Türkmenistanda maglumatlary geçirmegiň beýany (MGB) ýa-da interaktiw telewideniýe hyzmatlaryndan (ITB) we Internete elýeter peýdalanmagyň (IEP) düzgünnamasy


                                                                                       I. UMUMY DÜZGÜNLER

  1. Şu Türkmenistanda maglumatlary geçirmegiň beýany (MGB) ýa-da interaktiw telewideniýe hyzmatlaryndan (ITB) we Internete elýeter peýdalanmagyň (IEP) Düzgünnamasy (mundan beýläk - Düzgünnama), Türkmenistanyň “Aragatnaşyk hakynda“, “Işiň aýra-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda“ Türkmenistanyň Kanunlaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip düzüldi we maglumatlary geçirmegiň beýany ýa-da interaktiw telewideniýe hyzmatlaryndan we Internete elýeter peýdalanmak hakynda şertnamany baglaşmagyň tertibini we şertlerini, taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny, şeýle hem agzalan hyzmatlary birikdirmegiň, ulanmagyň tertibini kesgitleýär.​

                                                                      II. ULANYLÝAN ESASY DÜŞÜNJELER
     
  2. Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
    1. Abonent – aragatnaşyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin abonent belgisi ýa-da laýyklygynyň anyklanmagynyň özboluşly kody bölünip berlen mahalynda şeýle hyzmatlaryň edilmegi hakynda aragatnaşyk operatory tarapyndan şertnama baglaşylan aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjy;
    2. Aragatnaşyk operatory – degişli ygtyýarnamanyň esasynda telekomunikasiýa hyzmatlaryny edýän ýuridik ýa-da fiziki şahs;
    3. Kontent – ýaýlymda görkezilýän islendik mazmunly gepleşik (sport ýaryşlary, aýdym-sazly söhbetdeşlikler we ş.m.);
    4. Kontentiň eýesi - Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti kontentiň hukuk taýdan eýesi;
    5. Interaktiw telewideniýe hyzmatlary– halkara adalgasynda IPTV, Abonentiň telewizorynda telewizion ýaýlymlaryň we beýleki  şekilli kontentiň, şeýle hem Goşmaça hyzmatlarynyň interaktiw kadada kabul edilmegi;
    6. Internete elýeterlilik hyzmaty – telekommunikasion hyzmaty bolup, mazmuny boýunça Abonentiň ahyrky enjamynyň Internet ulgamy bilen birikdirmäni üpjün etmek;
    7. Maglumatlary geçirmek hyzmaty – aragatnaşyk operatoryň ulgamy arkaly, dürli tehnologiýalaryň kömegi bilen iki we ondan köp geografiki nokatlaryň arasynda goralan aragatnaşyk kanalyny üpjün etmek;
    8. Abonent kabel liniýasygöniden-göni birikdirme (mundan beýläk - GGB), bir tarapdan Abonentiň enjamy beýleki tarapdan Aragatnaşyk operatoryň kabel ulgamyna birikdirme nokady (Abonentiň otagynda rozetka) arkaly çäklendirilen aragatnaşygyň fiziki liniýasy. Abonentiň kabel liniýasy Abonentiň hususy eýeçiliginde bolýar;
    9. Abonent tölegi – abonent tarapyndan hyzmatlardan hakyky peýdalanýandygyna garamazdan Abonent üçin hemişelik esasda telekommunikasiýa ulgamyna elýeterlilik üçin Aragatnaşykoperator tarapyndan bellenilen tertipde tassyklanylan töleg;
    10. Abonent TW gurluşy -halkara adalgasynda STB (set-top-box), Abonentiň telewizoryny Aragatnaşyk operatoryň ulgamy bilen birikdirýän gurluş, ol telewizion ýaýlymlary we beýleki wideo hem-de audio kontenti, şeýle-de, oýun goşundylary görmäge we interaktiw kadada Goşmaça hyzmatlary kabul etmek mümkinçiligi;
    11. Hak ujy – Aragatnaşyk operatory tarapyndan geljekde beriljek hyzmatlaryň hasabyna Abonentiň öňünden töleýän pul gatanjy;
    12. Billing –sarp edilen hyzmatlaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy, hereket edýän Nyrh meýilnamasyna laýyklykda berilen hyzmatlaryň we goşmaça hyzmatlaryň mukdar we nyrh taýdan hasaba alynmagy üçin niýetlenen, maksatnama-enjam toplumy;
    13. Şertnama – Abonentiň we Aragatnaşyk operatoryň arasynda hyzmatlar berilende döreýän  gatnaşyklary düzgünleşdirýän resminama;
    14. Goşmaça hyzmatlar – Abonente telekommunikasiýa hyzmatlary bilen aýratynlykda, şeýle hem bilelikde berilip bilinýän işler we hyzmatlar.

