ýerli telefon Aragatnaşyk operatorlarydessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaranyň ýolbaşçylarynyň biriniň esaslandyrylan karary ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini dikeltmäge;

Dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar bilen ýerli telefon Aragatnaşyk operatorlarynyň özara hereket etmeginiň tertibi “Aragatnaşyk hakynda”Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

4) ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan derňew hereketleri geçirilen mahalyndaýerli telefon Aragatnaşyk operatorlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýardam etmäge.

71. Aragatnaşyk operatorlarynyň jogapkärçiligi şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1)Aragatnaşyk operatorlary we olaryň wezipeli işgärleri “Aragatnaşyk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň we şu Düzgünnamanyň talaplarynyň bozulmagyna ýol berendikleri üçin şahsy jogapkärçilik çekýärler.

2) Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan peýdalanyja ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi hakyndaky şertnama boýunça borçlarynyň göwnejaý ýerine ýetirilmändigi bilen baglanyşykly ýitgileriniň öweziniň tölenilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

3)Aragatnaşyk operatorlaryhabarlary bermek ýa-da kabul etmek boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi üçin, eger borçnamalaryň şeýle ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi abonentleriň günäsi boýunça bolup geçse ýa-da ýeňip geçip bolmajak güýjüň (ýer titremeginiň, suwuň joşmagynyň, harasadyň we başgalaryň) täsiri netijesinde bolan bolsa, munuň üçin jogapkärçilik çekmeýär.

4)Aragatnaşyk operatorlaryýeňip geçip bolmajak güýjüň(ýer titremeginiň, suwuň joşmagynyň, harasadyň we başgalaryň) täsiri netijesinde, şeýle hem Aragatnaşyk operatorlarynyň peýdalanýan liniýalaryň we stansiýa desgalarynyň ogurlanan ýa-da olara üçünji taraplaryňgünäsi bilen zeper ýetirilen halatynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda peýdalanyjynyň günäsi boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi üçin peýdalanyjynyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

5)Aragatnaşyk operatorlary öz ulgamlary arkaly berilýän habaryň mazmuny üçin jogapkärçilik çekmeýärler.

6) Aragatnaşyk operatorlary peýdalanyjy tarapyndan şertnamanyň şertleri, enjamlary ulanmagyň kadalary bozulan halatynda, ýerli telefonaragatnaşyk ulgamynda güwälendirilmedik (sertifikatlaşdyrylmadyk) enjam ulanylanda, şeýle hem hyzmatlaryň tölegi wagtynda tölenmedik halatynda kemçilikler düzedilýänçä ýerli telefon aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanyp bilmegini togtatmaga haklydyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan peýdalanyjy tarapyndan Aragatnaşyk operatorlarynyň ýitgileriniň we enjama zeper ýetmegi ýa-da boş durmagy zerarly Aragatnaşyk operatorlaryna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunan halatlary muňa degişli däldir.


VIII bap. Aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň hukuklary, borçlary we jogapkärciligi


72. Aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjylary şu aşakdaky hukuklara eýedirler:

1) öz hukuklarynyň döwlet tarapyndan goralmagyna;

2)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny erkin peýdalanmaga;

3) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň howpsuz bolmagyna;

4) ýerli telefonAragatnaşyk operatoryny saýlamaga;

5) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşini we sanyny saýlamaga;

6) ýerli telefonAragatnaşyk operatorlaryndan ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň mazmuny, hili we hyzmat ýerine ýetiriliş tertibi hakynda, öz hasabyndaky pul serişdeleri we algy-bergileri baradaky maglumatymugt almaga;

7) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny öz wagtynda we ýokary hilli almaga;

8) ýerli telefonAragatnaşyk operatorlaryndan olaryňhödürlänýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary hakynda maglumat almaga;

9) ýerli telefon Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan peýdalanyjynyň ýazmaça arzasy esasynda onuň hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerinipeýdalanmagynyň çäklendirilmegine;

10) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan boýun gaçyran mahalynda Aragatnaşyk operatory tarapyndan öňünden tölenen pulunyň galan möçberiniň gaýtarylyp berilmegine;

11) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň şertnamasynda bellenilen tertipde ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan boýun gaçyrmaga;

12) buýrulan ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatyndan boýun gaçyrylmagynyň mümkinçiligi we tertibi hakynda maglumat almaga;

13) Aragatnaşyk operatorlarynyň hukuga ters gelýän hereketleri barada ýokarda durýan edaralara ýa-da kazyýete şikaýat etmäge;

14)Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Aragatnaşyk operatorlaryna, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetriýän fiziki we ýuridik şahslara nägileliklerini, şol sanda ýitginiň öwezini dolmak talaby bilen baglanyşykly nägileliklerini bildirmäge;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda we telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň şertnamasynda göz öňünde tutulan başga hukuklar.

73.Aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

1) ýerli telefonaragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;

2) bellenilen talaplara laýyk gelýän resminamasy bolan ahyrky enjamy peýdalanmaga;

3) ahyrky enjamyň milli howpsuzlygyň, goranmagyň we hukuk tertibiniň bähbitlerine zeper ýetirýän hukuga garşy gelýän hereketleri amala aşyrmak üçin peýdalanylmagyna ýol bermezlige;

4) ýerli telefonaragatnaşyk ulgamlaryny ulanmagyň howpsuzlygyna,ýerli telefonaragatnaşyk ulgamlarynyň bitewiligine we özara hereketine, ýerli telefonaragatnaşyk ulgamlarynyň habar howpsuzlygyna,radioelektron serişdeleriniň elektromagnit ylalaşyjylygyna wehim salyp biljek, şeýle hem beýleki peýdalanyjylara hyzmat ýerine ýetirilende çylşyrymlaşdyryp ýa-da päsgelçilik döredip biljek hereketlere ýol bermezlige;

5) ahyrky enjamlaryň we abonent liniýalarynyň üçünji şahslar tarapyndan peýda görmek maksady bilen peýdalanylmagyna ýol bermezlige.

74. Aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylaryňjogapkärçiligi şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) Aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylar “Aragatnaşyk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplarynyň bozulmagyna ýol berendikleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

2)Aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjynyň günäsi bilen telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna zeper ýeten halatynda telekommunikasiýa Aragatnaşyk operatorynyň zeper ýetmeleri düzetmek üçin, şeýle hem oňa bu zeper zerarly ýetirilen beýleki ýitgiler (şol sanda alynmadyk girdeji) üçin ähli çykdajylar aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjynyň üstüne ýüklenilýär.


IXbap. Jemleýji düzgünler


75. Abonent Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde,Aragatnaşyk operatorlaryna, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetrýän fiziki we ýuridik şahslara nägileliklerini, şol sanda ýitginiň öwezini dolmak baradaky talaby bilen baglanyşykly nägileliklerini bildirmäge haklydyr.

76. Aragatnaşyk operatorlary bilen abonentleriň arasynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.










Türkmenistanda ýerli telefonaragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnama
1-nji Goşundy


Aragatnaşykoperatory bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjy-fiziki şahslaryň arasynda aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakyndaky

№______ ŞERTNAMA

__________________ «___»___________20__ ý.

(ilatly nokadyň ady)(sene)

Mundan beýläk “OPERATOR” diýip atlandyrylýan, _______________________

(Aragatnaşyk operatorynyň ady)

Tertipnama esasynda hereket edýän direktor____________________ bir tarapdan we beýleki tarapdan “ABONENT” diýip atlandyrylýan:
Familiýasy________________________Ady _____________________________
Atasynyň ady _______________________________________________________
Pasporty:___________________________________ tarapyndan berilen, seriýasy _______belgisi___________________,
Raýatyň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça ýazga alnan ýa-da bolýan ýeri boýunça hasaba alnan salgysy:__________________________________________________________,

bilelikde bolsa “Taraplar” diýlip atlandyrylýanlar aşakdakylar babatda şu şertnamany baglaşdylar:


I.ŞERTNAMANYŇ MAZMUNY


1. “Operator” “Abonente” enjamynyň gurnalan salgysy boýunçaýerli telefon aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanmaga rugsat berýär, şeýle hem ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak bilen awtomatiki usul bilen ýa-da sargyt esasynda şäherara we halkara telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny amala aşyrýan aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanmak mümkinçiligini berýär.

2. “Operator” “Abonentiň” ýüz tutmagy esasynda, telefon aragatnaşyk, telematiki, sorag-jogaphyzmatlaryndanşeýle hem, maglumat geçirmek hyzmatlary bilen baglanşykly bolan beýleki hyzmatlary hem amala aşyrýar.

3. “Operator” ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan gyssagly dessin gulluklary (ýangyndan goraýyş, polisiýa, tiz lukmançylyk kömegi, gaz heläkçiligi gullugy we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga gulluklary) çagyrmaklygy mugt geçirýär.

4. “Operator” “Abonente”,___________belgisini berýär.

5. “Abonentiň” enjamynyň gurnalan salgysy________________________________.


II.TARAPLARYŇ HUKUKLARY


6. “Operatoryň” we “Abonentiň” hukuklary we borçlary «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň ___-nji(y) ________ _______bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň 2019-njy ýylyň ____-nji(y) ________çykaran _____ belgili buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnama we şu Şertnama esasynda kesgitlenýär.

7. “Operatoryň” şulara hukugy bardyr:

1)şu Şertnamanyň hereket edýän möhletiniň bütin dowamynda, ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary üçin hereket edýän nyrhnamalary “Abonente” azyndan 7 (ýedi) iş gün öňünden habar bermek bilen üýtgetmäge;

2)“Abonent” «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnamanyň we şu Şertnamanyň talaplaryny bozan halatynda, şeýle hem, şu Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylara telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawyny kemeltmäge ýa-da aragatnaşyk ulgamynda güwälendirilmedik enjam ulananda, şeýle hem hyzmatlaryň tölegini wagtynda tölemedik halatynda kemçilikler düzedilýänçä aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanyp bilmegini togtatmaga haklydyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjy tarapyndan Aragatnaşyk operatorynyň ýitgileriniň we enjama zeper ýetmegi ýa-da boş durmagy zerarly Aragatnaşyk operatoryna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunan halatlary muňa degişli däldir.

3) şu Şertnamanyň bozulandygy barada “Abonent” “Operatordan” telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi bes etmek barada ýazmaça görnüşde habarnamany alan gününden başlap 1 (bir) aýyň dowamynda düzedilmedik ýagdaýynda, şu Şertnamany “Abonente” goşmaça habar bermezden bir taraplaýyn tertipde ýatyrmaga.

4)“Abonente” bölünip berlen telefon belgisi eger telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi görkezilen belgini ulanmak bilen mümkin bolmadyk ýagdaýynda çalyşmaga.

5)“Operator” “Abonente” telefon aragatnaşygyndan peýdalanmak mümkinçiligini bermäge tehniki taýdan mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, “Abonente” ýazmaça habar bermek bilen, telefon aragatnaşygyndan peýdalanmaga mümkinçilik bermegiň möhletini bir taraplaýyn tertipde üýtgetmäge.

6) “Abonent” tarapyndan “Operatora” maddy zyýan etirilip onuň hem öwezi dolunmadyk ýagdaýynda ýa-da abonent tarapyndan Aragatnaşyk operatorynyň maglumat howpsuzlygyna täsir edip biljek howplar (zyýanly kod, wiruslar, hukuk bozulmalar) aradan aýrylýança, hukuk bozulmany eden“Abonentiň” maglumat ulgamynda ygtyýarlygyny çäklendirmäge;

7) nyrhlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellemäge;

8) aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň kadalaryny bozan aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylara aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawyny kemeltmäge ýa-da togtatmaga;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen aragatnaşyk babatda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamasy bolmasa, aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjynyň ahyrky enjamyny öçürmäge;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklar.

