Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmegiň tertibi


TÜRKMENISTANYŇ SENAGAT WE KOMMUNIKASIÝA MINISTRLIGI


B U Ý R U K 235-ö

« 21 » awgust 2019 ý. Aşgabat şäheri

Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmegiň

Tertibini tassyklamak hakynda



“Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji we 37-nji we 40-njy maddalaryna "Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy, 14-nji, 19-njy, 24-nji, 38-nji, 48-nji maddalaryna hem-de “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna şeýle hem, aragatnaşyk çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmegiň tertibini kämilleşdirmek maksady bilen,



buýurýaryn:


1. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmegiň tertibini tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu buýrugyň döwlet belligine alnan gününden başlap, 10 (on) iş gününiň dowamynda resmi çap edilmegini üpjün etmeli we resmi çap edilen güni bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermeli.

3. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň orunbasary H.Hudaýgulyýew we "Türkmenaragatnaşyk" agentliginiň başlygy B.Öwezow gözegçilik etmeli.


Ministr T.Dürhanow

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň 2019-njy ýylyň 21-nji awgustynda çykaran 235-ö belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmegiň


TERTIBI


I bap. Umumy düzgünler


1. Şu Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmegiň tertibi (mundan beýläk-Tertip), “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 8-nji we 37-nji maddalaryna, "Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy, 14-nji, 19-njy, 24-nji, 48-nji maddalaryna hem-de “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 15-nji we 44-nji maddalaryna, şeýle hem aragatnaşyk çygrynda Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary etmegiň şertlerini, Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary etmek barada şertnamany (mundan beýläk – Şertnama) baglaşmagyň tertibini we şertlerini, hyzmatlarynyň nyrhlaryny hem-de edilen hyzmatlar üçin hasaplaşyklary geçirmegiň kadalaryny düzgünleşdirýär.

2. Şu Tertip kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny şertnamalaýyn esasda ýerine ýetirýän, eýeçiligiň görnüşine we pudaklaýyn degişliligine garamazdan ähli kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny ýerine ýetirýän operatorlar we teleradioýaýradyşyň hyzmatlaryndan peýdalanýan fiziki we ýuridik şahslar (mundan beýläk-Abonent) üçin hökmanydyr.

3. Şu Tertibiň hereketi kabel teleradioýaýradyşyň aşakda görkezilen hyzmatlarynyň amala aşyrylmagyna degişli däldir:

1) döwlet dolandyrylyşynyň, ýurduň goranmagynyň, milli howpsuzlygyň we hukuk tertibiň zerurlyklary üçin, şeýle hem içerki önümçilik we tehnologiýa maksatlary üçin;

2) teleradioýaýlyma bermegiň, teleradioýaýradyşyň signallaryny hususy kabul etmegiň ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň beýleki önümlerini peýdalanmak arkaly girdeji almak bilen baglanyşykly bolmadyk şahsy zerurlyklar üçin.

4. Şu Tertibiň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) kabel teleradioýaýradyş – kabel we ýaýlym-kabel torlary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamynyň tehniki serişdeleri we kabel ulgamlaryny özünde jemleýän aragatnaşyk ulgamydyr. Kabel teleradioýaýradyş kabel we ýaýlym-kabel torlary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamyndan elektrik aragatnaşygynyň beýleki ulgamlary bilen utgaşdyrylan enjamlaryň (şol sanda antenleriň), abonent ulgamlarynyň we kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň abonentlere kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin niýetlenen abonent enjamlarynyň tehnologiýa ulgamy bolup durýar, ol kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň abonentiň teleradioýaýradyş signallaryny kabul etmegi, şeýle hem tehniki mümkinçilikleriň bolan ýagdaýynda, elektrik aragatnaşygynyň habarlarynyň signallaryny kabul etmek üçin niýetlenendir

2) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň abonenti (mundan beýläk - Abonent) – kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň edilmegi üçin abonent belgisi ýa-da laýyklygynyň anyklanmagynyň özboluşly kody bölünip berlen mahalynda şeýle hyzmatlaryň edilmegi hakynda kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny ýerine ýetirýän operator tarapyndan şertnama baglaşylan kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryndan peýdalanýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

3) abonent bölüjisi (paýlaýjy) – teleradioýaýradyş signalyň energiýasynyň bir bölegini (optiki signaly) birnäçe ugurlara gönükdirmegi üpjün edýän kabel teleradioýaýradyş ulgamynyň düzümindäki enjam;

4) abonent ulgamy – ýaşaýyş ýa-da jemgyýetçilik binasynda eýelenýän meýdanyň çäklerinde bir abonente hyzmat edýän kabel teleradioýaýradyş ulgamynyň düzüminde tehniki serişdeleriniň, enjamlaryň we kabel ugurlarynyň jemi;

5) abonent ugry – kabel teleradioýaýradyş ulgamynyň düzüminde abonent bölüjisini aýyrmagyň we abonent ulgamynyň girmeginiň (abonent rozetkanyň) arasyndaky kabel ugry;

6) abonent rozetkasy – abonent enjamynyň abonent ulgamyna ýa-da abonent ugruna birleşdirilmegini üpjün edýän kabel teleradioýaýradyş ulgamynyň çykyşyndaky enjam;

7) abonent enjamy – abonent liniýalaryna birikdirilen we abonentleriň peýdalanmagynda durýan ýa-da şeýle maksatlar üçin niýetlenen aragatnaşyk liniýalary boýunça elektroaragatnaşyk signallaryny ibermek we (ýa-da) kabul etmek üçin tehniki serişdeler;

8) abonent kabeli – abonent rozetkanyň çykyşynyň hem-de abonent enjamynyň girişiniň arasyndaky koaksil kabeli;

9) näsazlyk – kabel teleradioýaýradyş ulgamynyň näsazlygy (iri näsazlygy) – adatdan daşary ýagdaý şertlerinde adamlaryň deňizdäki, ýerdäki, howadaky, älem giňişligindäki howpsuzlygyna hem-de goranmak, howpsuzlyk we hukuk tertibini goramak babatda gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegine degişli ähli habarlara, şeýle hem uly awariýalar, betbagtçylyklar, epidemiýalar we beýleki öňünden görüp, bilip bolmaýan ýagdaýlarda (tebigy heläkçilikler, weýrançylyklar, ýangynlar, desgalaryň ýa-da kommunikasiýalaryň hatardan çykmagy, elektrik ulgamlarynyň işlemeginiň togtadylmagy, aýratyn uly möçberde ogurlyklar we beýlekiler) kabel teleradioýaýradyş ulgamynyň zaýalanmagy ýa-da hatardan çykmagy, olaryň düzedilmegi üçin diňe bir kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny ýerine ýetirýän operator üçin däl-de, beýleki guramalar üçin hem köp wagt hem-de serişdeleriniň sarp edilmegi talap edilýän ýagdaý;

10) kabel teleradioýaýradyş ulgamynyň hereket ediş (hyzmat ediş) zolagy – kabel teleradioýaýradyş ulgamynyň ýerleşýän ýerindäki çäk, şeýle hem, bu çäkdäki binalar we desgalar, olaryň çäklerinde Abonentlere hyzmatlar amala aşyrylýan aralyk;

11) ) kabel teleradioýaýradyş ulgamy (munban beýläk - KTRÝU) – belli bir çäkde Abonentlere kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny amala aşyrylmagyny üpjün edýän we telewideniýe, radiogepleşikler we beýleki aragatnaşyk habarlarynyň signallaryny kabul edýän we paýlaýan ulgamlary hem-de dolandyrýan guramalary – tehniki işleri özünde jemleýän elektroaragatnaşyk ulgamy;

12) kabel teleradioýaýradyş operatory (mundan beýläk - Operator) – kabel teleradioýaýradyşyň teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) ýaýlyma bermek hem-de aralyk kabul ediji we ýaýradyjy beket arkaly ýaýlyma bermek boýunça telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny bermäge ygtyýarnama alan operatory;

