Operatorlaryň özara gatnaşygy


TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE KOMMUNIKASIÝA MINISTRLIGI


B U Ý R U K 230-ö

« 19 » awgust 2019 ý. Aşgabat şäheri



Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda



“Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna we “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna laýyklykda, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibini we şertlerini düzgünleşdirmek maksady bilen,



buýurýaryn:


1. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibini we şertlerini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary H.Hudaýgulyýew we “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň başlygy B.Öwezow gözegçilik etmeli.


Ministr T.Dürhanow

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň 2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda çykaran 230-ö belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň


TERTIBI WE ŞERTLERI


I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibi we şertleri (mundan beýläk - Tertip) “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna we “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna laýyklykda, işlenilip taýýarlanyldy we aragatnaşyk operatorlaryna we gorag zolagynda telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna we obýektleriniň eýelerine degişli bolup, olar tarapyndan hyzmatlary etmek hem-de hasaplaşyklar babatda özara hereketleriniň tertibini we şertlerini şeýle hem,Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny (berkidilen we hereketli) birikdirmegiň şertlerini we tertibini,aragatnaşyk operatorlarynyň we birikdirilýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleriniň guramaçylyk-tehniki taýdan özara hereketlerini, Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy boýunça belli bir wagtda maglumat geçirmegiň (mundan beýläk – Trafik) tertibini,aragatnaşyk ulgamynyň resurslarynyň özara ulanylmagy we Trafigiň geçirilmegi üçin özara hasaplaşyklary geçirmegiň tertibini we şertlerini kesgitleýär.

2. Aragatnaşyk operatorlarynyň we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleriniň özara hereketlerini guramaklyk “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna we şu Tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.

3. Şu Tertip bilen aşakdakylaryň arasynda guramaçylyk-tehniki taýdan özara hereketleriň tertibi göz öňünde tutulandyr:

1) aragatnaşygyň umumy peýdalanylýan ulgamynyň, aragatnaşygyň umumy peýdalanylýan ulgamyna birikdirilen aragatnaşygyň pudaklaýyn edara ulgamlarynyň,aragatnaşygyň umumy peýdalanylýan ulgamyna birikdirilen tehnologik aragatnaşyk ulgamlarynyň,aragatnaşygyň bölünip berlen ulgamlarynyň we aragatnaşygyň elektromagnit ulgamlarynyň kömegi bilen maglumat bermek üçin niýetlenen ýörite ulgamlarynyň we başga aragatnaşyk ulgamlarynyň arasynda;

2) pudaklaýyn, ýörite, edara tarapyndan dolandyrylýan ulgam (mundan beýläk –korporatiw)telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň biri-birlerine birikdirilmeginde, eger-de özara hereket edýän ulgamlaryň iň bolmanda biriniň Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna birikmeleri bar bolan ýagdaýynda, olaryň eýeleriniň arasynda;

3) pudaklaýyn, ýörite, korporatiw telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň telekommunikasiýalaryň hereketli ulgamlarynyň aragatnaşyk operatorlarynyň birikdirilmeginde, eger-de olaryň soňkysynyň Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikmeleri bar bolan ýagdaýynda, olaryň eýeleriniň arasynda.

4. Şu Tertipde beýan edilen birikdirmekligiň, Trafikleri geçirmekligiň, özara hereketleriň we özara hasaplaşyklary geçirmekligiň şertleri we tertibi boýunça talaplar Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikmesi bar bolan aragatnaşygyň umumy peýdalanylýan ulgamlarynyň, aragatnaşygyň umumy peýdalanylýan ulgamyna birikdirilen aragatnaşygyň pudaklaýyn edara ulgamlarynyň, aragatnaşygyň umumy peýdalanylýan ulgamyna birikdirilen tehnologik aragatnaşyk ulgamlarynyň, aragatnaşygyň bölünip berlen ulgamlarynyň, aragatnaşygyň elektromagnit ulgamlarynyň kömegi bilen maglumat bermek üçin niýetlenen ýörite ulgamlarynyň we başga aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleriniň ählisine degişlidir.

Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerini birikdirmek zeper ýetmelerde we heläkçilikli ýagdaýlarda tehniki işgärleriň özara hereketleriniň guralyşy şu aşakdakylary göz öňünde tutmak bilen amala aşyrylýar:

1) Pudaklaýyn, korporatiw, ýörite çagyryşlaryň we Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň aragatnaşyk operatorlarynyň awtomatiki telefon beketleriniň (mundan beýläk - ATB) utgaşdyrylmagyny (şu Tertibe 1-nji goşundy);

2) Birikdirmegiň hilini bellemek we agrаmlar boýunça kadalaryny (şu Tertibe 2-nji goşundy);

3) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna çatylýan awtomatiki telefon beketlerine bildirilýän tehniki talaplary (şu Tertibe 3-nji goşundy);

4) Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerini birikdirmekligiň aýratynlyklaryny (şu Tertibe 4-nji goşundy);

5) Birikdirmeklige tehniki şertleriň mysaly düzümi (şu Tertibe 5-nji goşundy);

6) Tapgyrlaýyn belgileri bermekligiň we tapgyrlaýyn belgileri alyjylaryň tapgyrlaýyn belgileri bölüp berýän ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň aragatnaşyk operatorlary bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi (şu Tertibe 6-njy goşundy);

7) Umumy ulanyşykdaky telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň (mundan beýläk – UUTU) sanly beketleri tarapyndan goldanylýan duýduryjylaryň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy (şu Tertibe 7-nji goşundy).

5. Aragatnaşyk operatorlarynyň, ulgamlaryň operatorlarynyň we eýeleriniň özara hukuk aragatnaşyklary we guramaçylyk-tehniki özara hereketleri we olaryň arasynda özara hasaplaşyklary geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda olaryň arasynda baglaşylan Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmek hakyndaky şertnama (mundan beýläk–Birikdirme şertnamasy) bilen düzgünleşdirilýär.

6. Şu Tertibiň maksatlary üçin aşakdaky düşünjeler ulanylýar:

1) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň eýesi – umumy ulanyşykdaky telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň bir bölegini ýa-da ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy özüne degişli aragatnaşyk operatory bolan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

2) Trafigiň ölçeg birligi – telefon birikmesiniň sekundy, minudy ýa-da telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy boýunça berlen maglumatyň kilobaýty;

3) IP-teswirnama – IP-ulgamlaryň gurnamalarynyň arasynda maglumat bukjalarynyň düzümine we maglumat bukjalaryny çalyşmagyň algoritmine bildirilýän talaplaryň bir görnüşe getirilen toplumy;

4) IP-ulgam – IP-teswirnamanyň esasyndaky bukja kommutasiýaly ulgamy;

5) IP–telefoniýa – hakyky wagt rejesinde IP-teswirnama arkaly telefon aragatnaşygyny we faksimil habarlary bermek boýunça hyzmatlar;

6) ugrukdyryjy (marşrutizator) – ulgamlaýyn Trafigi bermegiň bir ýa-da birnäçe ýollaryny saýlap almaklygy üpjün edýän enjamlaýyn-programma toplumy;

7) mini-awtomatik telefon bekedi – sygymlylygy 128 belgiden köp bolmadyk АТB;

8) agram – çagyryş akymynyň kommutasiýa ulgamyna gelip gowuşmagynda eýelenýän jemi wagt;

9) IP-telefoniýanyň operatory – IP-ulgamy ulanmaklyga mümkinçilik berýän IP-teswirnamanyň esasyndaky tehnologiýalary peýdalanmak arkaly, hakyky wagt rejesinde IP-teswirnama arkaly telefon aragatnaşygyny we faksimil habarlary bermek boýunça hyzmatlary (şol sanda öňünden tölegi geçirilen kartoçkalar boýunça) berýän aragatnaşyk operatory;

10) ýerli telefon aragatnaşyk operatory – ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny berýän aragatnaşyk operatory;

11) göçme ulgam–ahyrky enjamybelli bir çäk boýunça berkidilen ýerleniş ýeri bolmadyk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy;

12) IP-telefoniýa ulanyjysy – IP-teswirnamanyň esasyndaky tehnologiýalary peýdalanmak bilen, telefon we faksimil aragatnaşyk hyzmatlary berilýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyndanpeýdalanýan abonenti ýa-da beýleki peýdalanyjysy;

13) prefiks – belgileriň, ulgamlaryň we/ýa-da ýörite gulluklaryň dürli görnüşlerini saýlamaklygy amala aşyrýan, bir ýa-da birnäçe sanlardan we nyşanlardan düzülen identifikator;

14) ýerli derejede birikdirmeklik – telekommunikasiýanyň bir ulgamyny beýleki bir ulgama birikdirmek, munda birikdirilýän ulgam (ulgamyň bölegi) birikdirmekligi amala aşyrýan ýerli ulgamyň belgileme meýilnamasyna goşulýar;

15) zolakiçerki derejede birikdirmek – telekommunikasiýanyň bir ulgamyny beýleki bir ulgama birikdirmek, munda birikdirilýän ulgam birikdirilýän ulgama zolakiçerki “ab” belgi koduny bermek bilen, şäherara awtomatik telefon bekedine (mundan beýläk – ŞATB (AMTS)) birikdirilýär;

16) halkara derejesinde birikdirmek – bir telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň beýleki birine birikdirilmegi, munda birikdirilmeli ulgam birikdirilýän ulgamyň belgileme zolagyna öwrülýär ýa-da birikdirilmeli ulgama «DEF» kody berlen bolsa, birikdirilýän ulgam halkara üstaşyr düwünine (mundan beýläk -MgTU) ýa-da birikdirilmeli ulgamyň Halkara ATB-ne çatýar;

18) wertual hyzmatlary beriji – özüniň hususy telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy bolmadyk, beýleki aragatnaşyk operatorlarynyň ulgamlaryndan peýdalanmaklyga ygtyýar berýän operator;

19) hasaplanan möçberler– Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde we mukdarlarda, girdejileriň, harajatlaryň we peýdalanylan aktiwleriň aýratynlykdaky hasabynyň görkezijileriniň ýa-da tehnologiýa amallarynyň barşynyň kesgitli tapgyrynda telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlary boýunça Trafigiň geçirilmegini üpjün edýän tehniki serişdeleriň we desgalaryň berilmeginiň we olara hyzmat etmekligiň bahalaryny öz içine alýan ykdysady seljermäniň we maliýe hasabatynyň görkezijileriniň esasynda hasaplanan, ykdysady taýdan esaslandyrylan girdejileriň we çykdajylaryň öweziniň dolunmagyny we peýdanyň alynmagyny üpjün edýän nyrh;

20) Trafigiň geçirilmegini düzgünleşdirmek – telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynda we olaryň arasynda Trafikleri geçirmegiň ol ýa-da beýleki usullary we ýollary olar boýunça saýlanyp alynmaly (ýa-da ýol berilmezligi) düzgünleriň bellenilmegi;

21) Türkmenistanyň Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny we belgilemekligiň meýilnamasyny düzmekligiň düzgünleri – täze tehnologiýalar arkaly täze aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek bilen, Türkmenistanda ýeke-täk telekommunikasiýa ulgamynyň tehniki (tehnologiki) düzümini kesgitleýän kadalaşdyryjy-tehniki resminama;

22) elektromagnit duýduryjylaryň üsti bilen maglumatlary beriş ulgamy – ulgamdan peýdalanyjylaryň arasynda maglumat çalşygyny guramak üçin niýetlenen kommutasiýa ulgamlarynyň we telekommunikasiýa kanallarynyň, maglumat baýlyklarynyň elýeterliginiň we maglumat baýlyklarynyň özara hereketleriniň jemi;

23) taktly ulgamlaýyn sinhronizasiýa ulgamy (mundan beýläk – TUSU) – sanly telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň ähli elementlerini sinhronlaşdyrmak duýduryjylary bilen üpjün edýän tehniki serişdeleriniň toplumy;

24) birikdiriji ulgam – bir operatoryň ulgamyndan beýleki operatoryň ulgamyna çenli aralygyň bütin ugry boýunça fiziki çyzygy, şeýle hem bu ulgamyň işini üpjün edýän birikdirilýän we birikdirilmeli ulgamlaryň operatorlarynyň beketleýin enjamlarynyň bir bölegini öz içine alýan tehniki serişdeleriň toplumy;

25)ahyrkyenjam (peýdalanyjylar enjamy) - abonent liniýalaryna birikdirilen we abonentleriň peýdalanmagynda durýan ýa-da şeýle maksatlar üçin niýetlenen aragatnaşyk liniýalary boýunça elektroaragatnaşyk signallaryny ibermek we/ýa-da kabul etmek üçin tehniki serişdeler;

26) birikdirilýän (çatylýan) nokat – bir ulgamyň beýleki ulgama birikdirilmegi fiziki taýdan amala aşyrylan ýeri (port);

27) birikdirilme derejesi – ulgamyň birikdiriljek telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň basgançaklary boýunça kesgitlenilýän derejesi;

28) berkidilen ulgam – ahyrky enjamlaryň ýerleşen ýeri meýdançalaýyn berkidilen telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy.

29) özüne birikdirýän operator – olaryň ýüz tutmalary boýunça, beýleki aragatnaşyk operatorlaryny ýerli, zolak içerki, şäherara we halkara derejelerde öz ulgamyna birikdirýän Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň aragatnaşyk operatory;

30) birikdirilýän operator –Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatoryna öz ulgamynyň ýerli, zolak içerki, şäherara we halkara derejelerde birikdirilmegi hakyndaky teklip bilen ýüz tutýan aragatnaşyk operatory;

31) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyny (aragatnaşyk serişdelerini) beýleki telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmek –peýdalanyjylaryň arasynda habaryň berilmegini we kabul edilmegini üpjün edýän telekommunikasiýa aragatnaşygynyň dürli operatorlarynyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň arasyndaky tehnologik özara hereketi;

32) şäherara we halkara aragatnaşygy operatorynyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy (ŞweHAOTU) –Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatorynyň ygtyýarly edaranyň talaplaryna laýyk gelýän, aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek maksady bilen, ulgamyň degişli derejelerinde şäherara we halkara Trafiklerini bermek üçin niýetlenen telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy;

33) birikdirmäniň (çatylmanyň) standart nokady –bir ulgamyň beýleki ulgama çatylmagy üçin mysaly tehniki şertleri ulanmak bilen hem-de mysaly birikme şertnamasyna laýyklykda amala aşyrmak üçin niýetlenen telekommunikasiýa serişdeleridir.


II bap. Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmekligiň barşynda aragatnaşyk operatorlarynyň we ulgamlaryň eýeleriniň guramaçylyk-tehniki özara hereketleri


7. Aragatnaşyk operatorlarynyň we ulgamlaryň eýeleriniň guramaçylyk-tehniki özara hereketleri iki tapgyrdan ybarat bolup durýar.

Birinji tapgyr – ulgamlaryň birikdirilmegi şu aşakdaky meseleleriň çözülmegini öz içine alýar:

1) birikdirilýän operatoryň (mundan beýläk - ulgamyň eýesiniň) özüne birikdirýän operatordan birikdirilmekligi üçin, Birikdirme şertnamasynyň taslamasyna hem-de birikdirmeklige tehniki şertleriň mysaly düzümine (şu Tertibe 5-nji goşundy) laýyklykda, resmileşdirilen tehniki şertleri almagyny.

Özüne birikdirýän operator, tehniki mümkinçilikleriň bar bolan ýagdaýynda, eger-de birikdirmeklik belgilemekligiň bir zolagynyň çäklerinde amala aşyrylýan bolsa, 30 (otuz) senenama gününden köp bolmadyk möhletde, eger-de belgilemekligiň dürli zolaklarynda bir wagtlaýyn birnäçe birikdirmegiň amala aşyrylýan ýagdaýynda,60 (altmyş) senenama günden köp bolmadyk möhletde, birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hereketleri anyk görkezmek bilen tehniki şertleri berýär we birikdirmekligiň (birikdirmekligiň) standart nokadyna birikdirilmeginiň tehniki mümkinçiligini üpjün edýär.

Birikdirmek üçin telefon lagymyndan kabel geçirilende, sargyt berlen wagtynda tehniki mümkinçiligiň bolmadyk ýagdaýynda, kabel lagymynyň (telefon kanalizasiýasynyň) eýesi, tehniki şertlerde kabeliň geçirilmegi üçin päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin nähili çäreleriň geçirilmelidiginiň zerurdygyny görkezýär;

2) ulgamyň eýesi tarapyndan birikdirmek üçin taslama-tehniki resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagyny;

3) ulgamyň eýesitarapyndan Birikdirme şertnamasynyňwe/ýa-da tehniki şertleriň ýerine ýetirilmegini durmuşa geçirilmegini.

Geçirilen ikitaraplaýyn gepleşigiň netijesinde tehniki şertleriň ýerine ýetirilendigi hakyndaky Delilnama gol çekilen pursatyndan başlap, birikdirilýän we ýüzüne birikdirýän aragatnaşyk operatorlary (ulgamlaryň eýeleri) üç günden köp bolmadyk möhletde Birikdirme şertnamasyna gol çekýärler.

San taýdan agdyklyk edýän (mundan beýläk –agdyklykediji) aragatnaşyk operatorynyň Birikdirme şertnamasyndan ýüz öwürmegine ýol berilmeýär;

4) ulgamyň barlag tertibinde birikdirilmegi.

Tehniki şertleriň ýerine ýetirilendigi hakyndaky Delilnama, üstünlikli barlanylmagynyň esasynda ulgamyň birikdirilmeklige taýýarlygy hakyndaky Delilnama, şeýle hem Birikdirme şertnamasyna gol çekilmegi birinji tapgyryň tamamlanmagyny aňladýar.

Ikinji tapgyr – ulgamlaryň birikdirilmeginden soň telekommunikasiýa hyzmatlarynyň berilmeginiň barşynda özara hereketler, şu aşakdaky meseleleriň çözülmegini öz içine alýar:

1) hyzmatlaryň berilmeginde özara hereketleri;

2) Trafigiň geçirilmegini guramaklygy;

3) berilýän hyzmatlaryň ýokary hilli bolmaklygyny üpjün etmekligi;

4) berlen hyzmatlar üçin özara hasaplaşyklary geçirmek we giriş, çykyş we üstaşyrTrafikleri geçirmekligi.

8. Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna tehnologik nukdaýnazardan hyzmatlary bermek şu Tertip boýunça amala aşyrylýar hem-de Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň düzüm bölekleri hökmünde garalýar.

9. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ähli telekommunikasiýa aragatnaşyk operatorlary öz eýeçiliginde ýa-da peýdalanmagynda durýan telekommunikasiýa ulgamlaryny beýleki telekommunikasiýa aragatnaşyk operatorlarynyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlary bilen birikdirmäge hukugy bardyr.

10. Şu Tertibiň ýedinji we dokuzynjy böleklerinde göz öňünde tutulan bir ulgamyň beýleki ulgama birikdirilmegi ulgamlaryň eýeleriniň arasyndaky Birikdirme şertnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.

11. Daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynda kanallary bar bolan Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilen ulgamlaryň eýelerine olary Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatorlaryndan ýa-da operatorlaryna Trafigi geçirmek üçin ulanmaklyga rugsat berilmeýär.

12. Bölünip berlen ulgamlaryň aragatnaşyk operatorlaryna tapgyrlaýyn belgileri, ýerli telefon aragatnaşyk operatorynyň pultlary we Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna bölünip berlen ulgama birwagtlaýyn çatylýan islendik beýleki enjamlary peýdalanmak bilen Trafigi geçirmekligi guramaklyga rugsat berilmeýär.

Bölünip berlen ulgamlaryň Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy bilen birikdirilmeginde olar umumy peýdalanylýan ulgam derejesine geçýärler. Olara «аb» kodlarynyň we ATB indeksleriniň paýlanylmagy we peýdalanylmagy şu Tertibe laýyklykda, birikdirmeklik bolsa berlen ygtyýarnamanyň şertlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

13. Birikdirilýän ulgamlarda şu aşakdaky talaplar berjaý edilýär:

1) Türkmenistanda hereket edýän standartlaryň we kadalaryň esasynda ulgamlaýyn tehnologik aýratynlyklary hasaba almak bilen aragatnaşygyň ygtybarlygyny we dolandyryjylyklygyny üpjün etmek;

2) durnuklylygy we maglumat howpsuzlygyny, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykan şertlerinde aragatnaşygy dikeltmek boýunça dessin çärelerine degişli işleri üpjün etmek;

3) özara hasaplaşyklary geçirmek maksady bilen özüne birikdiriji ulgamlaryň aragatnaşyk operatorlarynyň öz enjamlaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde sertifikatlaşdyrylmagyny üpjün etmek;

4) hereket edýän kanunçylyga laýyklykda telekommunikasiýa ulgamlarynyň şäherara we/ýa-da halkara operatorlaryna bildirilýän talaplary berjaý etmek.