      Goşmaça Hyzmata/Hyzmatlara aşakdaky hyzmatlar we işler degişlidir:
       
      1. telekommunikasiýa ulgamyna we hyzmatyna ikilenç birikdirme;
      2. abonentiň kabel liniýasyny çalyşmak, abatlamak ýa-da gurnamak;
      3. öýüň çäklerinde birikdirme nokadyny süýşürmek;
      4. abonentiň kabel liniýasynyň ýagdaýyny we guratlygyny barlamak;
      5. internetde işlemek üçin tejribe ähmiýetli maksatnama üpjünçiligini sazlamak;
      6. TW enjamyny sazlamak;
      7. nyrhnamalarda göz öňünde tutulan beýelki işler we hyzmatlar;
    15. Aragatnaşyk operatoryň telekommunikasiýa ulgamyny örtýän zolak – Aragatnaşyk operatoryň hyzmatlary berip bilýän çägi;
    16. Müşderi – Abonent bolmaga isleg bildiren fiziki we ýuridiki şahs;
    17. Ahyrky sarp ediji – Aragatnaşyk operatoryň bihabar bolmazlygy bilen we ondan ýazmaça razylyk bolmazdan üçünji taraplara Aragatnaşyk operatory tarapyndan berilýän hyzmatlary bermäge hukugy bolmadyk, diňe öz maksatlaryna Aragatnaşyk operatory tarapyndan berilýän hyzmatlary ulanýan Abonent. Eger Şertnama bilen başgasy göz öňünde tutulmadyk bolsa, ähli abonentler ahyrky sarp edijiler bolup durýarlar;
    18. Abonentiň şahsy hasaby– Abonent üçin Aragatnaşyk operatory tarapyndan billingde döredilýän şahsy hasap (mundan beýläk-ŞH), onda Abonente berilen ähli hyzmatlaryň we goşmaça hyzmatlaryň mukdar we nyrh hasaba alynmasy, şeýle hem Abonentiň tölegleriniň hasaba alynmasy alnyp barylýar;
    19. Hyzmatyň berilýän ýeri – Abonent tarapyndan kesgitlenen salgyda bir ýa-da birnäçe isleg bildirilýän hyzmatlary almak. Hyzmatyň berilýän ýeri Abonent tarapyndan kesgitlenip, şertnamada görkezilýär;
    20. Telekommunikasion ulgam – Aragatnaşyk operatory tarapyndan gurulan we ulanylýan hem-de onuň eýeçiliginde bolan maglumatlary geçirýän ulgam;
    21. Ulgam rekwizitleri – Abonenti Aragatnaşyk operatoryň ulgamyna birikdirilmegi üçin ýeke-täk bolan maglumatlaryň aýratyn toplumy, olar Aragatnaşyk operatoryň enjam we/ýa-da maksatnama serişdeleri bilen Abonenti barabarlaşdyrmak;
    22. Hasaplaşyk delilnama –ähli hyzmatlar üçin, şol sanda goşmaça hyzmatlar üçin Abonentiň esaslanýan hasaplaşyk resminamasy;
    23. Nyrh– Aragatnaşyk operatory tarapyndan berilýän hyzmatlaryň (işleriň) we goşmaça hyzmatlaryň sanawy, olaryň beýany we bahasy getirilýän resminama;
    24. Nyrh meýilnamasy - öz aralarynda baglanyşykly bolan we Abonente berilen hyzmatlaryň göwrümini, bahasyny we oňa berlen goşmaça hyzmatlaryň nyrhikasiýasynyň tertibini kesgitleýän tehniki parametrleriň we bahanyň jemi;
    25. Telekommunikasiýa hyzmaty -  telekommunikasiýa çygrynda sarp edijileriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen Aragatnaşyk operatoryň işiniň netijesi (önümi);
    26. Tehniki şertler – Abonenti hyzmata birikdirmek üçin tehniki zerur bolan guramaçylyk-tehniki çäreleriň toplumy;
    27. Tehniki taýdan hyzmat etmek – telekommunikasiýa ulgamynyň işçi ýagdaýyny üpjün etmek üçin Aragatnaşyk operatory tarapyndan özbaşdak, şeýle hem ygtyýarly fiziki we ýuridiki  şahslaryň üsti bilen hemişe geçirilýän çäreleriň toplumy;
    28. Hyzmata ştatlaýyn birikdirmek – telekommunikasiýa ulgamyna we telekommunikasion hyzmatyna ilkinji birikdirmek boýunça işler;