13)açyk (kodlaşdyrylmadyk) teleradiogepleşik (radiogepleşik) – teleradiogepleşiklere (radiogepleşikleri) tomaşa etmek (diňlemek) Abonent tarapyndan goşmaça özgerdijiler (dekoderler, deşifratorlar we beýleki enjamlar) peýdalanylmazdan standart enjamda amala aşyrylmagy;

14) KTRÝU-da ýaýradyş – teleradiogepleşikleriň, radiogepleşikleriň hem-de elektrik aragatnaşygynyň beýleki serişdeleriniň signallaryny kabul etmegi, soňra olary Abonent tarapyndan gepleşikleriň mazmunyny üýtgetmezden doly derejede özgerdilmegini hem-de geçirilmegini üpjün etmek;

15)gepleşikleri hususy kabul etmegiň ulgamy – antenleriň, tehniki serişdeleriniň hem-de kabel ugurlarynyň jemlenmesidir, olar bir ýa-da birnäçe fiziki şahslara degişli bolup, teleradiogepleşikleriň alyp görkezilişiň, radio eşitdirilişiniň ýa-da beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň önümleriniň diňe girdejileri almak bilen baglanyşykly bolmadyk şahsy zerurlyklary üçin signallary kabul etmek;

16) KTRÝU-nda ýaýradyş (eşitdiriş) – kabel telewideniýesi ulgamynyň iş tertibi, ol teleradiogepleşikleri, radiogepleşikleri we elektrik aragatnaşygynyň beýleki habarlarynyň signallaryny gönüden göni studiýanyň enjamyndan kabul etmegi üpjün etmek, ol enjamlar alyp görkezýän edara degişli bolup, olary soňra Abonentlere gepleşikleriň mazmunyny üýtgetmezden doly möçberde özgertmegi we bölmegi (geçirmegi) üpjün etmek;

17) kabel teleradioýaýradyş hyzmaty – teleradiogepleşikleriň we beýleki elektrik aragatnaşygynyň habarlarynyň signallaryny ýaýradyş (eşitdiriş) boýunça aragatnaşyk hyzmatlary, şeýle hem kabel teleradioýaýradyş boýunça Abonentlere edilýän goşmaça hyzmatlar.

5. "Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 38-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanda ýa-da onuň aýry-aýry ýerlerinde adatdan daşary we (ýa-da) harby ýagdaý wagtynda teleradioguramalaryň aýratyn iş düzgüni bellenilip bilner, adatdan daşary we (ýa-da) harby ýagdaý wagtynda ýaýradyşy düzgünleşdirmegiň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär. “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 40-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tebigy betbagtçylyklarda, epidemiýalarda, epizootiýalarda we beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda aragatnaşygy dolandyrmagy amala aşyrýar we edara degişliligine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, islendik tehniki serişdeleri we telekommunikasiýa hem-de poçta aragatnaşyk ulgamlaryny peýdalanmakda, şeýle hem olaryň işini togtatmakda artykmaç hukuga eýedir.

6. Operator ilatyň suwda, ýer üstünde, howada, kosmos giňişliginde howp bilen baglanyşykly ähli habarlara, şeýle hem uly awariýalar, heläkçilikler, köpçülikleýin keseller we tebigy betbagtçylyklar, gaýragoýulmasyz çäreleriň geçirilmegi bilen baglanyşykly döwlet dolandyryş, ýurdy goramak, döwletiň howpsuzlygy hem-de kanuny tertibini üpjün etmek bilen baglanyşykly habarlara ilkinji derejeli ähmiýet bermäge borçludyr.

7. KTRÝU tarapyndan, şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirýän jenaýatçylykly maksatlar bilen peýdalanylan halatynda, ygtyýarly döwlet edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bu ulgamyň peýdalanylmagyny togtatmaga ýa-da çäklendirmäge haklydyr.

8. KTRÝU-nda görkezilýän we eşitdirilýän teleradiogepleşikleriň (radiogepleşikleriň) mazmunyna olary taýýarlaýan we goýberýän ygtyýarly edaralar jogapkärçilik çekýärler. Aragatnaşyk ulgamynyň beýleki habarlarynyň mazmuny üçin şol habarlaryň awtorlary jogapkärçilik çekýärler.

9. KTRÝU-na gelip gowuşýan teleradiogepleşikleriň (radiogepleşikleriň) we elektrik aragatnaşygy boýunça berilýän habarlaryň signallaryna bildirilýän tehniki talaplara laýyk gelmegine alyp görkezýän guramalar we bu signallary şertnama esasynda ýaýlymlar we hemra arkaly alyp eşitdirilişi amala aşyrýan Operatorlar jogapkärçilik çekýärler.

10. Operator hyzmatlary ýerine ýetirýän döwründe Abonentler bilen ýüze çykýan gatnaşyklar döwlet dilinde amala aşyrylýar.


II bap. Hyzmatlary ýerine ýetirmegiň şertleri


11. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary ähli Abonentler üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýeňillikler hasaba alnyp, hyzmat etmegiň we hyzmatlar üçin tölegleriň birmeňzeş şertlerini üpjün etmek bilen amala aşyrylýar.

12. Operator Abonentlere KTRÝU esasy we goşmaça hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryň sanawy KTRÝU-nyň tehniki mümkinçilikleri, ýer üsti we hemra ýaýlymlary arkaly hem-de Abonentleriň zerurlyklary bilen signallary kabul etmegiň esasynda kesgitlenilýär.

13. Milli teleradiogepleşik we radio gepleşikleriň hem-de Milli tele we radio gepleşikleriň hataryna degişli bolmadyk açyk teleradioýaýradyş signallaryny ýaýradyş kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň esasyny düzýär.

14. Aşakda görkezilenler kabel teleradioýaýradyşyň goşmaça hyzmatlary bolup durýar:

1) Abonentiň enjamlarynyň ulgama birikdirilmeginiň kadalarynyň üýtgedilmegi, goşmaça nokatlary gurnamak we birikdirmek;

2) abonent ugurlarynyň, abonent kabelleriniň, abonent ulgamynyň çalşyrylmagy, gurnalmagy hem-de birikdirilmegi, şeýle hem olaryň KTRÝU-dan öçürilmegi we ýene-de birikdirilmegi;

3) abonent ugurlarynyň, abonent ulgamynyň, abonent kabelleriniň we abonent enjamlarynyň sazlanmagy we tehniki hyzmaty.

15. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary bermek bilen baglanyşykly enjamlarda abatlaýyş işlerini geçirmek, näsazlyklaryň öňüni almak ýa-da öňüni alyş çarelerini geçirmek üçin aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykan halatynda tehniki arakesmelere rugsat berilýär:

1) KTRÝU-na birikdirilen elektrik ulgamynyň näsazlyklary ýüze çykanda;

2) KTRÝU-nda teleradioýaýradyş signallarynyň geçirilmegi togtadylanda;

3) KTRÝU-nda ogurlyklaryň ýa-da enjamlara zyýan ýetirmeleriň netijesinde näsazlyklar ýüze çykanda;

4) tebigy heläkçilikleriň we beýleki garaşylmadyk ýa-da adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde;

5) KTRÝU-nyň enjamlarynyň awariýalarynda ýa-da zyýan ýetmelerinde.

16. KTRÝU-nyň enjamlarynda abatlaýyş işleri geçirmek ýa-da näsazlyklaryň öňüni almak maksady bilen, Abonente habar bermezden tehniki arakesmelere ýol berilýär.

17. Operator Abonentiň binasynda bar bolan abonent ulgamynyň, rozetkalarynyň, kabelleriniň hem-de sertifikatlaşdyrylan abonent enjamlarynyň KTRÝU birikdirilmegine garşylyk bildirmäge hukugy ýokdur.

