Poçta kadalary


I.Umumy düzgünler

  1. Şu Poçta kadalary (mundan beýläk-Kadalar) “Aragatnaşyk hakynda”  Türkmenistanyň Kanunynyň (mundan beýläk-Kanun), Bütindünýä poçta birleşmesiniň (mundan beýläk-BPB-niň) namalarynyň esasynda işlenip düzüldi. Şu kadalar umumy ulanylýan poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýan Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň we bu hyzmatlardanpeýdalanyjylaryň arasynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär,poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny etmegiň kadalaryny hem-de Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň we poçta aragatnaşygyndan peýdalanyjylaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.

    Poçta aragatnaşyk kadalary, “Aragatnaşyk hakyndaky”Türkmenistanyň Kanunynda, Gümrük kodeksinde, Türkmenistanyň  howa ýollary boýunça poçta ugratmalary daşamagyň kadalaryna, Demir ýol ulaglary boýunça poçta ugratmalary daşamagyň kadalaryna we BPB-niň namalaryna laýyklykda poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekligi üpjün edýär.

    Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, pul geçirmelerini amala aşyrmak boýunça degişli ytyýarlyklary Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň başlygynyň 2015-nji ýylyň 22-nji iýunynda çykaran 253-iş belgili buýrugy bilen tassyklanan “Türkmenistanda kassa amallaryny ýöretmegiň Tertibine” gollanýar we BPB-niň namalarynyň 2,3,4-nji bölümlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
     
  2. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu düşünjeler ulanylýar:
    1. «Poçta aragatnaşyk operatory» –degişli ygtyýarnamanyň esasynda poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny edýän/ýerine ýetirýän ýuridik ýa-da fiziki şahs;
    2. «Iberiji» –poçta arkaly ugratmalary ýa-da pul geçirimini ugratmak üçin tabşyrýan ýuridik ýa-da fiziki şahs;
    3. «Hat»–ýazmaça habarly we (ýa-da) resminamaly poçta bukjasy görnüşindäki poçta arkaly ugradyş, onuň ölçegleri, agramy we gaplanyş usullary şu kadalarda göz öňüne tutulan;
    4. “Ugratma”– Türkmenistanyň kanunçylygy bilen daşalmagy gadagan edilmedik içine salnan zady poçta aragatnaşygy arkaly ugradyş, onuň ölçegi, agramy we gaplanyş usullary şu Kadalarda bellenilen;
    5. «Abonement gutusy»– müşderi üçin niýetlenilen ýörite tölegli  poçta gutusy.
    6. «Abonent poçta gutusy»–adresat tarapyndan  poçta ugratmalaryny almak üçin ýaşaýyş jaýlarynda, şeýle-de oba ýerleriniň poçta gowşuryş meýdançalarynda oturdylýan ýörite gulplanýan gutulary bolan şkaf; 
    7. «Adresatlar» –poçta ugratmasy ýa-da pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmaty özleri üçin niýetlenilen aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjylar; 
    8. «Banderol»–içinde döwürleýin ýa-da çap edilen neşirli, resmi kagyzly we ş.m. poçta ugratmalary, olaryň içine salnan zatlar, ölçegleri, agramy we gaplanyş usuly şu kadalara laýyklykda kesgitlenýär. Halkara poçta alyş-çalşygynda – içinde döwürleýin we çap edilen neşirli poçta ugratmalary («М» halta).
    9. «Içki poçta ugratmasy» - (içki pul geçirimi)  – Türkmenistanyň çäginde ugratmak we adresata gowşurmak üçin kabul edilýan poçta ugratmasy (pul geçirimi);
    10. «Poçta ugratmasyny gowşurmak»– adresatyň hut özüne  ýa-da onuň kanuny wekiline ýa-da ynanç haty esasynda ynanylan şahsa poçta ugratmasyny gowşurmak;  
    11. «Poçta töleginiň döwlet nyşanlary»–ygtyýarlylandyrylan edara tarapyndan ulanyşa girizilýan, poçta aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlarynyň tölegini tassyklaýan poçta markalary, bloklar, bellik edilen bukjalar, poçta kartoçkasy,  hatlary frankirleme (italýan dilinden boşatmak, latyn dilinden tölegsiz diýen manyny aňlatmak bilen poçta ýygymyny öňünden tölemegiň görnüşi bolup poçta aragatnaşyk hyzmatynyň tassyklanan nyrhyna laýyklykda tölegiň geçirilenligini güwälendirýän poçta markasyny, basma ýa-da oýup ýazylan ýazgy görnüşinde ýerine ýetirilen ýazgy, kod görnüşinde sanlary, ýa-da elde ýerine ýetirilen ýazgy ýa-da golçekme) bilen galdyran yzy we beýleki belgiler;
    12. «Poçta aragatnaşygynyň şertnamalaýyn hyzmatlary»–şertnamalaýyn esasda poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalary tarapyndan edilýan hyzmatlar (ugratmalary kabul etmek, işläp taýýarlamak, daşamak we bermek, çap edilýän neşirleri ýaýratmak, telefon arkaly gepleşikleri, telegraf  habarlaryny kabul etmek we ugratmak boýunça hyzmatlary etmek, jemagat hyzmatlary üçin tölegi kabul etmek we Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan rugsat berlen beýleki işleri ýerine ýetirmek);
    13. «Poçta aragatnaşygynyň goşmaça hyzmatlary»–goşmaça töleg üçin poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalary tarapyndan edilýan hyzmatlar (poçta arkaly ugradyşda, pul geçirimde ýazuw habaryny we salgyny ýazmak, poçta ugratmalaryň we pul geçirimleriň gowşurylmagy barada habary doldurmak. Poçta ugratmasyny gaplamak, saklamak we öýe eltmek);
    14. «Poçta ugratmalaryny, pul geçirimlerini we hatlary eltmek (gowşurmak)»–hasaba alynýan poçta ugratmalary ýa-da pul geçirimleri bolan poçta arkaly ugratmalaryň, pul geçirimleriň, hatlaryň  bellenen ýeriň poçta aragatnaşyk kärhanasyndan adresatyň abonement ýa-da abonent poçta gutusyna ýa-da  onuň ýaşaýan ýeriniň salgysy boýunça gowşurmak üçin ýerini üýtgetmekden  ybarat bolan önümçilik işi;
    15. «Sargytly poçta ugratmasy» - iberijä töleg haty berilmek arkaly kabul edilýän we adresata dil hata gol çekdirilip berilýän poçta ugratmasy (hat, banderol, kiçi paket we “M” halta);
    16. «Halkara poçta alyş-çalyşy geçirilýän ýeri» - daşary ýurtlardan gelip gowuşýan we Türkmenistanda kabul edilen halkara poçta ugratmalaryny işlenip taýýarlanmagy, şeýle-de olaryň ugradylyşy boýunça bellenilen ýere ibermegi amala aşyrýan poçta aragatnaşygynyň kärhanasy;   
    17. «Atly zat» –  resminamalara ýa-da poçta ugratmalary poçta aragatnaşyk kärhanasynyň adyny, poçta ugratmasynyň kabul edilen wagtyny ýa-da eltip berilmegini  görkezmek bilen resminamalara we poçta ugratmalarynda  möhürleri goýmak üçin gural (ştamp);
    18. «Başga şäherden gelen  poçta ugradyşy (başga şäherden gelen pul geçirimi)»– adresata bir şäheriň, etrap merkeziniň ýa-da şäherçäniň, oba ýerinde bolsa poçta aragatnaşygynyň bir kärhanasynyň hyzmat edilýan çäginden çykyp daşamak we eltmek (gowşurmak)  üçin kabul edilýän içki poçta arkaly ugradyş (içki pul geçirimi);
    19. «Poçta ugratmalaryny we pul geçirimlerini gowşurmak» - adresatyň hut özüne ýa-da onuň kanuny wekiline ýa-da ynanylan şahsa poçta ugratmalaryny, pul geçirimlerini bermekden ybarat bolan önümçilik işi;
    20. «Poçta ugratmalarynyň topary»–poçta arkaly ugradyşyň  (ýönekeý, buýurma esasynda, habar edilen gymmatlylygy bilen, adaty) tertibini we kabul edilmeginiň şertlerini, işlenip taýýarlanylmagyny, geçirilmegini we eltip berilmegini (gowşurylmagyny) kesgitleýän alamatlaryň jemi;
    21. «Halkara poçta arkaly ugradyş» – Türkmenistanyň çäginden ugratmak ýa-da Türkmenistana gelýän ýa-da bir daşary ýurtdan beýleki daşary ýurda üstaşyr geçelge arkaly  Türkmenistanyň çäginden geçýän poçta arkaly ugradyş;
    22. «Halkara jogap kupony»–ýönekeý halkara hatyň iň az tölegli görnüşindäki   howa ulaglary tarapyndan geçirilýän agramy 20 grama golaý bolan Bütindünýä poçta birleşigi tarapyndan ulanyşa girizilýan, Bütindünýä poçta birleşiginiň agzasy bolan dürli ýurtlaryň poçta markalaryna çalyşmaga degişli bolan resminama;
    23. «Ilatyň goýumlarynyň saklanylmagyny üpjün etmek» – aragatnaşyk  operatory  bilen peýdalanyjynyň   arasynda baglaşylan   şertnama  laýyklykda takyklanan  goýmy  yzyna gaýtaryp  bermek;
    24. «Poçta ugratmalaryny işläp taýýarlamak»– poçta ugratmalaryny öz eýesine ugratmakwe eltmek (gowşurmak) boýunça taýýarlygy üpjün edýän poçta ugratmalary bilen amala aşyrylýan önümçilik işleri;
    25. «Iş penjiresi» –hyzmatlary buýurýan we (ýa-da) peýdalanýan şahsa hyzmatlaryň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini operatoryň önümçilik binasyndaky iş ýeri;
    26. «Iş güni» –bellenen ýyllyk iş senenamasynyň dowamynda poçta aragatnaşyk operatorynyň poçta hyzmatlaryny etmegi;
    27. «Iberiji» –poçta arkaly ugratmalary ýa-da pul geçirimini ugratmak üçin tabşyrýan ýuridik ýa-da fiziki şahs;
    28. «Poçta ugratmasynydaşamak» – poçta ugratmasyny ugradyş nokadyndan poçta aragatnaşyk operatorynyň önümçilik desgalaryna eltmek ýa-da adresata gowşurmak üçin  bellenen ýere daşamak;  
    29. «Poçta ugratmasyny işläp geçirmek» –poçta ugratmasyny kabul etmek, işläp taýýarlamak, geçirmek, eltmek we (ýa-da) gowşurmak boýunça işleriň jemi;
    30. «Ýazmaça hatlar» – ýönekeý we hasaba alnan hatlary, poçta kartoçkalary, banderollar we kiçi paketler görnüşindäki poçta arkaly ugradyşlar;
    31. “Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjy (mundan beýläk - peýdalanyjy)” – poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny buýurýan we (ýa-da) peýdalanýan şahs; 
    32. Poçta aragatnaşygy”– poçta aragatnaşyk ulgamy poçta ugratmalarynyň, pul serişdeleriniň, şol sanda maksatlaýynniýetlenen beýleki tölegleriň kabul edilmegini, saklanylmagyny, işlenilmegini, daşalmagyny (berilmegini), eltilmegini (gowşurylmagyny), döwürleýin metbugatyň şertnamalaýyn esasda eltilmegini we ýaýradylmagyny hem-de beýleki goşmaça hyzmatlaryň edilmegini üpjün edýän poçta aragatnaşyk obýektleriniň we poçta aragatnaşyk operatorlarynyň poçta ugurlarynyň jemi;
    33. “Poçta işi”– poçta ulgamlary arkaly poçta hyzmatlaryny ýerine ýetirmek;
    34. “poçta kartoçkasy”– ýörite standart resmikagyzyna ýazylýan ýazmaça habarly poçta ugratmasy;
    35. “Poçta tory” – poçta aragatnaşyk operatorlary tarapyndan poçta aragatnaşyk hyzmatlary ýerine ýetirilende ulanylýan önümçilik binalaryň we poçta ugurlarynyň jemi;
    36. “Poçta aragatnaşyk ulgamy” –poçta ugratmalarynyň, pul serişdeleriniň, şol sanda maksatlaýynniýetlenen beýleki tölegleriň kabul edilmegini, saklanylmagyny, işlenilmegini, daşalmagyny (berilmegini), eltilmegini (gowşurylmagyny), döwürleýin metbugatyň şertnamalaýyn esasda eltilmegini we ýaýradylmagyny hem-de beýleki goşmaça hyzmatlaryň edilmegini üpjün edýän poçta aragatnaşyk obýektleriniň we poçta aragatnaşyk operatorlarynyň poçta ugurlarynyň jemidir.
    37. Poçta ugratmasy - degişli gaplara gaplanan hatlar we poçta kartoçkalar, banderollar we kiçi  paketler, posylkalar, neşirler.
    38. “Poçta salgysy ( mundan beýläk – salgy)” – poçta arkaly ugradyşy we pullaryň poçta arkaly geçirimini etmek üçin poçta aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlaryndan peýdalanyjy tarapyndan kesgitlenýän ýer;
    39. “Poçta san görkezijisi”–poçta arkaly ugradyşyň we pul geçirimleriň kabul edilmegini we eltip berilmegini amala aşyrýan poçta aragatnaşygynyň desgasyna berilýän poçta salgysynyň şertli san görkezijisi;
    40. “Pul serişdelerini poçta arkaly geçirmek (poçta geçirimi)” – poçta aragatnaşyk serişdeleriniň kömegi bilen amala aşyrylýan pul serişdelerini geçirmek;
    41. “Poçta möhüri (ştempel)” – resminamalara we poçta ugratmalaryna bellikli möhürleri basmak üçin gural:
       
      1. Ugradyş ýerinde poçta ugratmasynyň kabul edilmegini amala aşyrýan önümçilik desgasynyň ady;
      2. Poçta ugratmasynyň kabul edilmeginiň senesi we wagty, bellenilen ýerde poçta ugratmasynyň kabul edilmegini amala aşyran önümçilik desgasynyň ady;
      3. Poçta ugratmasyny almaklygyň senesi we wagty, şeýle-de adresata poçta ugratmasyny eltip beren we (ýa-da) gowşuran önümçilik desgasynyň ady;
      4. Eltip berilmeginiň we (ýa-da) gowşurylmagyň senesi we wagty;
         
    42. “Poçta gutusy”– hatlary we poçta kartoçkalaryny ýygnamak üçin niýetlenen ýörite gulplanýan abonement poçta guty;
    43. “Daýanç nokadynyň poçta şkafy”– hat gatnadyjylaryň gowşuryş nokady üçin niýetlenen bellibir ýerde oturdylýan poçta şkafy; 
    44. Poçta ugratmasyny (pul geçirimi) kabul etmek”– poçta aragatnaşygynyň desgasy tarapyndan iberijiden kabul edilen poçta ugratmasyny (pul geçirimini)  taýýarlamakdan ybarat bolan önümçilik işi;
    45. “Poçta aragatnaşygynyň bölümleri” –öz ygtyýarlyklarynyň çäklerindäki hyzmatlary ýerine ýetirýän poçta aragatnaşygynyň özbaşdak bölümleri (poçta merkezleri, demirýol beketleriniň we howa menzilleriniň ýanyndaky poçta geçiriliş meýdanlary, poçta alyş-çalyş nokatlary, poçta aragatnaşygynyň merkezleri, poçta aragatnaşygynyň nokatlary);
    46. “Gowşurylmadyk poçta ugratmalary” –  adresata kesgitlenen möhletde eltip berilmedik, iberijiniňsalgysynyň ýokdugy netijesinde iberijä gaýtaryp berilmedik poçta ugratmalary;
    47. “Hasaba alynýan poçta ugratmasy” – iberijätöleg hatynyň berilmegi bilen kabul edilýän we adresata ýazyp hasaba almak bilen gowşurylýan poçta ugratmasy;
    48. “Poçta aragatnaşygynyň serişdeleri” –poçta ugratmalaryny döretmek, kabul etmek, işlemek, saklamak, gowşurmak, eltmek üçin peýdalanylýan tehniki we programma serişdeleri, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlary edilende ýa-da aragatnaşyk ulgamlarynyň işlemegi üpjün edilende peýdalanylýan beýleki tehniki we programma serişdeleri;
    49. “Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryna degişli nyrhlar” – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenen poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň töleginiň möçberi;
    50. “Çapar poçtasynyň hyzmatlary”– çaparyň (çapariň) ulanylmagy bilen hödürlenýän poçta ugratmalaryň geçirilmegi we gowşurylmagy boýunça poçta aragatnaşyk hyzmatlary;
    51. “Poçta aragatnaşyk hyzmatlary” – poçta ugratmalary, şeýle-de pul serişdeleriniň poçta we telegraf arkaly geçirimlerini kabul ediş, işläp taýýarlaýyş, geçiriş we gowşuryş boýunça iş;
    52. “Içerki tizleşdirilen poçta ugratmasy” – içinde hat-habarlar, çap edilen neşirler, pul resminamalary bolan tizleşdirilen poçtanyň ulgamy boýunçaugradylýan poçta ugratmalary;
    53. “Faksimil ulgamynyň hyzmatlary” – ýörite enjam arkaly kagyz göterijisinde ýerine ýetirilen sözleri we şekilleri telefon ýollary arkaly geçirmekden ybarat bolan aragatnaşygyň hyzmatlary;
    54. “Halkara tizleşdirilen poçta ugratmasy” – içinde  hat-habarlar, çap edilen neşirler, pul resminamalary bolan poçta arkaly ugradyşlar, olaryň kabul edilmegi, işlenip taýýarlanylmagy we eltip berilmegi Bütindünýä poçta birleşiginiň namalaryna laýyklykda “ЕМS” tizleşdirilen ulgam boýunça amala aşyrylýar;
    55. “EMS hyzmatlary”– Bütindünýä poçta birleşiginiň namalarynda kesgitlenen möhletde we tertipde ugadylýannyşan belgili (logotipli) poçta ugratmalaryny kabul etmek, işläp taýýarlamak, daşamak we eltmek (gowşurmak) hyzmatlaryny kesgitlenen tertipde ýerine ýetirmäge ygtybarly poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan amala aşyrylýan iş.
    56. “Elektron poçtasynyň hyzmatlary”– peýdalanyjylara kagyz göterijileri ulanman  habarlar ýa-da resminamalar alyşmaga mümkinçilik berýän aragatnaşyk hyzmatlary;
    57. “Pul serişdeleriniň geçirimi” – iberijiniň poçta aragatnaşyk kärhanasyna adresata bermekligi tabşyrýan puluň möçberiniň görkezilmegi bilen resmileşdirilen ýörite blank görnüşindäki ugratmasy;
    58. “Kiçi paket”– harytlaryň görnüşleriniň nusgalary ýa-da kiçiräk zatly halkara poçta ugratmalary, onuň içine salyp bolýan zady, ölçegi, agramy we gaplanyş usuly şu Kadalarda bellenilen; 
    59. “Goşmaça töleg bilen poçta ugratmasy” – poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň arasynda geçirilýän bahasy goýlan poçta arkaly ugradyş, onuň eltip berilmeginde iberiji poçta aragatnaşyk kärhanasyna adresatdan iberiji tarapyndan bellenilen puly almaklygy we iberijiniň salgysy boýunça ugratmaklygy tabşyrýar; 
    60. “Bahasy goýlan poçta ugratmasy”– içine salnan zadyň iberiji tarapyndan kesgitlenýan bahasy bilen kabul edilýän poçta ugratmasy;
    61. “Gowşurylmagy barada habar bilen poçta ugratmasy(poçta geçirimi) (halkara poçta alyş-çalşynda – “gowşurylmagy barada habar bilen) – poçta ugratmasy (poçta arkaly geçirim), onuň eltip berilmeginde iberiji poçta aragatnaşygynyň operatoryna iberijä ýa-da onuň ynanylan wekiline poçta ugratmasy (poçta arkaly geçirimi) haçan we kime gowşurylandygyny (tölenendigini) habar bermegi tabşyrýar;
    62. “М" halta”– bir iberiji tarapyndan şol bir salga ugradylýan we öz içine çap edilen neşirleri alýan halkara poçta ugratmasy (ýörite halta);
    63. “Adaty poçta ugratmasy” – içine salnan zadyň bahasy görkezilmän, iberijä töleg haty berlip kabul edilýän we adresata gol çekdirilip gowşurylýan poçta ugratmasy, ugratma;
    64. “Awia ugradyşlar”–tutuş ýolda ýa-da onuň aýratyn böleklerinde howa ulaglary arkaly geçirimi amala aşyrylýan poçta ugratmasy.

      II.Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalary
       
  3. Poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalary esasy hyzmatlardan başga peýdalanyjylara poçta aragatnaşygynyň şertnamalaýyn esasda goşmaça hyzmatlaryny hödürleýärler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýlekiişleri amala aşyrýarlar. 
     