                                                            III. BIRIKDIRMEKLIGIŇ TEHNIKI ŞERTLERI
       
  3. Müşderini maglumatlary geçirmegiň beýany ýa-da interaktiw telewideniýe hyzmatlaryndan we Internete elýeter peýdalanmak Hyzmata/Hyzmatlara birikdirmek aşakdaky şertler bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar:
    1. Hyzmatlaryň berilýän ýeri Aragatnaşyk operatoryň telekommunikasiýa ulgamynyň Örtýän zolagynda ýerleşmeli;
    2. Telewizor ýa-da deň derejedäki abonent TW gurluşy tarapyndan goldanýan girişli gurluş bolmaly;
    3. Aragatnaşyk operatoryň talaplaryna laýyk gelýän abonentiň TW gurluşy bolmaly;
    4. Internet ygtyýarlyk hyzmaty üçin kompýuter bolmaly.

                                                    IV. HYZMATA/HYZMATLARA BIRIKDIRMEGIŇ TERTIBI
  4. Hyzmata/Hyzmatlara birikdirmegiň tehniki şertleri bolan ýagdaýynda Aragatnaşyk operatory:
     
    1. Müşderiniň sargyt edýän nyrh meýilnamasyny müşderi bilen ylalaşýar;
    2. Hyzmata ştatlaýyn birikdirmek üçin we Abonentiň saýlap alan nyrh meýilnamasyna laýyklykda bir aýdan az bolmadyk möhlet üçin hasaplaşyk delilnamasyny düzýär;
    3. Şertnama we onuň goşundysyna (laryna) gol çekýär;
    4. Müşderi bilen Hyzmata/Hyzmatlara birikdirmegiň senesini we wagtyny ylalaşýar.
       
  5. Hyzmata/Hyzmatlara birikdirmek üçin tehniki şertleriniň bolmadyk ýagdaýynda, Aragatnaşyk operatory müşderiniň Hyzmata/Hyzmatlara birikdirilmegi üçin tehniki şertleri döretmek üçin Aragatnaşyk operatorynyň öz hasabyna ýa-da müşderiniň hasabyna geçirilmeli zerur çäreler barada müşderini habarly edýär.
     
  6. Abonent Aragatnaşyk operatoryna enjamlary gurnamak we birikdirmek boýunça işleri ýerine ýetirendigi we maglumatlary geçirmegiň beýany ýa-da interaktiw telewideniýe hyzmatlaryndan we Internete elýeter peýdalanmak  Hyzmata/Hyzmatlara birikdirmek babatda baglaşylan şertnamanyň ilkinji senenama aýy üçin ediljek hyzmatlaryň tölegini töläninden soň, Aragatnaşyk operatory Abonentiň jaýyna päsgelçiliksiz barmaga mümkinçilik berilmek şertinde Abonentiň enjamyny birikdirmegi amala aşyrýar.
     
  7. Aragatnaşyk operatorynyň wekilleri birikdirme işiniň dowamynda öz enjamynda aragatnaşygyň sanly ýaýlymynyň işe ukyplylygyny we Abonent tarapyndan hyzmatlaryň alynmagynyň mümkinçiligini görkezýär.
     
  8. Abonent hususy kompýuteriniň maksatnama we enjamlaýyn sazlamasyny özbaşdak ýa-da üçünji taraplaryň kömegi bilen amala aşyrýar.
     
  9. Aragatnaşyk operatory Hyzmata/Hyzmatlara birikdirende şeýle-de şu aşakdaky işleri ýerine ýetirýär:
    1. Aragatnaşyk operatorynyň ygtyýarly enjamyndan Abonentiň otagyna kabel simini çekmek;
    2. Abonentde açyk ýerlerde berkitmesiz 20 metr uzynlykly abonent kabel liniýasyny  geçirmek;
    3. Abonentiň kabel liniýasyny birikdirmek;
    4. Abonentiň ahyrky enjamyny abonent kabel liniýasyna birikdirmek;
    5. Tassyklanan nyrhnamalara laýyklykda, goşmaça hyzmatlary ýerine ýetirmek;
    6. IPTV hyzmaty üçin enjamlary birikdirmek.
  10. Hyzmata/Hyzmatlara birikdirilende, Müşderi birikdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler hakynda düzilen delilnama gol çekýär.
     