18. Tehniki mümkinçilikleriň bolan ýagdaýynda hem-de baglaşylan şertnama laýyklykda bir Abonentiň abonent ulgamy birnäçe abonent ugry arkaly abonent bölüjiniň birnäçe şahasyna birikdirilip bilner.


III bap. Hyzmatlary ýerine ýetirmek barada şertnamany baglaşmagyň tertibi we şertleri


19. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary, Operator bilen Abonentiň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar.

20. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmek barada şertnamany (şu Tertibe goşundy) baglaşmak üçin şertnama baglaşmak isleýän fiziki ýa-da ýuridik şahs Operatora ýazmaça ýa-da elektron görnüşde arza berýär. Arza Operator tarapyndan hasaba alynýar hem-de nobata goýulýar.

21. Arza, fiziki şahsyň ýaşaýan ýerine ýa-da ýuridik şahsyň ýerleşýän ýerine hyzmat edýän Operatora berilýär. Arzany şol salgy boýunça ýazgyda duran kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzasy berip biler.

22. Fiziki şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy ýa-da fiziki/ýuridik şahsyň bu binada ýaşamaga ýa-da ondan peýdalanmaga hukugyny tassyklaýan resminamasyny görkezen ýagdaýynda, Operator şertnama baglaşmak hakyndaky arzany hasaba alýar.

23. Arza berijä hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin tehniki mümkinçiligi bolan halatynda, Operatoryň aşakda görkezilenlerden başga ýagdaýlarda şertnama baglaşmakdan ýüz döndermäge hukugy ýokdur:

1) hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi döwletiň howpsuzlygyna we goranmak ukybyna, adamlaryň saglygyna ýa-da howpsuzlygyna wehim salanda;

2) fiziki, topografiki ýa-da beýleki tebigy päsgelçilikler ýa-da arza berijiniň jaýynda tehniki mümkinçiligiň ýoklugy sebäpli, hyzmat etmek mümkinçiligi bolmadyk halatynda;

3) abonent ugrunyň, abonent ulgamynyň, abonent rozetkalarynyň we abonent kabelleriniň KTRÝU-nyň taslamasynyň tehniki talaplaryny berjaý etmezden gurnalan halatynda.

24. Şertnama iki asyl nusgada düzülýär we şahslar tarapyndan gol çekilýär hem-de Operator tarapyndan hasaba alynýar. Şertnamanyň bir nusgasy Operatorda, ikinji nusgasy bolsa Abonentde saklanylýar.

24. Birinji tapgyrda birikdirilýän ulgamyň ilkinji nobatdaky sygymlylygyny we indiki tapgyrlarda goşmaça sygymlylyklary birikdirmeklik degişli tapgyryň tehniki şertleriniň doly durmuşa geçirilmeginden we şu Tertip we kadalaşdyryjy-tehniki resminamalar bilen kesgitlenilen tertipde işleriň we desgalaryň kabul edilmeginden soň amala aşyrylýar.

25. Abonente kabel teleradioýaýradyşyň esasy we goşmaça hyzmatlary şertnama we goşmaça ylalaşyklar esasynda amala aşyrylýar. Şertnamanyň hereket edýän möhleti hem-de ony uzaltmagyň şertleri şertnamada görkezilýär.

26. Şertnama ähli goşmaçalar we üýtgetmeler ýazmaça görnüşde taraplaryň gollary bilen tassyklanylyp, resmileşdirilýär.

27. Abonent kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary babatynda şu Tertipde göz öňünde tutulan tertipde Abonent Operator bilen şertnamalary baglaşmaga haklydyr, şunda onuň KTRÝU-nyň dürli Operatorlarynyň ulgamlaryna birleşdirilmegi bu ulgamlarda päsgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirmeli däldir

28. Haçanda Operatoryň hukuklary başga bir Operatora berlen halatynda, Abonent bilen ozal baglaşylan şertnama ýatyrylýar we şu Tertibe laýyklykda täze şertnama baglaşylýar.

29. Abonent ýaşaýan ýeriniň salgysyny üýtgeden ýagdaýynda, Abonentiň arzasy esasynda onuň bilen ozal baglaşylan şertnama ýatyrylyp bilner we täze öý salgysy boýunça Şertnama baglaşylýar.

30. Operator Abonent tarapyndan Şertnamanyň şertleri ýerine ýetirilmedik ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda:

1) Abonente KTRÝU hyzmatlarynyň möçberlerini çäklendirýär;

2) Abonentiň abonent ugruny KTRÝU-dan öçürýär;

3) Abonent bilen şertnamany ýatyrýar;

4) zyýan ýetirilen ýagdaýynda, Abonentden KTRÝU ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy talap edýär;

5) KTRÝU-na birikýän teleradioönümleriniň toplumlaryny (teleradiogepleşikleri) hem-de elektrik aragatnaşygynyň beýleki habarlarynyň signallarynyň berilmegi togtadylan ýagdaýynda hereket edýän signallaryň beýleki çeşmelerini peýdalanýar, olar hem bolmadyk ýagdaýynda KTRÝU-nyň işini daşarky çeşmelerden gelýän signallar ýola goýulýança wagtlaýynça togtadýar;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki ýagdaýlarda KTRÝU hyzmatlaryny etmegi bes edýär.


IV bap. Operatoryň hukuklary we borçlary


31. "Aragatnaşyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 46-njy maddasyna laýyklykda Operator şu aşakdaky hukuklara eýedir:

1) "Aragatnaşyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny amala aşyrmaga;

2) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny meýilleşdirmäge we ösdürmäge;

3) nyrhlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellemäge;

4) "Aragatnaşyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda öz eýeçiliginde ýa-da peýdalanmagynda durýan abonent ugurlaryny, abonent ulgamyny, abonent kabellerini we abonent enjamlaryny peýdalanmagyň kadalaryny bozan Abonentlere kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň sanawyny kemeltmäge ýa-da togtatmaga;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen aragatnaşyk babatda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamasy bolmasa, Abonentiň ahyrky enjamyny öçürmäge;

6) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bes etmäge;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda we Şu Tertipde we Şertnamada göz öňünde tutulan beýleki hukuklar

32. “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 47-nji maddasyna laýyklykda, Operator şu aşakdakylara borçludyr:

1) bellenilen hil görkezijileri we nyrhlar boýunça kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmäge;

2) Abonentlere kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmek üçin şertnama baglaşmaga gerek bolan resminamalaryň sanawyny, şeýle hem olara edilýän hyzmatlar hakynda maglumat bermäge;

3) Abonente edilýän kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny hasabyny ýöretmäge;

4) kabel teleradioýaýradyş boýunça edilen hyzmatlary hakyndaky ýazgylary olary saklamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletleri geçýänçä saklamaga we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olar hakynda maglumat bermäge;

5) kabel teleradioýaýradyş ulgamlarynyň adatdan daşary ýagdaýdaky şertlerde işlemäge taýýarlygyny üpjün etmäge;

6) kabel teleradioýaýradyş ulgamlaryny hasaba alşy we resminamalary ýöretmäge;

7) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary üçin Operator tarapyndan bellenilýän nyrhlary olaryň girizilmegine azyndan ýedi senenama güni galýança halka ýetirmäge;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde Abonentlere kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň sanawynyň kemeldilmeginiň ýa-da olaryň ahyrky enjamynyň öçürilmeginiň mümkindigi hakynda duýduryş bermäge;

9) kabel teleradioýaýradyş ulgamlaryndan we bu ulgamlar tarapyndan berilýän kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryndan rugsatsyz peýdalanylmagyna ýol bermezlik üçin çäre görmäge;

10) maglumat howpsuzlygyna täsir edip biljek howplar (zyýanly kod, wiruslar, düzgün bozulmalar) aradan aýrylýança, degişli kabel teleradioýaýradyş ulgamynyň işini togtatmaga ýa-da düzgüni bozan Abonentiň maglumat ulgamynda ygtyýarlygyny çäklendirmäge;

11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda operatiw-agtaryş işini amala aşyrýan edaralar tarapyndan operatiw-agtaryş çärelerini geçirmek üçin kabel teleradioýaýradyş ulgamlarynda peýdalanylýan enjamlaryň oturdylmagyny we işlemegini üpjün etmäge. Operatiw-agtaryş çärelerini geçirmekde kabel teleradioýaýradyş ulgamlarynda oturtmak üçin peýdalanylýan tehniki serişdeleriň we enjamlaryň düzümini we sanyny saýlamak operatiw-agtaryş işini amala aşyrýan edaralara degişli bolup durýar;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlaryny ýerine ýetirmäge.

