Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgileýiş resurslaryny, şol sanda Türkmenistanyň halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň segmentlerini paýlamagyň we peýdalanmagyň tertibi


Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2018-nji ýylyň 21-njiawgustynda çykaran 195 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgileýiş resurslaryny, şol sanda Türkmenistanyň halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň segmentlerini paýlamagyň we peýdalanmagyň tertibi
 

1. Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgileýiş resurslaryny, şol sanda Türkmenistanyň halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň segmentlerini paýlamagyň we peýdalanmagyň tertibi (mundan beýläk-Tertip) “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

Şu Tertip Türkmenistanyň belgileýiş ulgamyna we meýilnamasyna (mundan beýläk – türkmen ulgamy we belgileýiş meýilnamasy) laýyklykda, Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup durýan halkara guramalarynyň maslahatlaryny hasaba almak bilen, Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgileýiş resurslaryny, şol sanda Türkmenistanyň halkara aragatnaşyk ulgamlarynyň segmentlerini paýlamagyň we peýdalanmagyň tertibini kesgitleýär.

2. Şu Tertip telekommunikasiýa aragatnaşygynyň ähli aragatnaşyk operatorlary (mundan beýläk - Operator) üçin hökmany bolup durýar.

3. Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgileýiş resursynyň düzgünleşdirilmegi döwletiň aýratyn hukugy bolup durýar.

4. Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgileýiş resurslarynyň bitewi torunyň belgileýiş resurslary aragatnaşygyň halkara  torunyň resurslarynyň bölegi bolup, aragatnaşygyň telefon, telegraf torlarynyň, maglumat geçiriji torlarynyň belgileýiş resurslaryndan, Internet (telematiki) hyzmatlar gullugyndan, Internet ulgamynyň meňzetme kodlaryndan, şeýle hem aragatnaşyk ulgamlarynyň deňeşdirme kodlaryndan, olaryň görnüşlerinden we soňky enjamlaryndan ybaratdyr.

5. Şu Tertip Internet ulgamynyň türkmen segmentiniň belgileýiş resurslaryny bölüp bermek we paýlama tertibine degişli däldir.

6.Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi (mundan beýläk - Ministrlik) Operatorlar üçin belgileýiş resurslaryny bölüp berýär, belgileýiş resurslarynyň çäklerini belleýär.

7. Belgileýiş resurslaryny bölüp bermek, üýtgetmek ýa-da almak Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň buýrugy bilen amala aşyrylýar.

8. Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň  belgileýiş resurslarynyň bölünip berilmegi, üýtgedilmegi ýa-da alynmagy, Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgileýiş resurslaryny bölüp bermek (gaýtadan resmileşdirmek) barada arzanyň (şu Tertibe 1-nji goşundy) we öň bölünip berlen belgileýiş resursynyň alynmagy hakynda arzanyň (şu Tertibe 2-nji goşundy) esasynda Ministrlik tarapyndan amala aşyrylýar.

9. Belgileýişiň geografiki taýdan bellenilýän we bellenilmeýän zolaklarynyň kodlary, şeýle hem telekommunikasiýa hyzmatlaryna ygtyýar we telefon aragatnaşyk ulgamynyň Operatorlary saýlama kodlary belli bir alyja eýe bolmagy, türkmen ulgamyna we belgileýiş meýilnamasyna laýyklygy Ministrlik tarapyndan bellenilýär.

10. Belgileýiş resurslaryny almak üçin Operator Ministrlige ýazmaça görnüşinde arza berýär. Arzada şu aşakdakylar beýan edilýär:

  1. ýuridik şahslar üçin – Operatoryň ady (resmi ady), guramaçylyk-hukuk görnüşi, Ýuridik şahslaryň döwlet tarapyndan bellige alnan ýeriwe onuň hukuk salgysy;
  2. hususy telekeçi üçin – familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, şahsyýetini tassyklaýan resminamasy barada maglumatlary;
  3. belgileýiş resurslarynyň möçberi;
  4. belgileýiş resurslarynyň ulanyljak çäkleri.