14. Birikdirilýän ulgamyň we telekommunikasiýa desgalarynyň gurluşygy üçin taslama resminamalary, Türkmenistanda hereket edýän kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara laýyk gelmelidir.

Taslama resminamalaryny taýýarlamaklyk taslama işlerini ýerine ýetirmeklige ygtyýarly edilen guramalar tarapyndan amala aşyrylýar.

Taslama resminamalarynyň düzümine Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara elektrik aragatnaşyk guramalarynyň (mundan beýläk – HEAG) konwensiýalarynda kabul edilen telekommunikasiýalarynyň G.803, G.812, G.813 bölümleriniň maslahatlaryna laýyklykda, gurlan we bütinleýin Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň, ulgamlaýyn takt sinhronlaşdyrmasyna daňylan ulgamlaýyn takt sinhronlaşdyrma çyzgysy girýär.

Ýörite ýerine ýetirýän işleri bar bolan (funksiýaly) enjamlaryň we gurallaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde resmileşdirilenlaýyklyk sertifikaty bolmalydyr.

15. Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny düzýän ähli ulgamlaryna, gurluşlaryna, ulgamlaryň düzümine, ulgamlaýyn takt sinhronlaşdyrma ulgamlaryna, duýduryjy ulgamlara, belgileme meýilnamalaryna, ulgamlary dolandyrmak we peýdalanylýan kommutasion enjamlaryna bildirilýän umumy tehniki talaplar, Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň öz işinde goldanýan resminamalaryna we HEAG maslahatlaryna laýyk gelmelidir.

16. Aragatnaşyk operatorlary we Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny düzýän ähli derejedäki ulgamlaryň eýeleri aragatnaşyk çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanan özara hereketleriň ýeke-täk tertibiniň talaplaryny kanagatlandyrýan öz dolandyryş ulgamlaryny döredýärler.

Takyk ulgamy dolandyryş HEAG tarapyndan kabul edilen elektrik aragatnaşygyny dolandyryş ulgamy ýörelgesine, HEAG maslahatlaryna, Türkmenistanda hereket edýän standartlara we kadalara laýyk gelmelidir.

17. Birikdirilýän ulgamlary tehniki taýdan ulanmaklyk Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy tehniki taýdan ulanmak düzgünlerine, aragatnaşyk çygrynda ygtyýarly edaranyň kadalaşdyryjy resminamalaryna, HEAG maslahatlaryna laýyklykda guralýar.

18. Birikdirilýän ulgamyň kommutasion bekedi (enjamlary) birikdirmek maksatlary bilen diňe bir sany aragatnaşyk operatory tarapyndan peýdalanylyp bilner.


III bap. Ulgamlaryň birikdirilmeginiň barşynda operatorlaryň we ulgamlaryň eýeleriniň özara hereketleri


19. Birikdirilýän ulgamyň operatory (ulgamyň eýesi) özüne birikdirýän ulgamyň operatoryna birikdirmek üçin tehniki şertleri bermek hakyndaky sargytnamany ugradýar. Sargytnama şu aşakdakylar goşulýar:

1) aragatnaşyk çygrynda ygtyýarly edara tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň nusgasy (aragatnaşyk operatorlary üçin);

2) ulgamyň tehniki häsiýetnamasy (gurnalan sygymlylygy), ulanylýan enjamlaryň kysymlary, duýduryjylaryň kysymlary, ulgamyň düzümi we çaklanylýan Trafigiň göwrümleri;

3) ulanylýan enjamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde resmileşdirilen laýyklyk sertifikatlary;

4) aragatnaşyk çygrynda ygtyýarly edaranyň Türkmenistanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgilerinden goruň bölünip berlendigi hakyndaky buýrugynyň göçürmesi.

20. Eger-de toruň eýesi tarapyndan hyzmatlary bermek üçin ygtyýarnama alnan ýagdaýynda, öňden umumy ulgama birikmesi bar bolan ulgamyň eýesi 10 (on) senenama gününiň dowamynda birikdirýän operatoryna bu barada habar bermeli hem-de anyklanan tehniki şertleri alyp, olary ýerine ýetirmeli we Birikdirme şertnamasyna üýtgetmeleri girizip, şu Tertibiň ýedinji we ýigrimi ýedinji böleklerine laýyklykda, Birikdirme şertnamasyny gaýtadan baglaşmaly.

21. Birikdirmek üçin berlen tehniki şertler bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda, birikdirilýän ulgamyň operatory, bu barada aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara habar bermek bilen, başga görnüşde hödürlenip biljek tehniki şertleri almak hakynda özüne birikdirýän ulgamyň operatoryna ýüz tutup biler.

22. Birikdirmek üçin berlen tehniki şertleriň esasynda birikdirilýän ulgamyň operatory zerurlyga laýyklykda olary ýerine ýetirmek üçin taslama resminamalaryny taýýarlaýar we şu Tertibiň ýedinji böleginde göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirýär.

23. Birikdirilýän ulgamyň sygymlylygynyň 2 000 belgiden ýokary bolan ýagdaýynda, Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmek işini birnäçe tapgyrda amala aşyrmaklyga rugsat berilýär. Tapgyrlar berlen ygtyýarnamalara laýyklykda, taraplaryň özara ylalaşmagy bilen kesgitlenilýär we birikdirmek üçin tehniki şertlerde görkezilýär. Tehniki şertlerde we birikdirmek boýunça işleriň ilkinji tapgyrlarynyň taslama resminamalarynda indiki tapgyrlar göz öňünde tutulmalydyr.

24. Birinji tapgyrda birikdirilýän ulgamyň ilkinji nobatdaky sygymlylygyny we indiki tapgyrlarda goşmaça sygymlylyklary birikdirmeklik degişli tapgyryň tehniki şertleriniň doly durmuşa geçirilmeginden we şu Tertip we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar bilen kesgitlenilen tertipde işleriň we desgalaryň kabul edilmeginden soň amala aşyrylýar.

25. Şu Tertibiň ýedinji bölegine laýyklykda işleriň birinji tapgyrynyň ýerine ýetirilmeginiň barşynda, birikdirilýän ulgamyň operatory tehniki şertleriň ýerine ýetirilendigi hakynda özüne birikdirýän ulgamyň operatoryna ýazmaça habar berýär.

Tehniki şertleriň ýerine ýetirilendiginiň we birikdirme nokatlaryndaky enjamlaryň taýýarlygynyň barlagy birikdirilýän we özüne birikdirýän operatorlaryň wekilleri tarapyndan amala aşyrylýar. Tehniki şertleriň ýerine ýetirilendigi hakyndaky Delilnama barlaglaryň netijeleri we beýleki ähli zerur resminamalar (ölçegleriň teswirnamalary, ýerine ýetirijilik tehniki resminamalar, ýerine ýetirilen ýaşyryn işleriň Delilnamasy we taraplaryň ylalaşmagy boýunça birikdirme nokatlarynyň enjamlarynyň hyzmat ediş zolaklaryny çäklendirmek hakyndaky Delilnama) goşulýar.

26. Ulgamyň eýesiniň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň özüne birikdiriji operatoryň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmegi Türkmenistanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň belgilenmeginiň meýilnamalaryny hasaba almak bilen amala aşyrylýar.


§ l. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmegini guramak


27. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmekligi guramak birikdirmekligiň usullaryny, şertlerini we birikdirmek işiniň barşynda taraplara bildirilýän talaplary kesgitlemekligi öz içine alýar. Her bir takyk ýagdaý üçin tehniki talaplar, birikdirmekligiň (birikdirmekligiň) standart nokatlary hakynda çap edilýän maglumatlara laýyklykda, özüne birikdirýän Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatory tarapyndan birikdirmek üçin berilýän tehniki şertler bilen kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatorlary her ýyl (10-njy ýanwara çenli) çap etmekleri üçin aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara birikdirmegiň (çatylmalaryň) standart nokatlarynyň sanawyny berýärler.

28. Birikdirilýän ulgamyň operatoryna aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara tarapyndan berlen ygtyýarnamada görkezilen derejelerde we nokatlarda Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmegine rugsat berilýär.

Şol bir operatoryň Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna geografiýa taýdan dürli ýerlerde ýerleşen nokatlaryna birikdirilmegine rugsat berilýär. Bu ýagdaýda bu hili nokatlaryň her birinde şu Tertipbilen kesgitlenen ähli talaplar ýerine ýetirilmelidir.

29. Birikdirmek üçin tehniki şertleriň berilmeginde birikdirilýän we özüne birikdirýän ulgamlaryň dürli elementleriniň kuwwatlylygynyň ýokarlanmagynyň mümkindigi hakyndaky meseleler göz öňünde tutulyp bilner (beketara we kommutasion sygymlylyklar, aragatnaşyk ulgamynyň sygymlylygy). Taraplaryň ylalaşygy boýunça elementleriň kuwwatlylygynyň ýokarlanmagy üçin çykdaýjylary ulgamyň bu elementinden peýdalanýan birikdirilýän we birikdiriji ulgamlaryň operatorlary ol ýa-da beýleki operatoryň bähbitleri üçin işe çekilen sygymlylyga proporsionallykda çekip bilerler.

30. Tehniki şertler ýerine ýetirilenden soň, birikdirilýän we birikdiriji ulgamlaryň aragatnaşyk operatorlary (eýeleri) tarapyndan şertnama baglaşylýar, bu şertnamada özara hasaplaşyklar, berilýän hyzmatlaryň hili üçin taraplaryň jogapkärçiligi, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň öňündäki jogapkärçilik boýunça ähli meseleler kesgitlenilýär.

31. Telekommunikasiýalaryň Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmeginiň barşynda amala aşyrylýan taslama we gurluşyk işleriniň geçirilmegini maliýeleşdirmek şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

32. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde sertifikatlaşdyrylmadyk kommutasion enjamlary dessin çäreleriniň geçirilmegini üpjün etmek ugrundan telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň operatorlarynyň Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmegine rugsat berilmeýär (sertifikatlaşdyrmak maksady bilen geçirilýän synaglar muňa degişli däldir).


§ 2. Agdyklyk edýän telekommunikasiýa operatorynyň umumy aragatnaşyk ulgamyna birikdirmekligiň aýratynlyklary


33. Agdyklyk edýän telekommunikasiýa operatorynyň umumy aragatnaşyk ulgamyna birikdirmekligiň aýratynlyklary şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:

1) aragatnaşyk operatory tarapyndan birikdirilmeleriň/çatylmalaryň standart nokatlary we birikdiriliş şertleri hakyndaky maglumatyň berilmegi şu Tertibiň ýigrimi ýedinji bölegine laýyklykda kesgitlenilmegi;

2) meňzeş hyzmatlary berýän ähli aragatnaşyk operatorlary üçin Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmegiň we Trafikleri geçirmegiň şertleriniň deň berjaý edilmegi;

3) agdyklyk ediji operator tarapyndan öz ulgamynyň çäklerinde bu hyzmatlaryň berilmeginiň guralmagynda we/ýa-da bu hyzmatlaryň şahamça hökmündäkitaraplara (mundan beýläk – affilirlenen taraplar)berilmeginde aragatnaşyk operatory tarapyndan birikdirmek we Trafikleri geçirmek boýunça hyzmatlaryň berilmegi şol bir şertlerde we Trafigi geçirmegiň şol bir tehnologiýasynda amala aşyrylmagy;

4) birikdirmek hyzmatlary boýunça ýeke-täk tölegiň geçirilmegi;

5) dalaşgärler we abonentler hakyndaky maglumatlara degişlilikde taraplaryň arasynda gizlinligiň berjaý edilmegi;

6) şertnamalaýyn esaslarda sinhronlaşdyrmak ulgamlaryny, giriş we çykyş üstaşyrTrafiklerini hasaplaýyş ulgamynyň (billing), ulanyş goldawyny, telefon çagyryşlarynyň maglumat bazasyny we täze hyzmatlary etmek üçin zerur bolan beýleki programmalaryň, ulgamlaryň “bölünmedik” düzüjilerini, şol sanda abonent ulgamlary, belgi sygymlylygyny (belgileriň utgaşyklygy ýörelgesini berjaý etmek bilen), şertnamalaýyn esasda berilmegi;

7) şertnamalaýyn esasda infrastruktura elementlerini (mysal üçin, binalary, diňleri, telefon (kabel) lagymlaryny, kanallary, anten-maçta desgalaryny, hyzmatlary we beýlekileri) olaryň özüne düşýän gymmatyndan ugur alyp, peýda görmegi hasaba almak bilen hasaplap tölegli şertde şertnama esasynda berilmegi.

Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň geçirijlik kuwwatlyklaryny muzdsuz üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

34. Agdyklyk edijiTürkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy aragatnaşyk operatory üçin beýleki Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmekligiň, şeýle hem ulgamlaryň özara hereketleri we Trafikleri geçirmek bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň şertlerini kesgitleýän birikdirme şertnamasy, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýan köpçülige niýetlenen şertnama bolup durýar.

35. Aragatnaşyk operatoryna birikme boýunça tehniki şertler berlende, çäklendirmä ýol berilmeýär. Agdyklyk edijiaragatnaşykoperatory umumy telekommunikasiýa ulgamyna birikdirmesi (ulgamlaryň eýeleri) üçin birikdirilmäge we trafikleri geçirmäge deň şertlerini goýmalydyr.

36. Ulgamyň eýesi tarapyndan şu Tertipdegöz öňünde tutulan ähli talaplaryň ýerine ýetirilen ýagdaýynda, agdyklyk edijiaragatnaşyk operatory tarapyndan Birikdirme şertnamasyna gol çekmekden boýun gaçyrylmagyna ýol berilmeýär.

Birikdirmek üçin berlen tehniki şertlere laýyklykda tehniki sebäplere görä agdyklyk edijioperator tarapyndan birikdirmekligi öz wagtynda amala aşyrmak mümkin bolmadyk ýagdaýynda, agdyklyk ediji aragatnaşyk operatory görkezilen tehniki sebäpleriň aradan aýrylmagyndan soň, soňlugy bilen esasy çyzga geçirmekligi göz öňünde tutmak bilen, wagtlaýyn görnüş boýunça birikdirmekligi amala aşyrýar.


§ 3. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmekligiň derejeleri


37. Belgileriň gorlaryny bermek, aragatnaşyk operatorlary tehniki mümkinçilikler bar bolan şertinde Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk”agentligi tarapyndan tassyklanylan kadalara we düzgünlere laýyklykda kabul edilýän telekommunikasiýalaryň birikdirilýän ulgamynyň operatorynyň tehniki şerti boýunça ulgamara birikdirilmegi üpjün edilýär.

38. Ýerli derejede birikdirmek:

1) fiksirlenen torlar biri-biri bilen, fiksirlenen torlar hereketdäki (mobil) aragatnaşyk torlary bilen umumy aragatnaşyk ulgamyna birikmesi bolan birikme, ýerli tordan bölünip berilen belgilenmesine laýyklykda amala aşyrylýar;

2) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynda birikdirilýän ulgamyň giriş we çykyş Trafikleriniň hasaby amala aşyrylmaly ýerli sanly bekede birikdirilen sanly sygymlylygynyň bar bolan ýagdaýynda birikdirilýän ulgamyň kommutasiýa ulgamlarynyň üsti bilen;

3) birikdirilýän ulgamyň kommutasiýa beketlerini ýerli sanly bekede, direg-üstaşyr bekedine (mundan beýläk – DTB) birikdirmek ýoly bilen birikdirilmegi, şu aşakdakylar bilen döredilen üznüksiz maglumat (analog), şeýle hem sanly kanallaryň üsti bilen amala aşyrylyp bilner:

a) birikdiriji çyzyklar (ulgamlar);

b) ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň çykyş halkara telefon habarlaryny bermek üçin niýetlenen sargytlaýyn-birikdiriji çyzyklar (ulgamlar);

ç) şäherara telefon bekedini şäherara giriş habarlaryny bermek üçin niýetlenen ýerli telefon ulgamy bilen birikdirýän birikdiriji şäherara aragatnaşyk çyzyklary (ulgamlary).

d) üznüksiz maglumat (analog) birikdiriji çyzyklar boýunça birikdirilen ýagdaýynda, üznüksiz maglumat (analog)sanly çalşyryjy enjamlary birikdirilýän aragatnaşyk operatory gurnaýar.

4) birikdirilýän bekediň belgileriniň sygymlylygynyň 3500-den az bolmadyk ýagdaýynda awtomatik şäherara telefon bekedinde (mundan beýläk AŞTB) ätiýaçlyk sygymlylygynyöň bar bolan ýagdaýynda birikdirilýän ulgamyň kommutasiýa beketleriniň we şol bir belgi zolagynda ýerleşen Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň arasynda göni kanallarynyň guralmagyna rugsat berilýär;

39. Zolakiçerki birikdirme derejesinde:

1) zolakiçerki derejede birikdirilmegi üçin birikdirilýän ulgam, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geografik zolagyň çäklerinde “ab” geçiş kodunyň berilmegi bilen ýerli ulgam hökmünde çatylýar;

2) ýerli derejede Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmek üçin belgi gorlarynyň bolmadyk ýagdaýynda, sygymlylygy 5000 belgiden az bolmadyk ulgam özüne birikdiriji ulgamyň operatory bilen ylalaşykda birikdirilýän ulgamyň kommutasion bekedini bu belgi zolagynyň AŞTB birikdirmek bilen zolakiçerki derejede birikdirmek bolar.

40. Şäherara derejesinde birikdirmek – telekommunikasiýanyň bir ulgamyny beýleki bir ulgama birikdirmk, munda operatoryň (eýesiniň) birikdirilýän ulgamy özüne birikdirýän ulgamyň AŞTB ýa-da şäherara üstaşyr uzeliniň birikdirme (çatylma) standart nokadyna birikdirilýär. Munda birikdirilýän ulgama belgileme gory - geografik kesgitlenilýän zolagyň kody AWS, AWS-da rugsat kody «Х1Х2», geografik kesgitlenilmeýän zolagyň kody DE, hyzmata rugsat kodunda (mundan beýläk – HRK operatoryň kody), şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatoryny saýlap almagyň prefiksi (PoP) berlendir.

41. Halkara derejesinde birikdirmek:

1) halkara derejesinde birikdirmeklik diňe şäherara we halkara aragatnaşyk operatorlary üçin, halkara aragatnaşyk hyzmatlaryny bermeklige hukugy bolan halkara aragatnaşyk operatorlary üçin amala aşyrylýar, munda telekommunikasiýalaryň birikdirilýän ulgamy birikdirmekligi amala aşyrýan HKM çatylýar;

2) birikdirilýän we birikdiriji ulgamlaryň HKM arasyndaky özara hereketler olaryň arasynda aragatnaşyk kanallaryny guramak arkaly amala aşyrylýar;

3) şäherara we halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň operatorlary bilen halkara aragatnaşyk operatorlarynyň arasyndaky aragatnaşyk (HKM - HKM) derejesinde) Birikdirme şertnamasyna şu aşakdakylar boýunça talaplar girizilmelidir:

a) milli ulgamynyň çäklerinde ýa-da umumy ulanyşykdaky telekommunikasiýalaryň daşary ýurt ulgamlaryna çykyşlarynda heläkçilikleriň ýa-da adatdan daşary ýagdaýlaryň emele gelen ýagdaýynda Trafikleri geçirmek üçin aýlaw ýollaryň guralmagy we berilmegi;

b) harby we hukuk goraýjy edaralaryň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin özara hereketdäki telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň geçirijilik kuwwatlyklarynyň özara berilmegi.

42. Şäherara we/ýa-da halkara operatorlarynyň Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmeklik şäherara we/ýa-da halkara derejelerinde amala aşyrylýar.