33. Operator Abonenti onuň ilkinji talaby esasynda şu Tertip bilen tanyşdyrmalydyr, şeýle hem aşakdaky maglumatlary tölegsiz bermelidir:

1) Operator barada maglumatlary (ady, telefon belgisi we poçta salgysy, sorag-jogap we abatlaýyş – tehniki gulluklaryň telefon belgileri, şeýle hem olaryň ýerleşýän ýeri we iş tertibi);

2) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň nyrhlary, tölegleri tölemegiň tertibi, töleg şertleri we görnüşi.


V bap. Abonentiň hukuklary we borçlary


34. “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasyna laýyklykda Abonent şu aşakdakylara hukuklydyr:

1) öz hukuklarynyň döwlet tarapyndan goralmagyna;

2) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny erkin peýdalanmaga;

3) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň howpsuz bolmagyna;

4) kabel teleradioýaýradyşyň operatoryny saýlamaga;

5) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň görnüşini we sanyny saýlamaga;

6) Operatordan kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň mazmuny, hili we hyzmat ediliş tertibi hakynda mugt maglumat almaga;

7) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny öz wagtynda we ýokary hilli almaga;

8) Operatordan hödürlän kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary hakynda maglumat almaga;

9) ýazmaça arzasy esasynda Operatoryň kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň aýry-aýry görnüşlerini peýdalanmagynyň çäklendirilmegine;

10) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryndan boýun gaçyran mahalynda Operator tarapyndan öňinçä tölenen pulunyň galan möçberiniň gaýtarylyp berilmegine;

11) Şertnamada bellenilen tertipde kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryndan boýun gaçyrmaga;

12) buýrulan kabel teleradioýaýradyş hyzmatyndan boýun gaçyrylmagynyň mümkinçiligi we tertibi hakynda maglumat almaga;

13) Operatordan peýdalanan kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary görkezilen çap edilen ýazgylary almaga;

14) Operatoryň hukuga ters gelýän hereketleri barada ýokarda durýan edaralara ýa-da kazyýete şikaýat etmäge;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda we Şertnamada göz öňünde tutulan başga hukuklar.

35. "Aragatnaşyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 42-nji maddasyna laýyklykda Abonent şu aşakdakylara borçludyr:

1) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;

2) bellenilen talaplara laýyk gelýän resminamasy bolan ahyrky enjamy peýdalanmaga;

3) ahyrky enjamyň milli howpsuzlygyň, goranmagyň we hukuk tertibiniň bähbitlerine zeper ýetirýän hukuga garşy gelýän hereketleri amala aşyrmak üçin peýdalanylmagyna ýol bermezlige;

4) kabel teleradioýaýradyş ulgamlaryny ulanmagyň howpsuzlygyna, kabel teleradioýaýradyş ulgamlarynyň bitewüligine we özara hereketine, kabel teleradioýaýradyş ulgamlarynyň habar howpsuzlygyna, radioelektron serişdeleriniň elektromagnit ylalaşyjylygyna wehim salyp biljek, şeýle hem beýleki Abonentlere hyzmat edilende çylşyrymlaşdyryp ýa-da päsgelçilik döredip biljek hereketlere ýol bermezlige;

5) ahyrky enjamlaryň we abonent liniýalarynyň üçünji şahslar tarapyndan peýda görmek maksady bilen peýdalanylmagyna ýol bermezlige.

36. Abonent hyzmatlary üçünji şahslara bermeklige ýa-da gaýtadan satmaklyga haky ýokdur.


VI bap. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary üçin nyrhlar


37. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary üçin nyrhlar esasy we goşmaça hyzmatlaryň nyrhlary esasynda kesgitlenilýär.

38. Kabel teleradioýaýradyşyň esasy hyzmatlaryna nyrhlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tassyklanylýar.

39. Kabel teleradioýaýradyşyň goşmaça hyzmatlaryna nyrhlar olaryň amala aşyrylmagyna sarp edilen çykdajylary hasaplamak bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.

40. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň nyrhlaryny hasaplamagy şu hyzmatlary ýerine ýetirýän Operator ýa-da onuň ygtyýarlandyran wekili alyp barýar.

41. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny tölemegiň görnüşi we möhletleri, eger-de Türkmenistanyň kanunçlygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Operator tarapyndan kesgitlenilýär we Operatoryň Abonent bilen baglaşan şertnamasynda görkezilýär.

42. Hyzmatlary tölemek öňünden tölegleri geçirmek ýoly bilen amala aşyrylyp bilner.


VII bap. Nägilelikleri bildirmegiň we jedelleri çözmegiň tertibi


43. Abnonent we Operator şertnama ýa-da onuň bilen baglanyşykly ýüze çykyp biljek jedelleri özara gepleşikleri geçirmek ýoly bilen çözmäge çalyşýarlar.

44. Eger Abonet we Operator özara ylalaşyga gelip bilmedik ýagdaýynda, jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.

45. Operatoryň şertnamadan gelip çykýan borçlaryny ýerine ýetirmedik ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, Abonent Operatora öz nägileligini bildirýär.

46. Abonentiň nägileligi ýazmaça görnüşinde berilýär hem-de Operator tarapyndan hasaba alynýar.

47. Operator tarapyndan nägilelik hasaba alynandan 20 (ýigrimi) iş gününiň dowamynda Abonente gelnen netije barada ýazmaça jogap berilýär.

48. Abonent tarapyndan bildirilen nägilelige berlen jogap bilen Abonent kanagatlanmadyk (närazy bolan) halatynda, Abonentiň kazyýete ýüz tutmaga hukugy bardyr.


VIII bap. Taraplaryň jogapkärçiligi


49. “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 50-nji maddasyna laýyklykda, Operatorlar we olaryň wezipeli işgärleri "Aragatnaşyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň we şu Tertibiň talaplarynyň bozulmagyna ýol berendikleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.

Operator habarlary bermek ýa-da kabul etmek boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi üçin, eger borçnamalaryň şeýle ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny Abonentiň günäsi boýunça bolup geçse ýa-da ýeňip geçip bolmajak güýjüň (ýer titremeginiň, suwuň joşmagynyň, harasadyň we başgalaryň) täsiri netijesinde bolan bolsa, munuň üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Operator Abonent tarapyndan şertnamanyň şertleri, enjamlary ulanmagyň kadalary bozulan halatynda, abonent ulgamynda sertifikatlaşdyrylmadyk enjam ulanylanda, şeýle hem hyzmatlaryň tölegi wagtynda tölenmedik halatynda kemçilikler düzedilýänçä, aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanyp bilmegini togtatmaga haklydyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kabel teletadioýaýradyş hyzmatlaryny peýdalanyjy tarapyndan Operatoryň ýitgileriniň we enjama zeper ýetmegi ýa-da boş durmagy zerarly Operatora ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunan halatlary muňa degişli däldir.

Operator ýeňip geçip bolmajak güýjüň (ýer titremeginiň, suwuň joşmagynyň, harasadyň we başgalaryň) täsiri netijesinde, şeýle hem, Operatorlaryň peýdalanýan liniýalary we stansiýa desgalarynyň ogurlanan ýa-da olara üçünji taraplaryň günäsi bilen zeper ýetirilen halatynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda peýdalanyjynyň günäsi boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi üçin Abonentiň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

Operatorlar öz ulgamlary arkaly berilýän habaryň mazmuny üçin jogapkärçilik çekmeýärler.