  4. Poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň girelgesinde at ýazgylary (döwlet dilinde, zerur bolanda beýleki dillerde) görkezilmegi bilen poçta indeksi, iş tertibi, şeýle-de poçta gutusy ýerleşdirilýär.
     
  5. Poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň içinde görünýan ýerdepeýdalanyjynyň ilkinji talaby boýunça berilýän arzalaryň we şikaýatlaryň kitaby, şeýle-de poçta aragatnaşygynyň ady, salgysy we operatorynyň telefony barada maglumat ýerleşdirilen bolmalydyr.
     
  6. Maglumatlar tagtasynda şu aşakdakylar ýerleşdirilmelidir:
     
    1. degişli poçta aragatnaşyk kärhanasynyň indeksi we salgysy;
    2. ýerine ýetirilýän hyzmatlar we olara degişli nyrhlar;
    3. poçta ugratmalaryň ugradylyş tertibi;
    4. poçta ugratmalarynda daşalmagy gadagan edilýän goýumlaryň sanawy;
    5. agramy 10 kg-dan geçýan ugratmalaryň kabul edilişini we berilmegini amalaaşyrýan poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň ýerleşýän ýeri (salgysy);
    6. poçta ugratmalarynyň geçirilmeginiň we eltip berilmeginiň möhleti;
    7. peýdalanyjylaryň aýratyn toparlaryna degişli ýeňillikler;
    8. poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň we poçta aragatnaşygyndan peýdalanýan peýdalanyjylaryň hukuklary, borçlary we jogapkärçiligi;
    9. poçta kodlary;
    10. peýdalanyjylaryň aýratyn toparlaryna hyzmat etmekdeartykmaçlyklar;
    11. poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek kadalary bilen tanyşmakmümkinçiligi barada;
    12. poçta aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň we beýlekiresminamalaryň  öňündäki jogapkärçilik.
       
  7. Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmeginiň kadalary, hatlaryň we ugratmalaryň geçirilmeginiň gözegçilik möhletleri barada maglumat, halkara poçta ugratmalaryny kabul etmek boýunça gollanma poçta aragatnaşygynyň bölümlerinde ýerleşdirilmelidir we peýdalanyjylaryň haýyşy boýunça tanyşmak üçin olara berilmelidir. 
     
  8. Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň iş tertibi: peýdalanyjylar bilen işleşmegiň başlanýan we tamamlanýan wagty döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp kesgitlenýär hem-de poçta aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjalara oňaýly tertipde amala aşyrylýar.
     
  9. Poçta aragatnaşygynyň döwlet kärhanalarynda poçta ugratmalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini almak üçin abonement gutulary ýerleşdirilip bilner. Abonement gutulary belli bir wagta töleg esasynda ulanylmaga almak üçin fiziki ýa-da ýuridik şahs  wagtynyň görkezilmegi we peýdalanyjynyň salgy maglumatlarynyň görkezilmegi bilen Türkmenistanyň poçta aragatnaşygynyň kärhanasynyň ýolbaşçysynyň adyna arza berýär.
     
  10. Birnäçe adresat bolup bir abonement gutusyny ulanmaklyga, şeýle-de abonement gutusyny başga şahslara ulanmak üçin bermeklige ýol berilmeýär.
     
  11. Abonement gutusynynda täze gulplary goýmak we açarlary çalyşmak, şeýle-de peýdalanyjynyň geleňsizligi netijesinde gulplaryň we abonement gutularyň zaýalanmagynyň netijesinde olaryň abatlaýyş işleri peýdalanyjynyň hasabyna amala aşyrylýar.
     
  12. Peýdalanyjylaryň (fiziki ýa-da ýuridik şahsyň) abonent poçta gutusyny ulanmakdan boýun gaçyrmagyndan ýa-da abonirlemegiň möhleti geçeninden soň gelen poçta ugratmalary iberijiniň salgysy boýunça yzyna gaýtarylýar, salgysy ýok ýagdaýda “alynmadyk” poçta ugratmalaryň hataryna geçirilýär. Peýdalanyjynyň arzasy boýunça poçta ugratmalary abonent tarapyndan gaýtadan görkezilen salgysyboýunça 1 aýyň dowamynda ýollanyp bilner.
     
  13. Abonent poçta gutusy peýdalanyjy tarapyndan ulanylmakdan boýun gaçyrylan halatynda ýa-da abonirlemäniň möhletiniň tamamlanmagy bilen beýleki peýdalanyjy tarapyndan abonirlenip bilner.

    III. Poçta aragatnaşyk hyzmatlary
     
  14. Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryna şu aşakdakylar  degişlidir:
    Türkmenistanyň Poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyňdöwürleýin metbugaty ugratmak, eltmek we ýaýratmak, belli bir maksadaniýetlenen tölegleri eltmek, pul serişdeleriniň geçirilmegi boýunça amallary ýerine ýetirmek boýunça hyzmatlary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda rugsat berlen beýleki goşmaça hyzmatlar şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar;
     
  15. Hasaba alynýan poçta arkaly ugratmalary daşamak boýunça hyzmatlar, olara şu aşakdakylar degişlidir:
     
    1. buýurma haty;
    2. buýurma poçta kartoçkasy;
    3. buýurma banderoly;
    4. bahasy goýlan banderollar;
    5. kiçi paket;
    6. "М" halta;
    7. ýönekeý ugratma;
    8. bahasy goýlan ugratma;
    9. göni poçta konteýneri.
       
  16. Tizleşdirilen we çapar (çapar) poçtasynyň, ЕМS poçtanyň hyzmatlary.
     
  17. Pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmaty, ýagny poçta tory boýunça bellenilen nusgadaky iş kagyzynyň ulanylmagy bilen amala aşyrylýan pul geçirimi degişlidir.
     
  18. Abuna ýazylyşygynyň atly ýazgylar kitabyboýunça ýazylyşyga kabul etmekden, sargytlary resmileşdirmekden, çap edilýan neşirleri ugratmakdan, daşamakdan we eltmekden ybarat bolan ýazylyşyk boýunça döwürleýin neşirleri ýaýratmak hyzmaty; bölekleýin söwdadan ybarat bolan döwürleýin çap edilýan neşirleriň satylmagy.
     
  19. Şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýan poçta aragatnaşygynyň goşmaça hyzmatlaryna şu aşakdakylar degişlidir:
    1. poçta arkaly ugratmalary öýde kabul etmek;
    2. aragatnaşyk operatorynyň önümçilik binalarynda berilmäge degişli bolanpoçta ugratmalary öýe eltmek;
    3. abonent we abonement gutularyny ulanyşa bermek;
    4. poçta ugratmasynyň ýany bilen ugradylýan blanklary doldurmak; 
    5. poçta arkaly ugratmalary gaplamak;
    6. poçta arkaly ugratmalary saklamak; 
      1. ýerine ýetirilmegi poçta aragatnaşyk hyzmatlary bilen berk baglanyşyklyhyzmatlary, şol sanda elektron poçta(ýagny, Internet arkaly ýörite Microsoft Outlook, Outlook Express, Mozilla Thunderbird, The Bat we başga)programma üpjünçiliginiň üsti bilen peýdalanyjylara berilýän hyzmat) we  faksimilaragatnaşyk(Faks (iňlis dilinde gysgaça Fax, latyn dilinde fac simile, «şeýle görnüşde et», «şeýle et»), Faksimil aragatnaşyk — elektrik signallaryň kömegi bilen şekilleri geçirmegiň telekommunikasion tehnologiýasy. Taryhy taýdan telegraf aragatnaşygyna girmek bilen elektik aragatnaşygynyň bir görnüşini aňlatýar) hyzmatlary.
         
    • Elektron poçta hyzmatlary şu aşakdakylara bölünýär:
      1. elektron göterijide peýdalanyja berilýän we (ýa-da) peýdalanyjynyň şahsy kompýuterine geçirilýän elektron habar;
      2. aýratyn tapgyrda ýönekeý ýa-da buýurma hat görnüşinde geçirilýän elektron habar (gibrid ugradyş).​
    • Faksimil ulgamynyň hyzmatlary şu görnüşlere bölünýär:
      1. aragatnaşyk operatorynyň önümçilik desgalarynda berilýan açyk faksimil habar;
      2. görkezilen salga ýönekeý ýa-da buýurma hat görnüşinde eltip berilýan ýapyk faksimil habar.

        IV. Peýdalanyjylara poçta aragatnaşyk hyzmatlary boýunça talaplar we iş gününiň tertibi
         
  20. Ilatly nokatlarda, şeýle-de demir ýol beketlerinde, howa menzillerinde, deňiz (derýa) portlarynda, gämi duralgalarynda, ýolagçylara hyzmat edýän poçta aragatnaşyk göçme nokatlarynda welaýat, etrap, şäher ýerliöz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp, ýönekeý ýazuw hatlaryny ýygnamak üçin niýetlenen abonement gutulary goýulýar. Şeýle-de abonement gutulary Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň girelgesinde goýulýar.
     
  21. Abonement gutularyna poçta edarasynyň nyşany, hatlary almagyň ýygylygy we wagty goýulýar.  Oba ýerlerinde abonement gutularynda poçtanyň bölümçesiniň nyşany, berlen san belgisi, poçta indeksi, hatlaryň alynýan wagty, şeýle-de hatlar alynmaýan günler görkezilýär.
     
  22. Tutuş iş gününiň dowamynda hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynda poçta aragatnaşyk operatory üçin iş penjireleri abzallaşdyrylýar.
     
  23. Türkmenistanyň poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň iş gününiň tertibi we onuň dowamlylygy poçta aragatnaşygynyň tilsimatlaryny hasaba almakbilen peýdalanyjylara oňaýly tertipde kesgitlenýär.

    V. Aragatnaşyk operatorynyň adyna ýazylan aragatnaşyk serişdeleriniň ulanyş tertibi
     
  24. Her bir poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasy adyna ýazylan hususy poçta aragatnaşyk serişdeleribilen üpjün edilýär.
     
  25. Poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň adyna ýazylan hususy poçta pul tölegleri kabul edilen mahaly ulanylýan ýörite poçta möhüri, ätiýaçlyk möhüri, plombirleýän gural, basma guraly, poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň ady ýazylan demir plastina, tugraly barlag-gerb görnüşlimöhür degişlidir.
     
  26. Senenama ştempeli – poçta markalaryna möhür basmak we poçta-telegraf ugratmalarynda, töleg hatlarynda we resminamalarda poçta ugratmasynyň ugradylýan ýerini we ugradylan senäni görkezmek üçin niýetlenen serişde. 
     
  27. Ätiýaçlyk möhüri – gymmaty yglan edilen hatlary we banderollary, ugratmalary, M haltalary, brezent haltalary, şeýle-de ammarlary we gymmatlyklar saklawhanalary sürgüç bilen möhürlemek üçin niýetlenen serişde.
     
  28. Barlag-gerb görnüşli möhür– pul geçirimlerini resmileşdirmek (F-5 depderi, F-10 ýazgyny) we aýratyn düşündirişlere laýyklykda beýleki resminamalary resmileşdirmek üçin niýetlenen. 
     
  29. Iş gününiň başynda aragatnaşyk operatory barlag-gerb görnüşli möhüri,  ätiýaçlyk möhüri, senenama ştempelikabul etmäge, iş gününiň ahyrynda bolsa olary poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň ýolbaşçysyna tabşyrmaga borçludyr.
     
  30. Poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň adyna ýazylan hususy poçta aragatnaşyk serişdeler arassa we talaba laýyklykda saklanylmalydyr.

    VI. Poçta ugratmalaryny resmileşdirmegiň ölçegleri. Poçta ugratmalaryň gaplanmagy
     
  31. Poçta ugratmalaryň gaplanmagy içine goýlanlaryň häsiýetine, geçirilmeginiň şertlerine we ýoluň dowamlylygyna laýyk gelmeli, taýýarlamakda we daşamakda içine goýlanlara zeper ýetmegine, gabygynyň, möhüriniň, plombalarynyň, baglarynyň, ýüpleriniň aýrylmagyna, şeýle-de poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň işgärleri (operatorlary) tarapyndan beýleki zeperleriň ýetirilmegine ýol berilmeli däldir.
     
  32. Bukjalar we poçta kartoçkalary, ugratmalary (banderollary) gaplamak üçin gap şu Kadalaryň we BPB-niň namalarynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.
     
  33. Gap hökmünde şular ulanylýar:
     
    1. Hatlar üçin – poçta bukjalary;
    2. Bahasy goýlan hatlar üçin – poçta bukjalary ýa-da başga kagyz, mata,polietilen bukjalar we içine goýlanlaryň abatlylygyny üpjün edýän beýleki  meňzeş materiallar;
    3. Banderollar we kiçi paketler üçin–polietilenpaketlar, başga kagyz, mata,  abonement gutular, karton gapyrjaklar,  agaç (fanera) ýa-da demir gutylar;
    4. Ugratmalar üçin – ugratma gutulary ( karton, agaç, fanera ýa-da polimer) ýa- da ýumşak daşlar.
       
  34. Poçta ugratmalary gaplamak üçin ulanylýan mata birmeňzeş açyk reňkde bir bitewi bölek bolmalydyr.
     
  35. Içine goýlanlar gabyň içinde ýerini üýtgetmeli däldir. Banderola birnäçe zatlar gaplananda, olar ilkidaňylmalydyr.
     
  36. Agramy 500 gramdan uly bolan ýönekeý we sargytly banderollar inçe kendir sapak bilenhaç görnüşli daňylýar.
     
  37. Banderolyň içine goýlanlar turbajyk görnüşinde dolanan we goşmaça kagyz ýa-da beýleki ýüp bilen berkidilen, zadyň boýy 45 sm uzyn bolanda gaty esasa dolanan bolup biler.
     
  38. Ugratmalaryň içine goýlanlaryň aýratynlygyna baglylykda olaryň gaplanmagynda şu şertler berjaý edilmelidir, olaryň ýerine ýetirilmeginiň zerurlygy barada iberijä habar edilýär: 
     
    1. Döwülgiç we owranýan zatlar gaty gaba gaplanýar we gyryndylar,ýonuşgalar,  gyrymlar, pagta ýa-da beýleki  dolduryjylar guýulýar;
    2. Filmler, dürli kino-surat materiallary we olaryň ýanyndaky çykdajymateriallary (magnit ýüpleri, kompakt-kassetalary, kompakt-diskler) ýörite gabagaplanýar;
    3. Tohumlar, çigitler, maňyzlar, guradylan miweler, un we beýleki ş.m.zatlar berk matalardan tikilen haltalara, ýuka plýonkalara, berk kagyzpaketlerine gaplanmalydyr we gutylara ýa-da karton gaplara salynmalydyr;
    4. Şitiller, üsti mata bilen tikilen sebetlere ýa-da şemallatmak üçin deşikleri bolan gaplara gaplanmalydyr. Sebediň (gabyň) düýbüne berk polietilenden gatlak goýulýar;
    5. Reňkleýji  gurytozlar (anilin sinkasy ýalylar), suwuk ýagdaýa geçip bilýanýagly, akýan zatlar (ýaglar, ýumşak sabyn, şepbik, şireler, ballar we ş.m.) iki gabyň arasynda içindäki zadyň dökülmegine ýol bermeýän degişli gorag we siňdirýän materially ikinji berk gapyrjaga salynýan ýapyk çüýşe däl gaplara gaplanmalydyr;
    6. Janly arylar, sülükler we parazitler gurluşy boşamak mümkinçiliginiň öňünialýan torly deşikli gapyrjaga ýerleşdirilmelidir.  Aryly ugratmalar howa barýan garaňky ýerlerde saklanmaly, şulara meňzeş ugratmalary pugta ýapylýan şkaflara goýmaga ýol berilmeýär;
    7. Kärhananyň işläp taýýarlamagyna sezewar bolmadyk gemrijileriň derisi webaganasy, şeýle-de ýüňi, tüýi, saçy, ýelegi we perisi bilen ugratmalar öňünden mata (halta, polietilen plýonka) gaplanmaly, soňra karton  gutulara salynmalydyr;
    8. Radiolampalar we beýleki takyk ölçeýji enjamlar (we başgalar) ýumşakdolduryjyly berk gaba ýa-da ýörite berkidiji ulgamly gutylara gaplanmalydyr;
    9. Janly ösümlikler (üzüm şahasy, nahallar we başgalar), şeýle-de öňe çykypduran ýerleri bolmadyk, öz ölçegleri sebäpli uly göwrümlidöwülmeýan zatlar daşalmaklyga haltalyklara (matalara) dolanan görnüşinde kabul edilýär;
    10. Öňe çykyp duran ýerleri  bolmadyk, ölçegleri we agramy şu Kadalaryň 1-njigoşundysynda kesgitlenenlerden ýokary bolmadyk bitewi we döwülmeýän,şeýle-de sökülmeýän zatlar (çyzgy tagtalary, çagalar sanileri, çemodanlar, tüňňürler we beýlekiler) açyk ýagdaýda gutylarda ýa-da matalarda geçirilip bilner.Awtomobil tekerleri diňe arassa görnüşde kabul edilýär;
    11. Ter gök önümler we miweler gaty görnüşli ugratmalara gapdalky diwarlaryşemalladýan deşikleri bolan gaba salnan görnüşinde kabul edilýär;
    12. Gymmat bahaly metallaryň gaby agramy 10 kg çenli ugratmalar üçindiwarlarynyň iň pes galyňlygy 1 sm we agramy 10 kg geçýänugratmalar üçin diwarlarynyň iň pes galyňlygy 1,5 sm bolan berk demir gutydan ýa-da agaç gutydan ybarat bolmalydyr. Şeýle-de gap iki gaby emele getirýän tikinsiz 2 haltadan ybarat bolup bilýär. Eger-de faneradan ýasalan agaç gaplar ulanylýan bolsa bu gutylaryň gyralary burçluklar bilen berklenende, olaryň galyňlygy 5 mm bilen çäklendirilip bilner;
    13. Bellenilen ölçeglere laýyk gelýän we içine goýlanlaryň abatlylygyny üpjün edýän kärhana gabyndaky (agaç ýa-da berk kagyz gaplardaky)bölünmeýän zatlary  ýerüsti ulag bilen daşamak üçin goşmaça gapsyz kabul etmeklige ýol berilýär.
       
  39. Poçta ugratmalary gaby iberiji tarapyndan saýlanylýar we içine goýlanlaryň häsiýetine, daşamaklygyň şertlerine we dowamlylygyna gabat gelmelidir, poçta aragatnaşyk işgärleriniň-operatorlarynyň durmuşyna we saglygyna zeper ýetirmek, taýýarlamakda we daşamakda içine goýlanlaryň zaýalanmak, beýleki poçta ugratmalaryna zeper ýetirmek mümkinçiligini aradan aýyrmalydyr.

    Poçta ugratmalarynda, poçta pul geçirmelerinde salgyny resmileşdirmegiň tertibi
     
  40. Poçta ugratmalarynda we ýany bilen iberilýän blankalarda, poçta pul geçirmelerinde ähli salgy maglumatlary elde (ýa-da bolmasa çap etmek görnüşi ýa-da başga çap edýän tehnikanyň ulanylmagy bilen) düşnükli, düzedişsiz, gysgaldylan atsyz we şertli harpsyz ýazylýar. Poçta ugratmalaryna ak kagyzyň ýüzünde çap edilen ýa-da elde ýazylan salgy ýarlyklaryny ýelmemek bolýar.
     
  41. Kodly möhürçeli (ştamply) hatlarda we poçta kartoçkalarynda adresatyň poçta indeksi gyzyl, sary we ýaşyl reňklerden başga dürli reňkli syýalar bilen san görnüşinde ýazylýar.
     
  42. Poçta ugratmalarynda we ýany bilen ugradylýan blankalarda, poçta pul geçirmeleriniň blankalarynda iberijiniň we adresatyň salgysynyň görkezilmegi iberijiniň we alyjynyň diňe bir salgysynyň görkezilmegi bilen iberiji tarapyndan amala aşyrylýar.
     
  43. Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň ilatly nokadynyň salgysy bolup duran iberijiniň salgysy görkezilýär.
     
  44. Salgyny ýazmak şu aşakdaky tertipde amala aşyrylýar:
     
    1. Fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady ýa-da ýuridik şahsyň ady;
    2. Merkezi ýa-da kiçi etrapçanyň, köçäniň ady, jaý, otag belgisi;
    3. Ilatly nokadyň ady (şäheriň, şäherçäniň, obanyň);
    4. Etrabyň ady; 
    5. Welaýatyň ady; 
    6. Ýurduň ady ( halkara ugratmalary üçin);
    7. Poçta indeksi;
    8. Almagy tizleşdirmek üçin iberiji adresatyň (iberijiniň) öý, öýjüklitelefonynyň belgisini, elektron poçtasynyň salgysyny görkezip bilýär. 
       