8. “Abonentiň” şulara hukugy bardyr:

1) öz hukuklarynyň döwlet tarapyndan goralmagyna;

2)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny erkin peýdalanmaga;

3)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň howpsuz bolmagyna;

4)ýerli telefonAragatnaşyk operatoryny saýlamaga;

5)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşini we sanyny saýlamaga.

6)ýerli telefonAragatnaşyk operatorlaryndan ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň mazmuny, hili we hyzmat ediliş tertibi hakynda mugt maglumat almaga;

7)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny öz wagtynda we ýokary hilli almaga;

8)ýerli telefonAragatnaşyk operatorlaryndan olaryňhödürlänýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary hakynda habar almaga;

9)ýerli telefon Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan peýdalanyjynyň ýazmaça arzasy esasynda onuň hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerinipeýdalanmagynyň çäklendirilmegine;

10)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan boýun gaçyran mahalynda Aragatnaşyk operatory tarapyndan öňünden tölenen pulunyň galan möçberiniň gaýtarylyp berilmegine;

11)ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň şertnamasynda bellenilen tertipde ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan boýun gaçyrmaga;

12)buýrulan ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatyndan boýun gaçyrylmagynyň mümkinçiligi we tertibi hakynda maglumat almaga;

13)Aragatnaşyk operatorlarynyň hukuga ters gelýän hereketleri barada ýokarda durýan edaralara ýa-da kazyýete şikaýat etmäge;

14)Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Aragatnaşyk operatorlaryna, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny edýän fiziki we ýuridik şahslara nägileliklerini, şol sanda ýitginiň öwezini dolmak talaby bilen baglanyşykly nägileliklerini bildirmäge;

15) telefon aragatnaşyk hyzmatlary babatda şu Şertnamany ýerine ýetirmekden bir taraplaýyn tertipde islendik wagtda ýazmaça arza esasynda ýüz döndermäge;

16)Türkmenistanyň kanunçylygynda we telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň şertnamasynda göz öňünde tutulan başga hukuklar.


III. TARAPLARYŇ BORÇLARY


9. “Operator”şulara borçlanýar:

1) “Abonente” özüniň şu Şertnama laýyklykda borçlaryny ýerine ýetirenden soňra, abonent belgisini bölüp bermäge we 10 (on) iş gününiň içinde telefon aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanmaga rugsat bermäge;

2) “Abonentiň” sargydy boýunça, “Operatoryň” aragatnaşyk ulgamyndaky telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga päsgelçilik berýän näsazlyklary aradan aýyrmaga;

3) “Abonentlere” telefon aragatnaşyk hyzmatlary üçin tassyklanan nyrhlar üýtgän ýagdaýynda, täze nyrhnamalar güýje girizilmezinden öň, azyndan 7 (ýedi) iş gün öňünden habar bermäge;

4)eger abonentiň belgisini çalyşmak zerurlygy garaşylmadyk ýa-da adatdan daşary ýagdaýlar ýa-da “Abonentiň” arzasy sebäpli ýüze çykmadyk ýagdaýynda, “Abonentiň” belgisini çalyşmak zerurlygy ýüze çykan halatynda “Abonente” bu barada 10 (on) iş gün öňünden habar bermäge;

5) aragatnaşyk babatdaky işi ygtyýarnamalar bolan mahalynda amala aşyrmaga;

6) peýdalanyjylaryň ýangyndan goraýyşy, polisiýany, tiz lukmançylyk kömegini, gaz heläkçiligi gullugyny we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga gulluklary çagyrmak üçin umumy peýdalanylýan aragatnaşyk ulgamlaryndan mugt peýdalanmagyna şert döretmäge;

7) bellenilen hil görkezijileri we nyrhlar boýunça aragatnaşyk hyzmatlaryny etmäge;

8) aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylara şertnama baglaşmak üçin gerek bolan, şeýle hem olaryň edýän aragatnaşyk hyzmatlary hakynda gutarnykly maglumat bermäge;

9) aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyja edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasabyny ýöretmäge;

10) edilen aragatnaşyk hyzmatlary hakyndaky ýazgylary olary saklamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilenmöhletleri geçýänçä saklamaga we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olar hakynda maglumat bermäge;

11)aragatnaşyk ulgamlarynyň adatdan daşaryýagdaýdakyşertlerdeişlemägetaýýarlygyny üpjün etmäge;

12) bölünip berlen belgileýiş resursynyň atlarda peýdalanylmagyny üpjün etmäge;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylara aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawynyň kemeldilmeginiň ýa-da olaryň ahyrky enjamynyň öçürilmeginiň mümkindigi hakynda duýduryş bermäge;

14) telekommunikasiýa ulgamlaryndan we bu ulgamlar tarapyndan berilýän maglumatlardan rugsatsyz paýdalanylmagyna ýol bermezlik üçin çäre görmäge;

15) maglumat howpsuzlygyna täsir edip biljek howplar (zyýanly kod, wiruslar, hukuk bozulmalar) aradan aýrylýança, degişli aragatnaşyk ulgamynyň işini togtatmaga ýa-da hukuk bozulmany eden peýdalanyjynyň maglumat ulgamynda ygtyýarlygyny çäklendirmäge;

16) maglumat tehnikalaryny (tehnologiýalary), Internet toruny peýdalanmak arkaly amala aşyrylýan kiberjenaýatçylygyň garşysyna geçirilýän işlere ýardam bermäge;

17) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar tarapyndan dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynda peýdalanylýan enjamlaryň oturdylmagyny we işlemegini üpjün etmäge. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmekde telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynda oturtmak üçin peýdalanylýan tehniki serişdeleriň we enjamlaryň düzümini we sanyny saýlamak dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara degişli bolup durýar;

18) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlaryny ýerine ýetirmäge.