11. Belgileýiş resurslaryny almak üçin Operatoryň Ministrlige beren ýazmaça görnüşindäki arzasynyň ýanyna şu aşakdaky zerur resminamalar goşulýar:

  1. aragatnaşyk pudagynda hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ygtyýarnamanyň bellenen tertipde tassyklanylan nusgasy;
  2. ýuridik şahslar üçin –doly ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we senesi, guramaçylyk-hukuk görnüşi, hukuk salgysy, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti;
  3. hususy telekeçi fiziki şahs üçin – döwlet tarapyndan bellige alan edaranyň ady, bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň belgisi we senesi, hususy salgyt belgisi, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti;

4)   ýuridik şahslaryň ýa-da hususy telekeçiniň bellige alynandygy hakyndaky şahadatnamanyň we aragatnaşyk babatda işi amala aşyrmaga ygtyýarnamasynyň bellenen tertipde tassyklanan nusgalary.

Şunda, resmi resminamany bermäge hukugy bolan ýa-da resminamany arhiw resminamasy hökmünde saklaýan administratiw edara, şeýle resminamanyň nusgasyny ýa-da ondan göçürmäni berip we olaryň dogrulygyna resmi şaýatlyk edip biler. Şahsdan resminama kabul edýän administratiw edara bu resminamanyň nusgasyny alyp biler ýa-da ondan göçürme alyp, onuň dogrulygyna resmi taýdan şaýatlyk edip biler. Eger administratiw edara nusgasy bilen resminamanyň asyl nusgasy getirilen bolsa, administratiw edaranyň nusgalaryň notarial ýa-da resmi taýdan şaýatlyk edilmegini talap etmäge hukugy ýokdur.

12. Arza bilen ýüz tutýan Operatordan şu Tertibiň on birinji böleginde göz öňünde tutulmadyk resminamalary talap etmeklige ýol berilmeýär.

13. Ministrlik Operatoryň beren resminamalarynyň esasynda, belgileýiş resurslarynyň  bellenilen çäklerinde we şu Tertibiň onunjy we on birinji böleklerinde beýan edilen arzany we onuň ýanyna goşulýan resminamalary kabul eden senesinden kyrk bäş senenama gününiň dowamynda, belgileýiş resurslaryny bölüp bermek üçin tehniki mümkinçilikleriniň barlagyny geçirýär we arza berijä belgileýiş resurslarynyň bölüp bermek hakynda netijä gelinendigi barada ýazmaça habar (gowşurma baradaky habar bilen) iberýär. Operatordan belgileýiş resursynyň alnandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän möçberde we tertipde ýygym alynýar. Ministrlik tarapyndan belgileýiş resurslaryny bermek hakynda buýrugy resmileşdirmek, Operator tarapyndan belgileýiş resurslaryny alandygy üçin ýygymy töländigini tassyklaýan resminamasynyň görkezilen gününden ýedi senenama gününiň dowamynda amala aşyrylýar. Operator tarapyndan belgileýiş resurslaryny bermek hakynda buýrugyň kabul edilendigini tassyklaýan habaryň gelen senesinden togsan senenama gününiň dowamynda, belgileýiş resurslaryny alandygy üçin ýygymy töländigini tassyklaýan töleg resminamasyny görkezmedik ýagdaýynda, Ministrlik belgileýiş resurslaryny gowşurmak baradaky buýrugy ýatyrmaga haklydyr.

14. Ministrligiň şu aşakdaky esaslaryň biri bar bolan ýagdaýynda, belgileýiş resurslaryny bölüp bermek hakynda buýrugy kabul etmekden ýüz dönderýär:

  1. Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň belgileýiş resurslaryny bölüp bermek (gaýtadan resmileşdirmek) baradaky arzasynyň we oňa goşulan resminamalaryň şu Tertibiň talaplaryna laýyk gelmedik ýagdaýynda;
  2. Operatoryň getirip tabşyran resminamalarynda nädogry ýa-da ýoýulan maglumatlaryň bar bolan ýagdaýynda;
  3. Operatoryň getirip tabşyran, aragatnaşyk babatda işi amala aşyrmaklyga ygtyýarnamasynda görkezilen işiň görnüşi bilen belgileýiş resurslarynyň beýan edilen zerurlygynyň laýyk gelmezligi;
  4. arza bilen bilelikde tabşyrylan aragatnaşyk ulgamynyň gurluş çyzgysynyň bellenilen talaplara laýyk gelmezligi;
  5. talap edilýän belgileýişiň türkmen ulgamyna we belgileýiş meýilnamasyna laýyk gelmezligi.