  11. Birikdirme işleri geçirilen wagtynda ulanylan serişdeleriň bahasy ştatlaýyn birikdirmek nyrhyndan geçen ýagdaýynda, ol Abonent tarapyndan tölenilmäge degişlidir.
     
  12. Eger-de müşderiniň isleýän kabeli we ahyrky enjamy gurnamaga degişli ýerinde gatnaşykda ahyrky enjamlaryň we/ýa-da kabeliň gurnalmagy üçin howpsuzlyk kadalaryna we düzgünlerine laýyk gelmeýän bolsa, Aragatnaşyk operatory müşderiniň islegleri üçin jogapkärçilik çekmeýär.

                                                          V. HYZMATLARY BERMEGIŇ TERTIBI WE ŞERTLERI
     
  13. Internete elýeterlilik hyzmaty Aragatnaşyk operatory tarapyndan Abonentiň Internet ulgamyna birikdirilmegini üpjün etmekden ybaratdyr. Internete elýeterlilik hyzmaty arkaly Abonente hödürlenýän we ygtyýar berýän ähli harytlar, maglumatlar we hyzmatlar üçünji taraplar tarapyndan berilýär. Internete elýeterlilik hyzmaty onuň berilen pursatynda ygtyýar bolan görnüşde berilýär.
     
  14. IPTV hyzmatyň berilýän bir ýeri 5-e çenli nokatlara eýe bolup biler. IPTV hyzmatynyň toplumy telewizion gepleşikleriniň kesgitli mukdaryndan ybarat bolup durýar. Şeýle mukdar we sanaw Aragatnaşyk operatory tarapyndan her bir nyrh meýilnamasynda kesgitlenýär, nyrh meýilnamasy Aragatnaşyk operatory tarapyndan işlenip taýýarlanylýar. Abonent Aragatnaşyk operatory tarapyndan hödürlenýän bir ýa-da birnäçe nyrh meýilnamasyny sargyt edip bilýär. Aragatnaşyk operatory nyrh meýilnamasyna girýän teleýaýlymlaryň mukdaryny we/ýa-da sanawyny, şeýle hem nyrh meýilnamasynyň sanyny üýtgedip bilýär. Şeýle hem, Aragatnaşyk operatory wideo-kontentiň saklawhanasyna (şekilli ýazgyly sanaw) ygtyýarlyk hyzmatyny berýär. Abonent Aragatnaşyk operatory tarapyndan teklip edilen sanawdan wideo-kontenti özbaşdak saýlap alýýar. Wideo-kontente ygtyýarlyk wagty çäklendirilýär we Aragatnaşyk operatory tarapyndan gurnalýar. Wideo-kontenti we TW ýaýlymlary (abonent TW gurluşdan başga) daşky göterijilere ýazgy etmek gadagandyr.
     
  15. Hyzmatlaryň doly möçberde we göwrümde berilmegi Abonentiň şahsy hasabynda ýeterlik mukdarda pul serişdeleriň bolan ýagdaýynda kepillendirilýär. Aragatnaşyk operatory Abonentler üçin şahsy nyrh meýilnamalaryň ýa-da şertleriň düzülmegine mümkinçilik bermeýär.
     
  16. Abonentde hyzmatlaryň berilýän birnäçe ýerleri we abonent kabel liniýalary bolup biler, olaryň her birine aýratyn  şertnama baglaşylýar.
     
  17. Abonent IPTV hyzmatyna birikdirilende Aragatnaşyk operatory Abonente bir enjam üçin bir sany müşderiniň IP-salgysyny ( mundan beýläk IP-salgysy) berýär. Abonent IPTV hyzmatyna birikdirilende Aragatnaşyk operatory “Durmuş nyrh meýilnamasy” derejesine degişli hökmany bolan teleýaýlymlaryň bukjasyny kepillendirýär.
     