Şeýle hem, Operator kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň hiline we KTRÝU-da hyzmatlary berjaý etmegiň möhletleriniň ýerine ýetirilmegine, hyzmatlaryň hili barada nädogry maglumatlaryň berilmegine hem-de şu Tertibiň talaplarynyň ýerine ýetirilmegine hem-de Abonent bilen baglaşylan şertnamanyň şertleriniň doly berjaý edilmegine jogapkärçilik çekýär.

Operator kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň hiliniň peselmegi, abonent ugrunyň, abonet ulgamynyň we abonent rozetkalarynyň näsazlyklary bilen baglanyşykly bolan ýagdaýlary üçin jogapkärçilik çekmeýär.

50. "Aragatnaşyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 51-nji maddasyna laýyklykda Abonent şu aşakdakylara jogapkärdir:

          1) Abonentler “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň we şu Tertibiň talaplarynyň bozulmagyna ýol berendikleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler;

2) Abonentiň günäsi bilen teleradioýaýradyş ulgamyna zeper ýeten halatynda Operatoryň zeper ýetmeleri düzetmek üçin, şeýle hem oňa bu zeper zerarly ýetirilen beýleki ýitgiler (şol sanda alynmadyk girdeji) üçin ähli çykdajylar Abonentiň üstüne ýüklenilýär.

51. Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň hili peselende, şu Tertibiň hem-de baglaşylan şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmeýändigi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmeýändigi üçin Abonent Operatordan şu aşakdakylary talap edip biler:

1) näsazlyklary tölegsiz aradan aýyrmagy;

2) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary barada şertnamany ýatyrmagy.

52. Abonent kemçilikler barada habar gelip gowşandan soň, bir aýyň dowamynda kemçilikleri aradan aýyrmadyk ýagdaýynda, Operator bir taraplaýyn tertipde şertnamany ýatyrmaga haklydyr. Şunda, Abonent Şertnama ýatyrylan senesine çenli edilen hyzmatlaryň tölegini doly möçberde tölemelidir şeýle hem, şol näsaz abonent enjamy peýdalanylmagy netijesinde Operatoryň çeken ähli çykdajylarynyň öwezini dolmalydyr.

53. KTRÝU-nyň enjamlarynyň zaýalanylmagy, abonent enjamlaryny jenaýatçylykly maksatlar üçin peýdalanylan ýagdaýynda hem-de Operatoryň eýeçilik hukuklarynyň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we esaslarda günäkär adamlar jogapkärçilik çekýärler.

54. Abonent bilen bile ýaşaýan adamlar we kämillik ukyby bolan adamlar Şertnama boýunça borçnamalaryň bozulandygy üçin bilelikde jogapkärçilik çekýärler.

55. Abonent, eger-de zyýan ýetirmek hereketi öňüni alyp bolmajak güýçleriň ýa-da adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlaryň, üçünji şahslaryň hereketleriniň täsiri bilen, şeýle hem Operatoryň şertnamalaýyn borçnamalaryny bozandygy sebäpli ýüze çykandygy subut edilen ýagdaýynda, Operatora ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekmekden boşadylýar.

Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmegiň Tertibine goşundy

Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmek barada

ŞERTNAMA №_________


«_____» ____________ 2019 ý. Aşgabat şäheri

________________________________________________________________________________Tertipnamasy esasynda hereket edýän, direktor

________________________________________________________________________________mundan beýläk “Operator” diýlip atlandyrylýan bir tarapdan we

mundan beýläk “Abonent” diýlip atlandyrylýan________________________________________


(fiziki ýa-da ýuridik şahsyň doly ady)

beýleki tarapdan, bilelikde “Taraplar” diýlip atlandyrylýanlar, şu Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmek barada şertnamany (mundan beýläk - Şertnama) aşakdakylar barada baglaşdylar:

1. Şertnamanyň mazmuny


          1) "Operator” “Abonente kabel teleradioýaýradyşyň esasy we goşmaça hyzmatlaryny ýerine ýetirýär, Abonent bolsa bu hyzmatlaryň tölegini öz wagtynda töleýär.

          2) Döwlet teleradiogepleşikler, açyk teleradiogepleşikler, umumy türkmen döwlet teleradiogepleşikler ulgamyna degişli we degişli bolmadyk ýaýlymlaryň signallaryny ýaýradyş (eşitdiriş) kabel teleradioýaýradyşyň esasy hyzmaty bolup durýar.

           Kabel teleradioýaýradyşyň goşmaça hyzmatlaryna aşakdakylar degişlidir:

          1) abonent enjamynyň goşmaça nokatlaryny birikdirmek;

          2) abonent ugruna, abonent ulgamyna, abonent kabellerine we abonent enjamlaryna tehniki hyzmat etmek we olary sazlamak.

          3. “Abonenti” ulgama birikdirmek işleri şu Şertnama baglaşylandan hem-de “Operatora” hereket edýän nyrhlara laýyklykda, töleg geçirilenden soň amala aşyrylýar.


2.Taraplaryň hukuklary we borçlary


4. “Operator” şulara hukuklydyr:


          1)“Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga.

          2) “Abonente” duýdurmazdan 1 (bir) aýyň dowamynda, iş günlerinde bolsa 6 (alty) sagatdan artyk bolmadyk möhletde abatlaýyş we düzediş işlerini geçirmek üçin kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny doly ýa-da bölekleýin togtatmaga;

          3) “Abonentiň” abonent tölegi boýunça bergileri bolan ýagdaýynda, ony doly töleýänçä, “Abonentden” Ulgamyň işindäki näsazlyklary aradan aýyrmak baradaky arzany kanagatlandyrmazlyga;

          4) eger-de şu Şertnama laýyklykda, “Abonentiň” 1 (bir) aýdan artyk möhletiň dowamynda “Operatora” bergisini tölemedik halatynda, “Abonente” öňünden duýdurmazdan hyzmatlary togtatmaga. Emele gelen bergi doly tölenenden hem-de “Abonentden” gaýtadan Ulgama çatylandygy üçin hereket edýän nyrhlar boýunça tölegleri alanyndan soňra, “Operator” “Abonenti” gaýtadan ulgama birikdirýär;

          5) “Abonent” kabel teleradioýaýradyş, kabel we ýaýlym-kabel torlary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamyny peýdalanmagyň kadalaryny bozan, enjamy zaýalan ýa-da sertifikatlaşdyrylmadyk, näsaz, şeýle hem, çalt yrgyldyly signallary döredýän abzallary, enjamlary peýdalanan, abonent enjamlaryny jenaýatçylykly maksatlar üçin ulanan we “Operatoryň” emläk hukuklaryny bozan halatynda, şol kemçilikleri we düzgün bozulmalar aradan aýrylýança hyzmatlary ýerine ýetirmegi togtatmaga;

          6) “Operator” aşakdaky ýagdaýlarda Şertnamany birtaraplaýyn ýatyrmaga:

          a) “Abonent” tarapyndan kabel teleradioýaýradyş kabel we ýaýlym-kabel torlary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamynyň enjamlarynyň hatardan çykmagyna ýa-da teleradioýaýlymlaryň parametrleriniň ýaramazlaşmagyna getiren hereketleri eden ýagdaýynda;

          b) yzygiderli 3 (üç) aýyň dowamynda kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryndan peýdalanmadyk halatynda.

          7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklara eýedir.

