Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriligi Aşgabat şäher telefon ulgamy barada


Aşgabat şäher telefon ulgamy aragatnaşyk operatory bolup, Aşgabat şäher içinde IP-TV, Internet we radioaragatnaşyk CDMA ETS 450D telefon hyzmatyny, ýerli telefon aragatnaşyk hyzmatyny ýerine ýetirýär.

CDMA radioaragatnaşyk ulgamy 2003-nji ýylda Aşgabat şäherinde gurnalyp, işe girizildi. 2010-njy ýyldan başlap bu ulgamyň enjamlary ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem gurnalyp ulanyşa berildi we halkymyza CDMA radioaragatnaşyk ulgamynyň hyzmatlarynda uly isleg bilen peýdalanyp başlady, 2015-nji ýylyň sentýabr aýynyň 14-ne müşderiň jemi 52091-sany ýetdi. Mundan beýläk hem CDMA radioaragatnaşyk ulgamynyň hilini gowlandyrmak we bar bolan  aragatnaşyk enjamlarynyň göwrümini giňeltmek hem-de Aşgabat şäher we welaýatlar üçin goşmaça radiosignallary ýaýradyjylary gurnamak göz öňüne tutulýar.

Telefon stansiýalaryny işe girizmek we aragatnaşyk kabel hojalygynyň göwrümini giňeltmek Aşgabat şäherinde 2015-ýylyň sentýabr aýynyň 1-ne 3770 sany müşderä  simli telefon gurnaldy bu görkezji ýylyň jemi boýunça 5000-müşderä meýileşdirilýär. Ulgam optiki-süýümli we mis aragatnaşyk kabeller esasynda gurnalyp, ýokary tizlikli aragatnaşyk ulgamy we döwrebap kommutasiýa enjamlary bilen edara-kärhanalara we ilata ýokary hilli, dürli görnüşli aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Halkara standartlaryna laýyk gelýän kommutasiýa desgalaryna we optiki halka görnüşli geçirji ulgam aýratynlyklaryna esaslanýar.

Ýurdymyzda halkymyzyň Internet hyzmatlaryna bolan islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, umumy göwrümi 1 Gbit/sek-dan gowrak ýokary tizlikli daşarky internet akymlary kärendä alynýar hem-de ilatymyza we pudak edaralara  dürli görnüşde  çäklendirlimedik we çäkli görnişde hödürlenýär. Häzirki wagtda Internet ulgamyndan peýdalanýan müşderileriň sany 10 000 gowrak birlikden artdy. IP-TV hyzmatlaryny telefon arkaly ösdürmekde göz öňünde tutyp, şäherimiziň ýaşaýyş jaýlaryna ilatymyzyň  isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meýilleşdirildi. Ilatymyzyň bu hyzmata bolan isleglerini kanagatlandyrmaga we pudagymyzyň maddy binýadyny artdyrma göz öňüne tutylýar häzirki wagtda IP-TV boýunça müşderileriň sany  37 000-den gowrak. Aşgabat şäher telefon ulgamynda ulanylýan Ethernet we ADSL tehnologiýalary arkaly internet, IP-TV hem-de ýerli telefon hyzmatlaryny ilata hyzmat edýär. Bu ulgam optiki süýümli kabel arkaly üç sany hyzmaty ýerine ýetirýär häzirki wagtda Aşgabat şäherinde optiki süýümli kabel şäheriň ähli ýerine çekmek işi ýola goýuldy bu bolsa müşderilere bir wagtyň özinde öý telefonda gürleşmäge, Internet ulgamyndan peýdalanmaga we IP-TV görmäge mümkinçiligi döredilen.


AŞTU Araganaşyk maglumatlary:

Telefon:
420581, 347667, 932656, 955903, 331700
Adres: Aşgabat ş. Atamyrat Nyýazow şaýoly.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.