  18. Abonent ähli iş kadalarynda hyzmatlary sarp etmäge isleg bildirýän tarap bolup durýar.
     
  19. Çäklendirilmedik hyzmatlaryň nyrh meýilnamalary ahyrky sarp ediji hökmünde diňe Abonentler üçin niýetlenendir. Şeýle ulanmaklyk aşakdakylary öz içine alýar, emma olar bilen çäklenilmeýän käbir işleriň görnüşlerini göz öňünde tutmaly däldir:
    1. Aragatnaşyk operatoryň aragatnaşyk ýaýlymyny beýleki operatorlaryň we aragatnaşyk ulgamlardan çykýan aragatnaşyk trafigiň geçmegini üpjün etmek  üçin ulanmak;
    2. Eýesiniň rugsady bolmazdan awtorlyk ýa-da  beýleki hukuklar bilen dolulygyna we bölekleýin goralan eserleriň ýa-da beýleki materiallaryň maksatnama üpjünçiliginiň hyzmatlary arkaly islendik usulda ibermek, neşir etmek, geçirmek, şekillendirmek we ýaýratmak;
    3. Kompýuterlere ýa-da Internet ulgamyna manysyz hem-de peýdasyzýa-da agram salýan manysyz hem-de peýdasyz maglumatyň berilmegi.

      Ýokarda sanalyp geçilen talaplar bozulanda Abonent duýdurylmazdan öçürilip biler.
  20. Aragatnaşyk operatory öz ulgamyna meýilnamalaýyn öňüni alyş çäreleri geçirýän wagtynda Abonenti öňünden duýduryp hyzmatlaryň berilmegini togtatmaga ygtyýar berilýär.
     
  21. Abonent goşmaça hyzmatlary sargyt etmäge we olardan ýüz öwürmäge ygtyýarlydyr. Goşmaça hyzmatlary sargyt etmek Abonentiň ýazmaça arzasynyň esasynda amala aşyrylýar, ol arza Abonentiň hökmany gol çekmeginde Abonentlere hyzmat edýän Aragatnaşyk operatorynyň esasy edara binasynda resmilleşdirilýär. Goşmaça hyzmatlary bermeklik diňe tehniki mümkinçilikler we Abonentiň şahsy hasabynda ýeterlik pul serişdeleriniň bolan ýagdaýynda amala aşyrylýar. 
     
  22. Eger Abonent  baglaşylan hyzmatlary bermek barada şertnamanyň şertlerini bozan ýagdaýynda, Aragatnaşyk operatory Abonentiň ulgam rekwizitlerini we maglumatlaryny dikeltmegi kepillendirmezden aýyrmaga we ýok etmäge ygtyýarlydyr hem-de onuň üçin jogapkärçilik çekmeýär.

    Aragatnaşyk operatory tarapyndan Abonente hyzmaty bermegi dikeltmek tehniki mümkinçiligiň bolan we ştatlaýyn birikdirmek üçin şol wagtda hereket edýän nyrh  boýunça töleg geçirilen ýagdaýynda amala aşyrylýar.

                                                            VI. HYZMATLAR ÜÇIN HASAPLAŞYKLARYŇ TERTIBI
     
  23. Gol çekilen şertnamanyň esasynda, Aragatnaşyk operatory Abonenti billingde hasaba alýar, ýagny, Abonente şahsy hasabyny açýar. 
     
  24. Abonentiň şahsy hasabyndan Aragatnaşyk operatory berlen hyzmatlaryň we goşmaça hyzmatlaryň möçberlerini (olaryň ölçeg birliklerindäki ýaly, aňlatmalaryň bahasynda), şeýle hem Abonentiň ähli tölegleri hasaba alynýar.
     
  25. Billing ulgamy, Abonent tarapyndan sarp edilen hyzmatlar üçin hasaplama geçirilende (nyrhlandyrylanda) we jedelleri çözmekde ýeketäk maglumat çeşmesi bolup durýar.
     
  26. Abonent hyzmatyň togtadylmaly senesine çenli 3 (üç) iş gününden gijä galman Abonetlere satuw we hyzmat beriş edara binasynda arza bermek bilen hyzmatlary totadyp bilýär. Hyzmata ygtyýarlygy togtatmak 1(bir) aýdan 3(üç) aýa çenli amala aşyrylyp bilner.
     
  27. Her aýyň 1-ne (birine) Abonentiň şahsy hasabyndan edilen ähli hyzmatlar üçin töleg  bir wagtda tutulup alynýar. Eger-de berlen hasapdan aýyrmadan soň  şahsy hasaby bergili çyksa, Abonentiň her bir ýokarda görkezilen hyzmatlar boýunça töleg borçnamasy ýerine ýetirilmedik diýlip hasap edilýär.
     
  28. Hyzmatlar, goşmaça hyzmatlar, serişdeler we enjamlar üçin töleg hasaplaşyk döwründe hereket edýän nyrh meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar. 
     