43. Ýerli telefon aragatnaşyk ulgamynyň operatorlaryny şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatorlarynyň ulgamlaryna birikdirmeklik şu aşakdaky görnüşde amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilen ýerli aragatnaşyk operatorlaryny şäherara we/ýa-da halkara operatorlarynyň ulgamlaryna birikdirmeklik olarda giriş we çykyş Trafikleriň hasaby amala aşyrylmaly we olaryň eýýäm Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmeleri bar bolan şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatorlarynyň ŞATB üstaşyr uzelleriniň (ATB TU) üsti bilen amala aşyrylýar;

2) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilen ýerli telefon aragatnaşyk müşderileri tarapyndan şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatorynyň ulgamyny saýlap almaklyk aýratynlykda şäherara ýa-da halkara aragatnaşygy üçin (degişlilikde PoP 1 we PoP2 ) şäherara we halkara operatoryna berlen operatoryň prefiksiniň (PoP) üsti bilen amala aşyrylýar.

44. Şäherara aragatnaşyk operatorynyň ulgamyny şäherara we halkara aragatnaşyk operatorynyň ulgamyna birikdirmeklik şu aşakdaky görnüşde guralýar:

1) şäherara aragatnaşyk operatorynyň ulgamyny şäherara we halkara aragatnaşyk operatorynyň ŞATB ulgamyna birikdirmeklik halkara derejesinde belgilemekligiň degişli geografik zolagyndaky birikdirilýän we birikdiriji operatorlaryň şäherara awtomatik telefon beketleriniň arasynda amala aşyrylýar;

2) her bir geografik zolakda ŞATB bolmalydyr;

3) özüne birikdiriji ulgamyň ŞATB bilen birikdirilýän ulgamyň ŞATB arasyndaky özara hereketler olaryň arasynda göni kanallary guramak ýoly bilen amala aşyrylýar;

4) giriş we çykyş şäherara Trafikleri hasaba almaklyk şäherara we/ýa-da halkara operatorlaryň ikisi tarapyndan hem amala aşyrylýar, ýa-da şertnamalaýyn esasda özara hereketdäki aragatnaşyk operatorlarynyň haýsy hem bolsa birine degişli ýeke-täk hasaplaşyk merkezi tarapyndan amala aşyrylýar.

45. Halkara aragatnaşyk operatorynyň şäherara we halkara aragatnaşyk operatorynyň ulgamyna birikdirilmegi şu aşakdaky görnüşde amala aşyrylýar:

1)halkara aragatnaşyk operatoryny şäherara we halkara aragatnaşyk operatorynyň ulgamyna birikdirmeklik birikdirilýän we birikdiriji operatorlaryň halkara kommutasiýa merkezleriniň arasynda amala aşyrylýar;

2) birikdirilýän we birikdiriji operatorlaryň halkara kommutasiýa merkezleriniň arasyndaky gatnaşyk olaryň arasynda aragatnaşyk kanallarynyň guralmagy arkaly amala aşyrylýar;

3) halkara aragatnaşyk operatorynyň şäherara we halkara aragatnaşyk operatorynyň ulgamynyň arasynda gatnaşyklaryň amala aşyrylmagynda (HKM – HKM derejesinde) Birikdirme şertnamasyna şu aşakdakylar boýunça talaplar girizilmelidir:

a) UUTU-ymilli ulgamlaryna çykylmagynda hem, daşary ýurt ulgamlaryna çykylmagynda hem, ulgamlaryň birinde heläkçilikleriň bolan wagtynda ýa-da adatdan daşary ýagdaýlaryň ýüze çykan ýagdaýynda Trafikleriň geçirilmeginiň guralmagy we Trafikleriň geçirilmegi üçin aýlanmalaryň berilmegi;

b) harby we hukuk goraýjy edaralaryň zerurlyklaryny üpjün etmek üçin özara gatnaşykdaky telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň geçirijilik kuwwatlyklarynyň özara berilmegi.

46. Şäherara we halkara aragatnaşyk operatorynyň ulgamynyň şäherara we halkara aragatnaşyk operatorynyň beýleki ulgamyna çatylmagy degişlilikde bir geografik zolakdaky ŞATB bilen ŞATB arasynda, birikdiriji we ulgamyň eýeleriniň HKM bilen HKM-niň arasynda guralýar.

47. Beýleki bir aragatnaşyk operatorynyň ulgamyna birikdirilýän şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatorynyň ulgamynyň täjirçilik ulanyşygyna goýberilmegi, aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara tarapyndan şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatorlarynyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna bildirilýän şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatoryny kesgitlemek boýunça hünär derejesiniň talaplarynyň tassyklanylmagyndan soň amala aşyrylýar.

48. Korporatiw telekommunikasýa ulgamynyň eger-de ol dürli edara ediş meýdanlary boýunça ýerleşdirilen ulgamlary birikdirýän bolsa, belgilemäniň degişli gorunyň berilmegi bilen (kod «DE»), edara ediş meýdanynyň çäklerinde ýa-da halkara üstaşyr (üstaşyr) uzeliniň derejesinde edaranyň kommutasion bekedini gurnamak arkaly Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmesi bolup biler.

Korporatiw ulgamyň eýesi degişli ygtyýarnamanyň esasynda tölegli esaslarda hyzmatlary bermekçi bolan ýagdaýynda, Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmeklik şu aşakdaky şertlerde ýerine ýetirilýär, eger-de:

1) ulgamyň birikdirilýän bölegi eýesi tarapyndan ulgamyň önümçilik içerki (önümçilikde tehnologik amallary dolandyrmak) maksatlar üçin peýdalanylýan beýleki böleginden programmalaýyn ýa-da tehniki taýdan böleklenen bolsa;

2) ulgamyň birikdirilýän bölegi, şu Tertipdebeýan edilen Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň işlemegi üçin bildirilýän talaplara, laýyk gelýän bolsa;

3) korporatiw telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň eýesidolandyrmak we önümçilik içerki (önümçilikde tehnologik amallary dolandyrmak)maksatlar bilen ulanylýan ulgamyň we onuň UTTU-y birikdirilýän böleginiň ulanyş çykdajylarynyň hasabyny aýratyn ýöredýän bolsa.

49. Hereketli aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmek:

1) hereketli radiotelefon aragatnaşyk umumy ulgamy, umumy aragatnaşyk ulgamyna halkara, içki we ýerli derejede belgilemekligiň degişli gorunyň berilmegi bilen, ýa-da aragatnaşyk operatorlarynyň arasyndaky ylalaşygy esasynda umumy telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna çatylyp bilner;

2)geografik däl zolak belgisiniň DE kody berlen umumy ulanyşykdaky hereketli radiotelefon aragatnaşyk ulgamlary Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna şäherara derejesinde belgilemegiň beýleki abonentlerine Trafigiň geçirilmegi üçin MgTU üsti bilen, zolak derejesinde – belgilemegiň bu geografik zolagynyň çäklerinde Trafigiň geçirilmegi üçin, hereketli ulgamyň kommutatorynyň ýerleşýän ýeri bolan belgilemegiň geografik zolagynyň ŞATB-niň üsti bilen birikdirilýär;

3) geografik däl zolak belgisiniň DE kody berlen öýjükli aragatnaşyk ulgamy Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna şäherara derejesinde MgTU üsti bilen, öýjükli aragatnaşyk ulgamlaryny biri-birine birikdirmeklik göni kanallary guramak arkaly bu ulgamlaryň degişli kommutasion enjamlarynyň derejesinde birikdirilýär;

4) ABC geografik zolak belgisiniň “ab” kody berlen umumy ulanyşykdaky hereketli radiotelefon aragatnaşyk ulgamlary Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna belgilemegiň bu geografik zolagynyň ŞATB üsti bilen birikdirilýär. Birikdirilýän ulgamyň belgi meýilnamasy geografik zolagyň belgi meýilnamasyna goşulýar;

5) «abX/abXX» ýerli ulgamyň ATB indeksi berlen umumy ulanyşykdaky hereketli radiotelefon aragatnaşyk ulgamlary ýerli ulgamyň kommutasion beketleriniň üsti bilen birikdirilýär. Birikdirilýän ulgamyň belgi meýilnamasy ýerli ulgamyň belgi meýilnamasyna goşulýar.

Hereketli radiotelefon aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmeklik şu Tertibe laýyklykda birikdiriji ulgamyň operatory tarapyndan berlen tehniki şertleriň esasynda amala aşyrylýar.

50. Telegraf we teleks aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmek:

2) telegraf we teleks aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmeklik ahyrky abonent nokatlarynyň ýa-da gurnamalarynyň derejesinde amala aşyrylýar;

3) abonent gurnamalarynyň derejesinde birikdirmeklik ulanyjynyň enjamynyň olaryň kömegi bilen operatoryň maglumatlary berýän we kabul edýän telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmegini aňladýar;

4) umumy ulanyşykdaky telegraf we teleks aragatnaşyk ulgamlaryny habarlar kommutasiýasyna birikdirmeklige telegraf we teleks aragatnaşyk operatorlaryna rugsat berilýär;

5) aýratyn ýagdaýlarda, birikdirilýän ulgamyň tehniki serişdeleriň bar bolan halatynda, aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edaranyň görkezmesiniň esasynda, kommutasiýa kanallarynyň bekediniň (podstansiýanyň) ýa-da habarlar kommutasiýa merkezleriniň (konsentratorlarynyň) derejesinde telegraf aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmeklige rugsat berilýär;

6) birikdirilýän ulgama bölünip berilýän anyk birikdirme nokatlary we belgiler umumy ulanyşykdaky telegraf ulgamynyň operatory tarapyndan bellenilýär.


§ 4. Telematik gulluklaryň, intellektual ulgamlaryň we maglumatlary geçiriji ulgamlaryň operatorlarynyň uzellerine barmak


51. Telematik gulluklaryň, intellektual ulgamlaryň we maglumatlary geçiriji ulgamlaryň operatorlarynyň uzellerine barmaklyk şu aşakdaky usullaryň biri bilen guralýar:

1) KDU-da aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara tarapyndan berilýän operatoryň koduny ulanmak bilen enjamlaryň Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň ŞATB-ne birikdirmek;

2) enjamlary birikdirmekligiň standart nokadyna goşulan aragatnaşyk kanallarynyň ýerli ulgamynyň abonentlerinden bir ugurlaýyn çykyşlar boýunça ýerli derejede Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyny birikdirmek.

52. Ulanyjylara ýörite, maglumat-düşündiriş we hyzmat gulluklarynyň eýeleri tarapyndan berilýän hyzmatlara rugsat berilmegini guramak üçin, şeýle hem ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň operatorlary tarapyndan şahsy radioçagyryş (peýjiň ulgamlary) operatorlarynyň işini guramak üçin, abonent belgilerini ýa-da tapgyrlaýyn belgileri bölüp bermek bilen abonent çyzyklary berilýär. Abonent çyzyklarynyň berilmegi hakyndaky şertnamada onuň haýsy maksatlar üçin berilýändigi görkezilýär.

Tapgyrlaýyn belgileri bermegiň we tapgyrlaýyn belgileriň eýeleriniň tapgyrlaýyn belgileri bölüp berýän ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň operatorlary bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi şu Tertibiň 6-njy goşundysynda getirilendir.


§ 5. Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna IP-telefoniýa (Internet-telefoniýa) operatorlarynyň enjamlaryny (geçmek uzellerini) birikdirmek


53. IP-telefoniýa (Internet-telefoniýa) operatorlarynyň enjamlaryny (geçmek uzellerini) şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatorlarynyň ulgamyna birikdirmek KDU ulanmak bilen şäherara derejesinde amala aşyrylýar. KDU-da operatoryň kodunyň ulanylmagy bilen bir hatarda ygtyýarly edaranyň buýrugy bilen hyzmata rugsat belgisi hökmünde berkidilen ýerli telefon belgisi hem ulanylyp bilner, munda IP-telefoniýa (Internet-telefoniýa) operatorlarynyň enjamlaryny (geçmek uzellerini) birikdirmekligiň derejesi şäherara görnüşinde galýar.

54. KDU we X1X2X3X4 operator kody Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.

          55. IP-telefoniýa (Internet-telefoniýa) hyzmatlaryna rugsat (geçiş) onuň ŞATB-ne operatoryň rugsat uzeli çatylan belgi zolagynyň abonentleri üçin guralýar.


§ 6. Birikdiriji operatoryň tehniki şertlerine bildirilýän talaplar


           56. Birikdirmeklige tehniki şertler birikdirmek hakyndaky sargytnama laýyklykda berilýär we şu aşakdakylary öz içine almalydyr:

           1) çyzyk-kabel we beketleýin desgalary, bu desgalaryň, beketleýin enjamlaryň kime degişlidigini görkezmek bilen, birikdirilmegini üpjün etmeklige mümkinçilik berýän tora (aragatnaşyk serişdesine) çatylyş usuly;

           2) birikdirilýän ulgamyň Trafigini geçirmek üçin bar bolan telekommunikasiýa desgalarynyň ulanylmagy, olaryň bolmadyk ýagdaýynda taraplaryň ylalaşygy boýunça täze desgalaryň gurluşygynyň zerurlygy;

           3) ulgamlaryň birikdirilýän nokatlaryna enjamlaryň kysymlary we olaryň tehniki görkezijileri – duýduryjylaryň derejeleri, duýduryjylaryň spektrleri, geçiriş tizligi we birikdirmegiň beýleki görkezijileri;

           4) peýdalanylýan duýduryş ulgamlary;

           5) taktly ulgamlaýyn sinhronlaşdyrmanyň daňysy;

           6) aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara tarapyndan ulgamyň eýesine berilýän belgi gory;

           7) birikdirmekligi amala aşyrmak üçin zerur bolan çäreler, gurluşyk-gurnama işleriniň deslapky sanawy;

           8) birikdirmek boýunça işleriň tapgyrlary;

           9) hereket möhleti (alty aýdan az bolmaly däl) UUTU-y sanly beketleri tarapyndan goldanylýan duýduryjylaryň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy şu Tertibiň 7-nji goşundysynda getirilendir.

           57. Birikdirmek üçin tehniki şertlere binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň, şeýle hem diňe öwezini dolmak esaslaryndan başga ýagdaýlarda Trafikleri geçirmek bilen bagly bolmadyk enjamlary gurnalmagynyň goşulmagyna rugsat berilmeýär. Birikdirmek üçin tehniki şertler bilen kesgitlenilýän işleriň göwrümi ulgamlary gurmak boýunça kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara laýyk gelmelidir.

           58. Seredilýän ýagdaýa degişlilikde öwezini dolma esaslarynda desgalaryň gurluşygy diýlip, aragatnaşyk operatorlarynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça birikdiriji ulgamdan ýa-da birikdiriji ulgama Trafikleriň geçirilmegi bilen bagly bolmadyk, birikdiriji ulgamyň aragatnaşyk operatorynyň birikdirilýän ulgamyň operatorynyň bähbitleri üçin amala aşyrýan işleriniň bahasyna deň bolan telekommunikasiýa desgasynyň gurluşygyna düşünilýär.

           59. Birikdirmek üçin tehniki şertleriň berilmeginde birikdirilýän ulgamyň aragatnaşyk operatorynyň hasabyna ulgamlaryň özara gatnaşyklaryny üpjün etmek üçin gurulýan birikdiriji çyzgylaryň we beýleki enjamlaryň we desgalaryň özüne birikdiriji aragatnaşyk operatoryna kanunçylyga laýyklykda, hususy eýeçiligine berilmegine rugsat berilmeýär.

           60. Birikdirmek üçin tehniki şertler şu aşakdaky ýagdaýlarda olaryň berilmegi üçin göz öňünde tutulan möhletlerde takyklanylýar:

           1) birikdirmekligi amala aşyran ulgamyň belgileriniň üýtgemegi;

           2) birikdirmekligi amala aşyran ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagy, birikdirilen ulgam bilen göni aragatnaşykda bolýan weduýduryş ulgamynyň üýtgedilmegini talap edýän ulgamyň tehniki serişdeleriniňdurkunyň täzelenmegi ýa-da çalşyrylmagy we ş.m.;

           3) birikdirilen ulgamda enjamlaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň we/ýa-da onuň sygymlylygynyň giňeldilmeginiň zerurlygy;

           4) aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edaranyň kadalaşdyryjy namalaryna laýyklykda birikdirmekligiň derejesiniň üýtgemegi;

           5) birikdirilen ulgamyň aragatnaşyk operatory tarapyndan «ABC» ýa-da «DE» kodunyň alynmagy;

           6) birikdirilen ulgamyň aragatnaşyk operatory tarapyndan telekeçilik işini amala aşyrmak üçin telekommunikasiýa ugrundan ulgamlaryň birikdirilmegini talap edýän beýleki ygtyýarnamalaryň alynmagy.

           61. Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň geçirilen ýagdaýynda birikdiriji ulgamyň aragatnaşyk operatory döwrebaplaşdyrmaklygyň taslamasynyň tassyklanmagyndan soň, ýigrimi gün öňünden ähli gyzyklanýan aragatnaşyk operatorlaryny, ulgamlaryň eýelerini tehniki şertleriň üýtgemeginiň mümkindigi hakynda habarly edýär. Zerur ýagdaýlarda birikdiriji operator döwrebaplaşdyrmaklygyň başlanmagynyň üç aý öňünden ulgamyň eýesine tehniki şertlere üýtgemeleri berýär.

           62. Şu Tertibiň altmyş birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda birikdirilen ulgamyň operatory öz ulgamynyň Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmeginiň tehniki şertleriniň takyklanylmagy hakynda birikdiriji ulgamyň operatoryna ýüz tutýar.

           Birikdirmeklige tehniki şertleri takyklamaklyk tehniki şertleriň berilmegi üçin şu Tertipbilen kesgitlenen tertipde we möhletlerde amala aşyrylýar. Täze tehniki şertlere laýyklykda birikdirmek boýunça işleriň ýerine ýetirilmeginden soň özara gatnaşykdaky aragatnaşyk operatorlary tarapyndan birikdirmek hakyndaky Şertnama takyklanylmalydyr.

           Birikdirmek üçin tehniki şertleriň üýtgän ýa-da takyklanan ýagdaýynda, üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar amatly zerurlykda esaslandyrylan bolmalydyr we şu Tertip tarapyndan düzgünleşdirilýän meseleleriň çäginden daşyna çykmaly däldir.

           63. Birikdirmekligiň kadalaşdyryjy hukuk ýa-da kadalaşdyryjy-tehniki namalara laýyk gelmezliginiň ýüze çykarylan ýagdaýynda, birikdiriji operator tarapyndan aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edaranyň talapnamasy boýunça birikdirilýän ulgamyň operatoryna şu Tertibe laýyk gelýän tehniki şertler berilmelidir. Munda ýüze çykýan çykdaýjylar olaryň arasyndaky şertnama bilen kesgitlenilýän mukdarda özara gatnaşykdaky operatorlaryň ikisi tarapyndan tölenilýär.


IV bap. Hyzmatlaryň berilmeginiň barşynda telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň aragatnaşyk operatorlarynyň özara hereketleri


§ l. Hyzmatlaryň berilmeginiň barşyndatelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyňaragatnaşyk operatorlarynyň özara hereketleriniň tertibi


          64. Aragatnaşyk operatorlaryna şu aşakdakylary ýerine ýetirmek zerurdyr:

          1) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen möhletlerde, öz ulgamlarynda belli bir ilatly nokadynyň ýerli ulgamynyň çäklerinde her bir ulanyjynyň aragatnaşyk operatoryny erkin saýlap alyp bilmegini üpjün edýän tehniki mümkinçilikleriň bolmagyny üpjün etmek;

          2) öz ulgamyndan peýdalanyjylara Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynda şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk hyzmatlarynyň berilmegine hukugy bar bolan islendik aragatnaşyk operatoryny saýlap almak hukugyny üpjün etmek;

          3) aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjylara hil standartlaryna, tehniki kadalara,aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek boýunça şertnamanyň şertlerine laýyk gelýän aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek.