  45. Iberijiniň salgysy poçta ugratmasynyň ýokarky çep burçunda, adresatyň salgysy poçta ugratmasynyň aşaky sag tarapynda görkezilýär. Salgy setirler çep tarapdan deňlenmeli.
     
  46. Poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň mahabat ulgamyndaky kanunçylygynda kesgitlenen tertipde aragatnaşyk operatorynyň, şeýle-de  peýdalanyjylaryň mahabaty ýerleşip bilýär.
     
  47. Poçta ugratmalary, poçta pul geçirimleri, faksimil aragatnaşygynyň we elektron poçtanyň ugratmalary adresatyň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýuridik şahsyň adynyň görkezilmegi bilen “Talap edip alýança”  diýip ýa-da “Peýdalanyjynyň gutusyna” iberilip bilinýär.
     
  48. Türkmenistanyň çäginde geçirilýän poçta ugratmalary, pul serişdeleriniň poçta geçirimleri döwlet dilinde resmileşdirilmelidir.
     
  49. Halkara poçta ugratmalarynda we halkara poçta geçirimleriniň blankalarynda  salgy latyn harplary we arap sanlary ýa-da ýurduň adyny hökmany gaýtalamak bilen döwlet dilinde ýazyp, bellenen ýurduň dilinde ýazylýar.
     
  50. Içki poçta ugratmalaryň ýa-da pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmaty görnüşine, toparyna baglylykda, olaryň salgy tarapynyň ýokarky böleginde şu goşmaça ýazgylar bolmaly:
     
    1. Bahasy goýlan banderollarda – “Bahasy goýlan banderol ... teňňe”;
    2. Içinde goýlanlaryň ýazgysy bilen bahasy goýlan banderollarda,ondan başga-“Ýazgysy bilen”;
    3. Körler üçin çykyp duran belgili banderollarda -  “Körler üçin çykyp duran belgili banderol”, körler üçin audioýazgyly banderollarda – “Banderol.Körler üçin gürleýän kitap”;
    4. Bahasy goýlan hatlarda – “bahasy goýlan ... teňňe” ýa-da “bahasy goýlanýapyk... teňňe”,  içinde goýlanlaryň ýazgysy bilen bahasy goýlan hatlardamundan başga-da  “Ýazgysy bilen”;
    5. Artdyrylan tölegli poçta ugratmalarynda -  “Artdyrylan töleg ... teňňe”;
    6. Alnandygy barada habar bilen kabul edilen hasaba alynýan poçta ugratmalarynda we pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmaty - habar baradaky bellik, ugratmalar üçin bu bellik ýany bilen iberilýän blankalarda görkezilmelidir;
    7. Adresatyň hut öz eline gowşurylmaga degişli poçta ugratmalarynyň daşynda– “Hut öz eline gowşurmak. Sargytly habar bilen” diýen bellik;
    8. Içine kazyýete çagyryş salnan sargytly habarly hatlarda – “Kazyýete çagyryş haty. Sargytly habar bilen”;
    9. Döwlegen zatly, şol sanda takyk işleýän gurally we radiolampaly poçtaugratmalarynda, şeýle-de ýany bilen iberilýän blankalarda şu ýazgyny içine goýýarlar – “Seresaplyk bilen”;
    10. Bahasy goýlan ugratmalarda we olaryň ýany bilen iberilýän blankalarda–“bahasy goýlan .. manat”;
    11. Içine goýlanlaryň ýazgysy bolanda – “Ýazgyly”;
    12. Şitilli - "Şitil";
    13. Aryly -  “Seresäp boluň. Arylar. Günde saklamaly däl. Maldarçylyk şahadatnamasy bilen”;
    14. Gemrijileriň derisi,ýüň, tüý, saç, ýelek,  per we baganasy bilen – “Deri. Maldarçylyk şahadatnamasybilen”;
    15. Ter gök önümli we miweli – “Miwe”, “Gök önümler”;
    16. Howa ýoly bilen iberilýän ugratmalarda olaryň ýany bilen iberilýänblankalarda, banderollarda – “Awia”;
    17. Hökümetiň resmi adamlaryndan kabul edilen hatlarda, poçta kartoçkalarynda,banderollarda we ugratmalarda – “Gulluk” ýa-da “Hökümet”;
    18. Aňsatlyk bilen döwülýän zatlary öz içine alýan we ulanylmagy aýratynseresaplylygy talap edýän döwlegen ugratma degişli we onuň şu belligibolmaly “Seresaplyk bilen” – “Colisfragile”;
    19. Plombirlemegiň we gaplamagyň umumy düzgünleri berjaý edilende, iberiji ýa-da bolmasa aragatnaşyk operatorynyň önümçilik desgasynyň işgäri döwlegenugratma ak ýere gyzyl reňk bilen çap edilen çüýşe zadyň şekili bilen ýarlyk ýelmeýär. Ýany bilen iberilýän blankanyň ýüzünde aýdyň görünýän bellikli ýarlyk ýelmenýär – “Seresaplyk bilen”  - “Colisfragile”; Ölçegleri şu Kadalaryň 2-nji goşundysynda kesgitlenen çäklerden geçýän we öz şekili ýa-da düzümi boýunça beýlekiugratmalar bilen aňsat ýükläp bolmaýan we aýratyn seresaplylygy talapedýän halkara ugratma “Uly” diýlip atlandyrylýar.
    20. Uly halkara ugratmasynda, şeýle-de ýany bilen iberilýän degişli blankyň ýüzünde aýdyň görünýän bellikli ýarlyk ýelmenýär – “Uly” – “Encombrant”.
       
  51. Halkara alyş-çalyşda bahasy goýlan, döwlegen, uly zatlary öz içine alýan ugratmalar şulara meňzeş ugratmalaryň kabul edilmegine rugsat berýän ýurtlara kabul edilýär.

    VIII. Poçta ugratmalarynyň görnüşleri
     
  52. Poçta ugratmalary içki we halkara görnüşlere bölünýär:
    • hatlar (ýönekeý, sargytly, bahasy goýlan);
    • poçta kartoçkalary (ýönekeý we sargytly);
    • banderollar (ýönekeý, sargytly, bahasy goýlan);
    • bukjalar;
    • ugratmalar (ýönekeý ugratmalar, ýagny bahasy goýulmadyk  we bahasy goýlanugratmalar);
    • poçta konteýnerleri;
    • degişli gapdaky neşir önümleri;
    • sekogrammalar we aerogrammalar;

      ​Şeýle hem :​
       
    • pul serişdeleriniň poçta geçirimleri;
    • tizleşdirilen (EMS) we çapar poçtanyň ugratmalary;
    • elektron we faksimil poçtasynyň ugratmalary, şol sanda gibrid ugratmalary;
    • ownuk paketler (sargytly);
    • “M” haltalar (sargytly);
    • toparlara bölüşdirilen ugratmalar

      IX. Hatlary, olaryň içine goýlan zatlar
       
  53. Hatlary – kabul edilendigi barada iberijilere töleg hatynyň berilmezligi bilen (poçta hasaba alnyşynyň belgisini, meňzetme ştrih-koduny eýelemän) kabul edilýän we adresatyň goluny almazdan gowşurylýan hatlar we banderollar. Ýönekeý ýazuw hatlary Türmenistanyň çäginde hem onuň daşynda daşamak üçin kabul edilýär.
     
  54. Içki hatlarda ýazuw habarlary we şu arzan bahaly içine goýlanlar: resmi kagyzlar, suratlar, çeper otkrytkalar we beýleki ş.m. kagyz önümleri geçirilýär.
     
  55. Ýönekeý içki banderollarda şu arzan bahaly içine goýlanlar: blankalar,  kiçijik kitapçalar, ündewsuratlar, gazetler, žurnallar, kitaplar, ähmiýeti uly bolmadyk resmi kagyzlar, golýazmalar, suratlar, albomlar, depderler, dermanlyk ösümlikleri, tohumlar, ses ýazgylary we beýleki ş.m. zatlar geçirilýär.
     
  56. Ýönekeý halkara hatlarda şahsy we gulluk ýazuw habarlary, töleg hatlar, hasaplar, suratlar geçirilýär. 
     
  57. Ýönekeý halkara banderollarda çap edilen neşirler, haşamlar, suratlar, ülňüler, kataloglar, prospektler, dürli bildirişler, habarlar, çap etmegiň dürli görnüşleri bilen ýerine ýetirilýän yzlar we reproduksiýalar, golýazmalar geçirilýär. 
     
  58. Ýönekeý poçta banderollarynda resmi edaralar tarapyndan körlere (ýa-da körlerden şu edaralaryň adyna) iberilýän sekogrammalar (takyk adyny bilmeli) geçirilýär. Olar  BPB-niň namalaryna laýyklykda mugt kabul edilýär.

    X. Hasaba alynýan poçta ugratmalary, olaryň içine goýlan zatlar
     
  59. Hasaba alynýan ugratmalar – poçta hasaba alnyşynyň belgisi (meňzetme ştrih-kody) berilýänugratmalar, iberijä poçta möhrüniň yzy ýa-da barlag-kassa maşynynyň, şahsy kompýuteriň şekilçesi (at modulynyň) bilen poçtanyň işgäriniň-operatorynyň familiýasynyň görkezilmegi bilen töleg haty berilýär. Hasaba alynýan poçta ugratmalary gowşurylanda adresata gol çekdirilip berilýär.Hasaba alynýan poçta ugratmalary iberijiniň salgysynyň hökman görkezilmegi bilen kabul edilýär.
     
  60. Hasaba alynýan poçta ugratmasynyň gabynda şular maglumatlar getirilýär: poçta aragatnaşyk bölüminiň ady, kabul ediliş senesiniň görkezilmegi bilen poçta möhrüniň yzy we hasaba alyş belgisi (ştrih-kody). Sanaw boýunça kabul edilen poçta ugratmalaryna bir töleg haty berilýär.
     
  61. Hasaba alynýan poçta ugratmalaryna şu aşakdakylar degişlidir:
     
    1. Sargytly ugratmalar, bahasy goýlan;
    2. Bahasy goýlan ýönekeý ugratmalar;
    3. Pul serişdeleriniň poçta geçirimleri;
    4. Poçta konteýnerleri;
    5. Tizleşdirilen we çapar poçtasynyň ugratmalary.
       
  62. Sargytly poçta ugratmasyna şular degişlidir:
     
    1. Hatlar;
    2. Poçta kartoçkalary;
    3. Banderollar;
    4. Ownuk paketler;
    5. “М” halta.

      Sargytly hat görnüşinde peýdalanyjynyň islegi boýunça kagyz göçürijide çap edilen elektron poçtasynyňhabarlary geçirilmegiň aýratyn tapgyrlarynda  geçirilip bilinýär (gibrid ugratmasy). 
       
  63. Sargytly içki we halkara poçta ugratmalarynda içine goýlanlardan başga şular geçirilip bilinýär:
     
    1. Edaralara raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň sanawy - raýatlyk ýagdaýynyňnamalarynyň hasaba alnyşy barada şahadatnamalaryň ähli görnüşleri;
    2. Kazyýet we hukuk goraýjy edaralary, şeýle-de harby dolanyşygynyň ýerliedaralaryna – sargytly hatyň gabynda degişli belgili gowşurylandygy baradasargytly habar bilen kabul edilýän çagyryşlar we habarlar;
    3. Ýapyk banderollarda çeper edebiýat, sungat boýunça edebiýat, kazyýet işleriwe talyplaryň-gaýybanaçylaryň barlag işleri geçirilip bilinýär;
    4. “M” haltalarda  - şol bir alyjynyň salgysyna we şol bir bellenilen ýerei berilýändöwürleýin neşirler (gazetler we žurnallar), kitaplar we beýlekiçap edilýan materiallar;
    5. Ownuk paketlerde – sowgatlyk häsiýetli ownuk döwülmeýän zatlar weharytlaryň seýrek duşýan nusgalary.
       
  64. Geçirilýän içinde goýlanlaryň bahasy ownuk paket ýitirilendeçykdajynyň töleginiň bahasyndanýokary bolmaly däldir.
     
  65. Gymmat kagyzlary, resminamalary ýa-da gymmat bahaly zatlary öz içine alýan poçta ugratmasy bahasy goýlan ugratma ýaly geçirilýär.
     
  66. Iberiji bahasy goýlan poçta ugratmasynyň içine goýlanlarynyň bahasyny özbaşdak Türkmenistanyň milli pulunda kesgitleýär we şu Kadalara laýyklykda gaby saýlaýar. 
     
  67. Bahasy goýlan içki poçta ugratmalarynda şular geçirilýär:
     
    1. Hatlarda - resminamalar (şahsyýetnamalar, pasportlar, dogluş, ölüm hakynda şahadatnamalar, nikany bozmak barada,gozgalmaýan emläge bolan hukuk barada şahadatnamalar, diplomlar we sertifikatlar, pensiýa we kazyýet işleri, döwlet karzlarynyň obligasiýalary, lotereýa biletleri we başga maliýe resminamalary);
    2. Banderollarda - sarp edijilik harytlary, çap edilýan neşirler, çeper edebiýat, sungat boýunça edebiýat, resmi kagyzlar, dermanlar, konditer önümleri we poçta ugratmalarynyň şu görnüşi üçin göz öňüne tutulan zatlaryň abatlygy üpjün ediljek gapda saklanylýan saklanyşy uzak wagtlaýyn bolan iýmit önümleriniň başga görnüşleri;
    3. Ugratmalarda sarp edijilik harytlary, saklanyşy uzak wagtlaýyn bolan iýmit önümleri, kitaplar, ösümlikler, dermanlar we Türkmenistanyň kanunlarynda geçirilmegi gadagan edilmedik beýleki zatlar. 
       
  68. Bahasy goýlan halkara hatlarda gymmatly kagyzlar, şahsyýeti tassyklaýan resminamalar, kepillendiriji tarapyndan tassyklanan resminamalaryň we kepilnamalaryň nusgalary geçirilýär.
     
  69. Halkara ugratmalarda BPB-niň namalaryna (Bütindünýä poçta birleşmesi (halkara gysgaça dilinde — UPU, fransuz dilinden Union Postale Universelle we iňlis dilinden Universal Postal Union) —1874-nji ýylda poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny alyşmak we ony kämilleşdirmek maksady bilen döwletara gurama hökmünde esaslandyrylan. BPB-niň iň ýokary guramasy Kongresdir. BPB-gi şu günki günde dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirýär,şol sanda Türkmenistan hem 1993-nji ýyldan bäri BPB-niň agsazy bolup durýar.BPB-niň namalaryna şu aşakdakylar degişlidir: Bütündünýä poçta konwensiýasy, Birinji goşmaça beýannama, Ahyrky beýannama, Poçta tölegli hyzmatlary barada ylalaşyk weş.m) laýyklykda, geçirilmäge rugsat berlen sarp edijilik harytlary geçirilýär.
     
  70. Goýlan baha poçta ugratmasynyň içine goýlanlaryň hakyky bahasyndan artdyrylmaly däldir.
     
  71. Içine goýlan resminamaly poçta ugratmalarynyňgoýlan bahasy resminamalar ýitirilen ýagdaýynda, olary dikeltmek boýunça bolup biljek çykdajylaryň möçberinden artdyrylmaly däldir.
     
  72. Kagyz gapdaky içki banderollaryň we ugratmalaryň goýlan bahasy Türkmenistanyň kanunçylygynda tassyklanan degişli maliýe ýylyna bolan aýlyk hasaplaşyk görkezijisiniň 3 esse möçberinden geçmeli däldir.
     
  73. Halkara poçta ugratmalary poçta alyş-çalşy kesgitlenen ýurtlara kabul edilýär.
     
  74. Bahasy goýlan hatlar, ownuk paketler we ugratmalar BPB-niň halkara guramasy tarapyndan düzülýän we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň “Türkmenpoçta” Poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň ýolbaşçylygynyň buýrugy bilen herekete girýän halkara poçta ugratmalaryň kabul edilişi boýunça kadalar esasynda  diňe anyk kesgitlenen ýurtlara kabul edilýär.
     
  75. Halkara poçta ugratmalarynyň goýlan bahasy BPB-niň namalarynda  maglumaty berilýän bellenen ýurduň yglan eden bahasynyň jeminden artyk bolmaly däldir.
     
  76. Aryly, sülükli, ýüpek gurçukly, ösümlikli, ter miweli we gök önümli, çüýşe we beýleki aňsat döwülýän şaýlary bolan radiolampaly we takyk enjamly (durmuş tehnikasynyň we enjamlarynyň önümlerinden başga) ugratmalar içine goýlanlaryň bahasy goýulmadyk görnüşde kabul edilýär.
     
  77. “Konsignasiýa” hyzmaty we göni poçta konteýneriniň geçirilmegi şertnamalaýyn hyzmatlar bolup durýar. Ýagny bu babatda hyzmatlar, jogapkärçilikler we nyrhlar peýdalanyjynyň poçta aragatnaşyk kärhanasy bilen baglaşýan şertnamasynda öňünden ylalaşylýar.
     
  78. Tizleşdirilen we çapar poçtasynyň hyzmatlaryawtorlyk hukuklar we intellektual eýeçiligiň goralmagyna degişli Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda belli bir poçtanyň özboluşly nyşanyna (logotipine) eýe bolmalydyr.
     
  79. Tizleşdirilen we çapar poçtasynyň (bahasy goýulmadyk we bahasy goýlan) paketlerinde we ugratmalarynda şu kadalarda bellenilen geçirilmäge degişli bolan gadaganlyklary we çäklendirmeleri hasaba almak bilen, halkara we içki poçta ugratmalarynda göz öňüne tutulan içine goýlanlar geçirilýär. 
     
  80. Türkmenistanyň içinde geçirilýän pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmaty çäklendirilmeýär. Pul serişdeleriniň poçta geçirimleri Türkemenistanyň milli pulunda kabul edilýär.
     
  81. Pul amallary boýunça tölegler we pul geçirmeler amala aşyrylanda iberiji Türkmenistanda pul amallarynyň amala aşyrylmagyna laýyklykda goşmaça resminamalary we maglumatlary görkezýär.
     
  82. Geçirimler şu görnüşde kabul edilip bilinýär:
     
    1. nagt hem-de nagt däl hasaplaşyk boýunça – nagt puly almak ýa-da alyjynyň hasaplaşyk hasabyna geçirmek üçin;
    2. poçta hyzmatlarynyň operatorynda açylan iberijiniň hasabyndan alyjynyňbankda açylan hasabyna geçirmek üçin.
       
  83. Poçta geçirimlerini nagt däl hasap görnüşi boýunça almaklyk diňe geçirilýan serişdeler geleninden we olaryň geçirilendigi üçin poçta hyzmatynyň operatorynyň hasaplaşyk hasabyna töleg geçirilenden soň amala aşyrylýar.
     
  84. Türkmenistanyň çäginden daşary ugradylýan Pul serişdeleriniň poçta geçirimleri, BPB-niň namalarynyň we degişli halkara şertnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.

    XI. Poçta ugratmalarynyň tehniki häsiýetnamalary (ölçegleri we aňrybaşagramlary)
     
  85. Içki poçta ugratmalarynyň ölçegleri we aňrybaş agramy şu kadalaryň 1-nji goşundysyna laýyklykda kesgitlenýär.
     
  86. Halkara poçta ugratmalaryň ölçegleri we aňrybaş agramy şu kadalaryň 2-nji goşundysyna laýyklykda kesgitlenýär.

    XI. Poçta ugratmalaryny we (ýa-da) pul serişdeleriniň poçta geçirimlerini kabul etmegiň, taýýarlamagyň, daşamagyň we (ýa-da) tabşyrmagyň, eltmegiň we (ýa-da) gowşurmagyň tertibi
    Poçta ugratmalaryny, pul serişdeleriniň poçta geçirimlerini kabul etmek we taýýarlamak
     
  87. Islendik poçta ugratmasy, pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmaty adresata berilýançä iberijä degişlidir.
     
  88. Iberiji şu aşakdakylary bilmeli:
     
    1. Poçta markalary poçta bukjasynyň, poçta kartoçkasynyň, banderolyň, ownukpaketiň ýokarky sag burçunda ýerleşdirilýär;
    2. Poçta markalaryny biri-birine ýelmemek gadagan;
    3. Ulanyşdan aýrylan poçta markalary, zaýalanan markalar (hapalanan,zeper ýetirilen, ýelmenen, haýsydyr bir usul bilen tölenen) töleg üçin güýçsüz;
    4. Daşary ýurt poçta markalary içki we halkara hatlary daşamak üçin güýçsüz;
    5. Birnäçe ýönekeý hatlary ugratmak üçin sanaw düzülmeýär;
    6. Poçta ugratmasynyň, pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşykhyzmatynyň, tizleşdirilen we çapar poçtasynyň ugratmalarynyň kabul edilmegibarada töleg hatynyň nusgasy berilmeýär;
    7. Köçelerde (köpçülik ýerlerinde) goýulýan abonement gutularyna diňe standartpoçta bukjalardaky ýönekeý hatlar we poçta kartoçkalary atylýar. Beýlekiölçegli poçta  konwertlerindäki hatlar iş zallarynda goýulýan ýörite abonementgutularyna atylýar  ýa-da poçta aragatnaşygyk bölüminiň kabul ediş aýnasyndaberilýär.
       