Ýokarda beýan edilen esaslaryň biri bar bolan ýagdaýynda, Ministrlik resminamalaryň kabul edilen gününden otuz senenama günüň dowamynda arza berijä sebäpleri belläp resminamalary yzyna gaýtaryp berýär.

15. Şu Tertibe laýyklykda berilmedik belgileýiş resurslaryndan peýdalanmak gadagan edilýär.

Bu hili belgileýiş resurslarynyň ulanylyşyny gijä goýman bes etmek üçin Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli çäreler görülýär.

Bir Operatora berlen belgileýiş resursyndan başga Operatoryň ulanmaga hukugy ýokdur. Belgileýiş resursy berlen gününden başlap 2 ýylyň dowamynda doly ýa-da bölekleýin ulanylmalydyr. Belgileýiş resursy, şu ýagdaýlarda ulanylan diýip hasap edilýär:

  1. doly, eger-de ol Operator tarapyndan 85% hyzmat etme üçin ulanylan bolsa;
  2. bölekleýin, eger-de ol Operator tarapyndan 75% hyzmat etme üçin ulanylan bolsa.

16. Operatoryň özüne bölünip berlen belgileýiş resursyny ýa-da onuň bir bölegini diňe Ministrligiň rugsady bilen beýleki Operatora bermäge hukugy bardyr.

Operator, özüne bölünip berlen belgileýiş resursyny beýleki Operatora bermek rugsadyny almak üçin, Ministrlige şu Tertibiň sekizinji we on birinji böleklerinde bellenilen tertipde arza berýär. Şol bir wagtda, şu Tertibiň on dördünji böleginde göz öňüne tutulan esaslaryň biri bar bolan ýagdaýynda, Ministrlik Operatoryň beren resminamalaryny yzyna gaýtaryp bermelidir.  

Ministrlik Operatora degişli çägindäki resurslary çäkli bolan ýagdaýynda,  berlen belgileýiş resursyny ýa-da onuň bir bölegini beýleki Operatora geçirmek hakynda rugsat bermeýär. Ministrlik ulanylan belgileýiş resursyny doly ýa-da bölekleýin bir Operatordan beýleki Operatora belgileýişiň türkmen ulgamyna we belgileýiş meýilnamasyna laýyklykda ulanmaga rugsat berýär. Beýleki Operatorlar hereket edýän radiotelefon aragatnaşygynyň operatory bilen  hyzmat etmek hakynda şertnama baglaşyp, abonent belgisini goramak hakynda karar kabul edende, Ministrligiň bu hili abonent belgisini hereket edýän radiotelefon aragatnaşyk operatoryna geçirmek üçin razylygy hökmanydyr.

17. Belgileýiş resursyny kabul eden Operator, abonentler we aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanýan ulanyjylara özbaşdak belgileri berýär, toruň identifikasion kodlaryny, oňa berlen belgileýiş resursyndan öz aragatnaşyk torunda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan rugsat kodlaryny belleýär.

18. Belgileýiş resursyny kabul eden Operator, şu aşakdakylary ýerine ýetirmelidir:

  1. hyzmat edilýän çägi boýunça berlen resurslaryň ýerleşdirmesini kesgitleýän belgileýiş meýilnamasyna eýe bolmalydyr;
  2. Ministrlige, türkmen ulgamynyň reýestrine we belgileýiş meýilnamasyna goşmak üçin belgileýiş meýilnamasynyň nusgasyny bermelidir;
  3. özüne berlen belgileýiş resursyny, başga Operatoryň telefon aragatnaşyk hyzmatlaryny bermek maksady üçin ulanmaga rugsat bermeli däldir;
  4. Ministrlige 30-njy iýundan 31-nji dekabryna çenli özüne berlen belgileýiş resursyny öz torunda ulanýandygy hakynda maglumat bermelidir;
  5. Operatoryň ýerleşýän ýeri bilen bagly ähli üýtgetmeleri (döwlet bellige alnan ýeri we hukuk salgysy) barada, bu hili üýtgetmeleriň ýüze çykan gününden otuz senenama gününiň dowamynda Ministrlige habar bermelidir.