          65. Telekommunikasiýa hyzmatlaryny bermekligiň ýeke-täk tehnologik amallaryna gatnaşýan aragatnaşyk operatorlarynyň arasynda şu aşakdakylary göz öňünde tutýan şertnama baglaşylýar:

          1) berilýän telekommunikasiýa hyzmatlarynyň hili üçin bilelikdäki jogapkärçilik;

          2) berilýän hyzmatlaryň hiliniň ýaramazlaşmagyna ýa-da olaryň berilmezliginegetiren tehniki ulanyş boýunça kadalaşdyryjy namalaryň talaplarynyň ýerine ýetirilmezligi ýa-da degerli ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda aragatnaşyk operatorlary tarapyndan öweziniň dolunmagynyň tertibi;

          3) beýleki operatorlar tarapyndan berilýän telekommunikasiýa hyzmatlary üçin hasaplaşyklary geçirmek üçin operatorlaryň ygtyýarlyklary we bu hyzmatlar üçin ulanyjylar bilen hasaplaşyklaryň geçirilmeginde olaryň özara hereketleriniň tertibi;

          4) ulanyjylaryň nägileliklerine seretmek boýunça işlerigeçirmekligiň tertibi;

          5) özara gatnaşykdaky operatorlaryň Trafiklerini geçirmegiň tertibi;

          6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Trafikleriň geçirilendigi üçin özara hasaplaşyklary geçirmekligiň şertleri we tertibi;

          7) ulgamlary dessin-tehniki dolandyrmakda özara gatnaşyklar boýunça meseleler;

          8) hyzmatlaryň berilmegini üpjün etmekde bökdençliklere getirýän aragatnaşyk serişdeleriniň heläkçilikli işlemezlikleri hakynda we gysga möhletde aragatnaşygy dikeltmek boýunça çäreleriň görüljekdigi hakynda beýleki aragatnaşyk operatorlaryna we hyzmatlary berijilere öz wagtynda maglumatlary bermek;

          9) hyzmatlaryň berilmegini üpjün etmekde bökdençliklere getirip biljek aragatnaşyk serişdeleriniň meýilnamalaýyn öňüni alyş işleriniň geçirilýändigi hakynda beýleki aragatnaşyk operatorlaryna we hyzmatlary berijilere öz wagtynda habar bermek;

          10) ulgamlaryň OKS 7 umumy kanal duýduryjysyna laýyklykda duýduryş görkezijilerini, şol sanda aragatnaşyk operatorynyň kommutasion enjamlarynyň çykyş ýazgylarynda (jaňyň jikme-jik ýazgysy – Call Detail Record) onuň bar bolan ýagdaýynda halkara görnüşinde çagyrýan abonentiniň belgisini (A abonentiniň belgisi) düzüw translirlemekligi üpjün etmek.

          66. Berilýän hyzmatlaryň hiliniň hereket edýän kadalara laýyk gelmezliginiň ýüze çykarylan ýagdaýynda özara hereket edýän aragatnaşyk operatorlaryna haýal etmän bu hili laýyk gelmezligiň sebäplerini anyklamak we bu sebäpleri düzetmek boýunça çäreleri görmek zerurdyr. Bu ýagdaýda çykdajylar kimiň ulgamynda laýyk gelmezlikler ýüze çykarylan bolsa, şol operatoryň üstüne ýüklenilýär.

           67. Özara gatnaşykdaky aragatnaşyk operatorlary Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna çykyşy bar bolan ähli ulanyjylara gyssagly dessin gulluklary, ýagny ýangyndan goraýyş, polisiýa, tiz lukmançylyk kömegi, gaz heläkçiligi gullugy we beýlekilerbilen mugt habarlaşmak mümkinçiliginiň berilmegini üpjün edýär.

          68. Telefon ulgamlarynyň özara gatnaşykdaky operatorlary Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasion ulgamynda hereket edýän ilkinji we ikinji ulgamlary dolandyrmak we aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilen resminamalara laýyklykda olary ulanmak boýunça tehnologik algoritmleri berjaý edýärler.

          Ýerli telefon birikdirmeleriniň wagt boýunça hasabynyň girizilmeginde aragatnaşyk operatorlary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde bu maksatlar üçin aragatnaşyk operatorlarynyň çykdajylarynyň öwezini dolýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary bilen ylalaşykda ilatly nokadyň durmuş ähmiýetli desgalary bilen mugt birikdirmek hyzmatynyň berilmegini üpjün edýärler.

          69. Birikdirilen ulgamlaryň aragatnaşyk operatorlary maglumat gulluklarynyň döredilmegi ýa-da telefon belgileriniň maglumat kitabynyň çap edilmegi maksatlary bilen öz ulgamynyň ulanyjylary hakyndaky maglumaty biri-birlerine berip bilerler ýa-da özara ylalaşyk boýunça umumy maglumat bazalarynyň döredilmegi üçin diňe ulanyjynyň ylalaşygy bilen ýa-da “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji maddasyna laýyklykda birikdiriji ulgamyň operatoryna her aýda maglumatlary berip biler.


§ 2. Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy boýunça Trafikleriň geçirilmegini düzgünleşdirmegiň tertibi


          70. Aragatnaşyk operatorlary öz ulgamlarynyň Trafiklerini geçrmekligi şu Tertibe, aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen ygtyýarnamalara we kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda amala aşyrýarlar.

          71. Öz işini Türkmenistanyň çäklerinde alyp barýan her bir aragatnaşyk operatory (ulgamyň eýesi) öz ulgamynyň çäklerinde tamamlanýan telefon Trafigini dolandyrmaklygy özbaşdak amala aşyrýar we aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edaranyň weTürkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyşäherara we halkara operatorlarynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, şol sanda şu aşakdakylary goşmak bilen, görkezmelerini ýerine ýetirýärler:

          1) milli ulgamyň çäklerinde tamamlanýan Trafikleri utgaşdyrmak boýunça;

          2) halkara çykyş, giriş we üstaşyrTrafigini utgaşdyrmak boýunça;

           3) öz ulgamynyň tehniki ýagdaýy we işi hakynda doly maglumatlary ýygnamak, seljermek we bermek boýunça.

           72.Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy ýerli, şäherara, halkara Trafiklerini we IP-telefoniýa (Internet - telefoniýa) operatorlarynyň Trafiklerini geçirmeklige we birikdirmekligiň netijesinde emele gelen ulgamlaryň tehniki serişdeleri boýunça maglumatlary bermeklige diňe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda birikdiriji we ulgamyň eýeleriniň arasynda baglaşylan şertnamalaryň esasynda rugsat berilýär.

           Birikdiriji aragatnaşyk operatorlary Trafikleriň görnüşleriniň geçirilmegine Birikdirme şertnamasyny baglaşmadyk birikdirilen aragatnaşyk operatorlarynyň Trafikleriň ýokarda görkezilen görnüşleriniň geçirilmegini amala aşyrmaýarlar.

           73. Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilen aragatnaşyk ulgamlarynyň giriş we çykyş halkara telefon Trafiklerini geçirmeklik şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatorlarynyň HKM-niň kommutasion meýdanlarynyň üsti bilen amala aşyrylýar.

           74. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ýagdaýlarda, Türkmenistanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynda telefon Trafiginiň geçirilmegini merkezleşdirilen görnüşde göniden-göni dolandyrmaklygy aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara amala aşyrýar.

           75. Belginiň aýlanmagynda şäherara we/ýa-da halkara aragatnaşyk operatoryny saýlap almak üçin prefiksler aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär we diňe çykyş jaňlarda peýdalanylýar.

           Giriş aragatnaşygynda giriş halkara (şäherara) bekedinden aragatnaşyk operatorynyň saýlanyp alynmagy ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň abonentlerine giriş Trafigi ugry boýunça aragatnaşyk operatorlarynyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda amala aşyrylýar.

           76. Ulgamda zeper ýetmeleriň, agram düşmeleriň we heläkçilikli ýagdaýlaryň emele gelen ýagdaýynda, aragatnaşyk operatorlary haýal etmän aragatnaşygy we hyzmatlaryň hilini dikeltmek, Trafikleriň bellenilen nokatlaryna utgaşdyrylmagy üçin aýlawlaryň guralmagy boýunça özara ylalaşylan çäreleri görmelidirler.

           Trafikleri aýlaw ýollary arkaly utgaşdyrmaklygyň çyzgylary, aýlaw ýollaryny emele getirmekligiň tertibi şäherara we halkara aragatnaşyk operatorlarynyň bilelikdäki çözgütleri esasynda bellenilýär.

          Aragatnaşygy dikeltmek we hyzmatlaryň hili boýunça işlere dessin ýolbaşçylyk etmeklige, umumy telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyny dolandyrmak boýunça ygtyýarly edara tarapyndan ýagny Baş merkeziniň ygtyýarlyklary üstüne ýüklenen, şäherara we halkara aragatnaşyk operatorlarynyň biri tarapyndan amala aşyrylýar.


V bap.Ulgamlaýyn gorlardan peýdalanylmagy we Trafikleriň geçirilmegi üçin özara hasaplaşyklary geçirmegiň tertibi


          77. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň netijesinde özara gatnaşykdaky aragatnaşyk operatorlarynyň özara gatnaşyklary özara hasaplaşyklaryň geçirilmeginde şu aşakdaky umumy düzgünlere esaslanýarlar:

           1) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň gorlaryndan maksimal peýdalanylmagy (kommutasion beketleriň, kanallaryň we çyzyklaryň geçirijilik ukyplary);

           2) çagyryşlara hyzmat etmekligiň we ulanyjylara hyzmatlaryň berilmeginiň hil görkezijileriniň ýokarlandyrylmagyny höweslendirmek;

           3) deň hukukly hyzmatdaşlyk;

           4) her bir tarapyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň beketleýin we çyzyklaýyn desgalarynyň gurluşygyna we ulanyşygyna goşan goşantlarynyň hasaby.

           78. Aragatnaşyk operatorlarynyň arasynda berilýän ulgamlaýyn gorlar üçin özara hasaplaşyklary geçirmegiň tertibi şu aşakdakylary hasaba almak bilen kesgitlenilýär:

           1) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna barmaklygy üpjün edýän telekommunikasiýa desgalarynyň we tehniki serişdeleriň eýeçiligine bolan gatnaşygy;

           2) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmeginiň derejesi;

           3) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy boýunça Trafikleriň geçirilmeginiň hasabynyň zerurlygy.

           79. Birikdirmek hyzmatlary üçin nyrh bir gezeklik töleg bolup durýar we aragatnaşyk operatory bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjynyň arasynda (ulgamyň eýesiniň) birikdirmekligiň standart nokadynyň döredilmegi we bölünip berilmegi üçin şertnamanyň tertibinde we şertlerinde ykdysady taýdan esaslandyrylan çykdajylaryň we girdejiniň (Türkmenistanyň Merkezi banky pul toplumynyň bir ýa-da birnäçe görkezijileriniň artmagynyň çelgilerini bellän mukdarynda) öweziniň dolunmagyndan gelip çykýan birikdirmek hyzmatlarynyň berilmegi bilen bagly emele gelýän işleriniň gymmatyny aňladýar.

           Birikdirmek hyzmatlary üçin bir gezeklik tölegiň hasaplanylmagynda jaýlary we meýdançalary kärendä almak boýunça tölegler muňa goşulmaýar.

           Birikdirmekligiň bar bolan kuwwatlyklarynyň giňeldilmegi iki tarapyň hem bähbitlerini hasaba almak bilen şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.

           80. Özara hereket edýän aragatnaşyk operatorlarynyň arasynda Trafikleriň ähli görnüşleriniň geçirilmegi üçin özara hasaplaşyklar, abonentler bilen aragatnaşyk hyzmatlary üçin we aragatnaşyk operatorlarynyň arasynda hyzmatlary alyşmak hyzmatlary üçin her bir özara hereket edýän aragatnaşyk operatory tarapyndan girizilen, hasaplaşyklaryň sertifikatlaşdyrylan awtomatlaşdyrylan ulgamlaryndan, şeýle hem birikdirmegiň dowamlylygynyň wagt boýunça hasabyny ýöredýän enjamlardan alnan billing maglumatlarynyň esasynda geçirilýär.

           81. Birikdiriji we ulgamyň eýeleriniň özara hereketlerinde, geçirilen giriş, çykyş we üstaşyrTrafikler, birikdirmek hyzmatlary, kärendesine alynýan telekommunikasiýa serişdeleri we desgalary we beýleki hyzmatlar üçin olaryň arasynda özara hasaplaşyklar geçirilýär.

           Özara hasaplaşyklarda geçirilen trafik üçin aragatnaşyk operatory çykyş ugry onuňky bolup durýan we ulanyjydan töleg alýan bu ugur boýunça trafik giriş ýa-da üstaşyr trafigi bolup durýan aragatnaşyk operatory bilen hasaplanan möçberleriniň esasynda hasaplaşýar.

           Bir operator tarapyndan hakujy tölenen kartalar ýa-da onuň bilen göni şertnama esasynda beýleki operatoryň abonentine telekommunikasiýa hyzmatlarynyň berlen ýagdaýynda, operatorlaryň arasyndaky özara hasaplaşyklar, hasaplananmöçberleriniň esasynda, çykyş birikdirmede abonent ahyrlamasyny üpjün edýän operatora tölegiň geçirilmegini göz öňünde tutýan goşmaça ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar.

           82. Birikdirilýän we birikdiriji aragatnaşyk operatorlarynyň arasyndaky özara hasaplaşyklar şu aşakdakylar üçin amala aşyrylýar:

           1) Trafigi geçirmek hyzmatlary:

           a) ýerli (giriş, çykyş,üstaşyr);

           b) şäherara (zolakiçerki) (giriş, çykyş,üstaşyr);

           ç) halkara (giriş, çykyş,üstaşyr);

           e) ykjam operatorlaryň ulgamlaryna (ulgamlaryndan);

           i) IP-telefoniýa operatorlary (Internet-telefoniýa);

           k) aragatnaşyk operatorynyň ulgamyna näbelli ugurly giriş Trafigi.

           2) ulag ulgamynyň kanallaryna barmak hyzmaty:

           a) aragatnaşyk kanallarynyňkärendä berilmegi;

           b) aragatnaşyk operatorynyň ulgamyna barmak hyzmatlary;

           ç) kanallary we/ýa-da birikdirilýän ulgamlaryň arasyndaky birikdiriji çyzyklary birikdirmek we guramak boýunça işler (ulgamyň eýeleriniň her biriniň ulgamyndan birikdirmek nokadynyň geografik ýerleşýän ýerine baglylykda birikdirmek nokadyna çenli).

           4) birikdiriji aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlaryna rugsat:

           a) Billing ulgamyna geçirmek we abonentlerden tölegleri ýygnamak;

           b) birikdirmek maksatlary bilen kabel lagymlarynyň we tehnologik enjamlaryň kärendä ýa-da ulanmaklyga berilmegi;

           ç) enjamlara tehniki hyzmatlaryň berilmegi we gözden geçirilmegi;

           5) birikdirmek hyzmatlary.

           83. Şäherara we halkara aragatnaşyk operatorlary we halkara aragatnaşyk operatorlary halkara Trafikler üçin daşary ýurtly halkara aragatnaşyk operatorlary bilen hasaplaşyklary geçirýärler.

           84. Halkara Trafikleriň geçirilmegi,Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgileýiş resurslaryny, şol sanda Türkmenistanyň halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň segmentlerini paýlamagyň we peýdalanmagyň tertibini Türkmenistanyň belgileýiş ulgamyna we meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara guramalarynyň maslahatlaryny hasaba almak bilen şertnamalaýyn esaslarda amala aşyrylýar.

           85. Tölegi çagyrylýan aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyjy tarapyndan amala aşyrylýan hyzmatlaryň tölegleri üçin aragatnaşyk operatorlarynyň arasyndaky özara hasaplaşyklar özara hereket edýän operatorlaryň arasynda şertnamalaýyn esaslarda amala aşyrylýar.

           86. Zolakiçerki ýa-da ýerli derejelerde birikdirilýän özara hereketdäki ulgamlaryň aragatnaşyk operatorlarynyň arasyndaky özara hasaplaşyklar şu Tertibe laýyklykda we Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara elektrik aragatnaşyk guramalarynyň hasaplaşyk tertibi esasynda, şeýle hem zerur ýagdaýlarda birikdiriji çyzyklaryň, aragatnaşyk kanallarynyň we telekommunikasiýa desgalarynyň peýdalanylmagy üçin kärende tölegi üçin goşmaça şertnamalaryň esasynda Trafigiň bir birligi üçin töleg usuly boýunça maslahatlaryny öz içine alýar.

           87. Bir sany birikdiriji çyzyk üçin operatorlaryň arasynda özara hasaplaşyklaryň geçirilmeginde, 64 kbit/s standart sanly kanal, tonal ýygylygynyň ini 3,1 kGs üznüksiz maglumat (analog) kanal, geçirijilik tizligi 50 Bod dört geçirijili bir kanal alynýar. E1 akymy G.704 b.5.2 «2048 kbit/s birikdirmesi, esasy kanallar n*64 kbit/s» maslahatlaryna laýyklykda 30 sany standart sanly kanallar görnüşinde alynýar.

           n*64 kanallar akymynda giriş we çykyşlaryň bölünmegi birikdiriji ulgamyň aragatnaşyk operatory tarapyndan berilýän hyzmatlaryň görnüşlerine bagly bolýar we birikdirmeklige tehniki şertleriň berilýän we ýerine ýetirilýän tapgyrynda kesgitlenilýär.

           Birikdirmekligiň standart nokady sesi ýa-da maglumatlary berýän 30 sanly kanallary üpjün edýän E1 sanly porty, sinhronlaşdyrmak üçin aýratyn kanal we duýduryşlaryň dolandyrylmagyny bermek üçin aýratyn kanal, 64 kbit/s we tizligi 2 Mbit/s bolan jemi 32 kanal bilen emele getirilýär.

           88. Trafigiň geçirilmegi üçin aragatnaşyk operatorlarynyň arasyndaky özara hasaplaşyklar Birikdirme şertnamasynyň esasynda we aragatnaşyk boýunça kanunçylyga we tebigy ýeketäklige (monopoliýalara) we düzgünleşdirilýän bazarlara laýyklykda amala aşyrylýar.

           89. Aragatnaşyk operatorlarynyň arasynda hasaplaşyklaryň guralmagy üçin hem giriş, hem çykyş Trafikleriniň ölçeginiň guralmagy we geçirilmegi zerur. Munda her bir aragatnaşyk operatory baglaşylan şertnamalaryň şertlerine laýyklykda beýleki operatorlar bilen deňeşdirmeleriň geçirilmegi üçin, agramlary geçirmek üçin ulanylýan ähli ýollar boýunça geçirilýän Trafikler hakyndaky ilkibaşlangyç maglumatlary üç ýyldan az bolmadyk möhletde saklaýar we olaryň takyklygyna jogap berýär.

           90. Dürli ugurlary boýunça geçirilýän Trafigiň göwrümleri hakynda takyk maglumatlary almak maksady bilen aragatnaşyk operatorlary tarapyndan onuň göwrümlerini göni we aýlaw kanallary goşmak bilen, birikdirmegiň ähli bellenilen ugurlary boýunça çagyryşlara edilýän hyzmatlaryň hilini kesgitlemekligiň mümkinçiligini üpjün etmek üçin degişli çäreler görülýär.

           91. Aragatnaşyk operatorlarynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça Trafik hakyndaky maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak, özara hereket edýän aragatnaşyk operatorlarynyň birine degişli bolan ýeke-täk hasaplaşyk merkeziniň üsti bilen amala aşyrylyp bilner.

           92. Hasaplaşyk döwri hökmünde bir senenama aýyny almak maslahat berilýär. Operatorlaryň arasyndaky ylalaşyk boýunça başga hasaplaşyk döwrüni ulanmak bolar.

           93. Agramlary hasaplamak üçin peýdalanylýan tehniki serişdelere garaşsyzlykda, kommutasion beketleriň ähli kysymlarynda Trafikleri hasaplamaklygyň bir görnüşliligini üpjün etmek we çykyş halkara Trafikleriniň birikdirmeleriniň we düzüminiň bellenilen ugurlary hakyndaky has doly maglumatlary almak üçin, onuň ululygynyň hasaplamasy ŞATB tarifikasiýa enjamlarynyň, ýerli telefon birikdirmeleriniň wagt hasabyny alýan enjamyň (ýa-da elektron ATB-leriň degişli programma üpjünçiliginiň) we çykyş halkara we şäherara gepleşikleri üçin sargytnamalaryň resminamalarynyň (МТF-4, МТF-5 berk hasapdaky görnüşler) maglumatlarynyň esasynda amala aşyrylmalydyr.