  89. Tizleşdirilen we çapar poçtasynyň poçta ugratmalaryny kabul etmekde operatorlar öz önümçilik desgalaryndan daşary poçta ugratmalarynyň başga ýerini we wagtyny kesgitläp bilýärler (çapar tarapyndan ofisde, öýde ýa-da peýdalanyjy bilen ylalaşylan başga ýerde).
     
  90. Hasaba alynýan poçta ugratmalary üçin iberiji:
     
    1. Şu kadalaryň talaplaryna laýyklykda, poçta ugratmasynyň gabyny saýlaýar;
    2. Ýany bilen iberilýänblanky üçin bolsa goşmaçagümrük beýannamasyny doldurýar;
    3. Şu kadalar tarapyndan göz öňüne tutulan halatlarda  içine goýlanlaryňýazgysyny düzýär we barlamak üçin ugratmany açyk görnüşde görkezýär;
    4. Öz şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny görkezýär we ugratmanyň ýanybilen iberilýän blanklarda özi barada maglumatlaryny görkezýär, öz golybilen “Geçirilmegi gadagan bolan içine goýlanlar ýok. Gaba bolan talaplarbilen tanyşdym” diýen ýazgyny tassyklaýar;
    5. Şu kadalarda göz öňüne tutulan halatlarda, maldarçylyk sertifikatynygörkezýär (aryly, kärhanada gaýtadan işlenilmedik derili,  baganaly, ýüňli,tüýli, saçly, ýelekli, perli ugratmalar);
    6. Şu kadalarda göz öňüne tutulan halatlarda, karantin şahadatnamasyny ýa-dasertifikaty görkezýär (karantin yglan edilen ýerlerde tohumly banderollar);
    7. Eger-de geçirilmegiň möhleti 7 günden köp bolsa, içinde ter gök önümleriňwe miweleriň gaty görnüşleri bolan poçta ugratmasynyň geçirilmegindäkimümkin ýitgileri öz boýnuna almaklygy tassyklaýar;
    8. Ugradylmaga gadagan edilengoýumlaryň ýokdugyny ynandyrmak maksady bilenbanderollaryň, ugratmalaryň, ownuk paketleriň içindäkileri görkezýär.
       
  91. Fiziki we ýuridik şahslardan açyk görnüşde kabul edilýär:
     
    1. Bahasy goýlan we içindäkileriniň sanawy getirilen içki poçta ugratmalary,halkara ugratmalar gümrük beýannamasy bilen;
    2. Içindäkileriniň sanawy hökmany ýagdaýda getirilen üçünji bir adamtarapyndan iberilýän ugratmalar.
       
  92. Ýapyk görnüşde kabul edilýär:
     
    1. Peýdalanyjylardan bahasy goýulmadyk içki poçta ugratmalary we şu kadalaryň talaplaryny berjaý etmek bilen halkara sargytly poçtaugratmalary;
    2. Ýuridikşahslaryň möhüriniň sürgüç yzy bilen möhürlenen ýa-da plombirlenen bahasy goýlan içki we halkara hatlary,banderollar we ugratmalar, (hökmany ýagdaýda) “Geçirilmäge gadagangoýlanlar ýok” diýen ýazgy bilen.
      Şu bende şu kadalaryň 52-nji bölüminiň 8-nji kiçi bendiniň güýji degişli däldir. 
       
  93. “Hut öz eline gowşurmak” belgili içki sargytly hatlar we alnandygy barada sargytly habarly poçta kartoçkalary, peýdalanyjylaryň öý salgysyna ýollanan bahasy goýlan hatlar kabul edilýär.  “Hut öz eline gowşurmak” belgili halkara poçta ugratmalary hyzmatyň şu görnüşini ýerine ýetirýän ýurtlara kabul edilýär.
     
  94. “Gulluk” ýa-da “Hökümet” belgili we öz içinde döwlet syrlaryny saklamaýan hatlar we poçta kartoçkalary hereket edýän nyrh boýunça tölegi bilen poçta aragatnaşygynyň islendik bölüminde kabul edilýärwe halkara  poçta ugratmalary üçin göz  öňünde   tutulan  tertipde   resmileşdirilýär,  ugradylýar  we  gowşurylýar. 
     
  95. Harby bölümlere we harby edaralara:
     
    1. Barmaly ýeri görkezilen poçta ugaratmalarynyň, tizleşdirilen we çaparpoçtasynyň hem-de poçta pul geçirimleriniň ähli görnüşleri kabul edilýär;
    2. Hasaba alynýan poçta ugratmalary alnandygy barada habar bilen kabuledilýär;
    3. Artdyrylan tölegli poçta ugratmalary kabul edilmeýär;
    4. “Meýdan poçtasy” salgysy bilen ýönekeý we sargytly hatlar, poçtakartoçkalary, bahasy goýlan hatlar, şeýle-de Pul serişdeleriniň poçta geçirimleri kabuledilýär.Harby wekilliklerden kabuledilýän ähli poçta ugratmalary poçta kadalarynya laýyklykda  resmileşdirilýär we hereket edýän  nyrhnama laýyklykda tölenilýär.
      Mundan başga-da ýuridik şahslardan harby bölümleriniň serkerdeleriniň adyna ýönekeý, sargytly, şeýle-de ugratmalaryň kabul edilmegine rugsat edilýär.
       
  96. Düzediş edaralarynda jenaýat jeza möhletini çekýän iş kesilenleriň adyndan gelýän poçta ugratmalary şol edaralaryň wekilleri tarapyndan olara hyzmat edýän poçta aragatnaşygynyň bölümine tabşyrylýar.Düzediş edaralarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän iş kesilenleriň geçirilýän zatlary almagy we olaryň ugratmalary, banderollary, hat alyşmaklary, pul geçirimlerini ibermekleri we almaklary Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine laýyklykda geçirilýän zatlary almaga, ugratmalary we banderollary almaga ýa-da ibermäge hukugy bardyr. Bir ugratmanyň ýa-da banderolyň aňryçäk agramy şu poçta kadalary bilen kesgitlenilýär. Keselli, I we II topar maýyp iş kesilenler, iş kesilen göwreli aýallar we düzediş edarasynyň çagalar öýlerinde çagalary bar bolan iş kesilen aýallar ugratmalary, banderollary we geçirilýän zatlary lukmançylyk netijenamasynda kesgitlenen möçberde we assortimentde alyp bilerler.  Ugratmalar, geçirilýän zatlar we banderollar iş kesilenleriň özleriniň gatnaşmagynda gözden geçirişe sezewar edilýär. Iş kesilenleriň ugratmalary, geçirilýän zatlary we banderollary almagynyň we olary gözden geçirmegiň tertibi, şeýle hem iş kesilenlere almak gadagan edilen närseleriň we zatlaryň sanawy düzediş edarasynyň Içerki tertip-düzgün kadalary bilen kesgitlenilýär. Düzediş edarasynyň administrasiýasynyň rugsat bermegi bilen iş kesilenler ugratmalary we banderollary iberip bilerler.Iş kesilenlere hususy serişdeleriniň hasabyna hatlary hem-de telegrammalary almaga we ibermäge rugsat edilýär. Iş kesilenleriň iberýän we alýan hatlary düzediş edarasynyň administrasiýasy tarapyndan gözegçilikden geçirmäge sezewar edilýär. Iş kesileniň kazyýet, prokuratura, şeýle hem düzediş edaralarynyň işine gözegçilik we barlag edýän edaralar bilen alyşýan hatlary gözegçilikden geçirmäge sezewar edilmeýär we bir gije-gündizden (dynç we baýramçylyk günlerinden başga günlerde) gijä galdyrylman degişliligi boýunça iberilýär.Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda iş kesileniň adwokat ýa-da kämil ýuridik kömegi berýän we kanuny esaslarda iş kesilenleriň bähbitlerini goraýan beýleki adamlar bilen alyşýan hatlary gözegçilikden geçirilmäge degişli däldir.Iş kesilenler pul geçirmelerini almaga, şeýle hem ýakyn garyndaşlaryna, administrasiýanyň rugsady bilen bolsa, beýleki adamlara ibermäge hukuklydyr.Gelip gowşan pul geçirmeleri iş kesileniň atly hasabyna geçirilýär, düzediş edaralaryna mejbury göçürilip eltilen ýerlerinde bolsa iş kesileniň eline berilýär.
     
  97. Frankirleýän (ýa-dafraksion) maşynlary ulanýan ýuridik şahslar tarapyndan ýazmaça hatlar olara hyzmat edýän poçta aragatnaşygynyň bölümine tabşyrylýar.
     
  98. Bir ýa-da birnäçe adresatlaryň adyna bäş we ondan köp hasaba alynýan poçta ugratmasy, pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmaty tabşyrylanda, iberiji bellenilen görnüşdäki sanawy düzýär.
     
  99. Peýdalanyjynyň islegi boýunça bahasy goýlan poçta ugratmalary artdyrylan töleg bilen kabul edilip bilner. Mundapoçta aragatnaşyk operatory adresata poçta ugratmasy gowşurylanda, ondan iberiji bilen ylalaşylan artdyrylan tölegiň jemini almagy we ony iberiji tarapyndan görkezilen  salga ugratmagy boýun alýar. Artydyrlan tölegli poçta ugratmalary Türkmenistanyň ähli çägine we aragatnaşyk operatorlary bilen degişli şertnamalar baglaşylan ýurtlara daşamak üçin kabul edilýär.
     
  100. Artdyrylan tölegiň möçberi poçta aragatnaşygynyň nyrhlaryna laýyklykda amala aşyrylýar. Adresat artdyrylan tölegli poçta ugratmasyny alanda başlangyç ýygym bilen goşmaça tölegiň umumy jemini töleýär.
     
  101. Içki we halkara hasaba alynýan poçta ugratmalaryny, poçta pul geçirimlerini berende iberijiniň islegi boýunça öňünden hyzmatyň şu görnüşine degişli tölegi geçirip, adresatyň poçta ugratmasyny alandygy barada habary sorap biler.
     
  102. Içki poçta ugratmalaryň barandygy barada habar diňe sargytly, halkara poçta ugratmalaryň barandygy barada habar diňe ýönekeý bolup biler.
     
  103. Bahasy goýlan hatlary we banderollary, bahasy goýlan ýönekeý hatlary gaplamak we möhürlemek, plombirlemek poçta bölüminiň operatory tarapyndan poçta ugratmasy kabul edilende iberijiniň ýanynda amala aşyrylýar.
     
  104. Poçta bölüminiň işgärleri poçta ugratmalary taýýarlanylanda, toparlara bölünende we geçirilende olaryň abatlylygyny üpjün edýär.Aragatnaşyk   merkezine gelip gowşan  poçta  ugratmalary (hatly haltalar, posylkalar)  poçta  kadalaryna  laýyklykda  açylmalydyr. Sargytly  hatlar G-11 reýestr  bilen agramyny,  jemi sanyny, sargytly  hatyň  san  belgisini,  salgylaryny deňeşdirilmeli  we  gaplamalaryň daşynyň  we  plombalarynyň  abatlygyny   barlamaly we barlan  operatoryň  goly  we  senenama möhrini goýulmaly. Gelip  gowşan  poçta  ugratmalarynyň  agramynyň,  daşky  örtüginde    zeper  ýetme  bolan  ýagdaýynda  “poçta  ugratmasynyň  daşyna  zeper  ýetirilen” diýip  bellik  edilýär, kiçi paketlere, EMS, SN-23,  posylkalaryň daşky  örtügine  zeper  ýetirilende bolsa SN-78 ýörite görnüşli  blankalar  doldurylýar.
    Pul  geçirmeleri  we  sargytly poçta  ugratmalary resmileşdirilenden  soňra  ugurlary  boýunça ätiýaçlyk haltalara  salynýar G-11 reýestrine belenilýär  we haltanyň  agzy  möhürlenýär.

    Poçta ugratmalaryny daşamak
     
  105. Poçta ugratmalaryň daşalmagy poçta aragatnaşygynyň kärhanalaryna degişli gulluk awtoulag serişdelerinde, şeýle hem daşaýjy adamlara degişli awtoulagyň dürli görnüşlerinde amala aşyrylýar. 
     
  106. Ulagyň ugruny we hereketiniňtertibini düzmek, poçta aragatnaşygynyň elýeterli hyzmatlarynyň hiliniň hereket edýän ölçeglere, poçta ugratmalaryny taýýarlamagyň, daşamagyň we gowşurmagyň içki kadalary we barlag möhletlerine laýyklykda poçta aragatnaşygynyň bölümleri tarapyndan amala aşyrylýar.
     
  107. Daşamak we gowşurmak prosesi, hasaba alynýan poçta ugratmalaryň ýan hatynda (resminamada) resminamalaşdyrylmagy (hasaba alynmagy) bilen we toparlara bölmek, ugry, barmaly ahyrky nokadynda degişli işgärleriň gol çekmegi bilen amala aşyrylýar.
     
  108. Poçta aragatnaşyk operatory poçta ugratamalaryň ähli görnüşlerini daşamak we gowşurmak prosesinde olaryň abatlygyny, ugruň we geçirilişiň tertibiniň berjaý edilmegini üpjün edýär.

    Poçta ugratmalaryny, poçta pul geçirimlerini eltmek we gowşurmak
     
  109. Peýdalanyja iberilen ýazmaça hatlar, çap edilen neşirler peýdalanyjynyň abonement  gutularyna atmak üçin olar iş ýagdaýynda bolmaly we hat gatnadyjynyň baryp bilýän ýerinde durmaly. 
     
  110. Peýdalanyjynyň abonement gutularyna şu talaplar bildirilýär:
     
    1. Otagyň ýa-da jaýyň belgisi ýa-da ýuridik şahsyň ady aýdyň görkezilmeli;
    2. Gulp bilen (ildirme bilen) üpjün edilen bolmaly;
    3. Ilatly nokatlarda ýagty ýerlerinde, köp otagly jaýlaryňgirelgelerinde ikinji gatdan ýokarda däl ýa-da girelgede, hususy jaýlaryňhaýatynda ýa-da ulagyň erkin girip çykmasy we hat gatnadyjynyň  howpsuz geçmegiüpjün edilen jaýlardan gönüden-göni ýakynlykda ýerleşýan ýerlerde goýulýar. 
       
  111. Peýdalanyjynyň abonement gutularyny ulanmak peýdalanyjynyň ýazmaça arzasy boýunça poçta aragatnaşygynyň bölümlerinde töleg esasynda amala aşyrylýar. Bir peýdalanyjy abonement gutusyny birnäçe peýdalanyjy bolup ulanmaga, şeýle-de ony abonirleýän wagtyňda başga bir şahsa ulanmaklyga bermeklige ýol berilmeýär.
     
  112. Peýdalanyjy abonement poçta gutyny mundan beýläk ulanmadyk halatynda, arzanyň berilmeginiň ýa-da abonirlemegiň möhletiniň tamalanan wagtyndan bir aýyň dowamynda ulanylmadyk ýagdaýynda şol belgi beýleki peýdalanyjynyň ulanmaklygyna berilýär.
     
  113. Abonirlemaniň möhletiniň tamalanan wagtyndan ýa-da abonirlemegi bes etmek baradaky arzada görkezilen möhletden soň gelýän hatlar yzyna berilýär ýa-da garşy salgysy bolmadyk ýagdaýynda gowşurylmadyklaryň hataryna geçirilýär.
     
  114. Abonent we abonement  gutularyndan şu aşakdaky poçta ugratmalarynyň eltip berilmegi amala aşyrylýar:
     
    1. Ýönekeý hatlaryň;
    2. Ýönekeý poçta kartoçkalarynyň;
    3. Ýönekeý banderollaryň;
    4. Poçta ugratmalarynyň we poçta pul geçirimleriniň alnandygy barada ýönekeýhabarlaryň;
    5. Hasaba alynýan poçta ugratmalaryny we Pul serişdeleriniň poçta geçirimleribarada ilkinjihabarlaryň;
    6. Ölçegleri abonement ýa-da peýdalanyjynyň gutularyna atmagy mümkinçilik bermeýän ýönekeý poçta ugratmalary barada ilkinji habarlaryň;
    7. Dilhatsyz almaklyga razylygy barada adresatyň arzasy bolanda sargytly hatlaryň,banderollaryň, poçta kartoçkalarynyň;
    8. Ýazylyşyk boýunça döwürleýin çap edilýan neşirler.
       
  115. Adresatyň öýüne eltilmäge şular degişlidir:
     
    • Sargytly poçta ugratmalary (“M” haltalardan başga), şol sanda agramy 500 g çenli ownuk paketler;
    • Poçtaugratmalaryň we poçta pul geçirimleriniň alnandygy barada habar;
    • Hasaba alynýan poçta ugratmalaryny we Pul serişdeleriniň poçta geçirimleribarada ikinjihabarlar;
    • Tizleşdirilen we çapar poçtasynyň ugratmalary.
       
  116. Abonement gutulary iş ýagdaýda bolmadyk ýa-da poçta ugratmalarynyň abatlygyny üpjün etmeýän halatynda, poçta aragatnaşygynyň operatory poçta ugratmalaryny gowşurmak üçin olary ulanmaýar. Şu ýagdaýda poçta ugratmasy peýdalanyja poçta aragatnaşygynyň bölüminde berilýär.
     
  117. Mümkinçilik bolan ýagdaýynda poçta aragatnaşygynyň operatory adresata poçta ugratmasy gelendigi barada telefon, sms-habar, elektron poçta arkaly, eger-de olar görkezilen halatynda habar berip bilýär.
     
  118. Ýuridik şahslaryň salgysyna ýollanýan ýönekeý hatlar, poçta ugratmalarynyň alnandygy barada habarlar, hasaba alynýan poçta ugratmalaryny we Pul serişdeleriniň poçta geçirimleri barada habarlar şu hatlary almak üçin wekillerine poçta aragatnaşygynda edarasynda berilýär ýa-da ýuridik şahslaryň ýerleşýän birinji gatynda ýuridik şahsy tarapyndan goýlan poçta şkaflaryna hat gatnadyjy tarapyndan atylýar. Ýönekeý poçta ugratmalarynyň eltip berilmeginiň tertibi poçta aragatnaşygynyň we ýuridik şahsyň arasynda baglaşylan şertnamada kesgitlenýär.
     
  119. Ýuridik şahslar – hasaba alynýan poçta ugratmalaryny alyjylar olaryň wekiline şu ugratmalary almak hukugy üçin ynanç hatyny resmileşdirýärler. Ynanç haty kanuny wekilde ýa-da ynanylan şahsda galýar we hasaba alynýan poçta ugratmalary her gezek alnanda görkezilýär, ynanç hatynyň nusgasy poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynda galýar.
     
  120. Poçta aragatnaşyk operatorynyň ýuridik şahs bilen baglaşylan şertnama boýunça hasaba alynýan ugratmalar eltip berlende ugratmalaryň ynanç haty boýunça ynalynan adama gowşurylmak tertibi şertnamanyň şertleri bilen kesgitlenýär.
     
  121. Ýuridik şahslara degişli binalarda, jaýlarda (umumyýaşaýyş jaýlarda, internatlarda, çagalar öýünde, myhmanhanalarda, sagaldyş we bejeriş merkezlerinde we ş.m.) ýaşaýan peýdalanyjylara ýönekeý poçta ugratmalarynyň, poçta ugratmalarynyň alnandygy barada habarlaryň, hasaba alynýan poçta ugratmalarynyň we poçta pul geçirimleriniň habarlary şu kadalara laýyklykda amala aşyrylýar.
     
  122. Ilatly nokatlardan daşda ýerleşýän adresatlara poçta ugratmalaryny we poçta pul geçirimlerini gowşurmaklyk:
     
    1. Öri meýdanlardaky çopanlara, önümçilik meýdançalaryndaky işgärlerine;
    2. Balykçylara balyk tutýan ýerleri boýunça;
    3. Tokaý meýdanlarynyň, geologiki ekspedisiýalaryň işgärlerine;
    4. Demir ýoluň ikä bölünýän, otlularyň sowlup hem-de durup bilýän ýerleriniňişgärlerine;
    5. Düzedişedaralarynda jenaýat jeza möhletini çekýäniş kesilenlere;
    6. Ilatly nokatlardan daşda ýerleşýän beýleki adamlara,  poçta ugratmalarynyň eltip berilmegi adresatlaryň işleýan (ýerleşýan) ýuridik şahslaryna çenli amala aşyrylýar.
       