10. “Abonent” şulara borçlanýar:

1) telefon gurnamak boýunça hyzmaty, hereket edýän nyrhnama laýyklykda tölemäge;

2)“Operatoryň” ygtyýarly wekilini, onuň adyna berlen ýörite nusgadaky şahadatnamasyny görkezip özüni tanyşdyran halatynda, “Abonentiň” enjamlaryny (ahyrky enjamlary) we “Abonent” ulgamynyň ahyrky paýlaýjy enjamlaryny gözden geçirmek, sazlamak, abatlamak we tehniki hyzmat etmek üçin öýe päsgelçiliksiz girmegini üpjün etmäge;

3) telefon aragatnaşyk hyzmatlary we “Abonentiň” telefony boýunça ýerine ýetirilen başga hyzmatlar üçin tölegleri öz wagtynda geçirmäge;

4)“Operatora” özüniň telefon aragatnaşyk ulgamyna çatylan jaýyna eýeçilik we (ýa-da) peýdalanmak hukugyny bes edýändigi barada, şeýle hem familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň we ýazga alnan ýeriniň üýtgändigi barada, şeýle üýtgetmeleriň başlan gününden başlap 5 (bäş) iş gününiň içinde habar bermäge;

5)telefon liniýasyna bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýjy resminamasy bolmadyk enjamlary birikdirmezlige;

6) telefon liniýasyny we ahyrky enjamlary gurat we abat ýagdaýda saklamaga;

7) telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;

8) bellenilen talaplara laýyk gelýän resminamasy bolan ahyrky enjamy peýdalanmaga;

9) ahyrky enjamyň milli howpsuzlygyň, goranmagyň we hukuk tertibiniň bähbitlerine zeper ýetirýän hukuga garşy gelýän hereketleri amala aşyrmak üçin peýdalanylmagyna ýol bermezlige;

10) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmagyň howpsuzlygyna, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň bitewüligine we özara hereketine, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň habar howpsuzlygyna, radioelektron serişdeleriniň elektromagnit ylalaşyjylygyna wehim salyp biljek, şeýle hem beýleki peýdalanyjylara hyzmat edilende çylşyrymlaşdyryp ýa-da päsgelçilik döredip biljek hereketlere ýol bermezlige;

11) ahyrky enjamlaryň we abonent liniýalarynyň üçünji şahslar tarapyndan peýda görmek maksady bilen peýdalanylmagyna ýol bermezlige.


IV. ŞERTNAMANYŇ BAHASY


11.Şu Şertnama bilen göz öňünde tutulan hyzmatlaryň bahasy, hereket edýän nyrhnama laýyklykda kesgitlenýär.


V. HASAPLAŞYGY GEÇIRMEGIŇ TERTIBI


12. Hasaplaşygyň görnüşi: nagt/nagt däl hasaplaşyk görnüşinde geçirilýär.

13.Ýerine ýetirilen telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegini tölemegiň tertibi: öňünden (hakujy) töleg geçirmek görnüşinde bolup biler.

14. Ýerine ýetirilen ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryň töleg tertibi: abonent we wagt boýunçageçirmek görnüşinde bolup biler.

15. “Abonentiň” ýüz tutmagy boýunça “Operator” telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakyndaky goşmaça maglumatlary bermekden ybarat jaňlary jikme-jik görkezýär we şunuň üçin hereket edýän nyrhnama laýyklykda aýratyn töleg alynýar.


VI. TARAPLARYŇ JOGAPKÄRÇILIGI


16. Şu Şertnama boýunça kabul edilen borçnamalaryň ýerine ýetirilmedik ýa-da gownejaý ýerine ýetirmedik ýagdaýlarynda “Taraplar” Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

17. “Abonent” enjamlary ulanmagyň kadasyny berjaý etmek ýa-da abonentiň liniýasyna bellenilen talaplara laýyk gelmeýän enjamlary birikdirmek üçin gadaganlyk çärelerini berjaý etmedik ýagdaýynda, “Operator” “Abonentiň” şeýle hereketi bilen ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmak barada talap edip kazyýete ýüz tutup biler.


VII. ŞERTNAMANYŇ HEREKET EDIŞ MÖHLETI, ŞETRNAMA ÜÝTGEŞMELER ÝA-DA GOŞMAÇALAR GIRIZMEGIŇ ŞERTLERI HEM-DE ŞERTNAMANY ÝATYRMAK

18. Şu Şertnama gol çekilen senesinden başlap güýje girýär we “Taraplar” tarapyndan şu Şertnama laýyklykda ýatyrylmagyna çenli hereket edýär.

19. Şu Şertnamanyň şertleri “Taraplaryň” ylalaşygy boýunça ýazmaça görnüşde goşmaça ylalaşyk düzülip üýtgedilip bilner we bellenen tertipde resmileşdirilýär. Eger şu Şertnama üýtgedilme girizilmegi bilen “Operatoryň” goşmaça degişli işleri ýerine ýetirmek zerurlygyna getirse, onda bu işler Şertnamanyň şertine üýtgetme girizmäge başlangyç bilen çykyş eden “Tarap” tarapyndan tölenmäge degişlidir.

20. “Abonentiň” telefon aragatnaşyk ulgamyna birikdirilen jaýa eýeçilik hukugy ýa-da ondan peýdalanmak hukugy bes edilen ýagdaýynda (meselem jaýyň satylmagy, sowgat berilmegi we ş.m. ýagdaýlar) “Abonent” bilen şu Şertnama ýatyrylýar.