           94. Trafikleriň hasabyny ýöretmek üçin peýdalanylýan tehniki serişdeleriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde resmileşdirilen laýyklyk sertifikaty bolmalydyr.

           95. Aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylan kadalaşdyryjy-tehniki resminamalara laýyklykda, aragatnaşyk operatorlary tarapyndan berilýän gulluk aragatnaşygy mugt berilýär we özara hasaplaşyklarda hasaba alynmaýar. Gulluk aragatnaşyk Trafiginiň göwrümi geçirilen Trafigiň göwrüminiň 2%-den ýokary geçmeli däldir, ýa-da gazanylan ylalaşyga laýyk bolmalydyr.


VI bap. Aragatnaşyk operatorlarynyň hukuklary we borçlary


           96. Aragatnaşyk operatorytelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri tarapyndan şertnamanyň şertlerini ýerine ýetirmedik ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmedik ýagdaýynda şu aşakdakylara hukuklydyr:

           1) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerine aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmek hyzmatlarynyň möçberlerini çäklendirmäge;

           2) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri bilen şertnamany ýatyrmaga;

           3) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerinden öz ulgamyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy talap etmäge;

           4) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri tarapyndan bar bolan bergisiniň üzülmegine we kepillendirilen hakujy töleginiň tölenilmegine çenli birikdirme hyzmatlaryny ýerine ýetirilmegini bes etmäge;

           5) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleritarapyndan aragatnaşyk ulgamlarynabirikdirmek hyzmatlaryny bermek barada şertnamanyň talaplary bozulan ýagdaýynda, birikdirmek hyzmatlaryny bermekligi bes etmäge;

           6) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerinehökman habar bermek bilen Nyrh meýilnama üýtgetme girizmäge;

           7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklara eýedir;

           8) "Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga.

           97. Aragatnaşyk operatory şu aşakdakylara borçludyr:

           1) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerineBirikdirme şertnamasy esasynda şu Tertibiň hem-de baglaşylan Birikdirme şertnamasynyňşertlerini berjaý etmek bilen aragatnaşyk ulgamlarynabirikdirmek hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge;

           2) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerindenaragatnaşyk ulgamlarynabirikdirme hyzmaty babatda närazylyk bilen baglanşykly arza gelip gowşan halatynda, bir gije gündizden gijä galman näsazlyklary düzetmäge;

           3) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerine ulgamda ýüze çykan awariýalar (iri näsazlyklar) we olary düzetmegiň çaklanylýan möhletleri barada habar bermäge;

           4) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerinearagatnaşyk ulgamlarynabirikdirmek hyzmatlary üçin nyrhlara üýtgetmeler girizilmegine 7 (ýedi) senenama güni öňünden bu barada habar bermäge;

           5) hereket edýän şertnamalaryň, arza şikaýatlary bellige alynýan kitaplaryň we teklipleriň hasaba alynmagyny we saklanylmagyny üpjün etmäge hem-de telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleriniň ilkinji talaby boýunça olara bermäge;

           6) hereket edýän Bahasanawa laýyklykda, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerine degişli bolan enjamy aragatnaşyk ulgamlarynabirikdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmäge;

           7) ulgamda hasaplaşyk üçin köpderejeli (ýokaryderejeli) goraglylygy bolan (porollar bilen) gorag programmasy bilen üpjün etmäge;

           8) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerine aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirme hyzmatlary barada doly we anyk maglumatlary bermäge hem-de hyzmatlar babatyndaky meseleler boýunça maglumat bermäge;

           9) aragatnaşyk ulgamlarynabirikdirmek hyzmatlarynyň kemçiliklerini düzetmek boýunça çäreleri görmäge;

           10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleriniň islendik şahsy maglumatlaryny aýan etmezlige;

           11) “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, maglumata eýelik ediji, maglumat ulgamynyň operatory Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda şulary üpjün etmäge borçludyrlar:

           a) maglumata rugsatsyz aralaşylmagynyň we onuň maglumata rugsada hukugy bolmadyk şahslara geçirilmeginiň öňüni almak;

           b) maglumata rugsatsyz aralaşylan halatlaryny öz wagtynda ýüze çykarmak;

           ç) maglumata rugsadyň tertibiniň bozulan halatlarynda ýaramaz netijeleriň bolmagynyň mümkinligi barada duýdurmak;

           d) maglumaty gaýtadan işleýän tehniki serişdeleriň iş hereketleriniň bozulmagyna getirip biljek täsir etmelere ýol bermezlik;

           e) rugsatsyz aralaşylmagyň netijesinde üýtgedilen ýa-da ýok edilen maglumatyň dessine dikeldilmegine mümkinçilik döretmek;

           ä) maglumatyň goraglylyk derejesiniň üpjünçiligine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmak;

           f) şahsy maglumatlara bikanun rugsadyň öňüni almak;

           g) eger şahsy maglumatlara bikanun rugsadyň öňi alnyp bilinmedik bolsa, şeýle bikanun rugsadyň hakyky ýagdaýlaryny öz wagtynda ýüze çykarmak;

           12) wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur we ýeterlik bolan şahsy maglumatlaryň sanawyny tassyklamaga;

           13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahsy maglumatlary goramak üçin zerur çäreleri, şol sanda hukuk, guramaçylyk we tehniki çäreleri görmäge we berjaý etmäge;

           14) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryna ýetilen, şeýle hem "Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen gaýry halatlarda bu maglumatlary ýok etmek boýunça çäreleri görmäge;

           15) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga subýektiň razylygynyň alnanlygy barada subutnamalary bermäge;

           16) ýüztutmanyň alnan gününden bir iş gününden geçmeýän möhletiň dowamynda maglumaty bermekden ýüz dönderilen halatynda delillendirilen jogap bermäge;

           17) 1 (bir) iş gününiň dowamynda:

           a) degişli resminamalar esasynda hakykylygy tassyklanýan şahsy maglumatlary anyklamaga ýa-da anyklamak mümkin bolmasa, olary ýok etmäge;

           b) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleriniň bozulanlygy barada maglumat bolan halatynda subýekte degişli şahsy maglumatlary gabamaga;

           ç) şahsy maglumatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygy bozulyp ýygnalmagynyň we işlenip taýýarlanmagynyň hakyky ýagdaýy tassyk bolan halatynda, şeýle hem "Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan gaýry halatlarda şol maglumatlary ýok etmäge;

           d) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleriniň bozulanlygy tassyk bolmadyk halatynda onuň gabawyny aýyrmaga.

           98. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri şu Tertip weBirikdirme şertnamasy bilen tanyşdyrylmalydyr.


VII bap. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleriniň hukuklary weborçlary


          99. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerişu aşakdakylara hukuklydyr:

           1) Birikdirme şertnamasyna laýyklykda aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga;

           2) aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlarynyň alynýan sanawyny üýtgetmek boýunça aragatnaşyk operatoryna teklipleri bermäge;

           3) aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlaryndan ýüz döndermäge we ozal ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin aragatnaşyk operatoryna tölegleri geçirip şertnamany ýatyrmaga;

           4) aragatnaşyk operatoryna degişli abonent ugruna birikdirmek barada arza berip, aragatnaşyk operatory bilen Birikdirme şertnamasyna ýa-da özbaşdak (aragatnaşyk opera-torynyň ulgamynda tehniki talaplary berjaý etmek bilen) öz binasynda abonent ugruny (abonent ulgamyny) gurnamaga;

           5) aragatnaşyk operatory, onuň iş tertibi we aragatnaşyk operatory tarapyndan edilýän hyzmatlar toplumy barada zerur bolan maglumatlary talap edip almaga;

           6) aragatnaşyk operatorynda öz şahsy maglumatlarynyň barlygyny bilmäge, şeýle hem şulary özünde saklaýan maglumaty almaga:

           a) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň hakyky ýagdaýynyň, maksadynyň, çeşmeleriniň, usullarynyň tassyklanmagyny;

           b) şahsy maglumatlaryň sanawyny;

           ç) şahsy maglumatlary işläp taýýarlamagyň möhletlerini, şol sanda olary saklamagyň möhletlerini;

           7) degişli resminamalar bilen tassyklanýan esaslar bar bolanda öz şahsy maglumatlarynyň anyklanmagyny talap etmäge;

           8) öz şahsy maglumatlaryny ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleriniň bozulanlygy barada maglumaty bolan halatynda aragatnaşyk operatordan gabalmagyny talap etmäge;

           9) öz şahsy maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygy bozulyp ýygnalanda we işlenip taýýarlananda, şeýle hem "Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan gaýry halatlarda şol maglumatlaryň ýok edilmegini operatordan, şeýle hem üçünji şahsdan talap etmäge;

           10) eger öz şahsy maglumatlary doly däl, könelen, hakyky däl bolsa ýa-da olary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlary üçin zerur bolmasa, şol maglumatlaryň anyklanylmagyny, gabalmagyny ýa-da ýok edilmegini operatordan, şeýle hem üçünji şahsdan talap etmäge;

           11) şahsy maglumatlaryny ýygnamaga, işläp taýýarlamaga razylygyny yzyna almaga;

           12) öz şahsy maglumatlaryny hemmelere elýeter bolan çeşmelerde ýaýratmaga operatora razylygyny bermäge (bermezlige);

           13) öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şol sanda maddy we ahlak taýdan zyýanyň öweziniň dolunmagyna;

           14) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklara eýedir.

           100. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerişu Tetibiň talaplaryny we Birikdirme şertnamasynyňşertlerini, şol sanda aşakda görkezilenleri ýerine ýetirmäge borçludyr:

           1) aragatnaşyk operatorynyň ulgamyna özbaşdak birikmezlige, aragatnaşyk operatorynyň ulgamyndan peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge hem-de ulgama zyýan ýetirmezlige;

           2) abonent ugruny (abonent ulgamyny), abonent rozetkalaryny, abonent kabellerini abat derejede saklamaga, näsaz we ygtyýarlandyrylmadyk abonent enjamlaryny peýdalanmazlyga, abonent enjamlaryny peýdalanmak boýunça gözükdirmeleri berjaý etmäge;

           3) birikdirme şertnamasyndabellenilen möhletlerde telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirilmek hyzmatlary üçin tölegleri geçirmäge, hyzmatlaryň tölegleri babatynda bergilerini bellenilen möhletlerde üzendigi barada töleg resminamalaryny görkezmek bilen aragatnaşyk operatoryna habar bermäge;

           4) zerur bolan halatynda aragatnaşyk operatory bilen aragatnaşyk operatorynyň işgärleri bilen, olar suratly, möhür bilen berkidilen şahadatnamalaryny görkezenlerinde, abatlaýyş, ölçeg we düzediş işlerini geçirmek üçin abonent ugurlaryna (abonent ulgamyna) we abonent rozetkalaryna baryp görmegi üpjün etmäge;

           5) Birikdirme şertnamada beýan edilen düzgünler bilen tanyşmaga we olary berk berjaý etmäge;

           6) aragatnaşyk operatory tarapyndan edilen hyzmatlar üçin wagtly wagtynda tölegleri tölemäge;

           7) özi baradaky maglumatlaryň üýtgän ýagdaýynda 10 (on) senenama günüň dowamynda aragatnaşyk operatoryna ýazmaça habar bermäge.

           8) şeýle hem, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmek hyzmatlarynyňpeýdalanyjylary şu aşakdakylara borçludyrlar:

           a) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirmek hyzmatlaryny peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;

           b) bellenilen talaplara laýyk gelýän resminamasy bolan ahyrky enjamy peýdalanmaga;

           ç) ahyrky enjamyň milli howpsuzlygyň, goranmagyň we hukuk tertibiniň bähbitlerine zeper ýetirýän hukuga garşy gelýän hereketleri amala aşyrmak üçin peýdalanylmagyna ýol bermezlige;

           d) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmagyň howpsuzlygyna, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň bitewüligine we özara hereketine, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň habar howpsuzlygyna,radioelektron serişdeleriniň elektromagnit ylalaşyjylygyna wehim salyp biljek, şeýle hem beýleki abonentlere hyzmat edilende çylşyrymlaşdyryp ýa-da päsgelçilik döredip biljek hereketlere ýol bermezlige;

           e) ahyrky enjamlaryň we abonent liniýalarynyň üçünji şahslar tarapyndan peýda görmek maksady bilen peýdalanylmagyna ýol bermezlige.


VIII bap. Aragatnaşyk operatoryň we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleriniňjogapkärçiligi


          101. Aragatnaşyk operatory telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmek hyzmatlarynyň hiline we birikdirmek hyzmatlary berjaý etmegiň möhletleriniň ýerine ýetirilmeýändigi, hyzmatlaryň hili barada nädogry maglumatlaryň berilýändigi hem-de şu Tertibiň talaplarynyň ýerine ýetirilmeýändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmeýändigi hem-de abonentbilen Birikdirme şertnamasynyňşertleriniň berjaý edilmeýändigi üçin jogapkärçilik çekýär.

           102. Aragatnaşyk operatory telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmek hyzmatlarynyň hiliniň peselmegi telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri ugrunyň (abonent ulgamynyň) we abonent rozetkalarynyň näsazlyklary bilen baglanyşykly bolan ýagdaýynda jogapkärçilik çekmeýär.

           103. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmek hyzmatlarynyň hili peselende, şu Tertibiň hem-de telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri bilen baglaşylan Birikdirme şertnamasynyňşertleriniň ýerine ýetirilmeýändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmeýändigi üçin öz islegi boýunça aragatnaşyk operatoryndan şu aşakdakylary talap edip biler:

           1) näsazlyklary tölegsiz aradan aýyrmagy;

           2) Birikdirme şertnamasyny ýatyrmagy.

           104. Aragatnaşyk operatory, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmek hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmändigi üçin, eger-de bu ýagdaýyň öňüni alyp bolmajak güýçleriň hereketleri ýa-da adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlar, üçünji taraplaryň hereketleri, şeýle hem telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri tarapyndan şertnamalaýyn borçnamalaryň bozulmagy netijesinde ýüze çykandygy subut edilende, jogapkärçilikden boşadylýar.

           105. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri şu Tertipde we baglaşylan şertnamada göz öňünde tutulan öz borçnamalaryny ýerine ýetirmeýändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmeýändigi üçin aragatnaşyk operatoryna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga çenli çäkde jogapkärçilik çekýär.

           106. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri tarapyndan ygtyýarlandyrylmadyk ýa-da näsaz telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri enjamy peýdalanylan ýagdaýynda şeýle hem,telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmek hyzmatlary üçin aragatnaşyk operatoryna tölegleriň öz wagtynda geçirilmedik halatynda, aragatnaşyk operatory kemçilikler aradan aýrylýança onuň abonent ugruny ulgamyndan öçürmäge haklydyr.

           107. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerikemçilikler barada habar gelip gowşandan soň, bir aýyň dowamynda kemçilikleri aradan aýyrmadyk ýagdaýynda, aragatnaşyk operatory birtaraplaýyn tertipde şertnamany ýatyrmaga haklydyr. Şunda telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri şertnama ýatyrylan senesine çenli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmek hyzmatlarynyň tölegini doly möçberde amala aşyrýar şeýle hem, şol düzgün bozulmalaryň netijesinde aragatnaşyk operatorynyň çeken ähli çykdajylarynyň öwezini dolmalydyr.

           108. Aragatnaşyk operatorynyň ulgamynyň enjamlarynyň zaýalanylmagy, abonent enjamlaryny jenaýatçylykly maksatlar üçin peýdalanylan ýagdaýynda hem-de aragatnaşyk operatorynyň eýeçilik hukuklarynyň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we esaslarda günäkär adamlar jogapkärçilik çekýärler.

           109. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýeleri, eger-de zyýan ýetirmek hereketi öňüni alyp bolmajak güýçleriň ýa-da adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlaryň, üçünji taraplaryň hereketleriniň täsiri bilen, şeýle hem aragatnaşyk operatorynyň şertnamalaýyn borçnamalaryny bozandygy subut edilen ýagdaýynda aragatnaşyk operatorynyň ulgamyna ýa-da aragatnaşyk operatoryna ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekmekden boşadylýar.


IXbap. Jemleýji düzgünler


          110. Aragatnaşyk operatorlary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibineweşertlerinenägileliklerini bildirmäge hukuklydyrlar.

          111. Aragatnaşyk operatorlaryň arasynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.










Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibinewe şertlerine 1-nji goşundy


Pudaklaýyn, korporatiw, ýörite çagyryşlaryň we Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň aragatnaşyk operatorlarynyň awtomatiki telefon beketleriniň utgaşdyrylmagy


I bap. Zeper ýetmelerde we heläkçilikli ýagdaýlarda birikdirilen awtomatiki telefon beketleriň tehniki işgärleriniň özara hereketleriniň guralyşy


          1. Zeper ýetmeler birikdirilen ýa-da diregleýin awtomatiki telefon beketlerine (mundan beýläk - ATB) degişli bolan beketleýin enjamlarda, geçiriş ulgamlarynyň enjamlarynda we çyzyklaýyn desgalarynda emele gelip biler. Zeper ýetmeler üç sany derejä bölünýärler:

          1) birinji dereje – bekediň enjamlarynyň we olara çatylan kanallaryň iş ukyplylygynyň doly ýitirilmegine getirýän heläkçilikler;

          2) ikinji dereje –Trafigiň ýitirilmegine täsir etmeýän, aýratyn modullaryň ýa-da bloklaryň hatardan çykmagyna getirýän heläkçilikler;

          3) üçünji dereje – bekediň ýa-da oňa çatylan ugurlaryň işine ujypsyz täsir ýetirýän heläkçilikler, aýratyn abonent toplumlaryna ýa-da kanallaryna zeper ýetmeler.

          2. Heläkçilikleri aradan aýyrmagyň möhletleri zeper ýetmeleriň derejelerine garaşlylykda tehnologik kartalara laýyklykda tertipleşdirilýär we çatylmagynda goşmaça ylalaşykda görkezilýär.

          3. Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyATB-lerine çatylan enjamlaryň ýa-da çyzyklaýyn desgalaryň heläkçilik ýagdaýy özara gatnaşykdaky ATB-leriň tehniki işgärleri tarapyndan heläkçilik duýduryşlarynyň esasynda kesgitlenilýär.

          4. Özara gatnaşykdaky ATB-leriň tehniki işgärleri zeper ýetmeleriň sebäplerini anyklaýar. Her bir tarap öz meýdançasyndaky zeper ýetmeleriň aradan aýrylmagy üçin jogapkärçilik çekýär. Heläkçilikleriň aradan aýrylmagyndan we zeper ýeten enjamlaryň iş ukyplylygynyň dikeldilmeginden soň bu enjamlaryň gözegçilik barlagy geçirilýär.

          5. Birikdirilen we diregleýin ATB-leriň arasyndaky çyzyklaýyn ahyrky enjamlarynyň işe ukyplylygynyň meýilnamalaýyn barlaglary, enjamlaryň tehniki taýdan ulanmak boýunça degişli gözükdirmeleriniň we öňüni alyş barlaglarynyň meýilnamasy esasynda amala aşyrylýar.

          6. Özara hereket edýän ATB-leriň arasyndaky aragatnaşygyň hiliniň wagtlaýyn ýaramazlaşmagyna getirip biljek öňüni alyş we ölçeg işleriniň geçirilen ýagdaýynda, iki ATB-niň hem tehniki işgärleri hökmany tertipde bu barada aragatnaşyk operatorynyň dispetçer gullugyna habar berýär.


II bap. Çagyryşlary utgaşdyrmak


          7. Birikdirilýän ATB aragatnaşygyň şu aşakdaky esasy görnüşleriniň berilmeginiň mümkinçiligini üpjün etmelidir:

          1) birikdirilýän ATB-niň abonentleriniň arasynda (beketiçerki birikdirmeler);

          2) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň abonentleri bilen (ýerli, şäherara we halkara);

          3) ýörite gulluklara çykyş.

           8. Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyATB-lerine birikdirilýän ATB toparlaryndan daşky çykyş aragatnaşygy abonentler tarapyndan pudaklaýyn, korporatiw, ýörite we bir sanly çykyş prefiksiniň (maslahat berilýäni Pm=9) mini-ATB-lerini aýlamak we soňundan talap edilýän abonentiň doly belgisini aýlamak arkaly amala aşyrylmalydyr.