  123. Şahsy düzümlere, harby bölümlere we düzediş edaralarynda jenaýat jeza möhletini çekýäniş kesilenlere ýollanan poçta ugratmalary, şol sanda tizleşdirilen we çapar ugratmalary adresatlaryň hut öz eline, şeýle hem harby çaparlara (hat gatnadyjylara) ýa-da harby bölümleriň, harby edaralaryň ynanylan wekillerine berlip bilinýär.
     
  124. Poçta aragatnaşygynyň bölümlerinde şular berilýär:
     
    1. bahasy goýlan hatlar we banderollar;
    2. goşmaça tölegli poçta ugratmalary;
    3. ugratmalar;
    4. poçta pul geçirimleri;
    5. harby bölümlerde we düzediş edaralarynda ýerleşýan şahslaraýollanan poçta ugratmalary we pul serişdeleriniň poçta geçirimler(şu kadalara laýyklykda);
    6. agramy 500 g geçýän ownuk paketler;
    7. elektron göterijide ýa-da açyk görnüşde kagyzda çykarylan elektronpoçtasynyň habarlary;
    8. açyk görnüşde faksimil aragatnaşygynyň ugratmalary;
    9. zeper ýetirilen poçta ugratmalary;
    10. “M” halta.
       
  125. Gümrük paçlary goýlan halkara poçta ugratmalaryny adresata bermeklik şu paçlar tölenenden soň, şeýle hem gümrük resminama üçin gümrük ýygymyň tölegi tölenenden soň amala aşyrylýar.
     
  126. Hasaba alynýan poçta ugratmalary, Pul serişdeleriniň poçta geçirimleriadresata, adresaty ýa-da onuň wekiliniň şahsyýetini tassyklaýan şu aşakdaky resminamalaryň biri görkezilende onuň kanuny wekiline ýa-da ynanylan şahsa berilýär:
     
    • Dogluş hakyndaky şahadatnama;
    • Türkmenistanyň raýatynyň pasporty;
    • Diplomatik pasport;
    • Gulluk pasporty; 
    • Deňizçiniň pasporty;
    • Harby gullukçynyň şahsyýetini tassyklaýan şahadatnamasyýa-da harby bilet;
    • Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan hem-de özüniň haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bar bolan adama; 
    • Raýatlygy bolmadyk adamyň şahsyýetnamasy;
       
  127. Poçta ugratmasyny alan wagty poçta aragatnaşyk hyzmatyndan peýdalynyjygörkezilen resminamanyň maglumatlaryny, hasaba alşyň ýa-da hakyky ýaşaýanýeriniň salgysyny görkezýär.
     
  128. Hasaba alynýan poçta ugratmasyny, pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmatyny alanda poçta aragatnaşyk hyzmatyndan peýdalynyjy ugratmany alandygy barada gol çekýär.
     
  129. Eger-de haýsydyr bir sebäp boýunça adresat hasaba alynýan poçta ugratmasyny, pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmatyny alandygy barada gol çekip bilmeýän bolsa, poçta ugratmalaryny başga bir gatnaşýan adamyňgoly bilen onuň şahsyýetini tassyklaýan resminama görkezilende berilmeklige ýol berilýär. Poçta işgäri adresatyň we beýleki şahsyň resminamalarynyň maglumatlarynyýazyp alýar.
     
  130. Adresatyň – peýdalanyjynyň ýa-da ýuridik şahsyň haýyşy boýunça we poçta aragatnaşygynyň operatorynyň mümkinçiligi bar bolanda şu kadalara laýyklykda “zeperli poçta ugratmalaryndan we “M” haltalardan” başga poçta ugratmalary goşmaça töleg boýunça öýe eltilip bilner.
     
  131. Hasaba alynýan poçta ugratmalarynyň gowşurylmagy şu aşakdakylaryň goly bilen amala aşyrylýar:
     
    1. adresatyň hut özi; 
    2. adresata degişliligini tassyklaýan resminamanyň görkezilmegi,maşgalanyň kämillik ýaşyna ýeten agzalary ynanç hatsyz;
    3. adresatyň ýazmaça arzasy boýunça otag (jaý) boýunça goňşular (diňeýönekeý we sargytly ýazmaça hatlary); 
    4. adresatyň bellenen tertipde  tassyklanan ynanç hatyny görkezen adamwe oňa deň bolan poçta ugratmalaryny almak, tizleşdirilen we çaparpoçtasynyň ugratmalaryny almak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynyňtalaplaryna laýyklykda resmileşdirilen resminamalaryň haýsam bolsa biriniň şu kadalara laýyklykda ynamdar şahs tarapyndan görkezilmegi;
    5. adresata degişliligini tassyklaýan bir resminamanyň görkezilmeginde ynanç hatsyz, kamillik ýaşyna ýeten adamyň, ata-eneleriň, perzentlige alanlaryň, hossarlaryň  (howandarlaryň);
    6. adresata degişliligini tassyklaýan bir resminamanyň görkezilmeginde ynanç hatsyz, kämillik ukyby ýokadamlaryňata-eneleriň perzentlige alanlaryň,  hossarlaryň  (howandarlaryň);
    7. ýuridik şahslaryň- mekdepleriň, internatlaryň, çagalar öýüniň we beýleki edaralaryň wekillerinekamillik ýaşyna ýeten adamlara bermek üçin ynanç haty boýunça, şeýle-de şu kadalara laýyklykda beýleki peýdalanyjylar.
       
  132. Bahasy goýlan “Hut öz eline bermeli” belgili sargytlyhatlar we sargytly poçta kartoçkalary adresatyň hut özüne, onuň kanuny wekiline ýa-da ynamdaryna habar beriş blankynda gol bilen berilýär.
     
  133. Poçta aragatnaşygynyň operatorynyň ýuridik şahs bilen şertnama boýunça adresata ýollanýan poçta ugratmalaryny, hasaba alnan poçta ugratmalaryna degişli bolan habarlaryň we poçta ugratmalaryň alynmagyna degişli habarlaryň gowşurylmagy ýuridik şahslarynyň güýji we serişdeleri bilen amala aşyrylýar.
     
  134. Hasaba alnan poçta ugratmasyny almakdan adresatyň boýun gaçyrmagy halatynda poçta ugratmasynda ýa-da habarda gol bilen degişli bellik edilýär.
     
  135. Poçta ugratmasynyň we pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmatynyň yzyndan adresatyň gelmedik halatynda, oňa gaýtadanhabar berilýär we gol çekdirilip gowşurylýar, abonement gutularyna ýollanan poçta ugratmalaryndan başga:
     
    1. ilkinji habaryň gowşurylmagyndan 3 iş güni geçenden soň:
      ter miweli (gök önümli) ugratmalar üçin;
      “Kazyýet çagyryşy. Sargytly habar bilen” ýa-da “Çagyryş. Sargytly habar bilen” bellikli poçta ugratmalary;
    2. ilkinji habaryň gowşurylmagyndan 5 iş güni geçenden soň:
      poçta ugratmalarynyň ähli beýleki görnüşleri üçin.
       
  136. Içine goýlanlaryň ýazgysy bilen poçta ugratmalary ýa-da kemçilikli hasaba alynýan poçta ugratmalary adresata gowşurylanda poçta aragatnaşygynyň operatorynyň ýanynda açylýar.
     
  137. Içine goýlanlaryň ýazgysy gabat gelmedik ýa-da içine goýlanlara zeper ýetirilen halatynda poçta aragatnaşygynyň ýolbaşçysy, operatory we adresat tarapyndan gol çekilip bellenilen görnüşdäki teswirnama düzülýär. Teswirnamanyň bir nusgasy adresata berilýär.
     
  138. Adresat teswirnama gol çekmekden boýun gaçyran ýagdaýynda, poçta aragatnaşygynyň operatory “Adresat gol çekmekden boýun gaçyrdy” diýen bellik edýär. Teswirnama gulluk barlagy we (ýa-da) öwezini tölemeklige esas bolup hyzmat edýär. Ugratmanyň gaby maddy deliller hökmünde poçta aragatnaşygynyň bölüminde galýar.
     
  139. Adresat poçta ugratmasyny açman hem bilýär şeýle ýagdaýda poçta edaralary bu barada bellik edýär.
     
  140. Iş ýagdaýdaky gapda ýerleşýän goşmaça tölegli poçta ugratmasyny adresatyň haýyşy boýunça açmak diňe onuň goşmaça tölegi töläninden soň amala aşyrylýar.Goşmaça tölegiň jemi tölegini töleýançä adresat operatordan iberijiniň salgylar maglumatlary barada maglumaty alyp bilýär.
     
  141. Düz ýagdaýdaky poçta ugratmasy goşmaça töleg bilen adresata berlenden soňra, şu Kadalarda bellenilen tertip boýunça yzyna ugratmaklyk kabul edilmeýär we geçirilýän zatlaryň görnüşi, ölçegi we dürlüligi boýunça aragatnaşyk operatoryna degişli nägilelikler kabul edilmeýär.
     
  142. Goşmaça tölegli zeper ýeten poçta ugratmalary adresatyň ýanynda aragatnaşyk operatory tarapyndan açylýar. Goşmaça tölegli zaýalanan poçta ugratmasy açylýança goşmaça tölegiň jemi tölenmeýär. Içine goýlanlaryň ýazgysynyň gabat gelmeginde, içi-içine goýlanlaryň zeper ýetirilenýa-da zaýalanan ýagdaýynda, bellenilen görnüşdäki teswirnama düzülýär, adresat goşmaça tölegiň jemini töleýär.
     
  143. Içine goýlanlarda ýetmezlik bolan ýagdaýynda, olar çalşyrylanda, doly ýa-da bölekleýin zaýalananda teswirnama düzülýär. Onuň bir nusgasy adresata berilýär. Poçta ugratmasy teswirnamanyň beýleki nusgasy bilen aragatnaşygyň poçta bölümine gulluk derňewini geçirmek üçin gaýtarylýar.
     

    Aragatnaşyk bölümlerine gelip gowşan

  144. Içerki we halkara  tabşyrykly hatlar, hökümet, tölegi goşmaça tölenilýänhatlar we dolamalar, ilkinji we ikilenji habarnamalar hat gatnadyja G-23 (3-nji goşundy) belgili kitapda gol çekdirilip berilýär.
    Ýönekeý we tabşyrykly iberilýän zatlar, tabşyrykly habarnamalar, telegraf habarnamalary, poçtadan iberilýän zatlaryň ähli görnüşi üçin ýazylýan belgili ilkinji we ikilenji habarnamalar aragatnaşyk bölüminiň başlygy (operatory, hat gatnadyjylaryň brigadiri) tarapyndan G-8 (4-goşundy) belgili kitaba ýazylýar we ol kitap bilen billeikde hat gatnadyja berilýär.

    1-nji surat. G-8 belgili kitapda ýönekeý we sargytly iberilýän hatlary ýazmagyň mysaly nusgasy.

    t/n

    Ugradylýan zadyň görnüşi we niýetleniş (habar beriş) usuly

    Berilýän san belgisi

    Ugradylýan ýeri

    Salgysy  boýunça   gowşurylmaly salgysy  we kimiň adyna

    Alnandygy barada çekilen goly

    gulluk bellikleri

    1.

    Sargytly habar bermeli  hat

     

    140

    Daşoguz ş.

    Aşgabat ş. A.Berdiýewa köç. jaý 20/6 B.Annaýew

     

    2.

    Mälim edişli   habarbermeli hat

     

    23

    Hazar ş.

    Aşgabat ş. Howdan “W’

     Jaý 65  ot 78

    A.Meredow

     

    3.

    Sargytly hatabuna  ýazylanyňözünegowşuryldy

     

    34

    operator

    Ataýewa

    Mary ş.

    Aşgabat ş. Parahat 4/1

     jaý 56 ot 2 J.Gurbanowa

     

    4.

    Ýönekeý hat

    Hat gatnadyjy

    Ataýewa

    Türkmenabat ş.

    Aşgabat ş. B.Garyýew köçe jaý 3 P.Saparowa

     


  145. Poçta arkaly iberilýän zatlary kabul edip alyp, hat gatnadyjy şulary ýerine  ýetirmäge borçludyr:
     
    1. her ugratmanyň salgysyny okamaly we onuň şol ýere iberilendigine hem-de özüniň hyzmat ediş nokadynda gowşurylmalydygyna göz ýetirmeli;
    2. ugratmalaryň daşlyklarynyň bitewiligini we abatlygyny, gymmatly hatlarda we banderollarda möhürleriň, hatlaryň we dolamalaryň daşlyklarynda poçta markalarynyň Türkmenistan boýunça iberilýän zatlar üçin talaba laýyklykda bardygyny üns berip barlamaly;
    3. poçtadan iberilýän zatlaryň reýestrlerde (sanawlarda) we nakladnoýlarda (resmi ýankagyzlarda) G-8, G-23 belgili kitaplarda ýazylýan ýazgylarynyň dogrudygyny, alnan žurnallaryň we gazetleriň sanynyň ýörgünlikde ýa-da žurnallary gowşurmak üçin kartoçkalarda görkezilen sanlara laýyk gelýändigini barlamaly.

      XIII. Halkara poçta ugratmalaryny kabul etmegiň, taýýarlamagyň we gowşurmagyň tertibi
  146. Halkara poçta ugratmalaryny kabul etmekdegoşmaça, içki poçta ugratmalarynyň içine goýlanlaryna degişli bolan gadagan edilen zatlardan başga, BPB-niň maglumatlarynyň (buýruklarynyň) esasynda barmaly ýurtda hereket edýän gadagan edilen zatlar barada maglumatlardan ugur almak zerurdyr.

  147. Halkara poçta ugratmalary halkara poçta alyş-çalşygy ýerlerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan halatlarda gümrük edaralary tarapyndan gözden geçirilýär.

  148. Açyk görnüşde peýdalanyjylardan we ýuridik şahslardan kabul edilýär:

    1. gümrük beýannamasynyň ýa-da bellenilen görnüşdäki öýjügiň doldurylmagy bilen ownuk paketler;

    2. bahasy goýlan hatlar, içine goýlanlarynyň ýazgysy we häsiýetnamasy bilen ugratmalar, ýany bilen iberilýän blankyň we gümrük beýannamasynyň doldurylmagy bilen.

  149. Poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň kesgitlän tertibi boýunça ýany bilen ugradylýan blankalaryň goşundysy we gümrük beýannamasynyň doldurylmagy bilen ýuridik şahslar tarapyndan ýörite berkidilen möhür ýa-da plombirlenen ýapyk görnüşdäki ugratmalar kabul edilýär.

  150. “Hut öz eline gowşurmak” bellikli halkara poçta ugratmalary diňe hyzmatyň şu görnüşini ýerine ýetirýän ýurtlara kabul edilýär.

  151. Goşmaça tölegli ugratmalar diňe degişli şertnamalar baglaşylan ýurtlara kabul edilýär.

  152. Hasaba alynýan halkara poçta ugratmalary geçirilende iberiji adresatyň poçta ugratmany alandygy barada habary alyp bilýär. Habar üçin töleg poçta ugratmasy berlende amala aşyrylýar.

  153. Halkara poçta ugratmalaryň alnandygy barada habar diňe ýönekeý bolup biler.

    Daşary ýurt döwletleriniň, halkara, hökümetara guramalaryň wekilçilikleriniň, Tükmenistanda daşary  ýurt  döwletleriniň şu guramalarynyň  ýanyndaky  wekilçilikleriň diplomatik ,  konsullyk edaralaryň  poçta  ugratmalaryny  ýurdyň  içinde   ugratmak  üçin, şeýle  hem  beýleki   ugradyjylaryň  ählisinden  şol  görkezilen  edaralaryň   salgysyna  poçta  ugratmasy höküminde   tölenilýär  hem-de  resmileşdirilýär, ýöne  welin   halkara   poçta   ugratmasy  üçin göz öňünde   tutulan  tertipde  işlenilip  taýýarlanylýar, ugradylýar  we  gowşurylýar.

    Türkmenistana getirmek, Türkmenistandan alyp  gitmek, şeýle hem Türkmenistanyň üstaşyr geçirmek  gadagan edilmedik hem-de çäklendirilmedik harytlary we beýleki zatlary halkara poçta ugratmalarynda ugratmaga ygtyýar   berilýär, mundan başga hem halkara poçta ugratmalarynda döwlet organlarynyň çözgütleri boýunça zatlary hem-de gymmatlyklary ugratmaklyga ýolberilýär.  Türkmenistana getirmek we Türkmenistanyň çäklerinden daşaryk alyp  gitmek  gadagan edilen ýa-da çäklendirilen zatlaryň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesitlenilýär.

    Hakara banderollarda, “M” haltalarda, ownuk  bukjalarda, gymmaty uglan  edilen  hatlarda we  posylkalarada  ýazmaça habarlary  ibermek  gadagan  edilýär, şolara salnan zatlaryň fakturalaryň  we  sanawlary  muňa  girmeýär.  Mundan  başga  hem halkara banderollarda, “M” haltalarda, kiçi  bukjalarda  we  posylkalarda  resminamalary  hem-de gymmatly  kagyzlary  ibermek  gadagan  edilýär.

    XIV. EMS kabul etmek, taýýarlamak , daşamak we eltmek

  154. Bütindünýä poçta birleşiginiň namalarynda kesgitlenen möhletde we tertipde ugradylýan nyşan belgili (logotipli) poçta ugratmalary (mundan beýläk - EMS ugratmalary) diňe açyk görnüşde we iberiji tarapyndan pasportynyň görkezilmegi bilen kabul edilýär. Iberiji iňlis dilindeblankalar 5 nusgada “SN23” gümrük beýannamasyny,  salgyny we içine goýlanlaryň sanawyny ýazýar.

  155. Ugratmalarda barmaly salgy latyn harplary we arap sanlary bilen ýazylmaly we okamak üçin düşnükli bolmalydyr. Eger-de barmaly ýurt başga harplary we sanlary kabul edýän bolsa, onda salgyny şol harplar we salgylar bilen görkezmek maslahat berilýär.

  156. Salgynyň, şertli harplaryň, sanlaryň we beýleki belgileriň  gysgaldylyp ýazylmagyna, şeýle-de resminamalaryň galam ýa-da ýelek syýasy bilen doldurylmagyna, barmaly ýurduň adynyň ugadylýän ýurduň dilinde ýazylmagyna rugsat berilmeýär.

  157. Salgynyň maglumatlary şu tertipde ýazylýar:

    1. peýdalanyjynyň ady (peýdalanyjylar üçin familiýasy, ady, atasynyň ady, ýuridik şahslar üçin ýuridik şahsyň ady) ;
    2. ilatly nokadyň (şäher, şäherçe) we  çäkli bölünmleriň ady;
    3. ýurduň ady;
    4. poçta indeksi;
    5. alyjynyň we iberijiniň telefon belgisi;
    6. poçta aragatnaşygynyň operatory iberijiniň islegi boýunça EMS ugratmasyny ätiýaçlandyryp bilýär. Bu ýagdaýda operator blankada“Ätiýaçlandyrma” diýen belligi  edýär, ätiýaçlandyryş ýygymy nyrhyň umumy jeminden 50 göterim möçberinde alynýar.

      “EMS” ugratmak
       
  158. “EMS” ugratmasy onuň agramyna, şekiline laýyklykda, içine salnanlary hasaba almak bilen, şeýle hem geçirilişiň şertlerine we dowamlylygyna baglylykda,  daşynyň köne bolmagyna, içine salnanlara degmekmümkinçiligini, zeper ýetmek we hapalanmak ähtimallygyny aradan aýryp iberijiniň ýanynda poçta bölüminiň operatory tarapyndan gaplanmalydyr.

  159. Türkmenistana gelýän “EMS” halkara ugratmalaryhalkara alyş-çalyş nokadynda (Aşgabat şäheri) berlen iş ýerinde taýýarlanylýar. Bu ýere Türkmenistanyň welaýat merkezlerinden gelýänugratmalar hem gelýär.

  160. Gelýän “EMS” ugratmalary gelen gününde adresatlara, bellenen ýere munuň üçin  ýörite bölünen aragatnaşygyň işgärleri (çapar) tarapyndan eltip berilýär. Ugratmalary gowşurmak, gowşurylandygy barada habar iş günlerinde ýerine ýetirilýär.Ugratmanygaýtada salgylamak peýdalanyjynyň hasabyna bellenilen nyrhlar boýunça amala aşyrylýar.