  29. Aragatnaşyk operatory Abonentleri hökmany habarly etmek bilen nyrh meýilnamasyna üýtgetmeleri girizmäge ygtyýarlydyr. 
     
  30. Hyzmat üçin ilkinji töleg hak ujy tölegi hökmünde nyrh meýilnamasynda bellenen möçberinde we Abonentiň telekommunikasiýa ulgamyna birikdirilmegi üçin zerur bolan işler  tölegiň geçirilen ýagdaýynda amala aşyrylýar.
     
  31. Abonent hak ujy tölegini geçirmek arkaly  şahsy hasabyny öz wagtynda dolduryp durmaga borçludyr. Abonentiň  şahsy hasabynda pul serişdeleri tamamlanan ýagdaýynda hyzmatlaryň berilmegi togtadylýar. Hyzmatlaryň berilmeginiň dikeldilmegi Abonent tarapyndan şahsy hasaby doldurylandan soň awtomatiki görnüşde amala aşyrylýar. Şahsy hasaby 3 (üç) aýyň dowamynda doldurylmadyk ýagdaýynda, Abonenti öňünden hat üsti bilen duýduryp Aragatnaşyk operatory bir taraplaýyn tertipde şertnamany bozmaga we hyzmatlaryň berilmegini bes etmäge ygtyýarlydyr.
     
  32. Aragatnaşyk operatory tarapyndan, Abonentiň şertnamany ýa-da şu Düzgünnamanyň düzgünlerini bozmagy bilen baglylykda hyzmatlaryň berilmegini togtadan ýagdaýynda,  hyzmatlaryň berilmegi togtadylýan pursatyna çenli aýrylan pul serişdeleri (şol sanda, gol çekilen hyzmatlaryň berilmeli möhleti geçip gutarmadyk hyzmatlar boýunça pul serişdeleri) yzyna gaýtarylyp berilmeýär we öwezi dolunmaýar.
     
  33. Hyzmatlaryň berilmeginiň bes edilmegi we şertnamanyň bozulmagy Abonenti berlen hyzmatlary we goşmaça hyzmatlary tölemek boýunça borjundan boşatmaýar. Şeýle-de eger Abonent şol wagtky aýyň öňünden gelýän aýynyň iň soňky iş gününe çenli bu hyzmatlardan ýüz öwrýändigi hakynda abonentlere hyzmat edýän aragatnaşyk kärhanasynyň abonent bölümine ýazmaça görnüşde gol çekilen arza bilen Aragatnaşyk operatoryny habar etmedik bolsa, şol wagtky aýda geçirilen hasaplamalar tölenmäge degişlidir.
     
  34. Abonent öz  şahsy hasabynyň ýagdaýyny gözegçilikde saklamaga, şahsy hasabyny öz wagtynda doldyryp durmaga borçludyr.
     
  35. Abonent öz rekwizitleriniň we/ýa-da habarlaşmak üçin maglumatlarynyň üýtgändigi hakynda 3 (üç) iş gününiň dowamynda Aragatnaşyk operatoryna habar bermäge borçludyr.

                                                        VII. HYZMATLARYŇ GIZLINLIGI WE HOWPSUZLYGY
     
  36. Aragatnaşyk operatory Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan Abonentiň alan we ugradan maglumatynyň gizlinligini saklamaga ýollanan umumy tehniki we guramaçylyk çärelerini geçirýär. Aragatnaşyk operatory işgärlerine şeýle maglumatlara ygtyýarlygy diňe hyzmaty tehniki taýdan üpjün etmek üçin we Abonent tarapyndan üçünji taraplar Abonentiň kompýuter wiruslaryny, Internet arkaly kompýutere agram salýan manysyz hem-de peýdasyz maglumatlary bermegi, kemsidiji häsiýetli materiallaryň we ş.m. arkaly zyýan ýetirmeklige gönükdirilen bilgeşleýin hereketlere garşy nägilelikler bildirilende rugsat berilýär.
     
  37. Maglumata ygtyýarlygyň tehniki mümkinçiligi diňe Aragatnaşyk operatoryň ýörite taýýarlanan işgärlerinde bardyr. Şeýle işgärler Abonente niýetlenen maglumatlaryň ýa-da ondan gaýdýan maglumatlaryň aýan edilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahsy jogapkärçilik çekýärler.
     
  38. Abonent antiwirus maksatnamalarynyň kömegi arkaly öz wagtynda kompýuter wiruslarynyň öňüni alyş çärelerini ýerine ýetirmäge borçlanýar.   
     