          9. Birikdirilýän ATB-niň abonentleriniň şäherara we halkara çykyş aragatnaşygy çykyş prefiksini aýlamak we soňundan “8”-lik (ýa-da “8-10”) sany aýlamak, perspektiwada degişlilikde «0» we «00» hem-de soňundan şäherara (halkara) belgisini aýlamak bilen amala aşyrylmalydyr. Eger-de birikdirilen ATB-den şäherara awtomatik telefon bekedinde (mundan beýläk – ŞATB) ýapyk birikdiriji liniýanyň daňysy gurnalan bolsa, ŞATB-de çykyşda Pm prefiksi aýlanylmaýar.

          10. Ýokarda agzalan abonentlerden ýörite gulluklara çykyş aragatnaşygy çykyş prefiksini, soňundan ýörite gullugyň belgisini aýlamak arkaly amala aşyrylýar. Ýörite gulluklara çykyş indeksini aýlamazdan çykmaklyga rugsat berilýär.

          11. Daşky aragatnaşyga hukugy bolmadyk birikdirilýän ATB-leriň abonentleri 01, 02, 03, 04 gyssagly daşky aragatnaşyk ýörite gulluklary bilen mugt birikdirilmek mümkinçiligi bilen üpjün edilmelidirler. Belgileriň täze meýilnamasynyň işe girizilmeginde bu gulluklara çykyş prefiksini aýlamak we/ýa-da aýlamazlyk mümkinçiligi bilen täze belgiler berilýär.

          12. Birikdirilýän ATB-leriň abonentleriniň arasynda birikdirmekligiň bellenilmeginde içerki gysgaldylan belgi peýdalanylyp bilner (birikdirilýän ATB-niň sygymlylygyna baglylykda üç ýa-da dört sanly).

           13. Birikdirilýän ATB-leriň abonentleriniň arasynda aragatnaşygyň guralmagynda birikdirilýän ATB-niň sygymlylygyna baglylykda üç ýa-da dört sanly içerki belgi aýlanylýar.










Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibinewe şertlerine 2-nji goşundy


Birikdirmegiň hilini bellemek we agrаmlar boýunça kadalar


          Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy birikdirilýän islendik kysymly awtomatiki telefon beketler (mundan beýläk-ATB) bir çyzyk üçin agram kadasy 0,7 Erl çenli bolan birikdiriji çyzyklar arkaly birikdirilen bolmalydyrlar.

          Birikdirilýän islendik kysymly ATB Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna diregli, kombinirlenen ýa-da üstaşyr sanly beketleriň üsti bilen, ýa-da olaryň ýok bolan wagtynda ýerli telefon birikmeleriniň wagtlaýyn hasaba almaklyga niýetlenen enjamlar bilen enjamlaşydyrlan üznüksiz maglumat (analog) ATB-leriň üsti bilen çatylýar.

          Birikdirilýän ATB bir çyzyk üçin agram kadasy 0,7 Erl çenli bolan birikdiriji çyzyklar arkaly ýa-da iki geçirijili abonent çyzyklary boýunça sanly diregli ýa-da kombinirlenen ATB-leriň abonent toplumlary arkaly çatylyp bilner.

          Bir sany abonent çyzygyna giriş we çykyş telefon agramynyň ortaça jemi agramy 0,15 Erl ýokary bolmaly däldir.

          Abonent çyzygyna düşýän agramyň çäklendirilmegi mümkinçiligi üpjün edilen bolmalydyr. Agramlaryň çäklendirilmegi mini ATB-ler (sygymlylygy 128 belgiden ýokary bolmadyk) bilen direg ATB-niň arasyndaky her bir abonent çyzygy boýunça aýratynlykda amala aşyrylmalydyr. Eger-de mini ATB-de agramy çäklendirmek üçin serişde ýok bolsa, bu mini ATB-niň telefon ulgamyna çatylmagynda özüne birikdirýän tarap bilen ylalaşykda mini ATB-niň ýerli ulgama çykyş hukugy bar bolan abonentleriniň kesgitli sany berk berkidilýär.

          Birikdirmeleri bellemegiň hili 1-nji jedwelde getirilen ýitgileriň kadalary bilen kesgitlenilýär.


Jedwel 1. Hil görkezijileriniň kadalary

Görkezijiniň ady Kadanyň ululygy
Goňşy beketleriň girişleriniň arasyndaky ýitgileriň mümkinçiligi şu aşakdakylardan ýokary bolmaly däldir:
Çykyş ýerli birikmede 0,5 %
Giriş ýerli birikmede 0,5 %
Şäherara we halkara giriş birikmede 0,1 %
Şu aşakdakylar bilen bagly näsazlyklary düzetmegiň gözegçilik möhletleri:
1) kommutasion enjamlar bilen bagly Hyzmat edilýän ATB-lerde 45 minut, Hyzmat edilmeýän ATB-lerde 2 sagat
2) çyzyk-kabel enjamlylarda: Beketara aragatnaşyk kabellerinde, Kabel doly zaýalanmadyk wagtynda muftalary açmak bilen magistral we paýlaýjylarda, sygymlylygy şu aşakdakylarda:
200х2 çenli, goşmak bilen 18 sagat
400х2 çenli, goşmak bilen 24 sagat
600х2 çenli, goşmak bilen 30 sagat
800х2 çenli, goşmak bilen 36 sagat
1200х2 çenli, goşmak bilen 60 sagat
400х2 çenli 70 sagat
1600х2 çenli 80 sagat
1800х2 çenli 96 sagat
2000х2 çenli 120 sagat
2400х2 çenli 144 sagat
3) beketara aragatnaşyk kabellerinde, Kabeliň aralygynyň çalşylmagy talap edilýän magistral we paýlaýjylarda, sygymlylygy şu aşakdakylarda:
300х2 çenli, goşmak bilen 36 sagat
400х2 çenli, goşmak bilen 48 sagat
600х2 çenli, goşmak bilen 60 sagat
800х2 çenli, goşmak bilen 72 sagat
1200х2 çenli, goşmak bilen 100 sagat
1400х2 çenli 120 sagat
1600х2 çenli 140 sagat
1800х2 çenli 150 sagat
2000х2 çenli 170 sagat
2400х2 çenli 190 sagat
4) ýokary ýygylykly beketara aragatnaşyk kabellerinde 24 sagat
ýa-da beketara howa arkaly birikdirilen kabelleri 48 sagat
ýa-da diregleri çalyşmak bilen 48 sagat
5) optiki kabelde muftanyň zeper ýetmelerini düzetmek









Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibinewe şertlerine 3-nji goşundy


Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna çatylýan awtomatiki telefon beketlerine bildirilýän tehniki talaplar


          1. Awtomatiki telefon beketlerini (mundan beýläk-ATB) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmekligiň usullarynyň görnüşleri:

          1) birikdirilýän ATB-leriň fiziki birikdiriji çyzyklar boýunça çatylmagy:

          2) birikdirilýän ATB-leriň sanly birikdiriji çyzyklar boýunça çatylmagy:

          2. Mini ATB-leri Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmekligiň görnüşleri:

          1) mini ATB-ni üznüksiz maglumat (analog) abonent çyzyklary boýunça Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň ATB-ne birikdirmek:

          a) sanly ATB-de üznüksiz maglumat (analog) abonent toplumy peýdalanylýar;

          b) çyzyk duýduryşlary şleýf usulynda berilýär;

          ç) aýlanan belgileri bermek – batareýa impulslary arkaly ýa-da Dual-Tone Multi-Frequency (DTMF) iki tonalny köp ýygylykly analog signal (ITKÝS) duýduryjylary arkaly;

          2) mini ATB-ni sanly abonent çyzyklary boýunça Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň ATB-ne birikdirmek:

          a) täze tehnologiýaly (TT) interfeýsiniň üsti bilen Integrated Services Digital Network (ISDN) sanly tor gulluklary baglamak hyzmatlary bolan sanly abonent toplumy peýdalanylýar;

          b) TT – ulanyjynyň enjamynyň ulgamlaýyn ahyry.

          3. Mini ATB üçin elýeterligi guramak:

          1) mini ATB Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna iki geçirijili abonent çyzyklary boýunça sanly diregli ýa-da kombinirlenen ATB-leriň abonent toplumlarynyň üsti bilen çatylýar;

          2) mini ATB üçin birikdiriji çyzyklar hökmünde direg ATB-niň abonent toplumlarynyň peýdalanylmagy abonent çyzyklaryny ulanyş ulgamyny bozmaly däldir (guratlygyny barlamak, ölçegler we ş.m.);

          3) mini ATB-ni Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmeklik ýerli telefon birikmelerini wagt boýunça hasaba alýan enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sanly ýa-da üznüksiz maglumat (analog) ATB-ler birikdirmek arkaly amala aşyrylýar;

          4) Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna çykmak üçin ýerli prefiks hökmünde «9» sany ulanmak maslahat berilýär.

          4. Tapgyrlaýyn gözlemekligi guramakdahaýsydyr bir ýörite gulluga aragatnaşygyň guralmagynda tapgyrlaýyn gözlemekligi guramaklyga mümkinçilik berýän abonent toplumlary ulanylýar. Bu ýagdaýda agramlar boýunça çäklendirmeler girizilýär.










Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibinewe şertlerine 4-nji goşundy


Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň eýelerini birikdirmekligiň aýratynlyklary


I bap. Birikdiriji çyzyklaryň görkezijileri


           1. Birikdirilýän awtomatiki telefon bekedi (mundan beýläk – ATB) özüne birikdiriji Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň ATB-si bilen fiziki birikdiriji çyzyklar we geçiriş tizligi 2048 kbit/s bolan sanly birikdiriji çyzyklar boýunça aragatnaşygy üpjün etmelidir.

          2. Birikdiriji çyzyklaryň sany telefon agramyndan gelip çykyşyna görä kesgitlenilýär (TDS-21.406-88«Geçirijili aragatnaşyk serişdeleri. Çyzgylarda we meýilnamalarda şertli grafiki belgilenmesi»).

          3. Üç geçirijili fiziki birikdiriji çyzyklaryň görkezijileri:

          1) ýerli birikmeler üçin ulanylýan birikdiriji çyzyklar:

          «a», «b», «c» geçirijileriň garşylygy 1000 Оm-dan ýokary bolmaly däldir (radiobirikdiriji liniýa (RBL) toplumlary bolmazdan dekat ädimli (DÄ) ATB-den giriş aragatnaşygynda- 700 Оm);

          «a», «b», «c» geçirijileriň arasyndaky izolýasiýanyň garşylygy «b», «c» geçirijileriň we “ýeriň” arasynda 150 kOm-dan az bolmaly däldir;

          «a» geçiriji bilen «ýeriň» arasynda - 50 kОм-dan az bolmaly däldir;

          Iş sygymlylygy - 1,6 mkF-dan ýokary bolmaly däl.

          2) şäherara birikdirmeler üçin ulanylýan birikdiriji çyzyklar:

          «a», «b», «c» geçirijileriň garşylygy 1500 Оm-dan ýokary bolmaly däldir (RSL toplumlary bolmazdan DŞ ATB-den giriş aragatnaşygynda- – 700 Оm);

          «a», «b», «c» geçirijileriň arasyndaky izolýasiýanyň garşylygy «b», «c» geçirijileriň we “ýeriň” arasynda 150 kOm-dan az bolmaly däldir;

          «a» geçiriji bilen «ýeriň» arasynda - 50 kОм-dan az bolmaly däldir;

          Iş sygymlylygy - 1,3mkF-dan ýokary bolmaly däl.

          Geçiriş tizligi 2048 kbit/s bolan IKM sanly birikdiriji çyzyklaryň görkezijileri МСE-Т G.703, G.704 we G.732maslahatlaryna laýyk gelmelidir.


II bap. Mini ATB-ler çatylan abonent çyzyklary boýunça görkezijiler


          1. Mini ATB-ler çatylan abonent çyzyklarynyň görkezijileri mini ATB-niň dört polýuslygynyň fiziki çyzyklarynyň görkezijileriniň, onuň abonent çyzyklarynyň we telefon enjamlarynyň jemi bolup durýar we abonent çyzyklary üçin bellenilen kadalardan ýokary bolmaly däldir. Hemişelik tok boýunça görkezijiler mini ATB-niň abonent çyzygyny goşmak bilen şu aşakdakylara deň bolmalydyr:

          1) giriş interfeýsini hasaba almak bilen şleýfiň garşylygy - 1800 Оm-dan ýokary däl;

          2) geçirijileriň arasyndaky ýa-da her bir geçiriji bilen “ýeriň” arasyndaky izolýasiýanyň garşylygy - 20 kOm-dan ýokary däl;

          3) geçirijileriň arasyndaky ýa-da her geçiriji bilen “ýeriň” arasyndaky sygymlylyk - 0,5 mkF-dan ýokary däl;

          4) damarlarynyň diametri 0,5 mm bolan kabel üçin 1020 Gs ýygylykda maksimal öçmesi 35 dB-dan ýokary däl, we damarlarynyň diametri 0,32 mm bolan kabel üçin 45 dB-dan ýokary däl.

          2. Mini ATB abonent çyzyklary boýunça gelip gowuşýan çagyryşlary kabul etmelidir (95 +/- 5 W dartgynlygy we ýygylygy 25 Gs bolan üýtgeýän tok), we “Abonent çyzygynyň şleýfiniň razmykaniýesi” jogabynyň duýduryşyny bermelidir.










Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibinewe şertlerine 5-nji goşundy


Birikdirmeklige tehniki şertleriň mysaly düzümi

Birikdirmeklige tehniki şertler

№ ____

«_____» _______________ 20 __ ýyl



(özüne birikdiriji operator)

          (ulgamyň eýesini) ulgamy birikdirmekligi şu aşakdaky Birikdirmeklige tehniki şertlerde(mundan beýläk - Tehniki şertler) amala aşyrýar:

          1. Birikdirmegiň derejesi


          Aragatnaşyk babatda işiň aýry-aýry görnüşlerine berlen ygtyýarnamanyň şertlerine, Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny umumy ulanyşykdaky telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryna birikdirmekligiň we Türkmenistanyň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlary boýunça Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy boýunça belli bir wagtda maglumat (mundan beýläk – Trafik)geçirmegiňtertibini düzgünleşdirýän resminamalar, we özüne birikdiriji operatoryň birikdirme nokatlarynyň sanawyna laýyklykda ulgamyň eýesi tarapyndan berilýän hyzmatlaryň görnüşleri bilen kesgitlenilýär.

          2. Ulgamyň belgisi


          aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edaranyň degişli buýrugyna laýyklykda.

          3. Birikdirilýän ulgamyň sygymlylygy


          aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edaranyň degişli buýrugyna laýyklykda.

          Birikdirilýän enajmlaryň kysymy


          Ulgamyň eýesiniň öz ulgamyny özüne birikdirýän operatoryň ulgamyna birikdirmek hakyndaky sargytnamasyna we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde resmileşdirilip ulanylýan enjamlaryň laýyklyk sertifikatyna laýyklykda.

          4. Birikdiriji ulgamlar boýunça duýduryjylar________________________

          Şu aşakdakylara laýyklykda:

          1)ulgamyň eýesiniň öz ulgamyny özüne birikdirýän operatoryň ulgamyna birikdirmek hakyndaky sargytnamasyna;

          2)ulanylýan enjamlaryň Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynda bellige alnan laýyklyk sertifikatyna;

          3)Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy sanly beketleri tarapyndan goldanylýan duýduryjylaryň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawyna.

          5. Beketara aragatnaşygy guramak


          Şu Tehniki şertleriň birinji we dördünji böleklerine laýyklykda.

          6. Sinhronlaşdyrmak.

          Ulgamyň eýesiniň enjamlary özüne birikdiriji operatoryň telekommunika-siýa aragatnaşyk ulgamy bilen şu aşakdaky görnüşleriň biri boýunça sinhronlaşdyrylýar:

          1) durnukly sinhron duýduryjysy 10-11-den az bolmadyk koeffisient bilen sinhronlaşdyrmagyň hususy çeşmesinden (ulgamyň eýesi birikdirmek hakyndaky sargytnama Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawynda bellige alnan sinhronlaşdyrmak çeşmesine berlen laýyklyk sertifikatyny we çeşmäniň tehniki görkezijilerini goşýar).

          2) birikdirýän operatoryň taktly ulgam sinhronlaşdyryjy ulgamyndan.

          Birikdirýän operatoryň taktly ulgam sinhronlaşdyryjy ulgamynyň esasy ulgamyna birikdirmek üçin tehniki şertler, birikdiriji operatoryň şahamçasynda alnan birikdiriji çyzyklary guramak üçin tehniki şertleriň alynmagyndan soň, we ulgamyň eýesiniň taktly ulgam sinhronlaşdyryjy ulgamynyň esasy ulgamyna birikdirmek üçin sargytnamasynyň esasynda berilýär.

          7. Tarifikasiýa:

          1) telefon Trafiginiň hasaby özüne birikdiriji operator bilen ulgamyň eýesiniň birikdirmegiň wagt boýunça hasabyny ýöretmeklige niýetlenen enjamynyň maglumatlarynyň esasynda amala aşyrylýar;

          2) wagt boýunça hasaby ýöredýän enjamyň ölçeg serişdeleriniň kysymyny tassyklaýan laýyklyk sertifikaty bolmalydyr.

          3)ulgamyň eýesiniň ulgamynyň abonentleriniň özüne birikdirýän operatoryň ulgamynyň üsti bilen zolakiçerki, şäherara we halkara aragatnaşygyna çykmaklarynda, Trafigiň hasaby özüne birikdiriji operatoryň (ulgamyň eýesiniň) şäherara awtomatiki telefon ulgamynda (MgTU/MSK) amala aşyrylýar.

          8. Telefon Trafigini geçirmek.

          Özüne birikdirýän operatoryň kommutasion meýdanynyň üsti bilen ulgamyň eýesiniň ulgamyndan (ulgamyna) UUTU-yna abonentleriň Trafiginiň geçirilmegi amala aşyrylýar.

          9. Taslama işleri:

          1) ulgamyň eýesi özüne birikdiriji operatoryň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmek üçin taslama-tehniki resminamalaryny berýär. Birikdiriji çyzyklaryň guralmagy üçin tehniki şertleriň alynmagyna we taslama-tehniki resminamalarynyň düzülmegine çenli ulgamyň eýesi özüne birikdiriji operatoryň şahamçasy bilen ( birikdirmäniň amala aşyrylýan zolagy onuň hyzmat zolagynda ýerleşýän) ahyrky enjamyň ýerleşmeli ýerini düzgünleşdirýär;

          2) özüne birikdiriji operatora, şu tehniki şertlere we birikdiriji çyzyklary guramaklyga tehniki şertlere laýyklygy boýunça taslama-tehniki resminamalarynyň ylalaşylandygy hakyndaky delilnamanyň göçürme nusgasy berilýär. Delilnama özüne birikdiriji operatoryň şahamçasynyň (birikdirmeklik onuň hyzmat ediş zolagynda amala aşyrylýan) we ulgamyň eýesiniň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilýär.

          10. Gurluşyk-gurnama işleri:

          1) ulgamyň eýesi özüne birikdiriji operatoryň (birikdirmeklik onuň hyzmat ediş zolagynda amala aşyrylýan) şahamçasynda birikdiriji çyzyklary guramak üçin tehniki şertleri alýar;

          2) birikdiriji çyzyklary guramak bilen bagly ähli işler (kanallaryň kärendesi, kabelleri geçirmek, ahyrky enjamlary gurnamak), özüne birikdiriji operatoryň (birikdirmeklik onuň hyzmat ediş zolagynda amala aşyrylýan) şahamçasy bilen ylalaşylýar.