VIII. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER


21. Şu Şertnama 2 (iki) nusgada düzüldi, olaryň her biriniň birmeňzeş hukuk güýji bardyr."Taraplaryň" her birinde şu Şertnamanyň bir nusgasy saklanýar.

22. "Abonent" isleg bildiren halatynda “Abonentiň” ýazmaça arzasy boýunça telefon aragatnaşyk ulgamyna çatylan jaý kireýineberlen (üçünji şahsa kireýine berlen) ýagdaýynda şu Şertnamanyň hereketi jaýy kireýine bermek (üçünji şahsa kireýine bermek) şertnamanyň hereket edýän möhletine wagtlaýyn saklanylýar. Şeýle ýagdaýda kireýine alyjynyň (üçünji bir kireýine alyjynyň) arzasy boýunça onuň bilen kireýine bermek (üçünji şahsa kireýine bermek) şertnamanyň hereket edýän möhletine, şertnama baglaşylýar we bu maksatlar üçin şu Şertnama esasynda abonente bölünip berlen belgisi kireýine alyjynyň (üçünji bir kireýine alyjynyň) adyna hereket edýän nyrhnama laýyklykda wagtlaýyn resmileşdirilýär.

23. Taraplaryň arasynda şu Şertnama boýunça ýa-da onuň bilen baglylykda jedeller we düşünişmezlikler ýüze çykan halatynda, gepleşikler geçirmek arkaly çözülýär. Egerde ýüze çykan jedeller we düşünişmezlikler gepleşikler arkaly çözmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, kazyýet tertibinde çözülmäge degişlidir.


IX. TARAPLARYŇ SALGYLARY


“OPERATOR”

Ady:________________________________________
____________________________________________
Hukuk salgysy: _______________________________
____________________________________________
Bank maglumatlary: ___________________________
____________________________________________
____________________________________________

“ABONENT”

Familiýasy, ady, atasynyň ady_____________________
_____________________________________________
Ýaşaýn ýeriniň salgysy __________________________
_____________________________________________
Pasport maglumatlary ___________________________
_____________________________________________
_____________________________________________


Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnama
2-nji Goşundy


Aragatnaşyk operatory bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjy – ýuridik şahsyň hem-de ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçileriň arasynda aragatnaşyk hyzmatlaryny etmek hakyndaky

№______ ŞERTNAMA

__________________ «___»___________20__ ý.

(ilatly nokadyň ady)(sene)

Mundan beýläk “OPERATOR” diýip atlandyrylýan, _______________________

(Aragatnaşyk operatorynyň ady)

Tertipnama esasynda hereket edýän direktor____________________ bir tarapdan we beýleki tarapdan “ABONENT” diýip atlandyrylýan,__________________ ______________________________________________________________________ ______________________________________________________________________

(ýuridik şahsyň hem-de ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar doly ady, degişlilikde

___________________________________________________________________________________________________

hereketetmägeygtyýar berýännamanyň ady, belgisi )

beýlekitarapdan, bilelikde bolsa “Taraplar” diýlip atlandyrylýanlar aşakdakylar babatda şu şertnamany baglaşdylar:


I.ŞERTNAMANYŇ MAZMUNY


1. “Operator” taksofonlaryň we toparlaýyn ygtyýarlyk serişdeleriniň ulanylmagy bilen ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny nazarda tutmazdan, “Abonente” ýerli telefon aragatnaşygynyň toruna ygtyýarlygy berýär.

2. “Operator”“Abonente”ýerli telefon aragatnaşygy bilen bir hatarda şäherara we halkara birleşmesine ygtyýarlyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

3. “Operator” şu Şertnamanyň şertlerine laýyklykda telefon aragatnaşygynyň hyzmatlaryny ýerine ýetirýär, “Abonent” bolsa aragatnaşyk hyzmatlarynyň hereket edýän nyrhnamalara laýyklykda, berlen telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegini töleýär.


II.TELEFON ARAGATNAŞYGYNYŇ HYZMATLARYNY BERMEGIŇŞERTLERI


7. "Operatoryň"şulara hukugy bardyr:

1) Türkmenistanda hereket edýän kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde, hyzmatlaryň sanawyna, görnüşlerine, düzümine, şeýle hem hereket edýän nyrhnamalara, hyzmatlaryň töleg tertibine we görnüşine üýtgetmeleri 7 (ýedi) iş gününden az bolmadyk möhletde öňünden habar bermek bilen üýtgemeler girizmeklige;

2)“Abonente” berlen “Abonent” belgisiniň ulanylmagy bilen telefon aragatnaşygynyň hyzmatlaryny ýerine ýetirmegini dowam etdirmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, “Abonente” 10(on) gün öňünden ýazmaça habar ýollamak bilen onuň “Abonent” belgisini çalşyrmaga;

3)“Abonent” «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnamanyň we şu Şertnamanyň şertleriniAragatnaşyk operatory peýdalanyjy tarapyndan şertnamanyň şertleri, enjamlary ulanmagyň kadalary bozulan halatynda, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynda güwälendirilmedik enjam ulanylanda, şeýle hem hyzmatlaryň tölegi wagtynda tölenmedik halatynda kemçilikler düzedilýänçä aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanyp bilmegini togtatmaga haklydyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjy tarapyndan Aragatnaşyk operatorynyň ýitgileriniň we enjama zeper ýetmegi ýa-da boş durmagy zerarly Aragatnaşyk operatoryna ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunan halatlary muňa degişli däldir;

4) “Abonent” şu Şertnamanyň şertleri bozulandygy sebäpli, “Operatordan” telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegi bes etmek barada ýazmaça görnüşde habarnamany alan gününden başlap 1 (bir) aýyň dowamynda kemçilikleri düzedilmedik ýagdaýynda, şu Şertnamany “Abonente” goşmaça habar bermezden bir taraplaýyn tertipde ýatyrmaga;