    “EMS” daşamak

  161. Gyssagly halkara ugratma (mundan beýläk - “EMS”) kabul edende operator şu aşakdakylara borçlydyr:

    1. EMSugratmalar üçin “SN38” ýan haty tabşyryşyndaky we içkiugratmalar üçin “F-16” ýan hatynda ýazgylar bilen haltalaryňlaýyklygyny barlamaga;
    2. Halta açylandan soň, “EMS” ugratmalaryň laýyklygyny operator “F-16”ýan hatynyň “SN 31” ýazgy kartasyndaky ýazgylar bilen atma atbarlamaga;
    3. Her bir ýetmeýän ýa-da zaýalanan halta (ugratma) barada “EMS” iberiji-ýurduň poçta ýolbaşçylaryna “SN 43” barlag habary, halkara ugratmalarüçin “SN 24” teswirnamasy ýa-da içki ugratmalar üçin F-51 teswirnamasybilen habarbermäge;
    4. Gümrük edarasy tarapyndan “EMS” ugratmalary gözden geçirilenden soňugurlar boýunça taýýarlamaga;
    5. “EMS” ugratmalary “SN 31” ýazgy kartasyna we “F-16” ýan hatyna ikinusgada atma-at ýazyp görkezmäge. “SD 31” ýazgy kartasynyň we “F-16”ýan hatynyň bir nusgasyny halta salyp, ikinjisini bolsa poçta operatoryndaresminamalaryň arasynda bellenen tertibe laýyklykda saklanylýar;
    6. Halta plombirlenende mämişi-gök reňkli “EMS” bellikli “SN 35” salgy öýjügi ulanyp, haltany plombirlemäge.

      “EMS” gowşurmak
       
  162. Çapara bagly bolmadyk sebäplere görä “EMS”-iň gowşurylmagy amala aşyrylmadyk halatynda, çapar bu ugratmalary sanaw we “F-16” ýan haty boýunça “EMS” gullugynyň  aragatnaşyk operatoryna gowşurýar.
     
  163. “F-16” ýan hatlar operator tarapyndan her gün tikilýär we aýlyk möhletiniň geçmegi bilen saklanmak üçin ýazgy boýunça arhiwe tabşyrylýar. 
     
  164. Poçta aragatnaşyk operatoryna bagly bolmadyk sebäplere görä adresata gowşurylmadyk “EMS” ugratmalary kabul edilen gününden başlap, bir aýyň dowamynda poçta aragatnaşyk bölüminde saklanylýar.
     
  165. “Berilmegini talap edilýänçä”, “Peýdalanyjynyň gutusy” diýen salgylara ýollanan “EMS” ugratmalary poçta aragatnaşygynyň bölümine gelen gününden başlap, iki aýyň dowamynda saklanylyp bilner.
     
  166. “EMS” ugratmalarynyň saklanyş möhleti geçenden soň BPB-niň kabul eden teswirnamalaryna we düzgünlerine laýyklykda iberilen ýerine gaýtarylýar.
     
  167. Haýsydyr bir sebäplere görä gowşurylmadyk “EMS” ugratmalary yzyna gaýtarylanda aragatnaşyk döwlet kärhanasy tarapyndan yzyna gaýtarylan sebäp görkezilýan “SN 15” ýarlyk ýelmenilýär.
     
  168. “EMS” ugratmasy şu aşakdaky ýagdaýlarda gaýtarylyp bilner:
     
    • iberijiniň arzasy;
    • alyjynyň ýüz döndermegi;
    • alyjynyň ýaşaýyş ýeriniňýazgysyndançykyp gitmegi; 
    • soralyp alynmadyk sebäp bilen;
    • doly salgysynyň görkezilmezligi;
    • alyjynyň tapylmazlygy;
    • gümrük tarapyndan gadagan edilenugratmalar;
    • saklanyş möhletiniň geçmegi.
       
  169. “EMS” ugratmalary gözlemek ýa-da gowşurylandygy barada talaplary iberiji kabul edilen ugratma üçin töleg baradaky töleg hatynyň görkezilmegi bilen “EMS”-i kabul ediş ýerine bildirýär we arza berýär. Arza we töleg hatynyň nusgasy “EMS” gullugyna şol günüň özünde iberilýär.
     
  170. Ýitgiler we ogurlyklar boýunça “SN – 08” görnüşindäki şikaýat 6 aýyň dowamynda kabul edilýär. Şikaýatlaryň seredilmek möhleti şikaýat bildirilen gününden başlap 2 aý ýa-da şikaýaty teleks arkaly ýa-da beýleki elektron göterijini ulanmak arkaly ugratmagyň möhleti 30 gün.
     
  171. “AN - 08” şikaýaty geçirmek teleks arkaly ýa-da beýleki elektron göterijini ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Eger-de geçiriliş poçta boýunça amala aşyrylsa, blanka has tiz usul bilen ýany bilen iberilýän hatsyz bukjada iberilýär.
     
  172. “EMS” poçta gullugynyň operatorlary peýdalanyjy tarapyndan ýazylan gümrük beýanlara we gümrük gözden geçirmesiniň ygtyýarlygyna berlen poçta ugratmalarynyň barlanmagynda gümrük edaralary tarapyndan kabul eden kararlaryna jogapkärçilik çekmeýärler.
     
  173. Zyýan peýdalanyjynyň günäsi bilen ýa-da öňüni alyp bolmaýan güýjüň netijesinde ýetirilendigi subut edilen halatynda, “EMS” hyzmaty  peýdalanyjylaryň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.
     
  174. “EMS” gullugy peýdalanyjylaryň öňünde “EMS” ugratmalary üçin şu ýagdaýlarda jogapkärçilik çekýärler:
    1. “EMS” ugratmalaryň ýitirilmegi;
    2. “EMS” içine salnan zadyň ýitirilmegi;
    3. “EMS” ugratmalarynyň içine salnan zatlaryň ýetmezçiligi;
    4. “EMS” ugratmalarynyň ýetmezçiligi.
    5. “EMS”ugratmalarynyň içindäkileriň çalşyrylmagy.

      XV. Poçta ugratmalaryny almagyň, taýýrlamagyň we barlamagyň tertibi
       
  175. Poçta aragatnaşygynyň bölümlerine gelen poçta ugratmalaryň daşky gabynyň ýagdaýy, olary plombirlemegiň dogrulygy gözden geçirilýär.

  176. Daşky gabyň, möhürleriň, plombalaryň, baglaryň kemçilikleri ýüze çykarylanda bellenilen tertipde teswirnama düzülýär, teswirnamanyň görnüşi poçta aragatnaşygynyň operatorynyň içki düzgünleri bilen kesgitlenilýär we kemçilikler baradaky düzülen teswirnama poçta ugratmasyny ugradan poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň ýolbaşçysynyň adyna ýollanýar.   

  177. Iberijiden gelen ykrar  haty boýunça poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan barlag geçirilýär. Barlagyň netijeleri we geçirilen işler barada bellenen tertipde delilnama düzülýär we şol delilnamanyň nusgasy iberijä ugradylýar.

  178. Awtoulag  kärhanasy  bilen poçta  aragatnaşyk kärhanasynyň  arasynda  poçta  ugratmalarynyň alyş –çalşygyny  ýerine  ýetirilişindäki  ýüze çykan  meselelere baglaşylan   şertnama  esasynda  seredilýär.

    XVI. Poçta ugratmalarynyň saklanyş möhleti

  179. Içki we halkara poçta ugratmalaryň, poçta pul geçirimleriniň adresatlaryň poçta bölümlerinde saklanyş möhleti, şeýle hem gowşurylmagy mümkin bolmadyklary kabul edilen ýerlerine gaýtarmak 30 senenama gününde amala aşyrylýar. 

  180. Tizleşdirilen we çapar poçtasynyň ugratmalary 7 senenama güni saklanylýar. Iberijä düşündirişler we goşmaça maglumat üçin ýüz tutmak gerek bolan halatynda şu möhlet 14 güne çenli uzaldylyp bilner.

  181. “Kazyýet çagyryşy. Sargytly habar bilen”, “Çagyryş. Sargytly habar bilen” bellikli sargytly hatlaryň saklynyş dowamlylygy poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasyna gelen gününden 7 senenama güni.

  182. Ikinji habar berlenden soň, hasaba alynýan poçta ugratmalaryň (sargytly hatlardan başga) poçta aragatnaşygynda bir iş gününden artyk saklanylmagy üçin (gowşurylan güni hasaba alynman) adresatdan bellenilen nyrh tölegi alynýar.

  183. “Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjynyň arzasy boýunça” tizleşdirilen we çapar poçtasynyň ugratmalaryndan başga, poçta pul geçirimleriniň, poçta ugratmalarynyň saklanylmagynyň möhleti saklanyş üçin tölegiň alynmagy bilen 30 senenama gününe çenli uzaldylyp bilner. 

  184. “Berilmegi talap edilýançä” diýlip iberilen ýönekeý poçta hatlarynyň saklanylmagy üçin töleg alynmaýar.

  185. “Berilmegi talap edilýançä” diýlip iberilen poçta ugratmalaryny saklamak üçin töleg adresatdan alynýar, olaryň gaýtarylan ýagdaýynda bolsa bellenilen nyrhlar boýunça ugradyjydan alynýar.

    XVII. Poçta ugratmalarynyň, poçta pul geçirimleriniň goşmaça iberilmegiň we gaýtarylmagynyň şertleri

  186. Gowşurylmadyk poçta ugratmalary, pul serişdeleriniň poçta geçirimlerigörkezilen garşy (yzyna) salgy boýunça şu aşakdaky halatlarda gaýtarylýar: 

    1. iberijiniň arzasy boýunça; 
    2. adresat poçta ugratmasyny, pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmatyny  almakdan boýun gaçyranda; 
    3. saklanyş möhletiniň geçmegi bilen;
    4. adresatyň ýoklugynda ýa-da aradan çykmagynda; 
    5. salgyny okap bolmadyk ýagdaýynda  (bozulan, ýyrtylan bolsa we beýlekiýagdaýlarda ), salgynyň ýoklugynda ýa-da nädogry görkezilende; 
    6. peýdalanyjy gutusyny eýeleýan adresatyň ýoklugynda ýa-da nädogrygörkezilende;
    7. öz borçnamalary ýerine ýetirmek mümkiçiligine ýol bermeýan beýlekiýagdaýlarda.
       
  187. Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjy salgynyň üýtgedilmegi, goşmaça ugratmak ýa-da poçta ugratmasyny, pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmatyny gaýtarmak barada habar berende kabul edilendigi barada töleg hatyny we onuň pasportyny ýa-da beýleki şahsyýetini tassyklaýan resminamany görkezýär, sanaw boýunça kabul edilen poçta ugratmalary üçin bolsa şol sanawy görkezýär. Şunlukda arzada görkezilen resminama hakynda maglumatlar görkezilýär.
     
  188. Hasaba alynýan poçta ugratmalarynyň gaýtarylmagy ýa-da täze salgy boýunça iberilmegi (goşmaça iberilmegi) üçin iberijiden bellenilen nyrhlar boýunça töleg tutulýar. Goşmaça ugratmak üçin töleg arzada iberijiniň ýörite görkezmesi bolanda adresatdan alnyp bilner.
     
  189. Alyjynyň salgysyny okap bolmadyk ýagdaýynda (bozulan, ýyrtylan) iberijiniň günäsi boýunça bolmasa gaýtarylan poçta ugratmalary üçin töleg alynmaýar.
     
  190. Tölenmedik pul serişdeleriniň poçta geçirimleri ýuridik şahslara olaryň hasaplaşyk hasabyna geçirmek arkaly, peýdalanyjylara nagt ýa-da iberijiniň hasabyna geçirmek arkaly (arza boýunça) gaýtarylýar. Pul serişdeleriniň poçta geçirimleriň aragatnaşyk hyzmatlary üçin edilen tölegler gaýtarylmaýar.
     
  191. Poçta ugratmasy gowşurylmadyklaryň hataryna şu halatlarda geçirilýär: 
     
    1. adresatyň we iberijiniň gerek bolan salgy maglumatlarynyň ýoklugynda (ýa-da gabat gelmezliginde);
    2. poçta ugratmasyny almakdan adresatyň we iberijiniň boýun gaçyrmagynda;
    3. bellenilen möhletiň tamamlanmagy bilen we gowşurylan poçta ugratmasyny almak üçin peýdalanyjynyň poçta aragatnaşygyna gelmedik ýagdaýynda.
       
  192. Poçta ugratmasy gowşurylmadyklaryň hataryna ony gowşurmagyň ähli mümkinçilikleri ulanylandan we gowşurmazlygynyň sebäpleriniň düýpli barlagy geçirilenden soňra geçirilýär.
     
  193. Abonement gutusyndan çykarylan salgysyz ýa-da doly däl, düşnüksiz, gysgaldylan salgyly ýönekeý hatlar, poçta kartoçkalary we banderollar, bellenilen ýerine ugratmaga ýa-da iberijilere gaýtarmaklyga ýol bermeýän salgysy görkezilmedik (ýa-da zaýalanan) poçta ugratmalary, şeýle hem almakdan boýun gaçyrylan sebäp boýunça adresatlara gowşurylmadyk tölegli poçta ugratmalary gowşurylmadyklar hökmünde wagtlaýyn saklanyşa ugradylýar.
     
  194. Hatlar bilen poçta gutularyndan alnan resminamalar (şahsyýatnamalar, pasportlar, harby biletler we beýlekiler) degişli guramalara ýollanýar. Bir senenama ýylynyň dowamynda alynmadyk pul geçirimleri poçta aragatnaşyk operatorynda saklanylýar we möhletde tölenilmezliginiň sebäpleri öwrenilip, olaryň arzasynyň esasynda adresata ýa-da iberijä tölenýär.
     
  195. Bir senenama ýylynyň dowamynda alynmadyk pul geçirimleri poçta aragatnaşyk operatorynyň haýryna geçirilýär, olara degişli önümçilik resminamalary arhiwde 3 ýylyň dowamynda saklanylýar.
     
  196. Gowşurylmadyk poçta ugratmalary wagtlaýyn saklanyşda çärýekde bir gezekden köp bolmadyk, peýdalanyjylaryň salgylaryny ýa-da olary adresata eltmek (gowşurmak) üçin zerur bolan beýleki maglumatlary bilmek ýa-da iberijä gaýtarmak maksady bilen açylmaga degişlidir.
     
  197. Gowşurylmadyk poçta ugratmalaryny açmak üçin poçta aragatnaşyk bölüminiň ýolbaşçysyndan (onuň orunbasaryndan), poçta aragatnaşyk operatoryndan, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň wekillerinden, içeri işler edaralarynyň wekilinden ybarat bolan topar döredilýär.
     
  198. Haçanda gowşurylmadyk poçta ugratmalarynyň içine salnan zatlaraserediş geçirilen mahaly adamlaryň durmuşy we saglygy üçin howply zatlar saklaýandygy anyklanylsa, onda bu poçta ugratmalary ahyryna çenli açylman, ygtyýarly edaralara habar berilip ýörite wekiller tarapyndan alynýar we zerur bolan howpsuzlyk çäreleriniň berjaý edilmegi bilen ýok edilýär.
     
  199. Adamlaryň durmuşy we saglygy üçin howply zatlar ýok edilen mahaly poçta aragatnaşyk operatorynyň, içeri işler ýa-da milli howpsuzlyk edaralarynyň, zerur bolan ýagdaýynda saglygy goraýyş edaralarynyň wekillerindenybarat bolan topar tarapyndan bu barada teswirnama düzýär.
     
  200. Gowşurylmadyklaryň hataryndan hasaba alynýan poçta ugratmasynyň açylmagynda iberijiniň salgysy anyklanan bolsa, ol teswirnamanyň bir nusgasy bilen gaplanylýar we adresata ugradylýar ýa-da iberijä gaýtarylýar, edil şu tertipde hem ýüze çykarylan pul möçberleri ugradylýar ( geçirilmegi üçin tölegi tutmak bilen).
     
  201. Anyklanan salgy boýunça poçta ugratmalaryny gaýtarmak ýa-da daşamak üçin peýdalanyjydan möçberi bellenilen nyrh boýunça kesgitlenen töleg alynýar.
     
  202. Saklanylmagynyň möhletiniň geçmegi bilen gowşurylmadyk halkara ugratmalary halkara poçta ugratmalarynyň taýýarlanylmagy üçin goýlan, ilki kabul edilen ýerlerine poçta bölümlerine (halkara poçta alyş-çalyş ýerleri) şu Kadalara laýyklykda mundan beýläk hem taýýarlanmak üçin gaýtarylýar.

    XVIII. Poçta ugratmalaryny saklamagyň, barlamagyň we  almagyň tertibi
     
  203. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda poçta ugratmalaryny gozgamasyz etmek zerur halatlarda, poçta-telegraf ugratmalarynytussaga goýmak anyklaýjynyň, sülçiniň prokuror tarapyndan sanksiýa berlen karary we kazyýetiň kesgitnamasy esasynda amala aşyrylýar. Sülçiniň prokuror tarapyndan sanksiýa berlen karary ony ýerine ýetirmek üçin poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň ýolbaşçysyna ýerine ýetirmek üçin ugradylýar. 

  204. Poçta ugratmalaryň barlagy, alynmagy we olardan nusga alynmagy şaýatlaryň gatnaşmagy we teswirnamanyň düzülmegi bilen amala aşyrylýar. Teswirnamanyň 1 nusgasy poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynda galdyrylýar.

  205. Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan poçta ugratmalarynyň we pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň gozgamasyz edilen ýagdaýynda poçta aragatnaşygynyň operatory iberijiniň öňünde jogapkärçilikden boşadylýar.

  206. Eger-de poçta aragatnaşygynyň operatorynda poçta ugratmasynyň içinde geçirilişe gadagan bolan zatlaryň bardygy barada (organoleptiki görkezijiler boýunça) esaslandyrylan çaklama ýüze çyksa, onda ol içki poçta ugratmasyny olaryň ýüze çykarylan ýerinde saklap biler. Şeýle poçta ugratmalaryň wagtlaýyn saklanylmagy aragatnaşyk poçta bölüminde jemgyýetçilik howpsuzlygynyň, abatlygynyň we hasaba alnyşynyň berjaý edilmegi, keseki adamlaryň olara el degirmek mümkinçiligi aradan aýryp amala aşyrylýar.

  207. Poçta ugratmalarynda poçta torlary boýunça geçirilmäge gadagan zatlaryň ýüze çykarylandygy we şular ýaly poçta ugratmalarynyň saklanylmagy barada poçta aragatnaşyk operatory haýal etmän içeri işler ýa-da milli howpsuzlyk edaralaryna, zerur bolan ýagdaýynda saglygy goraýyş edaralaryna habar berýär. 

  208. Görkezilen hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri poçta aragatnaşygynyň ýolbaşçysynyň ýanynda gadagan edilen zatlary degişli teswirnama düzmek bilen aýyrýarlar, onuň 1 nusgasy iberijä ugradylýar.

  209. Poçta ugratmalarynda zäherli jandarlar ýa-da ösümlikler ýüze çykarylan ýagdaýynda, degişliligi boýunça Türkmenistanyň ygtyýarly edaralaryna ugradylýar.

  210. Poçta ugratmalarynda tapylan Türkmenistanyň milli puly iberijä gaýtarylýar.

  211. Poçta torlary boýunça geçirilmäge gadagan bolan zatlaryň aýrylandygy barada poçta aragatnaşygynyň operatory eger-de görkezilen zatlaryň ýüze çykarylmagynda hukuk goraýjy edaralar tarapyndan başga karar kabul edilmedik bolsa, 10 senenama gününiň dowamynda ýazmaça görnüşde poçta ugratmasyny iberiji adama habar berýär,

  212. Halkara poçta ugratmalaryndan geçirilmäge gadagan edilen zatlaryňtapylandygy barada poçta aragatnaşyk operatory haýal etmän Türkmenistanyň gümrük edaralaryna habar berýär.

    XIX. Peýdalanyjylaryň arzalaryna we şikaýatlaryna garamagyň tertibi

  213. Iberiji ýa-da adresat, şeýle hem ynanç haty boýunça hereket edýän şahs ugratmany beren gününden 6 aýyň dowamynda poçta ugratmasynyň gözlenmegini we (ýa-da) ýitgi, içine salnan zatlaryň ýetmezçiligi ýa-da zaýalanmagy bilen baglanyşykly zeperiň öweziniň doldurylmagyny, pullaryň, gymmatly kagyzlaryň we beýleki zatlaryň gaýtarylmagyny, 12 aýyň dowamynda puluň poçta ýa-da telegraf arkaly geçirilmegini talap edip, şikaýat etmäge (arza) ýa-da nägilelik bildirmäge haklydyr.