5.“Operator” şulara borçlanýar:


          1) bellenilen hil görkezijileri we nyrhlar boýunça KTRÝU hyzmatlaryny etmäge;

          2) KTRÝU hyzmatlaryny “Abonente” şertnama baglaşmak üçin gerek bolan, şeýle hem olaryň edýän KTRÝU hyzmatlary hakynda gutarnykly maglumat bermäge;

          3) KTRÝU hyzmatlaryny “Abonente” edilýän telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlarynyň hasabyny ýöretmäge;

          4) KTRÝU edilen hyzmatlary hakyndaky ýazgylary olary saklamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletleri geçýänçä saklamaga we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde olar hakynda maglumat bermäge;

          5) KTRÝ ulgamlarynyň adatdan daşary ýagdaýdaky şertlerde işlemäge taýýarlygyny üpjün etmäge;

          6) KTRÝ ulgamlary we olaryň başga telekommunikasiýa ulgamlar bilen özara gatnaşygy hakynda hasaba alşy we resminamalary ýöretmäge;

          7) KTRÝU hyzmatlary üçin telekommunikasiýa aragatnaşyk operatorynyň özi tarapyndan bellenilýän nyrhlary olaryň girizilmegine azyndan 7 (ýedi) senenama güni galýança halka ýetirmäge;

          8) bölünip berlen belgileýiş resursynyň atlarda peýdalanylmagyny üpjün etmäge;

          9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde “Abonente” telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlarynyň sanawynyň kemeldilmeginiň ýa-da olaryň ahyrky enjamynyň öçürilmeginiň mümkindigi hakynda duýduryş bermäge;

          10)KTRÝ ulgamlaryndan we bu ulgamlar tarapyndan berilýän maglumatlardan rugsatsyz paýdalanylmagyna ýol bermezlik üçin çäre görmäge;

          11) maglumat howpsuzlygyna täsir edip biljek howplar (zyýanly kod, wiruslar, düzgün bozulmalar) aradan aýrylýança, degişli aragatnaşyk ulgamynyň işini togtatmaga ýa-da düzgüni bozan peýdalanyjynyň maglumat ulgamynda ygtyýarlygyny çäklendirmäge;

          12) maglumat tehnikalaryny (tehnologiýalary) peýdalanmak arkaly amala aşyrylýan kiberjenaýatçylygyň garşysyna geçirilýän işlere ýardam bermäge;

          13) “Abonente” şertnama esasynda şu Tertibiň şertlerini berjaý etmek bilen kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge;

          14) Taraplaryň ylalaşan möhletlerine laýyklykda abonent ugruny kabel teleradioýaýradyş kabel we ýaýlym-kabel torlary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamyna birikdirmäge;

          15) kabel teleradioýaýradyş ýaýlymlary üçin tehniki serişdeleriniň bökdençsiz we ýokary hilli işlemegini üpjün etmäge;

          16) kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary üçin nyrhlar üýtgemezinden ozal 7 (ýedi) senenama günüň dowamynda bu barada “Abonente” habar bermäge;

          17) “Abonentden” KTRÝU-nyň hyzmaty babatda arza gelip gowşan halatynda, bir gije gündizden gijä galman KTRÝU-daky näsazlyklary düzetmäge;

          18) “Abonente” KTRÝU-da ýüze çykan awariýalar (iri näsazlyklar) we olary düzetmegiň çaklanylýan möhletleri barada habar bermäge;

          19) “Abonente” kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary üçin nyrhlara üýtgetmeler girizilmegine 7 (ýedi) senenama gün öňünden bu barada habar bermäge, şeýle hem abonent ulgamyndan öçürilmegine 3 (üç) senanama gün öňünden bu barada meýilleşdirilýändigini habar bermäge;

          20) hereket edýän şertnamalaryň, arza şikaýatlary hasaba alynýan kitaplaryň we teklipleriň hasaba alynmagyny we saklanylmagyny üpjün etmäge hem-de “Abonentleriň” ilkinji talaby boýunça olara bermäge;

          21) hereket edýän Nurhnama laýyklykda, Abonente degişli bolan enjamy KTRÝU-na birikdirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmäge;

          22) ulgamda hasaplaşyk üçin köpderejeli (ýokary derejeli) goraglylygy bolan (porollar bilen) gorag programmasy bilen üpjün etmäge;

          23) “Abonentlere” KTRÝU hyzmatlary barada doly we anyk maglumatlary bermek hem-de hyzmatlar babatyndaky meseleler boýunça maglumat bermek;

          24) KTRÝU hyzmatlarynyň kemçiliklerini düzetmek boýunça çäreleri görmäge;

          25) “Operatoryň” KTRÝU hyzmatlarynyň edilmegini üpjün edýän işgärleri, KTRÝU-na girmekligiň syrlaryny, parollaryny we ähli gulluk maglumatlaryny gizlin saklamaklyga, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda “Abonentiň” islendik şahsy maglumatlaryny aýan etmezlige;

          26) “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Maglumata eýelik ediji, maglumat ulgamynyň “Operatory” Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda şulary üpjün etmäge borçludyrlar:

          a) maglumata rugsatsyz aralaşylmagynyň we onuň maglumata rugsada hukugy bolmadyk şahslara geçirilmeginiň öňüni almak;

          b) maglumata rugsatsyz aralaşylan halatlaryny öz wagtynda ýüze çykarmak;

          ç) maglumata rugsadyň tertibiniň bozulan halatlarynda ýaramaz netijeleriň bolmagynyň mümkinligi barada duýdurmak;

          d) maglumaty gaýtadan işleýän tehniki serişdeleriň iş hereketleriniň bozulmagyna getirip biljek täsir etmelere ýol bermezlik;

          e) rugsatsyz aralaşylmagyň netijesinde üýtgedilen ýa-da ýok edilen maglumatyň dessine dikeldilmegine mümkinçilik döretmek;

          ä) maglumatyň goraglylyk derejesiniň üpjünçiligine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmak.

          f) şahsy maglumatlara bikanun rugsadyň öňüni almak;

          g) eger şahsy maglumatlara bikanun rugsadyň öňi alnyp bilinmedik bolsa, şeýle bikanun rugsadyň hakyky ýagdaýlaryny öz wagtynda ýüze çykarmak;

          27) wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur we ýeterlik bolan şahsy maglumatlaryň sanawyny tassyklamaga;

          28) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahsy maglumatlary goramak üçin zerur çäreleri, şol sanda hukuk, guramaçylyk we tehniki çäreleri görmäge we berjaý etmäge.

          29) “Abonentiň” ýüztutmasy boýunça oňa degişli islendik şahsy maglumaty 1 (bir) iş gününiň dowamynda “Abonente”bermäge;

          30) şahsy maglumatlar we olary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge;

          31) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryna ýetilen, şeýle hem “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda" Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen gaýry halatlarda bu maglumatlary ýok etmek boýunça çäreleri görmäge;

          32) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga “Abonentiň” razylygynyň alnanlygy barada subutnamalary bermäge.

          “Abonentiň” şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga onuň razylygynyň alnanlygyna subutnama bermäge, hemmelere elýeter bolan şahsy maglumatlar ýygnalan we işlenip taýýarlanan halatlarynda bolsa ýygnalýan we işlenip taýýarlanýan şahsy maglumatlaryň hemmelere elýeter bolan şahsy maglumatlar bolup durýanlygyny subut etmäge;

          33) ýüztutmanyň alnan gününden bir iş gününden geçmeýän möhletiň dowamynda subýekte maglumaty bermekden ýüz dönderilen halatynda delillendirilen jogap bermäge;

          34) “Abonentiň”şahsy maglumatlarynyň barlygy barada maglumaty oňa bermäge we olar bilen tanyşmaga mümkinçilik döretmäge;

          35) eger “Abonentiň”şahsy maglumatlary doly däl, könelen, hakyky däl bolsa ýa-da olary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlary üçin zerur bolmasa, “Abonentiň” talaby boýunça şol maglumatlary anyklamaga, gabamaga ýa-da ýok etmäge;

          36) “Abonentiň” hukugyny goramak boýunça çäreleri görmäge;

          37) 1 (bir) iş gününiň dowamynda:

          a) degişli resminamalar esasynda hakykylygy tassyklanýan şahsy maglumatlary anyklamaga ýa-da anyklamak mümkin bolmasa, olary ýok etmäge;

          b) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleriniň bozulanlygy barada maglumat bolan halatynda subýekte degişli şahsy maglumatlary gabamaga;

          38) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlaryny ýerine ýetirmäge.