          11. Umumy meseleler:

          1) gurluşyk-gurnama işleriniň meýilnamasy (kabel geçirmegiň çyzgysy, ahyrky enjamlary gurnamaklyk) özüne birikdiriji operatoryň (birikdirmeklik onuň hyzmat ediş zolagynda amala aşyrylýan) şahamçasy bilen ylalaşylýar;

          2) ulgamyň eýesi elektrik bilen üpjün etmek boýunça ähli işleri we talaplary özüne birikdiriji operatoryň (birikdirmeklik onuň hyzmat ediş zolagynda amala aşyrylýan) şahamçasy bilen ylalaşmak arkaly ahyrky enjamlaryň elektrik togy bilen üpjün edilmegini göz öňünde tutýar;

          3) şu Tehniki şertleri ýerine ýetirmek boýunça işleriň tamamlananmagy, birikdirmekligiň derejesini, ulgamyň belgisini, duýduryjynyň kysymyny, ulgamyň eýesiniň özüne birikdiriji operatoryň taktly sinhronlaşdyryjy ulgamynyň esasy ulgamyna birikdirmek üçin berlen tehniki şertlere laýyklykda (şu Tehniki şertleriň altynjy böleginiň 2-nji bendine laýyklykda sinhronlaşdyrmaklygyň görnüşiniň saýlanyp alnan ýagdaýynda) taktly sinhronlaşdyryjy ulgamynyň esasy ulgamyna birikdirmekligiň klasyny we barlag üçin çatylmagyna taýýarlygyny görkezmek bilen Delilnama görnüşinde resmileşdirilýär. Delilnama özüne birikdiriji operatoryň şahamçasynyň (birikdirmeklik onuň hyzmat ediş zolagynda amala aşyrylýan) we ulgamyň eýesiniň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilýär.Delilnamanyň göçürme nusgasy özüne birikdiriji operatora berilýär;

          4) ulgamyň eýesiniň ulgamy birikdiriji operatoryň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmezinden öň barlag synaglary geçirilýär. Barlaglar oňyn netije beren ýagdaýynda, onuň netijeleri we täjirçilik maksady bilen işe girizilmegi hakynda Delilnama düzülýär. Delilnamanyň göçürme nusgasy özüne birikdiriji operatora berilýär. Delilnamada birikdirilen nokady, ulgamyň belgisi, işe çekilen ulgam gorlarynyň sany, taktly sinhronlaşdyryjy ulgamynyň esasy ulgamyna birikdirmekligiň klasy, barlanylmagynyň möhletleri, barlagyň netijeleri we täjirçilik maksady bilen işe girizmekligiň senesi görkezilýär. Delilnama özüne birikdiriji operatoryň şahamçasynyň (birikdirmeklik onuň hyzmat ediş zolagynda amala aşyrylýan) we ulgamyň eýesiniň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilýär;

          5) birikdiriji çyzyga 0,7 Erl-den ýokary agramyň düşen ýagdaýynda kanal sygymlylygynyň köpeldilmegini üpjün etmek zerurdyr;

           6) özüne birikdiriji operatoryň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmeklik şu tehniki şertleriň ýerine ýetirilmeginden soň amala aşyrylýar;

          7) Tehniki şertleriň berlen wagtyndan soň alty aýyň dowamynda şu tehniki şertleriň ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda şu Tehniki şertleriň güýji ýatyrylýar;

          8) şu Tehniki şertleriň çäklerinde ulgamyň eýesiniň özüne birikdiriji operatoryň telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirmeklik diňe ulgamyň eýesiniň ygtyýarnamasynda göz öňünde tutulan hyzmatlar üçin ulanylýar;

          9) Ulgamyň eýesi tarapyndan tehniki şertleriň berjaý edilen pursatyna erkin ulgam gorlarynyň (port sygymlylygynyň) ýok bolan ýagdaýynda, bu birikdirmeklik birikdiriji operator tarapyndan ________________-________enjamlaryň üstüniň doldurylmagyndan soň mümkin bolar;

          10) ulgamyň eýesiniň sinhronlaşdyrmak ulgamynyň çyzgysyna giriziljek islendik üýtgetmeler özüne birikdiriji operator bilen ylalaşylýar.





Ulgamyň eýesini şahamçasynyň ady
Ulgamyň eýesiniň şahamçasynyň ýolbaşçysynyň (familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)










Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibinewe şertlerine 6-njy goşundy


Tapgyrlaýyn belgileri bermekligiň we tapgyrlaýyn belgileri alyjylaryň tapgyrlaýyn belgileri bölüp berýän ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň aragatnaşyk operatorlary bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi


          1. Tapgyrlaýyn belgiler aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edara tarapyndan berlen ygtyýarnama laýyklykda we telekommunikasiýa hyzmatlary operatorlary üçin Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny birikdirmek hakyndaky şertnama(mundan beýläk–Birikdirme şertnamasy)esasynda tapgyrlaýyn belgileri ulanmak bilen aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek boýunça işleri amala aşyrýan aragatnaşyk operatorlaryna berlip bilner.

          2. Tapgyrlaýyn birikdirmeklik diýlip, şol bir toparlaýyn stasionar belgileri, has takygy, tapgyrlaýyn çatylmak belgileri bolan abonent çyzyklarynyň jemine düşünilýär. Tapgyrlaýyn birikdirmek belgisi beket belgisine laýyk gelýän, ýa-da gysgaldylan belgi bolup biler.

          3. Tapgyrlaýyn belgiler şu aşakdaky gulluklara berlip bilner:

          1) ýörite;

          2) maglumat-düşündiriş;

          3) hyzmat ediş, şeýle hem şu aşakdakylar üçin peýdalanylyp bilner:

          a) fiziki we ýuridikşahslaradegişli bolan we dolandyryş işlerini (aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek bilen bagly bolmadyk, önümçilik ýa-da beýleki işler) durmuşa geçirmek üçin peýdalanylýan mini ATB-leri (maksimal sygymlylygy 128 belgiden ýokary bolmadyk) birikdirmek üçin;

          b) eýeleri aragatnaşyk operatorlary bolup durýan we aragatnaşyk boýunça ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda işleri amala aşyrýan, sygymlylygy 128 abonentden köp bolmadyk şahsy radioçagyryşyň (peýdjiň ulgamy) operatorlarynyň işini guramak üçin.

          4. Tapgyrlaýyn belgileri alyjylara talaplar:

          1) tapgyrlaýyn çatylma ulgamlarynyň her bir çyzygy boýunça has uly agram sagadynda (ÇNN) döredilýän agramyň (giriş we çykyş) intensiwliginiň jemi 0,15 Erl-denýokary bolmaly däldir;

          2) Şu goşundynyň üçünji böleginiň 1-nji, 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen gulluklara berlen tapgyrlaýyn belgileri ulanmaklyk bu gulluklara çykyş aragatnaşygyny gadagan edýän birtaraplaýyn çyzgy boýunça amala aşyrylýar;

          3) şu Tertibiň üçünji böleginiň 1-nji, 2-nji we 3-nji bentlerinde sanalan ýagdaýlarda enjamlary birikdirmekligiň şertleri her bir takyk ýagdaýda agzalýar;

          4) ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň gysgaldylan ýa-da adaty abonent belgisi berilýän gulluklara birikdiriji ulgamyň islendik telefon belgisinden ýa-da taksofondan jaň edilmegi üpjün edilýär;

          5) tapgyrlaýyn belgileriň alnan ähli ýagdaýlarynda işe çekilen abonent çyzyklarynyň sany 15-den ýokary bolmaly däldir. Çyzyklaryň sanynyň görkezilenden ýokarlanan ýagdaýynda aragatnaşyk operatory (alyjy) birikdiriji operatora beketara birikdiriji çyzyklary ulanmak bilen ýerli derejede öz ulgamynyň Türkmenistanyň ýeke-täktelekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamyna birikdirilmegi hakynda sargytnama berýär.

          5. Bölünip berilýän tapgyrlaýyn gözlemek abonent çyzgylarynyň belgilerini, ulanyjynyň sargytnamasy berlen ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň degişli operatorlary kesgitleýärler.

          6. Ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň abonentleriniň özlerinde tapgyrlaýyn çatylmalaryň belgileri bar bolan abonentler bilen aragatnaşygy bu ulgamda peýdalanylýan gysgaldylan belgileri ýa-da adaty abonent belgisini aýlamak arkaly üpjün edilýär.

          7. Aragatnaşyk operatorlarynyň bähbitlerinde tapgyrlaýyn belgileri bölüp bermekligiň tertibi:

          1) aragatnaşyk operatory (tapgyrlaýyn belgini alyjy) ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatoryna tapgyrlaýyn belgini bermek hakyndaky sargytnama bilen ýüz tutýar, sargytnamada şular görkezilýär:

          a) tapgyrlaýyn belgiden peýdalanmaklygyň zerurlygynyň esaslandyrylmasy;

          b) aragatnaşyk babatynda işi amala aşyrmaga degişli ygtyýarnamanyň göçürme nusgasy (aragatnaşyk operatorlary üçin);

          ç) onuň bilen birikdirilmegi üçin tapgyrlaýyn belginiň berilmegi talap edilýän ulanyşykdaky enjamlaryň kysymlary we häsiýetnamalary;

           d) tapgyrlaýyn gözlemek çyzygynyň meýilleşdirilýän belgileri.

          Görkezilen maglumatlaryň bolmadyk halatynda sargytnama seredilmegine degişli däldir;

          2) ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatory sargytnama seredýär we bir aýlyk möhletde tapgyrlaýyn belgilerden peýdalanmak hakynda sargytnamany beriji bilen Birikdirme şertnamasynybaglaşýar (tehniki mümkinçiligiň bar bolan ýagdaýynda);

          Abonent ulgamyny guramak üçin çyzyklaýyn erkin sygymlylygyň bolmadyk ýagdaýynda bir aýlyk möhletiň içinde sargytnamany berijä abonent çyzyklaryny guramak üçin tehniki şertler berilýär. Sargytnamany beriji tarapyndan tehniki şertleriň berjaý edilmeginden soň Birikdirme şertnamasynagol çekilýär.

           Telekommunikasiýa hyzmatlaryny bermeklige hukugy bolmadyk fiziki we ýuridik şahslar bilen telekommunikasiýa hyzmatlaryny bermek hakynda baglaşylan şertnamalaryň esasynda aragatnaşyk operatorlarynyň bähbitleri üçin tapgyrlaýyn belgileriň berilmegine rugsat berilmeýär, bu maksatlar üçin operatoryň hyzmatlaryna girmek üçin rugsat bermek hakynda şertnama baglaşylýar.

           Birikdiriji operatorda tapgyrlaýyn belgileriň ýok bolan ýagdaýynda sargytnama seredilmeginden ýüz dönderilmegi mümkin. Ýüz dönderilýändigi hakynda sargytnamanyň berlen gününden 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýazmaça habar berilýär.

           8. Tapgyrlaýyn gözlemek çyzyklarynda agramyň hasaby:

           1) aragatnaşyk operatory tarapyndan tapgyrlaýyn belgileriň berilmeginde ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatory:

          a) ähli tapgyrlaýyn belgi çyzyklaryna agramyň deň paýlanylmagyny üpjün edýär;

          b) tapgyrlaýyn belgi berlen her bir aragatnaşyk operatory üçin has uly agram sagadyny (ÇNN) kesgitleýär;

          ç) olara laýyklykda tapgyrlaýyn gözlemekligiň her bir abonent çyzygy üçin agram derejesiniň ölçegi amala aşyrylýan rejeleri düzýär we tassyklaýar;

          2) bu ölçegler delilnama bilen resmileşdirilýär, bu delilnamada şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär:

          a) ölçegleriň geçirilen senesi we wagty;

          b) öçegleriň netijeleri;

           ç) agramyň derejesiniň kada getirilmegi üçin zerur bolan çäreler.

           Delilnama ýerli ulgamyň operatory bilen tapgyrlaýyn belgini alyjynyň özara gatnaşyklary boýunça belli bir karar kabul etmek üçin esas bolup durýar;

           3) umumy agramyň çyzyklaryň sanyna bölünmegi bilen kesgitlenilýän has uly agram sagadynda (ÇNN) tapgyrlaýyn belgi abonent çyzygynyň bir abonent çyzygyna düşýän ortaça agram kadaly derejeden ýokary geçýän bolsa (şu Goşundynyň dördünji böleginiň 1-nji bendi), aragatnaşyk operatory çyzyklaryň sanyny köpeldýär.

           9. Ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatorynyň tapgyrlaýyn belgilerden peýdalanýan operatorlar bilen, tapgyrlaýyn belgileri beýleki alyjylar bilen özara gatnaşyklary:

           1) şu Goşundynyň üçünji böleginde görkezilen agram kadalarynyň ýokarlanan ýagdaýynda, ýerli telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň operatory tapgyrlaýyn belgileri alyja agramlaryň ölçegleriniň geçirilendigi hakyndaky Delilnamanyň göçürme nusgasyny goşmak bilen habarnama ugradýar, şeýle hem onuň bilen ylalaşmak arkaly çyzyklaryň sanyny köpeltmeklige ýa-da beketara birikdiriji çyzyklar boýunça birikdirmeklige tehniki şertleri berýär;

           2) alyjy agramy peseltmek ýa-da tapgyrlaýyn gözlemek abonent çyzygynyň sanyny köpeltmek boýunça degişli çäreleri görýär;

           3) aragatnaşyk operatory, tapgyrlaýyn belgini beýleki alyjylar tarapyndan agramyň kadaly derejesiniň bellenilmegi boýunça (şu Goşundynyň dördünji böleginiň 1-nji bendi) degişli çäreler görülmedik ýagdaýynda, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kemçilikleriň düzedilmegine çenli aragatnaşyk ulgamyndan (ulgamyna) tapgyrlaýyn belgä rugsat togtadylyp bilner.










Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň birikdirilmeginiň, operatorlar tarapyndan özara hyzmatlaryň edilmeginiň we olaryň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň tertibine we şertlerine 7-nji goşundy


Umumyulanyşykdaky telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň (UUTU-y) sanly beketleri tarapyndan goldanylýan duýduryjylaryň teswirnamalarynyň çäklendiriji
SANAWY

          1)Jetwel 1. Halkara ulgamy üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy;

          2)Jetwel 2. Şäherara ulgamy üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy;

          3)Jetwel 3. MBLwe ÝBL üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy;

          4)Jetwel 4. Hereket ediş aragatnaşyk we beýleki operatorlaryň torlary bilen UUTU çytryk üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy;

          5)Jetwel 5. Aragatnaşygyň şäher we oba ulgamy üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy;

           Bellik: Resminamalarda Halkara elektroaragatnaşyk birleşmesiniň (mundan beýläk- ITU-T) ýolbaşçy resminamanyň jetwelini bellemek bilen çözgütler ýa-da maslahatlar berilýär;

          6)Jetwel 6. Iki sany bellenilen signal kanallary boýunça liniýaly signallary MBLweÝBL boýunça geçirme signal kody;

          7)Jetwel 7. Iki sany bellenilen signal kanallary boýunça liniýaly signallary MBLboýunça geçirme signal kody;

          8)Jetwel 8. Iki sany bellenilen signal kanallary boýunça liniýaly signallary şäherara kanallary boýunça geçirme signal kody (2WSK);

          9)Jetwel 9. DuýduryjylarynyňR2.


Bellikleriň we gysgaltmalaryň sanawy

Gysgaltma Düşündirme
RD Ýolbaşçy resminamalar
ОГСТФС Telefon aragatnaşygynyň umumy döwlet ulgamy
МСЭ-Т
(ITU-T)
Halkara elektro aragatnaşyk birleşmesi, elektro aragatnaşygyň standartlaşmasy
ETSI Ýewropa telekommunikasiýa standartlarynyň instituty (EuropeanTelecommunicationStandardsInstitute)
TU (TŞ) Tehniki şertler
стоп Umumy ulanyş telekommunikasiýalar ulgamy
AMTS Awtomatiki şäherara telefon stansiýasy
MSK (HKM) Halkara kommutasiýa merkezi
МгTU Şäherara tranzit çitimi
АТС (ATB) Awtomatiki telefon bekedi
гтс Şäher telefon ulgamy
стс Oba telefon ulgamy
УПАТС Edara-önümçilik telefon bekedi
GMTX Öýjükli göçme aragatnaşyk torunyň çitimi (ÖGATÇ)
СЦИ (SDH) Sinhron sanly iýerarhiýa (SynchronyDigitalHierarchy)
SMA, SDM, TN, TN-MS ES, ISM, SLM Dürli öndürijileriň sinhron sanly iýerarhiýasynyň enjamynyň ady (SynchronousMultiplexer)
EMOS, еЕМ Dürli öndürijileriň ulag ulgamyny dolandyrmak enjamynyň ady
TMN Telekommunikasiýa ulgamyny dolandyrmak(TUD) (TelecommunicationManagementNetwork)
ЦСИС (ISDN) Integrirlenen hyzmatyň sanly ulgamy(IHSU) (IntegrateServiceDigitalNetwork)
Ш-ЦСИС (В-ISDN) Integrirlenen hyzmatyň giň zolakly sanly ulgamy (IHGZSU) (BroadbandIntegrateServiceDigitalNetwork)
ИСС (IN) Aragatnaşygyň intellektual ulgamy (IntelligentNetwork)
PCM, HDSL Sanly abonent ygtyýar enjamy
(Pulse Code Modulation, High Digital Subscriber Line)
ATM Assinhron geçirme tertibini ulanýan apparat (AsynchronyTransferMode)
GPS Global pozisionirleme ulgamy (GlobalPositionSystem)
AOH Belgini awtomatiki taýdan anyklamak
1BCK Bir sany bellenilen signal kanallar boýunça duýduryjylarynyň ulgamy
2BCK Iki sany bellenilen signal kanallar boýunça duýduryjylarynyň ulgamy
ZSL Ýapyk birleşdiriji liniýalar
OKCN7 Umumy kanal boýunça birleşdiriji liniýalar (ITU-T-N 7 klassifikasiýa boýunça)
СЛ Birleşdiriji liniýalar
SLM Şäherara birleşdiriji liniýalar
HUP HandoverUserPart–göçme stansiýanyň dolandyryş geçirmesiniň ulanyjynyň kiçi ulgamy
ISUP - ISDN User Part Integral hereket torunyň ulanyjylar kiçi ulgamy
MAP MobileApplicationPart – Hereket ulanyşynyň kiçi ulgamy
MSC MobileServicesSwitchingCenter – hereketaragatnaşygynyň kommutasiýa merkezi
MTP MessageTransferPart – habarnamalary geçirýän kiçi ulgam
MUP MobileUserPart – hereket aragatnaşygynyň ulanyjysynyň kiçi ulgamy
TCAP (GMDU) TransactionCapabilitiesApplicationPart – Tranzaksiýa mümkinçiligi bilen duýduryjylarynyň kiçi ulgamy
TUP(TUU) TelephoneUserPart – telefoniýa ulanyjysynyň kiçi ulgamy
SCCP(DBDU) SignalingConnectionControlPart – duýduryjylarynyň birleşmesini dolandyrýan kiçi ulgam

Jetwel 1 - Halkara ulgamy üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy

Toruň meýdany Duýduryjylarynyň ulgamy Bellik
Göni çyzykly Hasaba alnan
1 Halkara ulgamy:
MSK-MSK
N 5/ITU-T QT40- Q/146 N 5/ITU-T Q.151- Q/157
R2d/ITU-T Q.421-Q.430 R2/ITU-T Q.440- Q.458
OKSN7 HIU: ITU-T 1988 Q.700-Q.714; Habarlary iberýän ulgam (mundan beýläk- HIU) boýunça aragatnaşyga rugsat berilýär
TUP telefon ulanyjynyň ulgamy (TUU): ITU-T 1988 Q.720-Q.724; I SUP: ITU-T 1988 Q.767; SCCP(DBDU): ITU-T 1988 Q.711-Q.716; Operatorlaryň talaby boýunça duýduryjynyň birikmesini dolandyrýan ulgam (mundan beýläk- DBDU)boýunça aragatnaşyga rugsat berilýär.
TCAP geçirmek mümkinçiligi bolan duýduryjy ulgam (GMDU): ITU-T 1988 Q.771-Q.775; Degişli gulluklar amala aşyrylanda operatorlaryň talaby boýunça (itellektual ulgam, tor dolandyryş we ş.m.)