19. Ministrlik belgileýiş resursyny bermek hakynda buýrugy gaýtadan şu aşakdaky ýagdaýlarda resmileşdirýär:

  1. kärhana üýtgedilip guralanda,goşulanda, birleşende, bölünende, bölnüp aýrylanda, gaýtadan üýtgedilende;
  2. aragatnaşyk babatdaky işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga ygtyýarnamanyň möhleti uzaldylanda;
  3. aragatnaşyk babatdaky işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmaga ygtyýarnama gaýtadan resmileşdirilende.

Mirasdüşerleriň arasynda belgileýiş resursyny ulanmak hukuklary bilen baglanşykly jedelli mesele dörän ýagdaýynda, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

Şu Tertibiň on dördünji böleginde göz öňüne tutulan esaslarynyň biri bar bolan ýagdaýynda, Ministrlik belgileýiş resursyny bölüp bermek hakynda buýrugy gaýtadan resmileşdirmekden ýüz dönderip Operatora tabşyran resminamalary yzyna gaýtaryp berýär.

Belgileýiş resursyny almak hakynda buýrugyň gaýtadan resmileşdirilmegi, Ministrlige Operator tarapyndan degişli arza beren gününden 30 senenama gününiň dowamynda ýerine ýetirilýär. Belgileýiş resursyny almak hakynda buýrugyň gaýtadan resmileşdirilmegi belgileýiş resursyny almak hakynda buýrugyň täze blankyny resmileşdirme arkaly ýerine ýetirilýär. Bu blanka, gaýtadan resmileşdirmä degişli bolan maglumaty öz içine alýar.

20. Ministrlik tarapyndan Operatorlara öň bölünip berlen belgileýiş resursynyň olardan alynmagy hakynda buýrugy bilen şu aşakdaky esaslar boýunça amala aşyrylýar:

1) degişli belgileýiş resursy bölünip berlen Operatoryň ýüztutmasy;

2) Operatora berlen ygtyýarnamanyň hereketiniň bes edilmegi;

3) Operatoryň belgileýiş resursyny belgileýşiň ulgamyny we meýilnamasyny bozmak bilen peýdalanmagy;

4) Operatoryň belgileýiş resursyny bölünip berlen gününden başlap 2 ýylyň dowamynda doly ýa-da bölekleýin peýdalanmazlygy;

5) belgileýiş resursynyň bölünip berlendigi üçin ýygymyň berlen gününden başlap togsan günüň dowamynda tölenmezligi;

6) Operator tarapyndan şu Tertipde, “Aragatnaşyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň aragatnaşyk babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen talaplaryň ýerine ýetirilmezligi.

21. Operatora Ministrlik tarapyndan onuň belgileýiş resursynyň alynýandygy hakynda buýrugyň kabul edilmeginiň sebäpleri esaslandyrylyp, onuň alynmaly möhletine çenli otuz senenama güni galanda ýazmaça görnüşde habar berilýär.

22. Operatorlara bölünip berlen belgileýişiň türkmen ulgamyny we belgileýişiň meýilnamasyny üýtgetmäge, doly ýa-da bölekleýin almaga Ministrligiň hukugy bardyr. Ministrlik Türkmenistanda ýeke-täk telekommunikasiýa torunyň belgileýişini üýtgetmek barada buýruk kabul edýär. Ministrlik Operatoryň aragatnaşyk torunyň belgileýişini üýtgetmegi her bir anyk ýagdaýda aýratyn belleýär.

23. Ministrlik belgileýiş resurslarynyň hasabatyny alyp barýar, hasabat şu aşakdaky maglumatlary öz içine alýan türkmen ulgamynyň reýestrini we belgileýiş meýilnamasyny emele getirýär:

  1. belgileýişiň türkmen ulgamy we belgileýiş meýilnamasynyň bölünip berlen belgileýiş resurslary barada maglumat;
  2. belgileýişiň türkmen ulgamy we belgileýiş meýilnamasynyň belgileýişiň açyk resurslary barada maglumat;
  3. belgileýiş resurslarynyň berilmeli senesi barada maglumat  we bermek hakynda buýrugyň bellige alyş belgisi (üýtgetme, doly ýa-da bölekleýin almak).