5)“Abonente” telefon aragatnaşygyndan peýdalanmak mümkinçiligini bermäge tehniki taýdan mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, “Abonente” ýazmaça habar bermek bilen, telefon aragatnaşygyndan peýdalanmaga mümkinçilik bermegiň möhletini bir taraplaýyn tertipde üýtgetmäge;

6) “Abonent” tarapyndan "Operatora" maddy zyýan etirilip onuň hem öwezi dolunmadyk ýagdaýynda ýa-da “Abonent” tarapyndan Aragatnaşyk operatorynyň maglumat howpsuzlygyna täsir edip biljek howplar (zyýanly kod, wiruslar, hukuk bozulmalar) aradan aýrylýança, hukuk bozulmany eden"Abonentiň" maglumat ulgamynda ygtyýarlygyny çäklendirmäge;

7) nyrhlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellemäge;

8) aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň kadalaryny bozan aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylara aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawyny kemeltmäge ýa-da togtatmaga;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen aragatnaşyk babatda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamasy bolmasa, aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjynyň ahyrky enjamyny öçürmäge;

10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklar.

8. "Abonentiň" şulara hukugy bardyr:

1) islendik wagtda “Operatora” aragatnaşygynyň hyzmatlaryny ýerine ýetirlen işler boýunça tölegleri doly geçirmek şerti bilen şu Şertnamany bir taraplaýyn ýazmaça görnüşinde 30(otuz) senenama gün öňünden habar bermek bilen ýatyrmaklyga;

2) öz hukuklarynyň döwlet tarapyndan goralmagyna;

3) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny erkin peýdalanmaga;

4) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň howpsuz bolmagyna;

5) ýerli telefonAragatnaşyk operatoryny saýlamaga;

6) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň görnüşini we sanyny saýlamaga;

7) ýerli telefonAragatnaşyk operatorlaryndan ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlarynyň mazmuny, hili we hyzmat ediliş tertibi hakynda mugt maglumat almaga;

8) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny öz wagtynda we ýokary hilli almaga;

9) ýerli telefonAragatnaşyk operatorlaryndan olaryňhödürlänýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlary hakynda habar almaga;

10) ýerli telefon Aragatnaşyk operatorlary tarapyndan peýdalanyjynyň ýazmaça arzasy esasynda onuň hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerinipeýdalanmagynyň çäklendirilmegine;

11) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan boýun gaçyran mahalynda Aragatnaşyk operatory tarapyndan öňünden tölenen pulunyň galan möçberiniň gaýtarylyp berilmegine;

12) ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň şertnamasynda bellenilen tertipde ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan boýun gaçyrmaga;

13)buýrulan ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatyndan boýun gaçyrylmagynyň mümkinçiligi we tertibi hakynda maglumat almaga;

14)Aragatnaşyk operatorlarynyň hukuga ters gelýän hereketleri barada ýokarda durýan edaralara ýa-da kazyýete şikaýat etmäge;

15)Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Aragatnaşyk operatorlaryna, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny edýän fiziki we ýuridik şahslara nägileliklerini, şol sanda ýitginiň öwezini dolmak talaby bilen baglanyşykly nägileliklerini bildirmäge;

16) telefon aragatnaşyk hyzmatlary babatda şu Şertnamany ýerine ýetirmekden bir taraplaýyn tertipde islendik wagtda ýazmaça arza esasynda ýüz döndermäge;

17)Türkmenistanyň kanunçylygynda we telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň şertnamasynda göz öňünde tutulan başga hukuklar.


IV. TARAPLARYŇ BORÇLARY


9."Operator" şulara borçlanýar:

1) Abonente Türkmenistanyň kanunçylygyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnama we şu Şertnama laýyklykda öňüni alyş we bejeriş işlerini geçirmek üçin zerur bolan wagtdan başga wagtda gündelik arakesmesiz aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmeklige;

2) Aragatnaşyk hyzmatlarynyň ulanylmagyna päsgelçilik berýän näsazlyklary bellenen möhletlerde aradan aýyrmaklyga;

3) Abonentlere täze hereket edýän nyrhnamalaryň girizilmezinden 7 (ýedi) iş gün öňünden, nyrhnamalaryň üýtgeýändigi barada habar bermeklige;

4)“Abonente” özüniň şu Şertnama laýyklykda borçlaryny ýerine ýetirenden soňra, abonent belgisini bölüp bermäge we 10 (on) iş gününiň içinde telefon aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanmaga rugsat bermäge;

5) “Abonentiň” sargydy boýunça, “Operatoryň” aragatnaşyk ulgamyndaky telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga päsgelçilik berýän näsazlyklary aradan aýyrmaga;

6)eger abonentiň belgisini çalyşmak zerurlygy garaşylmadyk ýa-da adatdan daşary ýagdaýlar ýa-da “Abonentiň” arzasy sebäpli ýüze çykmadyk ýagdaýynda, “Abonentiň” belgisini çalyşmak zerurlygy ýüze çykan halatynda “Abonente” bu barada 10 (on) iş gün öňünden habar bermäge;

7) aragatnaşyk babatdaky işi ygtyýarnamalar bolan mahalynda amala aşyrmaga;

8) peýdalanyjylaryň ýangyndan goraýyşy, polisiýany, tiz lukmançylyk kömegini, gaz heläkçiligi gullugyny we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga gulluklary çagyrmak üçin umumy peýdalanylýan aragatnaşyk ulgamlaryndan mugt peýdalanmagyna şert döretmäge;

9) bellenilen hil görkezijileri we nyrhlar boýunça aragatnaşyk hyzmatlaryny etmäge;

10) aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylara şertnama baglaşmak üçin gerek bolan, şeýle hem olaryň edýän aragatnaşyk hyzmatlary hakynda gutarnykly maglumat bermäge;

11) aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyja edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasabyny ýöretmäge;

12) edilen aragatnaşyk hyzmatlary hakyndaky ýazgylary olary saklamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletleri geçýänçä saklamaga we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olar hakynda maglumat bermäge;