“Abonent” şu aşakdakyklara hukuklydyr:


          1) şertnama laýyklykda KTRÝU hyzmatlaryndan peýdalanmaga;

          2) KTRÝU hyzmatlarynyň alynýan sanawyny üýtgetmek boýunça “Operatora” teklipleri bermäge;

          3) KTRÝU hyzmatlaryndan ýüz döndermäge we ozal ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin “Operatora” tölegleri geçirip şertnamany ýatyrmaga;

          4) “Operator” bilen şertnama laýyklykda ýa-da özbaşdak (KTRÝU-da tehniki talaplary berjaý etmek bilen) öz binasynda abonent ugruny, abonent ulgamyny gurnamaga, soňra KTRÝU-nyň abonent ugruna birikdirmek barada “Operatora” arza bermäge;

          5) “Operatoryň” iş tertibi, edilýän hyzmatlar toplumy we ş.m. maglumatlary talap edip almaga;

          6) “Operatora” ýazmaça arza bilen ýüzlenip hyzmatlaryň sanawyny üýtgetmäge;

          7) “Operatora” özüniň islegleri barada ýazmaça arza bermek ýa-da “Operatoryň” programmalaýyn serişdeleri (BILLING) arkaly saýlap alnan Nyrh meýilnamasyny üýtgetmäge;

          8)senenama ýylynyň dowamynda, 3 (üç) aýdan artyk bolmadyk möhlet üçin hyzmatlaryň alynmagyny wagtlaýyn saklamaga. Şeýle ýagdaýda “Abonent” serwisiň wagtlaýyn togtadylan döwründe ähli bar bolan bergilerini üzmeklige we özüniň serwisi wagtlaýyn togtatmak islegleri barada 5 (bäş) iş gün öňünden “Operatora” ýazmaça habar bermeklige borçludyr. Şol döwür üçin “Abonentden” töleg alynmaýar;

          9) “Operatorda” bar bolan öz şahsy maglumatlary bilen tanyşmaga, şeýle hem şulary özünde saklaýan maglumatlary almaga;

          a) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň hakyky ýagdaýynyň, maksadynyň, çeşmeleriniň, usullarynyň tassyklanmagyny;

          b) şahsy maglumatlaryň sanawyny;

          ç) şahsy maglumatlary işläp taýýarlamagyň möhletlerini, şol sanda olary saklamagyň möhletlerini;

          10) degişli resminamalar bilen tassyklanýan esaslar bar bolanda öz şahsy maglumatlarynyň anyklanmagyny talap etmäge;

          11) öz şahsy maglumatlaryny ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleriniň bozulanlygy barada maglumaty bolan halatynda “Operatordan” gabalmagyny talap etmäge;

          12) öz şahsy maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygy bozulyp ýygnalanda we işlenip taýýarlananda, şeýle hem “Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan gaýry halatlarda şol maglumatlaryň ýok edilmegini “Operatordan”, şeýle hem üçünji şahsdan talap etmäge;

          13) eger öz şahsy maglumatlary doly däl, könelen, hakyky däl bolsa ýa-da olary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlary üçin zerur bolmasa, şol maglumatlaryň anyklanylmagyny, gabalmagyny ýa-da ýok edilmegini “Operatordan”, şeýle hem üçünji şahsdan talap etmäge;

          14) şahsy maglumatlaryny ýygnamaga, işläp taýýarlamaga razylygyny yzyna almaga;

          15) öz şahsy maglumatlaryny hemmelere elýeter bolan çeşmelerde ýaýratmaga Operatora razylygyny bermäge (bermezlige);

          16) öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şol sanda maddy we ahlak taýdan zyýanyň öweziniň dolunmagyna;

          17) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklara eýedir.

“Abonent” şulara borçlanýar:


          1) KTRÝU-nyň “Abonent” ugruna özbaşdak birikmegi goýbermezlige, KTRÝU-dan peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge hem-de ulgama zyýan ýetirmezlige;

          2) abonent ugruny, abonent ulgamyny, abonent rozetkalaryny, abonent kabellerini abat derejede saklamaga, näsaz we sertifikatlaşdyrylmadyk abonent enjamlaryny peýdalanmazlyga, abonent enjamlaryny peýdalanmak boýunça gözükdirmeleri berjaý etmäge;

          3) şertnamada bellenilen möhletlerde kabel teleradioýaýradyş hyzmatlary üçin tölegleri geçirmäge, hyzmatlaryň tölegleri babatynda bergilerini bellenilen möhletlerde üzendigi barada töleg resminamalaryny görkezmek bilen “Operatora” habar bermäge;

          4) zerur bolan halatynda “Operatoryň” işgärleri bilen, olar suratly, möhür bilen berkidilen şahadatnamalaryny görkezenlerinde, abatlaýyş, ölçeg we düzediş işlerini geçirmek üçin abonent ugurlaryna, abonent ulgamyna we abonent rozetkalaryna baryp görmegi üpjün etmäge;

          5) zerur bolan halatynda “Operatora” KTRÝU-dan peýdalanmakda dowamly arakesmeleriň bolandygy barada, tölegler boýunça mümkin bolan bergiler bilen baglylykda ulgamdan öçürilmeginiň öňüni almak maksady bilen bu barada habar bermäge;

          6) onuň talaby boýunça “Operatora” peýdalanylýan abonent enjamlarynyň görnüşi baradaky maglumatlary bermäge;

          7) “Operatoryň” hyzmatlaryndan peýdalanyp başlamazdan öň Şertnamada beýan edilen düzgünler bilen tanyşmaga we olary berk berjaý etmäge;

          8) “Operator” tarapyndan edilen hyzmatlar üçin wagtly wagtynda tölegleri tölemäge;

          9) özi baradaky maglumatlaryň üýtgän ýagdaýynda 10 (on) senenama gününiň dowamynda “Operatora” ýazmaça habar bermäge

          Şeýle hem, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:

          a) telekommunikasiýa aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;

          b) bellenilen talaplara laýyk gelýän resminamasy bolan ahyrky enjamy peýdalanmaga;

          ç) ahyrky enjamyň milli howpsuzlygyň, goranmagyň we hukuk tertibiniň bähbitlerine zeper ýetirýän hukuga garşy gelýän hereketleri amala aşyrmak üçin peýdalanylmagyna ýol bermezlige;

          d) telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryny ulanmagyň howpsuzlygyna, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň bitewiligine we özara hereketine, telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň habar howpsuzlygyna, radioelektron serişdeleriniň elektromagnit ylalaşyjylygyna wehim salyp biljek, şeýle hem beýleki “Abonentlere” hyzmat edilende çylşyrymlaşdyryp ýa-da päsgelçilik döredip biljek hereketlere ýol bermezlige;

          e) ahyrky enjamlaryň we abonent liniýalarynyň üçünji şahslar tarapyndan peýda görmek maksady bilen peýdalanylmagyna ýol bermezlige.