24. Türkmen ulgamynyň reýestrinde we belgileýiş meýilnamasynda bar bolan maglumat Ministrligiň kesgitlän görnüşi we tertibi boýunça çap edilmäge degişlidir.

25. Daşary ýurtlaryň telefon kodlary Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň - Telekommunikasiýalary standartlaşdyrmak baradaky komitetiň (mundan beýläk - ITU-T) maslahatlary bilen E.123 we E.164 belgileri astynda kesgitlenýär. Käbir halatlarda bu kodlar International direct dialing (mundan beýläk - IDD) ýa-da International direct dialing (mundan beýläk - ISD) kodlary diýlip atlandyrylýar.

Е.123- Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň - telekommunikasiýalary standartlaşdyrmak baradaky komitetiň neşirlerde, resmi kagyzlarda we ş.m. milli we halkara telefon belgilerini, elektron poçtasynyň salgylaryny hem-de web-salgylaryny hödürlemegiň nusgalaryny kesgitleýji maslahatydyr.

Е.164 - Halkara telekommunikasiýa bileleşigi - Telekommunikasiýalary standartlaşdyrmak baradaky komitetiniň umumy ulanyşdaky telefon ulgamlarynda we käbir beýleki ulgamlarda ulanylýan belgilemäniň umumy halkara telekommunikasiýa meýilnamasyny kesgitleýji maslahatydyr.

26. Umumy ulanyşdaky simli telefon ulgamlaryna birikdirilen abzallardan halkara telefon belgisine jaň etmek üçin ilki bilen ulgamyň ýerleşýän ýurtlary boýunça tapawutlanýan, ýörite halkara jaňlara geçirýän prefiksi girizmek zerurdyr. Köplenç prefiksiň düzüminde halkara jaňlara hyzmat etjek Operatory saýlamaga, ýa-da pesräk hilli, emma bahasy boýunça amatly nyrhnama geçmäge mümkinçilik bolýar.

27. Telefon belgisiniň halkara nusgasynda belginiň öňünde goýulýan “goşmak” (+) nyşany halkara jaňlaryň prefiksini aňladýar, onuň yzyndan gönümel ýurduň kody girizilýär. Jaň edilýän wagty jaň edýän müşderi ýa-da telefon ulgamy “+” nyşanynyň deregine jaň edilýän ýerde ýerlikli bolan halkara jaňlaryň prefiksini ulanmalydyr.

28. Ýaý käbir halatlarda belgilemäniň açyk meýilnamalarynda (belginiň üýtgeýän uzynlygy bolan belgileme meýilnamalarynda) jaň etmek üçin ulanylman bilýän belginiň bir bölegini alamatlandyrmak üçin milli derejede ulanylýar. Standarta laýyklykda halkara jaňlarda belginiň uzynlygy bellenilen belgileme meýilnamasynyň ulanylýandygy sebäpli ýaýy halkara derejede ulanmaklyga rugsat berilmeýär.

29. Е.123 sanlary toparlara bölmek üçin aşakdaky nyşanlary ulanmaklygy maslahat berýär:

1) milli derejede sanlaryň toparlaryny wizual bölmek üçin, “beýleki ylalaşylan nyşanlaryň (meselem, kese çyzygyň) ulanylmagy gulluk maksatlary üçin zerur bolan halatlardan başgasynda”, olaryň arasynda diňe boş ýerleri goýmak zerurdyr;

2) halkara derejede sanlaryň toparlaryny wizual bölmek üçin olaryň arasynda diňe boş ýerleri goýmak zerurdyr;

3) ýurduň kody, zolagyň kody we ýerli belgi olaryň arasynda boş ýer goýlup bölünmäge degişlidir.

30. Sanlary toparlara bölmegiň kadalary bellenilen talaplara laýyk gelmelidir.

31. Milli derejede birikdiriji liniýanyň prefiksi şonuň milli talaplara laýyklykda zerur bolan ýagdaýynda zolagyň koduna goşulyp bilner.

32. Tilda (~) jaň edýän müşderiniň belli bir belgä jaň aýlaýan mahaly akustiki signala “bekediň jogabyna” (üznüksiz gudoga) garaşmalydygyny alamatlandyrýar.

