«Türkmenaragatnaşyk» agentligi barada


«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanda aragatnaşyk babatyndaky syýasaty döwlet tarapyndan dolandyrýan ýeketäk gurama bolup durýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi Türkmenistanyň Prezidentiniň telekommuikasiýanyň ösüşi baradaky syýasatyny durmuşa geçirýär we onuň ösüş ugurlaryny kesgitleýär. Şeýle hem, Türkmenistanda aragatnaşyk babatda operatorlary ygtyýarlandyrmak meselesine seredýär.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi öz alyp barýan işinde şu aşakdaky kanunçylyk namalaryna gollanýar:

  • Türkmenistanyň Konstitusiýasyna;
  • Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Hökümetiniň çykarýan kararlaryna, çözgütlerine we beýleki kanunlaryna;
  • Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlaryna;
  • Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň çözgütlerine;
  • Türkmenistanyň «Aragatnaşyk baradaky kanunyny» we beýleki hereket edýän hukuk-normatiw namalaryna;
  • Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ratifisirlenen ýa-da gol çekilen Halkara ylalaşyklaryna we şertnamalaryna;
  • Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň, Bütindünýä poçta aragatnaşyk bileleşiginiň düzgünnamasyna we aragatnaşyk babatda çykarýan hödürnamasyna;

«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagynda 6 sany edara-kärhanasy bolup, olar aragatnaşygyň dürli ugurlary boýunça öz işini amala aşyrýarlar. «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyndaky edara-kärhanalar indikilerden ybarat:

  • «Türkmentelekom» Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy;
  • «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasy;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Radioýygylyk toplumynyň peýdalanylyşyna gözegçilik etmek boýunça Döwlet gullugy;
  • Döwlet Feldýeger gullugy;
  • Halkara hasaplaşyklar we şertnamalar merkezi;
  • Politehniki orta hünär okuw mekdebi.

Şeýle hem, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň 3 sany paýdarlar jemgyýetine paýdar hökmünde gatnaşýar:

  • «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;
  • «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;
  • «Türkmen hemrasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti;

Ýerli (simli) telefon, internet hyzmatlary boýunça «Türkmentelekom» Döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýar. Öýjükli aragatnaşyk hyzmatlary «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan alnyp barylýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi 2019. ÄHLI HAKLAR GORALAN.