13)aragatnaşyk ulgamlarynyň adatdan daşary ýagdaýdaky şertlerde işlemäge taýýarlygyny üpjün etmäge;

14) bölünip berlen belgileýiş resursynyň atlarda peýdalanylmagyny üpjün etmäge;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylara aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawynyň kemeldilmeginiň ýa-da olaryň ahyrky enjamynyň öçürilmeginiň mümkindigi hakynda duýduryş bermäge;

16) telekommunikasiýa ulgamlaryndan we bu ulgamlar tarapyndan berilýän maglumatlardan rugsatsyz paýdalanylmagyna ýol bermezlik üçin çäre görmäge;

17) maglumat howpsuzlygyna täsir edip biljek howplar (zyýanly kod, wiruslar, hukuk bozulmalar) aradan aýrylýança, degişli aragatnaşyk ulgamynyň işini togtatmaga ýa-da hukuk bozulmany eden peýdalanyjynyň maglumat ulgamynda ygtyýarlygyny çäklendirmäge;

18) maglumat tehnikalaryny (tehnologiýalary), Internet toruny peýdalanmak arkaly amala aşyrylýan kiberjenaýatçylygyň garşysyna geçirilýän işlere ýardam bermäge;

19) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar tarapyndan dessin-agtaryş çärelerini geçirmek üçin telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynda peýdalanylýan enjamlaryň oturdylmagyny we işlemegini üpjün etmäge. Dessin-agtaryş çärelerini geçirmekde telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynda oturtmak üçin peýdalanylýan tehniki serişdeleriň we enjamlaryň düzümini we sanyny saýlamak dessin-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara degişli bolup durýar;

20) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlaryny ýerine ýetirmäge.

10. "Abonent" şulara borçlanýar:

1) telefon gurnamak boýunça hyzmaty, hereket edýän nyrhnama laýyklykda tölemäge;

2) hereket edýän nyrhnamalara laýyklykda, aragatnaşygynyň hyzmatlary hakynda şu Şertnamada göz öňünde tutulan tölegleri doly möçberde geçirmeklige;

3)operatoryň ygtyýarly wekilini, onuň adyna berlen ýörite nusgadaky şahadatnamasyny görkezip özüni tanyşdyran halatynda, abonentiň enjamlaryny (ahyrky enjamlary) we abonent ulgamynyň ahyrky paýlaýjy enjamlaryny gözden geçirmek, sazlamak, abatlamak we tehniki hyzmat ýerine ýetirmek üçin binalara päsgelçiliksiz girmegini üpjün etmäge;

4) 30 (otuz) iş günden köp bolmadyk möhletiň dowamynda özüniň telefon aragatnaşyk ulgamyna çatylan jaýyna eýeçilik we (ýa-da) peýdalanmak hukugyny bes edýändigi barada, şeýle hem, bellige alnan ýeriniň (kärhananyň adynyň, ýolbaşçysynyň familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň, pasport maglumatlarynyň, telefon, faks belgisiniň) üýtgändigi barada, şeýle üýtgetmeleriň başlan gününden 5 (bäş) iş günüň içinde “Operatora” habar bermäge;

5)telefon aragatnaşyk ulgamyna çatylan otagda bar bolan Abonent liniýasyny we enjamyny abat ýagdaýda saklamak, enjamy ulanmagyň kadalaryny berjaý etmek;

6)telefon liniýasyna bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýjy resminamasy bolmadyk enjamlary birikdirmezlige;

7) telefon liniýasyny we ahyrky enjamlary gurat we abat ýagdaýda saklamaga;

8) telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;

9) bellenilen talaplara laýyk gelýän resminamasy bolan ahyrky enjamy peýdalanmaga;

10) ahyrky enjamyň milli howpsuzlygyň, goranmagyň we hukuk tertibiniň bähbitlerine zeper ýetirýän hukuga garşy gelýän hereketleri amala aşyrmak üçin peýdalanylmagyna ýol bermezlige;

11) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmagyň howpsuzlygyna, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň bitewüligine we özara hereketine, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň habar howpsuzlygyna, radioelektron serişdeleriniň elektromagnit ylalaşyjylygyna wehim salyp biljek, şeýle hem beýleki peýdalanyjylara hyzmat edilende çylşyrymlaşdyryp ýa-da päsgelçilik döredip biljek hereketlere ýol bermezlige;

12) ahyrky enjamlaryň we abonent liniýalarynyň üçünji şahslar tarapyndan peýda görmek maksady bilen peýdalanylmagyna ýol bermezlige;

13)şu Şertnamada, Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň ___-nji(y) ________ _______bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň 2019-njy ýylyň ____-nji(y) ________çykaran _____ belgili buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanda ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanmak hakynda Düzgünnama hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2017-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda 1038 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2016-njy ýylyň 16-njy dekabrynda çykaran224 belgili buýrugy bilen tassyklanan Türkmenistanda aragatnaşygyň umumy peýdalanylýan ulgamy boýunça telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny etmegiň Kadalarynda beýan edilen talaplary berjaý etmeklige.


V. HASAPLAŞYGY GEÇIRMEGIŇ TERTIBI


11. “Operator”“Abonente”“Operatoryň” telefon aragatnaşygynyň toruna ygtyýarlygyň berilmegi üçin hereket edýän nyrhnama laýyklykda töleg alynýar.

12. Telefon aragatnaşygynyň hyzmatlarynyň tölegi nagt ýa-da nagt däl hasaplaşyk görnüşinde hereket edýän nyrhnamalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Tölegleriň tertibi: öňünden (hakujy) tölegiň geçirilmegi görnüşinde bolup biler.

