Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi


Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 9-njy iýulynda çykaran №14328 belgili Karary esasynda we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň 2015-nji ýylyň 31-nji awgustyndaky 200 belgili Buýrugy bilen, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi döredildi.

Politehniki orta hünär okuw mekdebinde aşakdaky hünärler boýunça orta bilimli hünärmenler taýýarlanylýar:

  • Ykdysadyýet we dolandyryş; 
  • Awtomobil ulagynyň we dwigatelleriň tehniki hyzmaty we abatlanylyşy; 
  • Köp kanally elektrik aragatnaşygy; 
  • Radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe; 
  • Aragatnaşyk torlary we kommunikasiýa ulgamlary; 
  • Awtomobil ulagynda gatnawlary guramak we dolandyrmak. 

2016-2017-nji okuw ýylynda täze “Awtomobil ýollarynyň we aerodromlaryň gurluşygy, ulanylyşy we abatlanylyşy” hünär girizildi.

Başga-da, Politehniki orta hünär okuw mekdebinde aşakdaky hünärler boýunça başlangyç bilimli hünärmenler taýýarlanylýar:

  1. Buhgalter;
  2. Aragatnaşyk ulgamynyň elektromontýory;
  3. Kompýuteriň operatory (iňlis dilini öwrenmek bilen);
  4. Telefon aragatnaşyk ulgamynyň kabelçi-sepleýjisi;
  5. Buhgalter, kompýuteriň operatory;
  6. Tele-radio enjamlaryny bejeriji we hyzmat ediji radiomehanik;
  7. Kompýuteriň operatory, (programmirlemegiň esaslaryny öwrenmek bilen);
  8. Poçta aragatnaşygynyň operatory;
  9. Köpkanally elektrik aragatnaşygynyň operatory;
  10. Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň operatory.

2015-2016-njy okuw ýylynda jemi 334 talyp bilim alýar.

Mekdepde ähli hünärler boýunça okuw meýilnamasy Hormatly Prezidentimiziň Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakyndaky Kararlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar hem-de Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi tarapyndam ylalaşylýar. Mekdepde okuw döwründe berilýän nazary bilimleri önümçilik tejribeliliginde berkidilýär. Okuwçylaryň önümçilik tejribesi Türkmenistanyň Aragatnaşyk pudagynyň edara-kärhanalarynda, bölümlerinde geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Aragatnaşyk ulgamyny has-da ösdürmek, Politehniki orta hünär okuw mekdebinde okaýan geljekki ýaş hünärmenlere bilim berlişiniň hem-de hünär öwredilişiniň derejesini mazmun we hil taýdan has-da ýokarlandyrmak, dünýä ülňülerine laýyklykda kompýuter-internet ulgamyndan peýdalanyp bilmek başarnyklaryny ösdürmek, ösýän hem-de özgerýän jemgyýetimiziň ösen talaplaryna mynasyp bolmak başarnyklaryny kemala getirmek maksady bilen, döwrebap kompýuterler oturdylyp, olara internet aragatnaşyk hyzmatlary birikdirildi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň döwrebap bilim, edep-terbiýe alyp, ata Watana, il-güne mynasyp hyzmat etmegi üçin döredilýän zerur bolan ähli mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Ýurduň geljegi bolan ýaşlarda ruhubelentlik, gaýduwsyzlyk, halallyk, zähmetsöýerlik, agzybirlik, Watany söýmek, dostluk-doganlyk ýaly kämil ahlak sypatlaryny terbiýelemek işleri bu mekdepde esasy mesele hasaplanyp, okuw mekdebi häzirki zaman kompýuterleri, beýleki tehniki enjamlary bilen abzallaşdyrylan, okatmagyň, hünär öwretmegiň döwrebap usullaryny giňden ornaşdyrmak, okuw maksatnamalaryny yzygiderli kämilleşdirmek, bu meselede internet ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp, dünýä tejribesini öwrenmekligi ýola goýulan.



Okuw mekdebiniň aragatnaşyk maglumatlary:

Adres: ş. Aşgabat, köç 2029, jaý 68.
Telefon: 341314, 34696

Türkmenistanyň Aragatnaşyk Ministrligi 2017. ÄHLI HAKLAR GORALAN.