Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 237 belgili buýrugy


                                                   TÜRKMENISTANYŇ ARAGATNAŞYK MINISTRLIGI

                                                                             B U Ý R U K  237

 

                      «17» oktýabry 2018 ý.                                                                          Aşgabat şäheri

 

"Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň sistemasynda graždanlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna garamagyň hem-de olary hasaba almagyň tertibi hakyndaky Gollanmany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 1997-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda çykaran 178 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda

 

         “Raýatlaryň ýüz tutmalary we olara garamagyň tertibi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň güýjüni ýitiren diýip ykrar edilmegi bilen baglylykda,

 

                                                                                BUÝURÝARYN:

 

         1. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrliginde 1998-nji ýylyň 16-njy iýunynda 169 bellige alyş belgisi bilen bellige alnan, “Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň sistemasynda graždanlaryň tekliplerine, arzalaryna we şikaýatlaryna garamagyň hem-de olary hasaba almagyň tertibi hakyndaky Gollanmany tassyklamak barada” Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 1997-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda çykaran 178 belgili buýrugyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

         2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

         3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň orunbasarlary Ý.Saryýew, N.Rejebow, N.Aýnazarow we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Işgärler bölüminiň başlygy E.Myradowa gözegçilik etmeli.

 

                                                      Ministr                                                                    B. Öwezow    

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2018. ÄHLI HAKLAR GORALAN.