Jetwel 2 - Şäherara ulgamy üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy

Toruň meýdany Duýduryjylarynyň ulgamy Bellik
Göni çyzykly Hasaba alnan
1 Şäherara ulgamy: AMTS - UAK; Bir ýygylykly 2600 Gs/RD 7.7; 7.22 MÇKpaket/RD 7.24; 7.28; 7.34
AMTS - AMTS; AMTS - TU; TU-MSK 2 WSK/RD 7.19; MÇKpaket/RD 7.24; 7.28; 7.34 On ýyllyksyz we awtomatiki çagyryşsyz. Hemra kanallaryny ulanmak mümkinçiligini hasaba almak bilen signala garaşmak üçin wagt saklamak, 2 s. az bolmaly däl
OKSN 7 МТР HIU: milli ýöritenama ISUP: milli ýöritenama SCCP(DBDU): milli ýöritenama Abonentiň belgisini görkezmek bilen «А». ISDN hyzmatlary üçin SCCP (DBDU)operatorlaryň talaplary boýunça, Intellektual ulgamlar bilen özara baglanyşyk
ТСАР: milli ýöritenama Intellektual ulgamyň gulluklary amala aşyrylanda operatorlaryň talaby boýunça

Jetwel 3 - SLM we ZSL üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy

Toruň meýdany Duýduryjylarynyň ulgamy Bellik
Göni çyzykly Hasaba alnan
1 ZSL Bir ýygylykly 2600 Gs/RD 7.9; 7.22 АОН Interwalsyz paket + on günlik nabor/RD 7.25; 7.28; 7.34
Bir ýygylykly 2600 Gs/RD 7.9; 7.22 Impuls pakedy /RD 7.25; 7.28; 7.34
2 WSK/RD 7.18; АОН Interwalsyz paket + on günlik nabor /RD 7.25; 7.28; 7.34
2 WSK/RD 7.18; Impuls pakedy /RD 7.25; 7.28; 7.34
OKSN7 МТР HIU: milli ýöritenama ISUP: milli ýöritenama SCCP(DBDU): milli ýöritenama Abonentiň belgisini görkezmek bilen «А»
ТС АР: milli ýöritenama
2 SLM Bir ýygylykly 2600 Gs/RD 7.10; 7.22 Impuls çelnogy RD 7.26; 7.28;7.34
Bir ýygylykly 2600 Gs/RD 7.10; 7.22 Dekada kody bilen dolandyryş signallaryny geçirmek
2 WSK/RD 7.19; Impuls çelnogy /RD 7.26; 7.28; 7.34
2 WSK/RD 7.19; Dekada kody bilen dolandyryş signallaryny geçirmek
OKSN7 МТР HIU: milli ýöritenama ISUP: milli ýöritenama SCCP(DBDU): milli ýöritenama ТСАР: milli ýöritenama Abonentiň belgisini görkezmek bilen «А»

Jetwel 4 - Hereket ediş aragatnaşyk we beýleki operatorlaryň torlary bilen UUAU çytryk üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy

Toruň meýdany Duýduryjylarynyň ulgamy Bellik
Göni çyzykly Hasaba alnan
1 ZSL 2 WSK/RD 7.18 Impuls çelnogy/RD 7.25; 7.28; 7.34 ýa-daАОН + dekada nabory
OKSN7 МТР HIU: milli ýöritenama ISUP: milli ýöritenama Abonentiň belgisini görkezmek bilen «А»
2 SLM 2 WSK/RD 7.19; Impuls çelnogy / RD 7.26;7.28; 7.34
OKSN7 МТРHIU: milli ýöritenama ISUP: milli ýöritenama Abonentiň belgisini görkezmek bilen «А»
3 Şäherara 2 WSK/RD 7,19; Impuls pakedi/RD 7.24; 7.28; 7.34 Dekada naborsyz we awtomatiki çagyryşsyz. Hemra kanallaryny ulanmak mümkinçiligini hasaba almak bilen signala garaşmak üçin wagt saklamak, 2 s. az bolmaly däl
OKSN7 МТРHIU: milli ýöritenama ISUP: milli ýöritenama Abonentiň belgisini görkezmek bilen «А»
4 SL 2 WSK/RD 7.18 Impuls çelnogy/RD 7.27; 7.28; 7.34 АОН Interwasyz paket/RD 7,25; 7,28; 7,34
OKSN7 МТРHIU: milli ýöritenama ISUP: milli ýöritenama Abonentiň belgisini görkezmek bilen «А»
5 Milli rouming OKSN7
МТРHIU: milli ýöritenama
SCCP: milli ýöritenama
ТС АР: milli ýöritenama
МАР: milli ýöritenama
(GSM standardy üçin)
MUP: milli ýöritenama
Hendower
6 Şäherara rouming OKS N7
МТР HIU: ITU-T 1988 Q.700-Q.714
SCCP(DBDU):ITU-T 1988 Q.711-Q.716
ТСАР: ITU-T 1988 Q.771-Q.775
MAP: GSM 09.02
(GSM standardy üçin)
MUP: NMT 900-02
(NMT-450 standardy üçin)
Maslahatlar boýunça aýratyn ýurtlar bilen özara baglanyşyk mümkin ITU-T 1988 ý. (Gök kitap) МТР HIUwe SCCP(DBDU) üçin

          Kadadan çykma tertibinde, ITU-TQ.421-Q.430, ITU-TQ.440-Q.458maslahatlarynda görkezilýän teswirnama boýunça täkleýin üpjün edilýän enjamlar üçin ZSL, SLM we “Şäherara kanaly” derejelerinde R2-MFCduýduryjysyny ulanmak mümkindir.
          Kiçi UPATS we beýlekiler bilen aragatnaşykda EDSS1 PRI ulanmak mümkindir (birleşdirilýän toruň tutumy 1000 belgiden kän däl ýa-da umumy kanal tutumynda –E1 akymynyň 4-den köp däl).


Jetwel 5 - Aragatnaşygyň şäher we oba ulgamy üçin duýduryjylarynyň teswirnamalarynyň çäklendiriji sanawy


Duýduryjylarynyň ulgamy Milli toruň meýdany
GTS STS SKP bilen sep
Çyzykly duýduryjylarynyň
1. OKS Milli ýöritenama laýyklykda
2. Aýratyn bogdakly WSK 2 7.18/7.19
3. 2 WSK uniwersal 7.20
4. Iki signally kody (АСП) 7.20
5. Bir ýygylykly kody (2600 Gs) 7.10/7.22
6. 1 WSK (Norka) 7.11/7.12
7. 1 WSK (Induktiw) +
8. V 5.1 PS we konsentratorlar OTT laýyklykda
9. V 5.2 PS we konsentratorlar OTT laýyklykda. Milli ýöritenama laýyklykda
10. Abonent şleýfi boýunça duýduryjylarynyň П. 7.2.42.4
11.EDSS1 ISDN funksiýaly ATS OTT laýyklykda. Milli ýöritenama laýyklykda
12. Telematiki gulluklaryň we maglumat geçirmek ulgamlar bilen sepde duýduryjylarynyň ulgamlary XITU-T seriýaly teswirnamalar
Hasaba alnanduýduryjysy
13. АОН П. 7.4 Т. 7.28; 7.34
14. Impuls çelnogy П. 7.4 Т. 7.27-7.28; 7.34
15. Impuls pakedy П. 7.4 Т. 7.27-7.28; 7.34

Bellikler: +) RD ОГСТФС talaplar ýok, ýagny duýduryjylarynyň perspektiwaly däl: emma duýduryjylarynyň aragatnaşygyň oba ulgamlarynda ulanylýar.


Jetwel 6 - Iki sany bellenilen signal kanallary boýunça liniýaly signallary SL we ZSL boýunça geçirme signal kody

Çyzykly signal Geçirmäni ugrukdyrma
Göni Ters
1 СК 2 СК 1 СК 2 СК
1 Deslapky ýagdaýynyň barlagy 1 1 0 1
2 Ders 1 tapgyr
2 tapgyr
1 0
0
0
1000
1
1
3 Çagyrylýan abonentiň belgisi (dekada kody) 0/1 0 1 1
4 Jogap (АОН talap) 1 0 1 0
5 Talaby aýyrma 1 0 1 1
6 Çagyrylýan abonenti ýatyrma X 0 0 0
7 Jogapdan soňra çagyrylýan abonenti ýatyrma 0 0 1 0
8 Abonent liniýasy ýa-da birleşdiriji ýollar boş däl 1 0 0 0
9 Birleşmäniň islendik tapgyrynda biri-birinden aýyrma 1 1 X X
10 Blokirowka 1 1 1 1
Bellik: X –Islendik ýagdaý

Jetwel 7 - Iki sany bellenilen signal kanallary boýunça liniýaly signallary SLM boýunça geçirme signal kody

Çyzykly signal Geçirmäni ugrukdyrma
Göni Ters
1 СК 2 СК 1 СК 2 СК
1 Deslapky ýagdaýynyň barlagy 1 1 0 1
2 Ders 1 tapgyr
2 tapgyr
1
1
0
0
0
1
1
1
3 Çagyrylýan abonentiň belgisi (dekada kody) 0/1 0 1 1
4 Abonent boş ýa-da çagyrylan abonenti ýatyrma 1 0 1 0
5 Çagyrma awtomatiki, gaýtadan 0 0 1 0
6 Jogap X 0 1 1
7 Abonent liniýasy ýa-da birleşdiriji ýollar boş däl 1 0 0 0
8 Birleşmäniň islendik tapgyrynda biri-birinden aýyrma 1 1 X X
9 Blokirowka 1 1 1 1
Bellik: X –Islendik ýagdaý

Jetwel 8 - Iki sany bellenilen signal kanallary boýunça liniýaly signallary şäherara kanallary boýunça geçirme signal kody (2WSK)

Çyzykly signal Geçirmäni ugrukdyrma
Göni Göni
1 СК 2 СК 1 СК 2 СК
1 Deslapky ýagdaýynyň barlagy 1 1 0 1
2 Ders 1 tapgyr
2 tapgyr
1
1
0
0
0
1
1
1
3 Abonent boş ýa-da çagyrylan abonenti ýatyrma 1 0 1 0
4 Çagyrma (gaýtadan) 0 0 1 0
5 Jogap X 0 1 1
6 Abonent liniýasy ýa-da birleşdiriji ýollar boş däl 1 0 0 0
7 Birleşmäniň islendik tapgyrynda biri-birinden aýyrma 1 1 X X
8 Blokirowka 1 1 1 1
Bellik: X –Islendik ýagdaý Dekada nabory dekada we koordinar AMTS bilen baglaşylanda geçirilýär.

Jetwel 9 - Duýduryjylarynyň R2 R2-DIGITAL duýduryjysy üçin signal jetweli

Liniýa signalynyň ähmiýeti Signaly gönükdirme Göni Ters
Boş 100 1 100 1
Boş däl —> 000 1 100 1
Liniýanyň boş bolmadygyny tassyklamak <— 000 1 110 1
Jogap <— 000 1 010 1
Ölçegleri ýerine ýetirmek (aşakdaky belliklere serediň) <— 000 1 11/0 0 1
Clear forward
-Jogapdan öň
-Jogabyň ýagdaýy
—> 100 1
100 1
110 1
0 10 1
Biri birinden aýrylmakdan goramak <— 100 1 10 0 1
Blokirowka(CLB) <— 100 1 110 1
Razblokirowka ýa-da «boş» <— 100 1 100 1

          Sanly liniýanyň duýduryjysynyň dört bitly kodirowkasy bardyr.

          Göni bitler - Af, Bf, Cf, Df. Ters bitler - Ab, Bb, Cb, Db.

          Diňe birinji iki bitler Af, Bf we Ab, Bb duýduryjylarynyň üçin ulanylýarlar. Çyzykly duýduryjysynyň 2 bitli tertibiniň signal jetwelinde görkezilýän ulanylýan kodlaryň we nyşanlaryň ähmiýetleri aşakdakylardyr:

          1)Af = gelip çykyş stansiýanyň ýagdaýyny geçirýän göni signal;

          2)Af = О çagyrylýan liniýa birleşdirilen ýa-da liniýa boş däl;

          3)Af = 1 çagyrylýan liniýa birleşdirilen we liniýa;

          4)Bf - geçiriş liniýasynyň awariýa ýagdaýyny geçirýän göni signal;

          5)Bf = 0 geçiriş liniýasy kadaly ýagdaýda;

          6)Bf = 1 geçiriş liniýasy bozulan;

          7)Cf ulanylmaýar we «О» gurnalmadyk;

          8)Df ulanylmaýar we «1» gurnalan;

          9)Ab çagyrylýan abonenttiň ýagdaýyny geçirýän ters signal;

          10)Ab = 0 çagyrylýan liniýa birleşdirilen;

          11)Ab = 1 çagyrylýan liniýa söndürilen;

          12)Bb giriş stansiýasynda kanalyň ýagdaýyny geçirýän ters signal;

          13)Вb = 0 kanal boş;

          14)Bb = 1 kanal boş däl ýa-da blokirowka ýagdaýynda;

          15)Сb ulanylmaýar we «О» gurnalan;

          16)Db ulanylmaýar we «1» gurnalan.

          —>signal göni gönükdirilen

          <— signal ters gönükdirilen


I toparyň göni signallary

Utgaşma Signalyň maksady Signalyň ähmiýeti
1 1-1 San 1
2 1-2 San 2
3 1-3 San 3
4 1-4 San 4
5 1-5 San 5
6 1-6 San 6
7 1-7 San 7
8 1-8 San 8
9 1-9 San 9
10 1-10 San 0
11 1-11 Gelýän operatora ygtyýar (kod 11)
12 1-12 10)CCI halkara transiti üçin (birinji signal ýaly)
11)Gelýän operatora ygtyýar (saklanmalar) (kod 12)
12)Talap kabul edilmedi
13 1-13 Synag enjamyna ygtyýar (kod 13)
14 1-14 Iberilýän ýaňlanma päsgel beriji (birinji signal ýaly)
15 1-15 Belgini ýazmagyň soňy (kod 15)

II toparyň göni signallary

Utgaşma Signalyň maksady Signalyň ähmiýeti
1 II-1 Abonent ähmiýetsiz
2 II -2 Abonent ähmiýetli
3 II -3 Ulanyş enjamy
4 II -4 Ätiýaç
5 II -5 Operator
6 II -6 Maglumat geçirmek
7 II -7 Abonent (ýa-da göni geçirme gurnawsyz operator)
8 II -8 Maglumat geçirmek
9 II -9 Abonent ähmiýetli
10 II-10 Göni geçirme gurnawly operator
11 II-11 Ätiýaç
12 II-12 Ätiýaç
13 II-13 Ätiýaç
14 II-14 Ätiýaç
15 II-15 Ätiýaç

III toparyň göni signallary

Utgaşma Signalyň maksady Signalyň ähmiýeti
1 III-1 San 1
2 III -2 San 2
3 III -3 San 3
4 III -4 San 4
5 III -5 San 5
6 III -6 San 6
7 III -7 San 7
8 III -8 San 8
9 III -9 San 9
10 III-10 San 0
11 III-11 Kemçiligi ýüze çykarma
12 III-12 Talap ret edildi
13 III-13 Ätiýaç
14 III-14 Ätiýaç
15 III-15 Ätiýaç

A toparynyň ters signallary

Utgaşma Signalyň maksady Signalyň ähmiýeti Bellikler
1 A-1 Indiki sany geçirýär (п+1)
2 A-2 Soňky, emma bir sany geçirýär (п-1)
3 A-3 Doly salgy, B toparyň signallaryny kabul etmäni çalyşma
4 A-4 Milli torunda agdyk ýükleme
5 A-5 Çagyrylýan tarapyň derejesini ugradýar
6 A-6 Doly salgy, ýükleme, gurnamanyň gepleýişiniň ýagdaýy
7 A-7 Soňky, emma iki san ugradýar (п-2)
8 A-8 Soňky, emma üç san ugradýar (п-3)
9 A-9 Çagyrylýan tarapyň belgisiniň birinji sanyny ugradýar ( we indiki)
10 A-10 Talaby bloklamak
13 A-13 Ugradylýan halkara sanawynyň ýagdaýyny ugradýar
14 A-14 Görkezilýän signalyň ýaňlama päsgel berijini ulanmak boýunça maglumat talap etmek (ugradylýan ýaňlama päsgel beriji talap edilýär)
15 A-15 Halkara stansiýasynda ýa-da onuň çykyşynda aşa ýüklenme

B toparynyň ters signallary

Utgaşma Signalyň maksady Signalyň ähmiýeti Bellikler
1 B-1 Çagyrylýan tarapyň dolandyryş serişdeleri
2 B-2 Ýörite maglumatyň tonal ibermesini ýollaýar
3 B-3 Abonent liniýasy boş däl
4 B-4 Aşa ýükleme (A toparyň signallaryndan B toparyň signallaryndan ätiýaç kanalyna geçenden soňra diş gelýär)
5 B-5 Işe girizilmedik belgi
6 B-6 Abonent liniýasy boş, ýükleme
7 B-7 Abonent liniýasy boş, ýükleme ýok
8 B-8 Abonent liniýasy bozulan
9 B-9 Abonent ulanyşdan aýryldy
10 B-10 Kanal hyzmat edilmeýär
11/15 B-11/B-15 Ulanylmaýar

Jetwel 5/Q.441 Köp ýygylykly kombinasiýa

Utgaşma Ýygylyk
х + у sanly ähmiýetler Göni gönükdirme (I we II toparyň signallary) 1380 1500 1620 1740 1860 1980
Ters gönükdirme (A we B toparyň signallary) 1140 1020 900 780 660 540
Indeks (х) f 0 f 1 f 2 f 3 f 4 f 5
Agram (у) 0 1 2 4 7 11
1 0+1 x y
2 0+2 x y
3 1+2 x y
4 0+4 x y
5 1+4 x y
6 2+4 x y
7 0+7 x y
8 1+7 x y
9 2+7 x y
10 3+7 x y
11 0+11 x y
12 1+11 x y
13 2+11 x y
14 3+11 x y
15 4+11 x y


Birleşmäniň mysaly
GÖNI-16. TERS-16

SN abs Wagt belligi Bellik
-70 00:00:00.000 F 1001 Boş
-69 00:00:00.001 в 1001 Boş
-68 00:00:04.246 F 0001 Boş däl
-67 00:00:04.271 в 1101 Boş bolmadygy tassyklamak
-66 00:00:04.460 F 1-2 San 2
-65 00:00:04.487 в А-1 Indiki sany ugradýar
-62 00:00:04.584 F 1-3 San 3
-61 00:00:04.761 в А-1 Indiki sany ugradýar
-58 00:00:04.860 F 1-4 San 4
-57 00:00:05.011 в А-1 Indiki sany ugradýar
-54 00:00:05.110 F 1-5 San 5
-53 00:00:05.237 в А-1 Indiki sany ugradýar
-50 00:00:05.360 F 1-6 San 6
-49 00:00:05.487 в А-1 Indiki sany ugradýar
-46 00:00:05.984 F 1-1 San 1
-45 00:00:06.037 в А-1 Indiki sany ugradýar
-42 00:00:06.484 F 1-6 San 6
-41 00:00:06.611 в А-5 Çagyrylýan tarapyň derejesini ugradýar
-38 00:00:06.734 F II-1 Abonent ähmiýetsiz
-37 00:00:06.761 в -29 00:00:07.037 в А-9 Çagyrylýan tarapyň salgysyny ugradýar
-26 00:00:07.134 F 1-4 San 4
-25 00:00:07.187 в А-9 Çagyrylýan tarapyň salgysyny ugradýar
-22 00:00:07.284 F 1-5 San 5
-21 00:00:07.311 в А-9 Çagyrylýan tarapyň salgysyny ugradýar
-18 00:00:07.434 F 1-6 San 6
-17 00:00:07.461 в А-9 Çagyrylýan tarapyň salgysyny ugradýar
-14 00:00:07.584 F 1-10 San 0
-13 00:00:07.611 в А-9 Çagyrylýan tarapyň salgysyny ugradýar
-10 00:00:07.710 F 1-10 San 0
-9 00:00:07.761 в А-9 Çagyrylýan tarapyň salgysyny ugradýar
-6 00:00:07.860 F 1-15 Çagyryşyň soňy #
-5 00:00:08.061 в А-4 Aşa ýükleme
-2 00:00:08.162 F 1001 Göni ugurda boş
-1 00:00:08.217 в 1001 Ters ugurda boş
0 00:00:08.218 F 1001 Boş



Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda 1257 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 2019. ÄHLI HAKLAR GORALAN.