  39. Aragatnaşyk operatory şertnama baglaşylanda hyzmatlary peýdalanyjylar hakynda, hyzmatlaryň dowamlylygy, mazmuny, ugurlary hakynda maglumatlaryň saklanmagyny üpjün edýär we onuň üçin jogapkärçilik çekýär.

                                                     VIII. HYZMATLARYŇ BERILMEGINDE ÇÄKLENDIRMELER
     
  40. Aragatnaşyk operatory aşakdaky ýagdaýlarda Abonente hyzmatlaryň berilmegini bes edip biler:
    1. Abonentiň Internet ulgamyny, beýleki Abonentleriň we kompýuter ulgamlarynyň işgärleriniň mertebesini we fiziki şahslaryň namysyny kemsidýän maglumaty ýaýratmak, zorlugy ýaýmak, milletparazlygy we milli duşmançylygy ýaýratmak, kezzaplyk we bitertiplik hereketlerini ýaýmak üçin ulanan ýagdaýynda;
    2. Abonent hyzmatlar arkaly islendik usullar bilen zorlugy, terrorçylygy, por-nografiýany, Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy beýleki materiallaryň ýaýylmagy bilen baglylykda materiallary iberen, çap eden, beren, şekillendiren we ýaýradan ýagdaýynda;
    3. Abonent interaktiw telewideniýe, Internete elýeterlilik we maglumatlary geçirmegiň hyzmatlaryndan peýdalanmagyň şertnamanyň şertlerini bozan ýagdaýynda;
    4. Abonent ulgamyň içinde berilen maglumata awtorlyk hukugyny bozan ýagdaýynda;
    5. Abonent bilgeşleýin beýleki fiziki we ýuridiki şahslara zyýan ýetiren ýa-da şeýle zyýany ýetirmeklige gönükdirilen hereketleri eden ýagdaýynda;
    6. Abonent Aragatnaşyk operatoryň enjamlarynyň we maksatnama üpjünçiliginiň sazlamalaryny üýtgetmek maksady bilen ýa-da olaryň işinde bozulmalaryň bolmagyna getirip bilýän beýleki hereketleri eden ýagdaýynda;
    7. Abonent Aragatnaşyk operatory bilen ylalaşmazdan we degişli hasaba almazdan Aragatnaşyk operatoryň enjamyna goşmaça abzallary we gurallary birikdiren ýagdaýynda;
    8. Abonent özünde kompýuter “wiruslaryny” saklaýan ýa-da beýleki Abonentleriň kompýuterleriniň kadaly işleýşini bozmaga ukyply maglumaty ýa-da maksatnama üpjünçiligini çap edýän ýa-da ugratýan bolsa;
    9. Abonent Aragatnaşyk operatoryndan degişli hukuk almazdan öz şahsy täjirçilik bähbitlerini almak üçin hyzmatlary ulanýan bolsa;
    10. Abonent öz hereketleri bilen Aragatnaşyk operatoryň işgärleriniň adyny kemsidip zyýan ýetiren bolsa.
       
  41. Abonenti Hyzmata/Hyzmatlara täzeden birikdirilmek Aragatnaşyk operatory diňe haçanda Abonent berilen hyzmatlar, goşmaça hyzmatlar üçin bergisini töländen soň we nyrh meýilnamanyň bahasyndan az bolmadyk möçberde hakujy geçirenden soň amala aşyrýar. Aragatnaşyk operatory Abonent tarapyndan Aragatnaşyk operatoryň hasaplaşyk hasabyna ähli görkezilen tölegler gelip gowşandan soň hyzmatyň berilmegini bir gije-gündiziň dowamynda dikeltmegi we Abonent kabel liniýasyny gaýtadan birikdirmeklik zerur bolanda 3 iş gününiň dowamynda dikeltmegi kepillendirýär.

                                                        IX. OPERATORYŇ JOGAPKÄRÇILIGINI ÇÄKLENDIRMEK
     
  42. Abonent öz şahsy ulgam rekwizitleriniň üçünji taraplardan goralmagyna doly jogapkärçilik çekýär.
     
  43. Aragatnaşyk operatory Abonentiň ulgam rekwizitleriniň abat saklanmagy üçin jogapkärçilik çekmeýär we Abonentiň ulgam rekwizitleriniň üçünji taraplaryň ulanmagynyň netijesinde oňa ýetirilen maliýe ýitgilerini çekmeýar.
     