  214. Şikaýatyň we arzalaryň ýanyna töleg haty, ýa-da töleg hatynyň tassyklanan nusgasy, ýa-da bolmasa poçta ugratmasy kabul edilende berlen “F-103”, “F-103-A” sanawynyň nusgasy goşulmalydyr. Poçta ugratmasynyň ugradylandygyny tassyklaýan “F-51” teswirnamasy bolan ýagdaýynda, arzanyň ýanyna töleg haty goýulman hem bilinýär. 

  215. Tizleşdirilen ýa-da çapar poçtasy arkaly ugradylanda şikaýat ýa-da arza töleg hatsyz hem kabul edilýär, bir iberijiden birnäçe ugratmalar ugradylan halatynda (tapgyr edilip) – kabul edilen ugratmalaryň sanawyny we nyrhy, şol sanda agramy we ätiýaçlandyrylyşy tölandigi barada töleg hatyny görkezmek arkaly kabul edilýär. 

  216. Şikaýat ýa-da arza poçta ugratmasynyň ýa-da pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmatynyň kabul edilen ýerinde poçta aragatnaşyk operatoryna bildirilýär. Eger-de poçta ugratmasynyň doly we dogry maglumatlary (san belgisi ýa-da ştrih-kody, eltip berilmeginiň wagty we ýeri, barmaly ýeriň salgysy, iberijiniň we alyjynyň ady)bar bolan ýagdaýda poçta ugratmasynyň baran ýerine hem ýüz tutmaklyga ýol berilýär.

  217. Şikaýat ýa-da arza ýazmaça görnüşde kabul edilýär, bellenilen tertipde poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasy tarapyndan hökmany hasaba alynýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan möhletlerde seredilýär. 

  218. Poçta ugratmasynyň ugradylmagyny we alynmagyny tassyklaýan poçta möhüriniňyzy galan poçta ugratmasynyň gaby görkezilende, poçta ugratmasynyň öz möhletinde däl wagtda eltip berlendigi (gowşurylandygy) barada ýazmaça şikaýat ýa-da arza kabul edilýär.

  219. Hasaba alynýan poçta ugratmalarynyň, poçta pul geçirimleriniň  gözlenilmegi we (ýa-da) içinde geçirilen zatlaryň ýitgisi, ýetmezçiligi, çalşyrylmagy ýa-da zaýalanmagy bilen baglanyşykly zeperiň öweziniň doldurylmagy, şeýle hem gowşurylmadyk poçta ugratmalaryndan tapylan pullaryň, gymmatly kagyzlaryň we beýleki zatlaryň gaýtarylmagy barada ýazmaça şikaýat ýa-da nägilelik poçta ugratmalary we pul serişdeleriniň poçta geçirimleri kabul edilende berlen töleg hatynyň ýa-da sanawyň nusgasynyň görkezilmegi bilen kabul edilýär.

  220. Töleg hatynyň ýa-da sanawyň nusgasynyň görkezilmegi, halkara poçta ugratmasy ugradylanda bolsa, gümrük beýannamasynyň nusgasynyň görkezilmegi bilen bildirilýän ýazmaça şikaýatda ýa-da nägilelikde şular görkezilýär:

    1. poçta ugratmasynyň ýa-da pul serişdeleriniň poçta geçirimleriniň aragatnaşyk hyzmatynyň görnüşi;
    2. töleg haty boýunça san belgisi;
    3. kabul edilen wagty we ýeri;
    4. bellenilen ýeri; 
    5. goýlan bahasy;
    6. adresatyň salgysy we doly ady.   
       
  221. Ugratmanyň, göni konteýneriň ýa-da bahasy goýlan banderolyň alynmandygy barada şikaýatda (arzada) we (ýa-da) nägilelikde gabyň görnüşi, içine salnan zatlaryň doly sanawnamasy we bahasy görkezilýär. 
     
  222. Şikaýaty (arzany) we (ýa-da) nägileligi kabul edende poçta aragatnaşygynyň operatory şikaýatça poçta töleg hatlaryny, sanawlaryň we beýannamanyň nusgalaryny gaýtarýar.
     
  223. Şikaýat ýa-da arza bilen peýdalanyjylaryň özi däl-de, onuň ynanylan wekili ýüz tutsa,  bellenilen tertip boýunça resmileşdirilen ynanç haty goşulýar.
     
  224. Hasaba  alynýan poçta ugratmalaryň gözlenmegi barada şikaýata (arza) we (ýa-da) nägilelige olaryň geçirilmeginiň barlag möhletiniň tamamlanmagy bilen seredilýär,  içerki poçta ugratmalary boýunça, ondan başga-da, iň soňky habaryň ugradylmagyndan we alynmagyndan soň seredilýär.
     
  225. Alynmagy barada habar bilen ugradylýan içki we halkara poçta ugratmalaryň gözlegi mugt amala aşyrylýar.
     
  226. Alnandygy barada habarsyz geçirilýän hasaba alynýan poçta ugratmasynyň gözlegi üçin kesgitlenen nyrhlara laýyklykda töleg alynýar.

    XX. Poçta torlary boýunça geçirilmäge gadagan edilýän goýumlaryň sanawy 
    Içki poçta ugratmalarynda geçirilmäge gadagan edilýän goýumlar
     
  227. Içki poçta ugratmalaryndaşu aşakdaky zatlary ugratmak gadagan:
     
    1. ot açýan ýarag,  söweş el atyjy ýarag,  raýat we gulluk ýaragy, ok-däri, olaryň ätiýaçlyk bölekleri we olary toplamak üçin bölekler, ýaýlar we sport arbaletleri, yşyk, tüsse we ses yşaratlaryny  bermek üçin niýetlenen ýarag, elektrik ýaragy, elektroşok gurallary we uçgun razrýadnikleri, sowuk tyg ýaragy, gürzüler, kastetler, stiletler, surikenler, bumeranglar we urguly-owradyjy, zyňyjy, sünçýän, kesýän häsiýetli beýleki zatlar, sport gurallaryndan başga, iki maksatly ulanylýan ýörite tehniki serişdeler we olary toplamak üçin bölekler; 
    2. neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we prekursorlar;
    3. ýadro materiallary, radioaktiw,güýçli täsir edýän, iýiji, partlaýjy we tiz ýanýanmaddalar, ýaryjy serişdeler, pirotehniki maddalar we olaryň ulanylmagy bilen öndürilen önümler we beýleki howply maddalar; 
    4. awular, zäherli haýwanlar, zäherleýji maddalar, zäherli ösümlikler we tohumlar;
    5. daşary ýurt puly;
    6. konstitusion gurluşyň zorlukly üýtgedilmegine, Türkmenistanyň bitewiligini, döwletiň howpsuzlygyny bozmaklyga, urşa, durmuş deňsizlige,  jynsparazlyga, milletparazlyga, dini, gatlak, jynsy artykmaçlyklara,  zorluga we ahlaksyzlyga çagyrýan wagyzlar, neşirler, şekillendiriş eserleri, kino, foto, audio we wideo materiallar;
    7. çalt zaýalanýan iýmit önümleri;
    8. öz häsiýeti ýa-da gaby boýunça poçtanyň işgärlerine howp salýan, beýleki poçta ugratmalaryny we poçta enjamlaryny hapalap we zaýalap bilýän zatlar. 
       
  228. Kadadan çykma hökmünde ugratmalarda  –  ýaraglary satmak üçin ygtyýar edilen dükanlar tarapyndan raýat, gulluk ýaragyny abatlamak hukugy üçin ygtyýarly öndüriji-kärhanalaryň hem-de beýleki ýuridikşahslaryň we peýdalanyjylaryň salgylaryna ugradylýan, şeýle-de öndüriji-kärhanalar  hem-de beýleki ýuridikşahslar we peýdalanyjylar tarapyndan degişli dükanlaryň salgysyna  ugradylýan raýat we gulluk ýaragynyň döwük bölekleri. Görkezilen zatlary ugratmalaryň içine salmak iberiji tarapyndan degişli ygtyýarnamanyň görkezilmegi bilen kabul etmeklige rugsat berilýär:
     
  229. Içki banderollarda, bahasy goýlan  hatlarda we ugratmalarda bukjaly we bukjasyz görnüşdäkihatlary, iberiji we alyjy bolup durmaýan  beýleki şahslaryň  öz arasynda alyş-çalyş edýän resminamalary we hatlary daşamak gadagan. Ugratmalarda çap edilýän döwürleýin neşirleri daşamak gadagan.
     
  230. Içki poçta ugratmalarynyň ähli görnüşleriniň içine Türkmenistanyň beýleki poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň ugratmak üçin kabul edilen we resmileşdirilen poçta ugratmalarynyň islendik görnüşlerini salmak gadagan.

    Halkara poçta ugratmalarynda ugratmak üçin gadagan edilýän goýumlar
     
  231. Halkara poçta ugratmalarynda şu aşakdaky zatlary ugratmak gadagan:
     
    1. ot açýan ýarag,  söweş el atyjy ýarag,  raýat we gulluk ýaragy, ok-däri, olaryň ätiýaçlyk bölekleri we olary toplamak üçin bölekler, ýaýlar we sport arbaletleri, yşyk, tüsse we ses yşaratlaryny  bermek üçin niýetlenen ýarag, elektrik ýaragy, elektroşok gurallary we uçgun razrýadnikleri, sowuk tyg ýaragy,  gürzüler, kastetler, stiletler, surikenler, bumeranglar we urguly-owradyjy, zyňyjy, sünjüji-kesiji häsiýetli beýleki zatlar, sport gurallaryndan başga, iki maksatly ulanylýan ýörite tehniki serişdeler we olary toplamak üçin bölekler; 
    2. neşe serişdeleri, psihotrop maddalary we prekursorlar;
    3. ýadro materiallary, radioaktiw,güýçli täsir edýän, iýiji, partlaýjy we tiz ýanýan maddalar, ýaryjy serişdeler, pirotehniki maddalar we olaryň ulanylmagy bilen öndürilen önümler we beýleki howply maddalar;
    4. awular, zäherli haýwanlar, zäherleýji maddalar, zäherli ösümlikler we tohumlar;
    5. daşary ýurt puly, Türkmenistanyň pul belgileri ( ýubileý ýatlama we numizmatik şaýy pullary muňa degişli däldir);
    6. marallaryň, saýgaklaryň, menek-menek sugunlaryň şahlaryny, toýnaklaryny, buýnuzyny, şeýle hem menek-menek sugunlaryň derisini (Türkmenistanyň çäginden geçirilende), Türkmenistanyň  Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlardan we ösümlikleriň alynýan önümleri;
    7. Türkmenistanyň döwlet gurluşyna, bitewiligine, eldegrilmesizligine we onuň çäk bitewiligine kast edýän, konstitusion gurluşyny agdarmak ýa-da zorlukly üýtgetmek, şol sanda ekstremizme, separatizme we beýleki hereketlere çagyryşlary etmek ýagny döwletiň howpsuzlygyny bozmaklyga, urşa, durmuş deňsizligine, jynsparazlyga, milletparazlyga, dini, gatlak, jynsy artykmaçlyklara, zorluga we ahlaksyzlyga çagyrýan wagyzlar, neşirler, şekillendiriş materiallary, kino, foto- audio we wideo materiallar;
    8. mör-möjekleri derňemek üçin niýetlenen we kabul edilen guramalaryň arasynda alyş-çalyş edilýän  arylardan, sülüklerden, ýüpek gurçuklaryndan we zyýanly mör-möjekleriň gyryjylaryndan başga janly haýwanlar;
    9. öz häsiýeti ýa-da gaby boýunça poçtanyň işgärlerine howp salýan, beýleki poçta ugratmalaryny we poçta enjamlaryny hapalap we zaýalap bilýan zatlar;
    10. çalt zaýalanýan iýmit önümleri;
    11. ýol çekleri, gymmat bahaly metallar we daşlar we şeýle hem olardan öndürilen önümler;
    12. getirilmegi ýa-da ulanylmagy bellenilen ýurtda gadagan edilýan zatlar. 
       
  232. Halkara banderollarda, bahasy goýlan  hatlarda we ugratmalarda bukjaly we bukjasyz görnüşdäkihatlary, iberiji we alyjy bolup durmaýan  beýleki şahslaryň  öz arasynda alyş-çalyş edýän resminamalary we hatlary daşamak gadagan. Mundan başga-da, kiçi paketlerde we ugratmalarda çap edilýan döwürleýin neşirleri daşamak gadagan.
     
  233. Halkara poçta ugratmalarynyň ähli görnüşleriniň içine Türkmenistanyň beýleki poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalaryna ugratmak üçin kabul edilen we resmileşdirilen poçta ugratmalarynyň islendik görnüşlerini salmak gadagan.

    Içki we halkara poçta ugratmalarynda geçirilmegi çäklendirilen zatlar
     
  234. Içki we halkara poçta ugratmalarynda poçta torlary boýunça geçirilmäge kabul edilýän zatlaryň sanawyna şu aşakdaky şertleriň bolmagynda şular degişli: 
     
    1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, medenigymmatlyklar (Türkmenistanyň çäginden daşarda geçirilende) – medeniýetulgamyndaky ygtyýarly edaranyň rugsat bermegi bilen;  
    2. ösümlikler, gelip çykyşy boýunça ösümlik önümleri, şeýle hem haýwanlar,gelip çykyşy boýunça maldarçylyk önümleri –  oba hojalyk ulgamyndakyygtyýarly edaranyň rugsat bermegi bilen;
    3. radioelektron serişdeler we ýokary ýygylykly enjamlar (Türkmenistanyňçäginde geçirilende) - aragatnaşyk  ulgamyndaky ygtyýarly edaranyň rugsatbermegi bilen;
    4. Türkmenistanyň çäginde hasaba alynmadyk derman serişdeleri(Türkmenistanyň çäginde geçirilende) – saglygy goraýyş ulgamyndaky ygtyýarly edaranyň rugsat bermegi bilen;
       
  235. Halkara poçta habarynda geçirilýän içinde merhumlaryň jesediniň küli bolan urnalar – şu resminamalar bilen: 
     
    1. lukmançylyk edarasy tarapyndan berlen we diplomatik wekilhanalaryň ýa-da konsullyk edaralarynyň möhüri bilen tassyklanan, eger-de olaryň ýok ýagdaýynda Türkmenistanyň şol ýurtda bähbitlerine wekilçilik edýän  diplomatik wekilhanalaryň ýa-da konsullyk edaralarynyň möhüri bilen tassyklanan ölüm hakynda lukmançylyk şahadatnamasy we (ýa-da) geçirilen bolsa jesediň kesilip görülmeginiň teswirnamasyndan göçürme, ýa-da raýatlyk ýagdaýynyň namalaryny ýazgy edýän edaralary tarapyndan berilýan başga resminamalar;   
    2. diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan düzülýän, eger-de olaryň ýok ýagdaýynda daşary ýurtda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýän diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary tarapyndan düzülýän urnada özge  zatlaryň ýoklugy barada kepilnama; 
    3. döwlet sylaglary (ordenler, medallar, nyşanlar, atly sowgatlar) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilende, şeýle sylaglary bahasy goýlan halkara poçta ugratmalarynda geçirýän şahsa degişlidigini tassyklaýan sylaglanma baradaky resminamanyň görkezilmegi bilen ýol berilýär;
    4. maglumaty ýazmak arkaly geçirilýän maglumatyň elektron göterijileri (diskler, kompakt-diskler, gaty diskler we fleş-kartlar) – ýazgynyň geçirilmegi amala aşyrylan elektron göterijileriň we (ýa-da) operasion ulgamyň görnüşi barada maglumatlaryň barlygynda. Göterijide maglumatyň ýok ýagdaýynda operasion ulgamyň görnüşi görkezilýär ýa-da  kärhananyň pasporty goýulýar. 
       
  236. Içki poçta ugratmalarynda gök önümleriň we miweleriň gaty görnüşleri bilen ugratmalary ýüklemegiň kepillendirilen kadalarynyň çäklerinde olary uçarlaryň göni gatnawlaryndaugratmak bilen hasaba alnyp kabul edilýär, demir ýol ulagy bilen bolsa – şeýle ugratmalaryň 7 günüň dowamynda geçmek şertibilen, şu möhletden geçse iberiji içine salnanlaryň bolup biljek zaýaçylygyny öz boýnuna alýar.

    XXI. Derňew gabawhanalarynda tussaglykda saklanylýanlara, Düzediş ederalarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän iş kesilenlere hem-de harby-düzediş bölümlerinde saklanylmaga iş kesilen harby gullukçylara almak gadagan edilen närseler we zatlar
     
  237. Içki poçta ugratmalary boýunça, Derňew gabawhanalarynda tussaglykda saklanýanlaryň, düzediş ederalarynda azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çekýän iş kesilenleriň ugratmalary, geçirilýän zatlary we banderollary almaklarynyň we olary gözden geçirmekligiň tertibi, şeýle hem almak gadagan edilen närseleriň we zatlaryň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

    XXII. Poçta hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly beýlekidüzgünler.
    Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny tölemegiň tertibi

  238. Poçta ugratmalary we poçta pul geçirimlerini geçirmek üçin töleg, poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasynyň we hyzmatlardan peýdalynyjynyň arasynda baglaşylan şertnamada kesgitlenen başga ýagdaýlardan başga, olar kabul edilen pursatynda amala aşyrylýar.

  239. Poçta aragatnaşyk hyzmatlary Türkmenistanyň milli pulunda nagt görnüşinde ýa-da nagt däl hasaplaşyk görnüşinde amala aşyrylýar. Poçta töleginiň döwlet nyşanlary poçta aragatnaşyk hyzmatlaryň tölenendigini tassyklaýar.

  240. Bahasy goýlan ugratma üçin poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny tölemek agramyna baglylykda ugratma üçin we ugratmanyň goýlan bahasy üçin tölegden ybaratdyr. 

  241. Bahasy goýlan halkara ugratmalary üçin poçta aragatnaşyk hyzmatlaryna degişli töleg geçirmek üçin agram hakyny, goýlan bahasyny we ekspedisiýa hakyny öz içine alýar. 

  242. Poçta aragatnaşyk hyzmatlary üçin nyrhlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenýär. 

  243. Döwlegen, uly göwrümli ugratmalary, şeýle hem “Seresaplyk bilen” ýazgyly ugratmalary daşamak üçin hereket edýän nyrhlara laýyklykda goşmaça töleg alynýar.

  244. Tölenmedik ýa-da bölekleýin tölenen ýönekeý içki hatlar, poçta kartoçkalary we banderollar peýdalanyjylaryň adyndan bellenilen ýerleri boýunça geçirilip bilner, emma şeýle poçta ugratmalaryň gowşurylmagy pul töläp alynýan poçta ugratmasyna degişli nyrhyň jemini adresat tölaninden soňra amala aşyryýar. Şu poçta ugratmalaryň yzyna gaýtarylmagynda töleg iberijiden alynýar. 

  245. Ýuridik taraplaryň tölenmedik ýa-da doly töleg edilmedik poçta ugratmalary markalary üzlüşilenden soň, işlenilmeginiň birinji tapgyrynda iberijä yzyna gaýtarylýar.

  246. Goşmaça tölegli poçta ugratmalarynda iberijiniň salgysy görkezilmedik ýa-da alyjy poçtany almagy ret eden ýagdaýynda, şular ýaly poçta ugratmalary gowşurylmadyklaryň hataryna geçirilýar.

  247. Fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan poçta gutusyna goýlup tölenmedik ýa-da tölegi doly edilmedik halkara hatlary, kartoçkalar we banderollar markalaryny tölemezlik şerti bilen doly tölegini eder ýaly iberijä yzyna gaýtarylýar.

  248. Halkara korrespondensiýasynyň tölegi üçin aragatnaşygyň poçta bölümleriniň kupon satan daşary ýurt poçta guramalarynyň poçta ştempeliniň möhürli halkara jogap kuponlaryny kabul etmäge hukugy bardyr.

  249. Aragatnaşygyň poçta bölümleri bahasy BPB-niň namalary bilen bellenýän halkara jogap kuponlaryny satýarlar.

  250. Halkara jogap kuponlary aragatnaşygyň poçta bölümlerinde howa ulagy bilen ugradylýan agramy 20 grama çenli bolan bir adaty halkara hatyň töleg nyrhnamasynyň hasabyndan Türkmenistanyň poçta markalaryna çalşyrylýar.

    Poçta töleginiň döwlet nyşanlary

  251. Aragatnaşygyň poçta bölümi tarapyndan alnan hat korrespondensiýasynyň geçirilmeginiň tölegi Türkmenistanyň poçta tölegleriniň döwlet nyşanlary bilen tassyklanylýar. Poçta töleginiň döwlet nyşanlarynyň goýberilmegi poçta aragatnaşyk ugrunyň, şeýle-de olaryň aragatnaşygyň poçta bölümleriniň üsti bilen ýerlenmeginiň ygtyýarlylandyrylan guramalary tarapyndan tassyklanan görnüşlerine we möçberlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

  252. Poçta töleginiň döwlet nyşany hökmünde standart we çeperçilik seriýaly poçta markalary hem-de marka ýygyndylary, şeýle-de frankirleme enjamlarynyň şekilçe möhürleri we poçta aragatnaşyk ugrunyň ygtyýarlylandyrylan edaralary tarapyndan dolanyşyga goýberilýan poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň töleginiň edilendigini tassyklaýan beýleki nyşanlary ulanylýar. Markalar poçta ugratmalaryna ýelmenýärler ýa-da çaphana usuly bilen poçta bukjalaryna we poçta kartoçkalaryna çap edilýärler.