13. “Abonentiň” hasabynyň (Lisewoý) doldurylmagy, töleg üçin resminamalarda görkezilen “Operatoryň” bank hasabyna nagt ýa-da nagt däl görnüşde töleg geçirmek bilen amala aşyrylýar.

14. Tölegiň delili diýlip Operatoryň hasaplaşyk hasabyna tölegleriň geçirilmegi hasap edilýär.


VI. TARAPLARYŇ JOGAPKÄRÇILIGI


15. “Operator” we “Abonent” Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şu Şertnama boýunça özleriniň borçlanamalarynyň ýerine ýetirilmegi boýunça jogapkärçilik çekýärler.

16. “Operatoryň” jogapkärçilikleri şulardan ybarat bolup durýar:

1) telefon aragatnaşygynyň toruna ygtyýarlygy üpjün etmegiň möhletleriniň bozulmagy;

2) aragatnaşyk toruny talabalaýyk derejede saklaman netijede telefon aragatnaşygynyň hyzmatlarynyň hilini pes derejede berilmegi;

3) telefon habarlarynyň syryny bozmak;

4) Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga halatlarda özüneşertnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen baglylykda mälim bolan “Abonent” hakynda maglumatlary ýaýratmagyň kesgitlenen çäklendirmeleriniň bozulmagy.

17. “Abonent” tarapyndan, gurat bolmadyk, tehniki talaplara laýyk gelmeýän enjamyň ulanylmagynyň netijesinde, berilýän hyzmatlaryň hiliniň pese gaçmagyna, hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň möhletleriniň bozulmagyna ýa-da bökdençlikler ýa-da islendik bir ýitgileriň döremegi babatynda “Operator” jogapkärçilik çekmeýär.

18. “Abonentiň” jogapkärçilikleri şulardan yabarat bolup durýar:

1)telefon aragatnaşygynyň hyzmatlarynyň tölenilmezligi;

2)doly däl ýa-da öz wagtynda tölenilmedik töleg;

3)enjamyň ulanyş kadalarynyň berjaý edilmezligi;

4) abonent liniýasyna kesgitlenen talaplara laýyk gelmeýän enjamyň birikdirilmegine goýlan gadaganlygyň berjaý edilmezligi.

19. “Operatora” şu Şertnama boýunça borçlarynyň berjaý edilmezligi, şol sanda abat bolmadyk ýa-da sertifikatlaşdyrylmadyk Peýdalanyjynyň (soňky) enjamynyň ulanylmagy, şeýle hem Operatora degişli bolan enjamyň ýitirilmegi ýa-da zaýalanmagy zerarly ýetirilen zyýanyň öwezini doldurmaga.


VI. TARAPLARYŇ JOGAPKÄRÇILIGI


20. Şu Şertnama gol çekilen senesinden başlap güýje girýär we “Taraplar” tarapyndan şu Şertnama laýyklykda ýatyrylmagyna çenli hereket edýär.

21. Şu Şertnamanyň şertleri “Taraplaryň” ylalaşygy boýunça ýazmaça görnüşde goşmaça ylalaşyk düzülip üýtgedilip bilner we bellenen tertipde resmileşdirilýär. Eger şu Şertnama üýtgedilme girizilmegi bilen “Operatoryň” goşmaça degişli işleri ýerine ýetirmek zerurlygyna getirse, onda bu işler Şertnamanyň şertine üýtgetme girizmäge başlangyç bilen çykyş eden “Tarap” tarapyndan tölenmäge degişlidir.

22. “Abonentiň” telefon aragatnaşyk ulgamyna birikdirilen jaýa eýeçilik hukugy ýa-da ondan peýdalanmak hukugy bes edilen ýagdaýynda (meselem jaýyň satylmagy, sowgat berilmegi we ş.m. ýagdaýlar) “Abonent” bilen şu Şertnama ýatyrylýar.


VIII. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER


23. Şu Şertnama 2 (iki) nusgada düzüldi, olaryň her biriniň birmeňzeş hukuk güýji bardyr. "Taraplaryň" her birinde şu Şertnamanyň bir nusgasy saklanýar.

24. "Abonent" isleg bildiren halatynda “Abonentiň” ýazmaça arzasy boýunça telefon aragatnaşyk ulgamyna çatylan jaý kärendä (kömekçi kärendä) berlen ýagdaýynda şu Şertnamanyň hereketi kärende (kömekçi kärendä) şertnamanyň hereket edýän möhletine, wagtlaýyn saklanylýar. Şeýle ýagdaýda jaýyň kärendeçisiniň (kömekçi kärendeçiniň) arzasy boýunça onuň bilen kärende (kömekçi kärendä) şertnamanyň hereket edýän möhletine, şertnama baglaşylýar we bu maksatlar üçin şu Şertnama esasynda abonente bölünip berlen belgisi Kärendeçiniň (kömekçi kärendeçiniň) adyna hereket edýän nyrhnama laýyklykda wagtlaýyn resmileşdirilýär.

25. Taraplaryň arasynda şu Şertnama boýunça ýa-da onuň bilen baglylykda jedeller we düşünişmezlikler ýüze çykan halatynda, gepleşikler geçirmek arkaly çözülýär. Egerde ýüze çykan jedeller we düşünişmezlikler gepleşikler arkaly çözmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda olar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, kazyýet tertibinde çözülmäge degişlidir.


IX. TARAPLARYŇ SALGYLARY


“OPERATOR”

Ady:________________________________________
____________________________________________
Hukuk salgysy: _______________________________
____________________________________________
Bank maglumatlary: ___________________________
____________________________________________
____________________________________________
M.ýe

“ABONENT”

Familiýasy, ady, atasynyň ady_____________________
_____________________________________________
Ýaşaýn ýeriniň salgysy __________________________
_____________________________________________
Pasport maglumatlary ___________________________
_____________________________________________
_____________________________________________
M.ýe

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda 1281 bellige
alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 2020. ÄHLI HAKLAR GORALAN.