  44. Abonentiň kompýuterine üçünji taraplaryň birugsat girmeginden gorag Aragatnaşyk operatory tarapyndan kepillendirilmeýär, ony Abonentiň özi özbaşdak üpjün edýär.
     
  45. Aragatnaşyk operatory Abonentiň öňünde Internete ygtyýarlygyň hili üçin aşakdaky ýagdaýlarda jogapkärçilik çekmeýär we islendik ýitgileri şol sanda duşdan geçirilen peýdanyň öwezini dolmaýar:
     
    1. Abonentiň kabel liniýasynyň ýa-da kompýuteriniň bozulmagy, ýa-da olaryň tehniki häsiýetnamalarynyň Aragatnaşyk operatoryň talaplaryna laýyk gelmezligi;
    2. Abonentiň ýa-da üçünji taraplaryň telekommunikasiýa ulgamynyň işine birugsat goşulmagy;
    3. Aragatnaşyk operatory tarapyndan öňüni alyş ýa-da abatlama işleriniň geçirilmegi;
    4. Aragatnaşyk operatoryň günäsi bolmazdan berilýän hyzmatlaryň hiliniň peselmegi ýa-da bes edilmegi.
  46. Aragatnaşyk operatory beýleki guramalar tarapyndan berilýän we Aragatnaşyk operatoryň jogapkärçiliginiň zolagyndan daşda ýerleşen liniýalaryň, kanallaryň we aragatnaşyk uzelleriniň işiniň hili üçin jogapkärçilik çekmeýär.
     
  47. Abonente hyzmatlaryň berilmegi üçin Aragatnaşyk operatoryň jogapkärçiligi Aragatnaşyk operatoryň enjamyna Abonent kabel liniýasynyň birikdirme nokady bilen çäklendirilýär. Ähli beýleki gurluşlar (Abonent kabel liniýasy we kompýuter) Aragatnaşyk operatoryň jogapkärçilik çygryna girmeýär.
     
  48. Aragatnaşyk operatory Abonetiň salgylaryna ulgam hüjümleri arkaly döredilen enjamlarynyň işiniň bozulmagy üçin Abonentiň öňünde jogapkärçilik çekmeýär. Öz salgysyna ulgam hüjüminiň bolan ýagdaýyny kesgitlän Abonent mümkin boldugyça gysga wagtda bu barada Aragatnaşyk operatoryna habar bermelidir. Aragatnaşyk operatory bu ýagdaýda wagtlaýynça, tä hüjüm tamalanýança ýa-da ýok edilýänçä ähli ulgamyň howpsuzlygyny we Abonentiň ulgamynyň bölekleýin işe ukyplylygyny saklamak üçin Abonentiň ulgam salgylaryna çäklendirmeleri girizmäge ygtyýarlydyr. Aragatnaşyk operatory diňe ýok etmek we ulgamyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gerek bolan derejede ulgam hüjüminiň çeşmesini ýüze çykarmak bilen meşgullanýar.
     
  49. Aragatnaşyk operatory Abonent tarapyndan Abonentiň telewizion gurluşyny ulanmagyň düzgünleriniň bozulandygy sebäpli maglumatlary geçirmegiň beýany ýa-da interaktiw telewideniýe hyzmatlaryndan we Internete elýeter peýdalanmaklygyň  mümkin bolmazlygy (ýa-da hiliniň peselendigi) üçin Abonentiň öňünde jogapkärçilik çekmeýär. 
     
  50. Aragatnaşyk operatory telekommunikasiýa ulgamy arkaly berilýän maglumatyň mazmuny üçin jogapkärçilik çekmeýär.
     
  51. Şeýle hem Aragatnaşyk operatory maglumatlary geçirmegiň beýany ýa-da interaktiw telewideniýe hyzmatlaryndan we Internete elýeter peýdalanmaklygyň  hili we üzülmeler üçin aşakdaky ýagdaýlarda jogapkärçilik çekmeýär:
    1. Aragatnaşyk operatoryň täsir edip bilmeýän telegepleşikleriň görkezilýän wagtynda telewizion merkeziniň günäsi bilen, hemra aragatnaşygynyň we beýleki sebäpleriň bolmagy bilen ýüze çykan päsgelçilikler.
    2. Telekommunikasiýa ulgamynyň ýerleşen ýerlerinde elektrik togunyň durnukly däl kuwwaty;
    3. Beýleki hadysalar we ýeňip geçip bolmajak güýçler.  
Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.