  253. Poçta töleginiň döwlet nyşanlarynda döwletiň ady (latynça ýazylyşyna görä “Turkmenistan”), şeýle-de markanyň suraty döwlet dilinde, töleg (nominal) mukdary arap sanlary ýa-da latyn harplary bilen ýazylýar, goýberilen senesi (hasaba alyş san belgisi) görkezilýär.

  254. Poçta töleginiň döwlet nyşanlarynyň satylanlary yzyna alynmaýar we çalşyrylmaýar.

  255. Markalaşdyrylan bukjalardan we poçta kartoçkalaryndan kesilip alnan tölegi üzlüşilmedik poçta markalary Türkmenistanyň çäklerindäki hat, banderol we poçta kartoçkalarynyň ugradylmagynyň töleginde ulanylyp bilner. Poçta töleginiň kesilip alnan beýleki nyşanlary (mysal üçin, kataloglardan we mahabat neşirlerinden, şeýle-de, beýleki ýurtlaryň markalary) poçta ugratmalarynyň tölegi hökmünde kabul edilmeýär.

  256. Dolanyşykdan çykarylan, hapalanan, zaýalanan poçta markalary içki ýa-da halkara poçta ugratmalary üçin ulanylmaýar.
     

    XXIII. Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanýanlaryň poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň öňündäki hukuklary we borçlary
     

  257. Iberijiniň entek bellenen ýerine ugradylmadyk ýönekeý hatlary we banderollary, sargytly hatlary we banderollary, töleg bellenen poçta ugratmalaryna, poçta ugratmalaryny ýa-da eltmesi tölenen pul geçirimlerini yzyna almaga haky bardyr. Şular ýaly ýagdaýda iberijä poçta tölegi üçin tölenen döwlet pajyndan we edilen goşmaça hyzmatlaryň töleginden daşgary ondan alnan töleg yzyna gaýtarylýar. Ýuridik şahslaryň eltmesi tölenen pul geçirimleri olaryň hasaplaşyk hasabyna geçirilmegi arkaly tölenýär, şol pul geçirimleriniň ugradylmagynyň tölegi yzyna gaýtarylmaýar.  Şeýle-de eltmesi tölenen poçta ugratmalarynyň tölegleri yzyna gaýtarylyp berilmeýär.

  258. Halkara poçta ugratmalarynyň iberijisi özüniň ugradan poçta ugratmasynyň yzyna gaýtarylmagyny ýa-da ugradan salgysynyň üýtgedilmegini poçta aragatnaşygynyň islendik nokadyndan talap etmäge hukuklydyr. Halkara ugratmasyny tabşyran wagtynda iberijiugratmanyň adresata berilmedik ýagdaýynda nähili hereket etmelidigi baradakarar etmäge hukuklydyr, bu barada ugratmanyň ýan hatynda bellik edilýär.

  259. Poçta ugratmasynyň iberijisiniň aşakdakylar hakynda maglumat almaga hukugy bardyr:

    1. poçta aragatnaşygynyň hödürleýän hyzmatlary barada;
    2. poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň nyrhnamalary barada;
    3. poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň düzgünleri barada;
    4. poçta ugratmalarynyň eltip berilmeginiň möhleti barada;
    5. ugradylmagy gadagan edilen zatlaryň sanawy barada;
    6. poçta aragatnaşygynyň operatorynyň aragatnaşyk ugrundaky işiniň ýörite rugsatnamasynyň (ygtyýarnamasynyň) hereket ediş möhleti we san belgisibarada;
    7. poçta aragatnaşygynyň operatorynyň iş tertibi barada;
    8. poçta aragatnaşyk operatorlarynyň poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanýanlaryň öňündäki jogapkärçiligi barada;
    9. kanunçylyk tarapyndan gadagan edilmedik beýleki maglumatlar.
       
  260. Poçta ugratmalaryny iberijiler, eger-de gadagan edilen zatlary içinde ugratmak ýa-da poçta aragatnaşyk operatorynyň poçta ugratmasyny nädogry gaplamagy ýaly ýagdaýlardan başga iberijiniň ugradýan zadyny nätakyk gaplamagy şerti bilen ugradan poçta ugratmasy poçta aragatnaşygynyň operatorlaryna, poçta aragatnaşyk serişdelerine, poçta aragatnaşyk desgalaryna, beýleki peýdalanyjylara zeper ýetiren ýagdaýynda poçta aragatnaşyk operatorynyň we poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylarynyň öňünde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler. 
     
  261. Iberiji ugradylmagyna rugsat berilmeýän zatlaryň ýa-da ugradyş talaplaryna laýyk gelmeýän görnüşde “EMS” bilen ugradylan ähli ugratmalar boýunça jogapkärçilik çekýär.

    XXIV. Poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalarynyň poçta aragatnaşyk hyzmatyny ulanýanlaryň öňündäki hukulary we borçlary
     
  262. Aragatnaşyk kärhanalary içki poçta ugratmalary boýunça aşakdaky ýagdaýlarda maddy jogapkärçilik çekmeýärler:
     
    1. poçta ugratmalarynyň içine goýlan zatlaryň ýetmezçiligi ýa-da zeper ýetmeleri,poçta ugratmalarynyň ýitmegi tebigy häsiýetli heläkçilik sebäpli bolanda;
    2. iberijiniň günäsi bilen hereket edýän düzgünleriň talaplarynyň bozulmagy ýa-da ugratýan zadynyň aýratynlygy sebäpli poçta ugratmalarynyň içine goýlan zatlarynyň ýetmezçiligi ýa-da zeper ýetmeleri;
    3. poçta aragatnaşyk döwlet kärhanasy tarapyndan ýapyk görnüşde kabul edilen poçta ugratmalarynyň ätiýaçlandyryş haty alyja berlende, poçta ugratmasynyň gaby we möhüri abat hem-de poçtanyň agramy tabşyrylandaky agramyna deň gelýän bolsa;
    4. poçta ugratmasy alyjy tarapyndan alnyp, onyň alnandygy barada dilhaty berlende.
       
  263. Halkara poçta ugratmalarynda poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalary BPB-i tarapyndan göz öňünde tutulan ýagdaýlarda maddy jogapkärçilik çekmeýärler.
     
  264. Ýitirilen, ogurlanan poçta ugratmalarynyň, içine goýlan zatlaryň ýetmezçiliginiň, zeper ýetmeleriniň ýa-da zaýalanmagynyň öweziniň tölenmegi we ýygymlarynyň yzyna gaýtarylmagy, şeýle-de poçta ugratmalarynyň geçişleriniň haýallamagy derňew materiallarynyň esasynda arza-şikaýatlara seredýän aragatnaşyk kärhanasy tarapyndan amala aşyrylyp, netijede günäkär diýlip hasaplanan poçta aragatnaşyk kärhanasyna töleg hasapnamasy çykarylýar.
     
  265. Eger-de poçta ugratmalarynyň içine goýlan zatlaryň zaýalanmagy, ýetmezçiligi, ýitmegi, poçtanyň we telegrafyň üsti bilen ýerine ýetirlen pul geçirimleri boýunça pul serişdeleriniň tölenmezligi poçta aragatnaşyk hyzmatyny peýdalanyjynyň günäsi bilen ýa-da öňüni alyp bolmajak güýçleriň netijesinde amala aşan ýagdaýynda, poçta aragatnaşyk hyzmatlary boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmedik ýa-da nädogry ýerine ýetiren poçta aragatnaşygynyň operatory  emläkleýin jogapkärçilik çekýär.
     
  266. Poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalary halkara poçta ugratmalarynyň içine goýlan zatlarynyň ýitmegi, ýetmezçiligi, zaýalanmagy ýaly zeperleri üçin peýdalanyjylaryň öňünde, BPB-niň namalary we halkara ylalaşyklary boýunça göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.
     
  267. BPB-niň kabul edýän ýa-da bellenen ýurduň poçta kärhanalarynyň namalaryna laýyklykda, halkara poçta ugratmalary gümrük barlagyna hödürlenip bilner. Şu ýagdaýda poçta aragatnaşyk döwlet kärhanalary poçta iberiji tarapyndan nähili doldurylandygyna garamazdan, gümrük beýannamasy boýunça hem-de gümrük barlagy üçin getirilen hat korrespondensiýasynyň we ugratmalaryň barlagynyň netijesinde alnan karar boýunçajogapkärçilik çekmeýärler.

    XXV. Poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň ýörite ygtyýarlyklary
  268. Poçta aragatnaşygynyň operatory gadagan edilen ugratma goýumlary ýa-da netijede beýleki poçta ugratmalaryna zeper ýetirip biljek derejede goýumlaryň zeper ýetmeleriň äşgär alamatlary (ys, syzma we başgalar) bolan ýagdaýynda poçta ugratmalaryna saklamaga we açmaga hukuklydyr.

  269. Poçta aragatnaşygynyň operatory içindäki goýumy beýleki poçta ugratmalaryna zyýan , zeper ýetirýän bolsa, poçta ugratmasyny ýok etmäge ýa-da ýok edilmegine rugsat bermäge hukuklydyr.

  270. Poçta aragatnaşygynyň operatory içindäki goýumy, ýörite alamatlara görä, ugratmaga gadagan edilendigini ýa-da poçta aragatnaşygynyň operatorlarynyň janyna we saglygyna howp döredýändigini, raýatlaryň janyna we saglygyna, daşky gurşawa  zeper ýetirip biljekdigini çaklamaga sebäp döredýän bolsa hem-de şol howpy başga ýollar bilen aradan aýryp bolmaýan bolsa, poçta ugratmasyny ýok etmäge ýa-da ýok edilmegine rugsat bermäge hukuklydyr. Eger poçta ugratmasy hökmany suratda açylmaly, barlanmaly, alynmaly we ýok edilmeli bolsa, içeri işler, döwlet howpsuzlyk edaralarynyň we beýleki degişli guramalaryň wekilleri bu işe çekilýär.

  271. Eger-de poçta ugratmasynda ugradylmagy gadagan edilen serişdeleriň ýa-da başga zatlaryň bardygyna şübhe döran wagtynda poçta aragatnaşygynyň operatory iberijiden poçta ugratmasyny açyk görnüşde bermegini talap etmäge hukuklydyr. Eger iberiji poçta ugratmasyny açyk görnüşde bermekden ýüz öwüren ýagdaýynda, poçta aragatnaşygynyň operatorynyň poçta ugratmasyny kabul etmezlige hukugy  bardyr.

    XXVI. Poçta aragatnaşygynyň operatorynyň jogapkärçiligi

  272. Poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmezligi ýa-da talabalaýyk ýerine ýetirilmezligi boýunça poçta aragatnaşygynyň operatory iberijiniň öňünde, eger-de iberiji alyjynyň peýdasyna öz hukuklaryndan ýüz öwren ýa-da poçta ugratmasy alyja gowşurylan ýagdaýynda alyjynyň öňünde-de emläkleýin jogapkärçilik  çekýärler.

  273. Poçta aragatnaşygynyň operatory şular boýunça emläkleýin jogapkärçilik çekýärler:
     
    1. tizleşdirilen poçta bilen ugradylyp, bahasy goýlan hat korrespondensiýasy bilen ugradylanugratmalaryň goýumynyň ýetmezçiligi, zaýalanmagy, zeper ýetmegi we ýitmegi;
    2. sargytly poçta ugratmalarynyň ýitmegi;
    3. pul geçirimleri boýunça alyja pul serişdeleriniň tölenmezligi ýa-da doly tölenmezligi;
    4. içki poçta ugratmalarynyň eltip berilmezligi ýa-da ugratmagyň we eltmekligiň möhletleriniň bozulmagy we beýleki düzgüni bozmalar.
       
  274. Poçta aragatnaşygynyň operatory şular ýaly ýagdaýlarda emläkleýin jogapkärçilik çekmeýärler:
     
    1. poçta ugratmalarynyň, pul serişdeleriniň ýitmegi, zaýalanmagy, zeper ýetmegi, eltip berilmezligi ýa-da eltmegiň we ugratmagynyň möhletiniň bozulmagy poçta aragatnaşygynyň operatorynyň günäsi bilen däl-de, adatdan daşary ýagdaýlar ýa-da poçta ugratmasynyň goýumynyň aýratynlygy, şeýle-de iberiji tarapyndan şu kadalaryň bozulmagy sebäpli ýüze çykan bolsa;
    2. poçta ugratmasy alyja şu kadalar tarapyndan bellenen ähli talaplara laýyklykda gol çekdirilip berlen bolsa;
    3. poçta ugratmasy ýa-da onuň goýumynyň bir bölegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde saklanan, aýrylan ýa-da ýok edilen bolsa.
       
  275. Poçta aragatnaşygynyň bellenen operatory Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna laýyklykda, hasaba alynýan halkara poçta ugratmalarynyň we pul serişdeleriniň ýitirilmegi, zaýalanmagy, zeper ýetirilmegi, eltip berilmezligi bilen baglanyşykly emläkleýin jogapkärçilik çekýär.
     
  276. Halkara poçta ugratmalarynyň geçişiniň haýallamagy boýunça öwez puly göz öňünde tutulmaýar.
     
  277. Poçta aragatnaşygynyň operatorynyň jogapkärçiligi anyklanan ýagdaýynda, ýitirilen peýda we ahlak taýdan ýetirilen zyýan boýunça öwez tölegi 179-nji we 180-nji bölümlere laýyklykda amala aşyrylmaýar.

    XXVII. Içki ugratmalar boýunça poçta aragatnaşyk hyzmatlaryna degişli borçlaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da nädogry ýerine ýetirilmegi sebäpli öwez töleginiň möçberleri
     
  278. Artykmaçlykly hasaba alynýan hat korrespondensiýasy ýa-da tizleşdirilen poçta bilen artykmaçlyksyz ugratmalar ugradylan ýagdaýynda, poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan artykmaçlykly we artykmaçlyksyz ugratmalaryň tölegleriniň arasyndaky tapawudyň möçberinde töleg tölenýär.

  279. Sargytly habar bermeli sargytly hat korrespondensiýasynyň ýitirilendigi üçin poçta aragatnaşygynyň operatory düýp ululygyň 0,1göterim möçberinde töleg töleýär.

  280. Tizleşdirilen poçta bilen ugradylan bahasy goýulmadyk ugratmanyň ýitirilendigi üçin poçta aragatnaşygynyň operatory düýp ululygyň 0,1göterim möçberinde töleg we muňa goşmaça ugratma tölegini töleýär.

  281. Bahasy goýlan poçta ugratmasynyň ýitirilendigi üçin poçta aragatnaşygynyň operatory goýlan bahanyň möçberindäki tölegi we muňa goşmaça ugratma tölegini töleýär.

  282. Ulanyja tölegi berlenden soň, poçta ugratmasynyň anyklanmagy ýagdaýynda, şol poçta ugratmasyna ýa-da alyja gowşurylýar ýa-da iberijä yzyna gaýtarylýar. Şu ýagdaýda peýdalanyjydan (alyjydan ýa-da iberijiden) bellenen tertipde töleg puly alynýar.

  283. Bahasy goýlan poçta ugratmasynyň bir böleginiň ýetmezçiliginde, goýumy sanawsyz ugradylan ýagdaýynda, poçta aragatnaşygynyň operatory poçta ugratmasynyň bahasy goýlan böleginiň bahasynyň möçberinde, ýagny ugradylan goýumyň (poçta ugratmasynyň gapsyz agramy) agramynyň ýetmeýän böleginiň agramyna bolan deňeçer gatnaşygy bilen kesgitlenýän möçberinde töleýär.

  284. Bahasy goýlan sanawly poçta ugratmasynyň içine salnan zadynyň bir böleginiň ýetmezçiliginde, poçta aragatnaşygynyň operatory iberiji tarapyndan sanawda görkezilen ýetmeýän böleginiň bahasynyň möçberinde töleg töleýär.

  285. Bahasy goýlan poçta ugratmasynyň içine salnan zady zaýalanan (zeper ýeten) ýagdaýynda, töleginiň möçberi goýlan bahasyndan hem-de agramyndan ugur alyp, aşakdaky tertipde kesgitlenýär:

    1. poçta ugratmasynyň içine salnan zadyň ählisi zaýalanan bolsa, poçta aragatnaşygynyň operatory goýlan bahasynyň we ugratmanyň bahasynyň möçberinde töleg töleýär;
    2. goýlan sanawly görnüşdäki poçta ugratmasynda içine salnan zadyň bir böleginiň zaýalanmagynda (zeper ýetmeginde) poçta aragatnaşygynyň operatory zaýalanan bölegiň iberiji tarapyndan sanawda görkezilen bahasynyň möçberinde töleg töleýär;
    3. goýlan sanawsyz görnüşdäki poçta ugratmalarynyň içine salnan zadyň bir böleginiň zaýalanmagynda (zeper ýetmeginde) poçta aragatnaşygynyň operatory poçta ugratmasynyň bahasy goýlan böleginiň bahasynyň möçberinde, ýagny ugradylan goýumyň (poçta ugratmasynyň gapsyz agramy) agramynyň ýetmeýan böleginiň agramyna bolan deňeçer gatnaşygy bilen kesgitlenýän möçberinde töleýär;
    4. eger iberiji ýa-da alyjy zaýalanan goýumy ulanyp boljakdygy baradaky karara gelse, iberijiniň ýa-da alyjynyň rugsady bilen tölenmeli öwez tölegi azaldylyp bilner.
       
  286. Bahasy goýulmadyk ugratmanyň içine salnanlaryň, bahasy goýulmadyk haryt goşundyly tizleşdirilen poçta ugratmalarynyň bir böleginiň ýetmezçiliginde ýa-da zaýlanmagynda (zeper ýetmeginde) poçta aragatnaşygynyň operatory ugradylan goşundynyň (poçta ugratmasynyň gapsyz agramy) agramynyň ýetmeýan böleginiň agramyna bolan deňeçer gatnaşygy bilen kesgitlenýän düýp ululygyň 0,1göterim möçberinde töleg töleýär.

  287. Poçta aragatnaşygynyň operatorynyň günäsi bilen pul geçirimleri boýunça pul serişdeleriniň tölenmedik ýagdaýynda, geçirilýän pul serişdeleriniň we ugratmanyň töleginiň möçberinde töleg tölenýär.

  288. Poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan pul geçirimleri boýunça pul serişdeleri doly tölenmedik ýagdaýynda, pul geçirimleriniň jemi möçberiniň berilmedik mukdarynyň möçberinde töleg tölenýär.

  289. Hasaba alynýan poçta ugratmalaryny ugratmak we (ýa-da) eltmek möhletleri bozulan ýagdaýynda her bir gijikdirilen gün üçin poçta aragatnaşygy hyzmatlarynyň bir göterimi möçberinde gijikdirme tölegi tölenýär. Tizleşdirilen poçta ugratmalaryny ugratmak we (ýa-da) eltmek möhletleri bozulan ýagdaýynda tizleşdirilen poçta ugratmasy bilen artykmaçlygy bolmadyk ugratmanyň (resminamalar bilen bilelikde ugradylan haryt goşundysy we sargytly haty bolan ugratmalar) arasyndaky tapawut tölenýär.

  290. Telegraf we elektron pul geçirimleriniň ugratmak we (ýa-da) eltmek möhletleri bozulan ýagdaýynda gijikdirilen her bir gün üçin pul geçirimleri boýunça hyzmatyň töleginiň bir göterimi möçberinde we muňa goşmaça hökmünde telegraf we elektron pul geçirimleri bilen poçta arkaly pul geçiriminiň töleginiň arasyndaky aratapawudyň möçberinde töleg tölenýär.

  291. “С ugratmaly”, “С petekli” diýlen bellikli bahasy goýlan hatlary ugratmak we (ýa-da) eltmek möhletleri bozulan ýagdaýynda hem-de şu sebäpli ugratmalaryň hem-de petekleriň möhletiniň güýji gaçan bolsa, poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan goýlan bahasyndan ýokary bolmazlyk şerti bilen ýetirilen zyýanyň möçberinde töleg tölenýär.

  292. Poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da nädogry ýerine ýetirilmegi sebäpli öwez tölegi nägileligiň ykrar edilen gününden başlap ýedi günüň dowamynda poçta aragatnaşygynyň operatory tarapyndan amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.