33. Iki tarapyndan boş ýer bilen tapawutlandyrylýan ýapgyt çyzyk (/) belginiň ätiýaçlyk goşulmalaryny alamatlandyrmak üçin ulanylyp bilner (meselem “555 1234/4444” belgisi 555 1234 ýa-da 555 4444 belgilerini aňladýar).

34. Esasy belgiden soň ýerli awtomatik telefon bekediniň belgisi tonal düzgünde esasy belginiň yzyndan girizilmäge hem-de döwlet dilde “goşmaça” ýa-da “goş.” sözleri bilen tapawutlandyrylmaga degişlidir.

35. Eger awtomatik telefon bekedi goşmaça belgileriň gönümel aýlanylmagynyň hyzmatyny üpjün edýän bolsa, onda goşmaça belgi gönümel esasy belginiň yzyndan aýratyn nyşanlary ulanmasyz girizilmäge degişlidir. Eger dürli goşmaça belgileri girizmegiň mümkinçiligini görkezmegiň zerurlygy bar bolsa, esasy belginiň yzyndan goşmaça belginiň sanlaryna kybap gelýän sanly nokatlary yzygiderli girizmek bolar.

36. E.164 maslahaty bilen telefon belgileriniň nusgasy hem kesgitlenilýär. E.164 boýunça belgiler iň köp 15 sanly bolup biler hem-de adatça “+” prefiksi bilen ýazylýar. Adaty telefon abzalyndan E.164 standartynda ýazylan belgä jaň etmek üçin “+” nyşanynyň deregine degişli halkara liniýa birikdiriji prefiksi ulanmak zerurdyr.

37. E.164.1Bu maslahatda Е.164 laýyklykda ýurtlaryň kodlaryny hem-de degişli identifikasiýa kodlaryny (IC, Identification Codes) ätiýaçlykda saklamagyň, öz adyňa geçirmegiň hem-de ýatyrmagyň tertibi we ugurlary beýan edilýär. Degişli tertip we ugurlar elýeterli bolan Е.164 belgi serişdelerinden netijeli peýdalanmak üçin göz öňünde tutulandyr. Şeýle girizmeler telekommunikasiýa jemgyýetiniň zerurlyklaryny kanagatlandyrar ýaly, Halkara telekommunikasiýalar bileleşiginiň - Telekommunikasiýalary standartlaşdyrmak baradaky komitetiniň (ITU-TSB) hem-de onuň degişli Okuw toparynyň olar babatynda bilelikde tagalla etmeklerini talap edýär. Şeýle tertipler we ugurlar Е.190-da bellenilen ýörelgelere laýyklykda, şeýle-de E.164-de beýan edilen belgileme meýilnamasynyň nusgalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar.

38. Е.164.2 Bu maslahat halkara täjirçilik däl synagyny geçirmek maksady bilen ýurduň umumy kodunda 991 wagtlaýyn üç belgili sanly identifikasiýa koduny girizmegiň tertibini we ugurlaryny öz içine alýar.

39. Е.164.3 Bu maslahatda birnäçe sany ýurt üçin umumy bolan Е.164 ýurt kodunda serişdeleri girizmegiň we ýatyrmagyň ýörelgeleri, tertibi we ugurlary beýan edilýär. Ýurtlaryň bu umumy kodlary Halkara telekommunikasiýalar bileleşigi tarapyndan bellenilen ýurtlaryň ähli beýleki kodlary bilen bir hatarda ulanylýar. Ýurduň umumy kodunyň serişdeleri ýurduň koduny we toparlaýyn identifikasiýa koduny (СС + GIC, Country Code + Group Identificationz Code) öz içine alýar hem-de ýurtlaryň toparyna şol ýurtlaryň toparynyň içinde telekommunikasiýa hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi üpjün edýär. СС + GIC kodunyň girizilmegine Halkara telekommunikasiýalar bileleşigi - Telekommunikasiýalary standartlaşdyrmak baradaky komitet jogap berýär.

gaýtadan resmileşdirmek barada arza
Öň bölünip berlen belgileýiş resursynyň alynmagy hakynda arza
Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2018. ÄHLI HAKLAR GORALAN.