          11) “Operatora” şu Şertnamany düzmek üçin ygtybarly hasaplaşyk maglumatlaryny bermäge. Görkezilen maglumatlaryň üýtgän ýagdaýynda “Operatora” 5 (bäş) iş gününiň dowamynda ýazmaça görnüşde täze maglumatlary bermäge;

          12) kabel teleradioýaýradyş kabel we ýaýlym-kabel torlary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamyndan peýdalanmagyň kadalaryny ýerine ýetirmäge, abonent ugrunyň sazlygyny hem-de degişli derejede saklanylmagyny üpjün etmäge;

          13) kabel teleradioýaýradyş kabel we ýaýlym-kabel torlary arkaly teleradioýaýlymlary ýaýratmak ulgamyna abonent ugrunyň özbaşdak birikdirilmegine ýol bermezlige;

          14) ulgama näsaz enjamyň, şeýle hem ýokary ýygylykly signallary emele getirýän enjamlaryň birikdirilmegine ýol bermezlige

          15) ulgamyň enjamlarynyň ýa-da onuň bölekleriniň hyzmatlary köpçülige hödürlemek üçin peýdalanylmagyna, şeýle hem üçünji şahslaryň ulgamyň hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin şertleriň döredilmegine ýol bermezlige;

          16) düzediş we abatlaýyş dikeldiş işlerini geçirmek üçin, “Operator” tarapyndan surat ýelmenip, möhür bilen tassyklanan şahadatnamasy görkezilen ýagdaýynda, Ulgamyň enjamlaryna (“Abonentiň” enjamynyň ahyrky nokadyna çenli islendik çäkde) “Operatoryň” hünärmenlerine enjamlary gözden geçirmekligine mümkinçilik döretmäge;

          17) edilen hyzmatlar üçin tölegleri öz wagtynda geçirmäge;

          18) abonent ulgamyň işinde ýüze çykýan näsazlyklaryň ählisi barada “Operatora” tizden tiz habar bermäge, öz nägilelikleri we arz-şikaýatlary barada “Operatora” ýazmaça görnüşinde habar bermäge.

3. Hasaplaşyklary geçirmegiň tertibi


           8. Ähli tölegler hereket edýän nyrhlar boýunça amala aşyrylýar.

           9. Şu Şertnama boýunça hyzmatlaryň nyrhlary, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan salgytlary, ýygymlary we beýleki hökmany tölegleri hasaba alnyp kesgitlenilýär;

           10. “Operatoryň” hasaplaşyk hasabyna pul serişdeleri gelip gowşan pursatyndan başlap, nagt pul serişdeleri bilen hasaplaşyklar geçirilenden soňra tölegler boýunça borçnamalar ýerine ýetirilen diýlip hasaplanylýar.

           11. “Abonent” şu Şertnama boýunça hyzmatlaryň töleglerini her aýyň 25-ne çenli geçirýär.


4. Taraplaryň jogapkärçiligi


           12. Şu Şertnama ýerine ýetirilende “Taraplar” “Aragatnaşyk hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň 50-nji we 51-nji maddalaryna hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2019-njy ýylyň ___-nji(y) ________ _______bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministriniň 2019-njy ýylyň ____-nji(y) ________ çykaran _____ belgili buýrugy bilen tassyklanan Kabel teleradioýaýradyş hyzmatlaryny etmegiň Tertibine goldanýarlar.

          13. “Operator” öz ulgamlary arkaly berilýän habaryň mazmuny üçin jogapkärçilik çekmeýärler.

           14. “Operator” ýeňip geçip bolmajak güýjüň (ýer titremeginiň, suwuň joşmagynyň, harasadyň we başgalaryň) täsiri netijesinde, şeýle hem “Operatoryň” peýdalanýan liniýalary we stansiýa desgalarynyň ogurlanan ýa-da olara üçünji taraplaryň günäsi bilen zeper ýetirilen halatynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda peýdalanyjynyň günäsi boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirilmezligi üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny peýdalanyjynyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

           15. “Operator” kabel teleradioýaýradyş hyzmatlarynyň hiliniň peselmegi, abonent ugrunyň, abonet ulgamynyň we abonent rozetkalarynyň näsazlyklary bilen baglanyşykly bolan ýagdaýlary üçin jogapkärçilik çekmeýär.

           16. “Abonentiň” günäsi bilen teleradioýaýradyş ulgamyna zeper ýeten halatynda “Operatoryň” zeper ýetmeleri düzetmek üçin, şeýle hem oňa bu zeper zerarly ýetirilen beýleki ýitgiler (şol sanda alynmadyk girdeji) üçin ähli çykdajylar “Abonentiň” üstüne ýüklenilýär.

           17. “Abonent” bilen bilelikde ýaşaýan hem-de kämillik ýaşyna ýeten, kämillik ukyby bolan adamlar şu Şertnama boýunça borçnamalaryň bozulandygy üçin bilelikde jogapkärçilik çekýärler.

           18. “Abonent” kemçilikler barada habar gelip gowşandan soň, bir aýyň dowamynda kemçilikleri aradan aýyrmadyk ýagdaýynda, “Operator” bir taraplaýyn tertipde şertnamany ýatyrmaga haklydyr. Şunda, “Abonent” Şertnama ýatyrylan senesine çenli edilen hyzmatlaryň tölegini doly möçberde tölemelidir şeýle hem, şol näsaz abonent enjamy peýdalanylmagy netijesinde “Operatoryň” çeken ähli çykdajylarynyň öwezini dolmalydyr.

           19. “Abonent”, eger-de zyýan ýetirmek hereketi öňüni alyp bolmajak güýçleriň ýa-da adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlaryň, üçünji şahslaryň hereketleriniň täsiri bilen, şeýle hem “Operatoryň” şertnamalaýyn borçnamalaryny bozandygy sebäpli ýüze çykandygy subut edilen ýagdaýynda, “Operatora” ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik çekmekden boşadylýar. Şertnamanyň şertleriniň talaba laýyk berjaý edilmezligi üçin “Taraplar” şahsy jogapkärçilik çekýärler.

           20. Şertnamadan ýa-da onuň bilen baglanşykly ýüze çykyp biljek ähli jedeller we düşünişmezlikler “Taraplaryň” arasyndaky ikitaraplaýyn gepleşikler arkaly çözülmelidir. Özara gepleşikleriň netijesinde ylalaşyk gazanylmadyk halatynda jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tarapyndan çözülýär.

           21. Türkmenistanyň kazyýetiniň kanuny güýjüne giren çözgüdi “Taraplar” üçin ýerine ýetirilmegi hökmanydyr we ol gutarnyklydyr.


5. Şertnamanyň hereket edýän möhleti


          22. Şu Şertnama “Taraplar” tarapyndan gol çekilen pursatyndan güýje girýär we Şertnama ýatyrylýança hereket edýär.

           23. Şertnamany ýatyrmak üçin “Abonent” emele gelen bergisini tölemelidir hem-de Şertnamany ýatyrmak isleýändigi barada “Operatoryň” salgysyna ýazmaça arza bermelidir. “Operator” “Abonentden” arzany alan senesinden soňra 2 (iki) iş gününiň dowamynda Şertnamany ýatyryp biler. Sarp edilmedik pul serişdeleri “Abonente” gaýtarylyp berilýär, şunda “Operator” harçlanmadyk pul serişdeleri yzyna gaýtarmak boýunça ähli çykdajylary “Abonentiň” hasabyna ýerine ýetirýär.

           24. Şu Şertnamanyň ýatyrylýandygy barada “Operator” özüne elýeterli islendik usulda “Abonente” habar berýär.


6. Taraplaryň hukuk salgylary we bank maglumatlary


"Operator"

________________________________________________________________

Salgysy:________________________________________________________

tel_____________________________________________________________

H/hasap_________________________________________________________

MFO_____________________________________________________________

S/kod___________________________________________________________

Direktor________________________________________________________

M.ýe

(goly)

“Abonent” (fiziki şahs üçin)

______________________________________________________________________

Pasport seriýasy_____№________________________________________________

______________________________________________________________________

"___________"_____________________ ý. berlen

öý salgysy________________________________________________şäher, etrap

köçesiniň, _______________________________jaýynyň, ________________öýi

"Abonent" ___________________ ________________________________________

(goly)

“Abonent” (ýuridik şahs üçin)

Ady:__________________________________________________________________

______________________________________________________________________

Hukuk salgysy:________________________________________________________

______________________________________________________________________

Bank maglumatlary:____________________________________________________

______________________________________________________________________

______________________________________________________________________

______________________________________________________________________

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 2019. ÄHLI HAKLAR GORALAN.